Aldanan möjek

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Maya Lallykowa
1 247
~ 7 min.

Bir bar eken, bir ýok eken, gadym eýýamda bir aç möjek bar eken.

Günleriň bir gününde bu möjek aw gözläp ýörkä, bir guza duş gelýär.

Möjek bu guzyny iýmek höwesine düşüp:

– Eý guzujyk, men ýaş haýwanlary iýmerin diýip şert edipdim welin, üç günden bäri elime aw düşenok. Indi seni iýmesem bojak däl – diýýär.

Guzujyk:

– Aýby ýok, möjek aga, seniň ýaly uly haýwan ölenden, goý men öleýin. Saňa guzynyň eti süýji bolýar diýip aýdandyrlar. Ol örän dogry habardyr weli, meniň etimi duz bilen burça garyp iýseň, has hem tagamly bolar – diýýär.

Onda möjek:

– Şu aýdan sözüňi bir wagtlar bir geçi hem aýdypdy. Men onuň sözüne gulak asmadym. Indi men seniň aýdanyňa ynandym, ýöne sen şol aýdan duz bilen burçuňy tapyp ber – diýýär.

Guzujyk:

– Duz bilen burçy tapyp bererdim weli, men şundan öýe gitsem, meni öýde alyp galarlar. Iň ýagşysy, men şu ýerde duraýyn. Duz bilen burçy seniň özüň tapyp gel – diýýär.

Möjek:

– Bolýar, men häzir tapyp geleýin – diýip, ylgap gidýär.

Möjek gidensoň, guzujyk hem gaçyp gidenmiş.

Bir wagtdan soň möjek gelip görse, guzy ýok. Möjek özüniň aldananyny bilip:

 Gördüň-ä bir guzy,
Iý-de süňküni gazy.
Nämä gerekdi burç, duzy,
Şorsurap ölýämiň, wah, zaňňar?!–

diýip, başyny aşak salyp, seňkildäp gidiberipmiş. Şol barşyna öňünden bir geçi çykanmyş.

Möjek geçä garap:

– Men seni iýmäge geldim – diýýär.

Onda geçi:

– Onuň aýby ýok, möjek aga. Ýöne sen örän ajygansyň. Bir meni iýeniň bilen doýmarsyň. Şu depäniň aňyrsynda meniň iki sany owlajygym otlap ýör. Goý, üçimizi hem iý-de, bir doý – diýýär. Möjek:

– Hany, onda ýör gideli – diýýär.

Geçi:

– Gidenimiz-ä ýagşy, ýöne ikimiz bile gitsek, owlaklarym seni görüp, gaçarlar. Sen şu ýerde dur, men özüm olary alyp geleýin – diýýär. Möjek hem muňa ynanýar.

Geçi bolsa depäniň üstünden aňryk aşyp, oba tarap gaçýar. Möjek geçä şunça garaşsa-da, ondan derek bolmaýar. Birnäçe wagtdan soň möjek özüniň aldananyny bilip, öz-özüne:

 Gördüň-ä bir geçi,
Etini iý-de, gaçy.
Nämä gerekdi üçi,
Çarwadar bolýamyň, wah, zaňňar?!–

diýip, ýene gidiberýär. Gidip barşyna möjegiň öňünden bir goýun çykýar.

Möjek oňa garap:

– Goýun, häzir men seni iýmäge geldim – diýýär.

Goýun:

– Iýseň örän gowy, möjek aga. Men meýdanda haram ölenimden, seniň ýaly güýçli haýwana huruş bolanyma begenýän. Ýöne meniň bir oňat oýnum bar, men saňa şol oýny edip bereýin, onsoň iýersiň – diýýär.

Möjek:

– Onuň ýaly oýnuň bolsa, hany göreli – diýip, garysyny ýassanyp ýatýar.

Goýun tarp-tarp edip, eýläk-beýläk bökjekleýär, şol barmana hem, gerişden aşyp, oba tarap ýazzyny beräýipdir.

Möjek esli garanyp, özüniň aldananyny bilip:

 Gördüň-ä bir goýun,
Etinden iý-de, doýun,
Nämä gerekdi oýun –
Darbazçy bolýamyň, wah, zaňňar?!–

diýip, ýene seňkildäp gidiberýär. Şol barşyna öňünden bir at duş gelýär. Möjek ata garap:

– Men seni iýmäge geldim  – diýýär.

At:

– Eger möjekligiň çyn bolsa, meni iýmäge hakyň ýokdur – diýýär.

Onda möjek:

– Ol nähili beýle? – diýip soraýar.

At:

– Mende möjekleriň patyşasyndan siziň hemmäňize buýruk haty bar. Ol hatda möjeklere meni iýmek gadagan diýlip ýazylypdyr – diýýär. Möjek:

– At, dogan, men-ä örän ajygandyryn. Her zadam bolsa, şol haty bir göreýin – diýenmiş.

– Ol hat meniň artky aýagymyň toýnagyna berkidilendir – diýip, möjege çep aýagyny görkezýär. Şol wagt möjek atyň artky aýagyna ýakynlaşyp egilýär weli, at hem ýagşyja çemine salyp, goşa toýnagy bilen möjegiň maňlaýyna batly depýär.

Möjegiň iki gözi hem patlap çykýar. Möjek şol çabalanyp ýatyşyna şeýle diýenmiş:

 Gördüň-ä bir at,
Etini iý-de, ýanynda ýat.
Mollamydyň, müftümidiň,
Nä janyňa gerek hat.
Eý waý, gözüm, waý, gözüm,
Ylaýta-da, çep gözüm.

Gadyrly okyjy, indi bolsa siz ertekini näçe esse ünsli okap bilýäniňizi barlap bilersiňiz
Synagy başlamak