GORKANA GOŞA GÖRNER

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Döwlet Akyýew
1 013
~ 10 min.

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym eýýamda  bir sygyr, bir eşek, bir geçi we bir tilki bar eken. Bu dördüsi hemişe bile ýaşar eken. Bir gün bular: “Pylan ýerde bir otluk meýdan bar, şoňa ýazlamaga gideliň” diýip, maslahat edýärler. Emma: “Ol ýerde gaplaň känmiş” diýip, birneme gorkuşýarlar. Iň soňunda her näme-de  bolsa gitmekçi bolýarlar. Bular şol otluk ýere baryp, ýazlap geziberýärler.

Bir gün tilkijik: “Şu çep tarapdaky tokaýlykda bir topar gaplaň gördüm” diýip, ýoldaşlaryna habar berýär.  Şondan soň, bu dördüsi öz aralarynda: “Ses çykarman gezmeli” diýip, şert edýärler. Günleriň birinde eşek öz ýoldaşlaryna garap:

— Meniň-ä demim içime syganok, bir aňňyryp içimi boşatmasam, boljak däl  – diýýär.

Onda ýoldaşlary:

— Ýok, seniň bu aýdýanyň bolmaz. Sen aňňyran bolup, biziň şu ýerdedigimizi bildirersiň. Sen aňňyrma – diýip, eşege köp ýalbarýarlar.

Emma eşek:

— Meniň-ä aňňyrasym gelýär – diýip, hiç gulak asmaýar. Onda ýoldaşlary:

— Juda aňňyrasyň gelýän bolsa, onda gaty aňňyrma-da, ýöne hyňk-hyňk edip, hynçgyr-da, içiňi boşadaý – diýýärler.

Eşek muňa razy bolup, bir depäniň üstüne çykyp, hynçgyrmakçy bolýar. Ol birinji gezek hynçgyran bolsa-da, ikinji gezek hynçgyrmagyň deregine, ähli sesi bilen gygyryp aňňyrýar. Eşegiň sesi daglardan, derelerden aşyp, baryp, bir gaplaňyň gulagyna ýetýär. Gaplaň eşegiň sesini eşidip, şol sesiň gelen tarapyna ugraýar. Şol wagt tilkijik eşegiň ýanyna gelip:

— Eý, eşek, saňa aňňyrma diýip näçe aýtdyk. Emma sen gulak asmadyň. Indi seniň işiň gaýtdy. Ana, gaplaňam-a gelýär – diýipdir.

Onda eşek:

— Dat, tilki dost, seniň sapalagyň, hileleriň köpdür. Şolaryň birini tapaweri, ýogsam işimiz gaýdar – diýip ýalbarypdyr.

Onda tilki:

— Mundan beýläk hemişe meniň diýenimi edip gezerin diýseň, men bir hile tapaýyn – diýýär.

Eşek bolsa:

— Tilki jan, sen şu gezek meni şu gaplaňyň deminden halas et, onsoň sen meni palanlap, münüp ýörseňem razy – diýýär.

Tilki oňa “Bolýar onda” diýip, eşegi artgy iki aýagynyň üstünde oturdýar. Özi hem eşegiň boýnuna münüp, gaplaň ýakynrak geliberende:

— Hany, indi ikimiz hem birden deň gygyraly. Biziň ikimiziň sesimiz goşulşyp çykar weli, biziň aýylganç sesimizden gaplaňyň ýüregi ýarylyp gaçar – diýýär.

Şonluk bilen eşek agzyny açyp aňňyryp başlanda, tilki hem uwlap başlaýar. Ikisiniň sesi sazlaşyp, tokaýyň içini lerzana getirýär. Aňyrdan haýbat atyp gelýän gaplaň aňk-taňk bolup, aýak çekýär. Sebäbi beýle ses gaplaňyň heniz ömründe eşiden sesi däl. Gaplaňyň saklananlygyny gören eşek bilen tilki ýamaşgandan bir gygyrşyp başlaýarlar weli, gaplaň olardan howatyr edip, yzyna gaçýar.

Şol barşyna ýaňky gaplaňyň öňünden bir aýy çykýar. Aýy gaplaňa:

— Ýeri gaplaň aga, nämeden gaçyp barýaň? – diýýär.

Onda gaplaň:

— Aý, aýy dost, ýaňy hol depäniň üstünde biri aňňyrdy. Men onuň sesine eşekmikä diýip, şol tarapa ugradym. Ýanragyna baramsoňam şeýle bir aňňyrdylar weli, ol ses ne eşegiňkä meňzeýär, ne pişigiňkä meňzeýär, ne-de başga bir zadyňka meňzeýär. Beýle sesi men bütün ömrümde eşiden däldirin. Özi hem iki aýakly, boýnam göwresinden ýogyn, aýagy hem boýnundan uzyn. Onuň nämedigini bilmän gorkyma gaçyp gaýtdym – diýip, gören zadyny aýa aýdypdyr.

Onda aýy:

— Aý, gaplaň dost, bu ýerlerde beýle üýtgeşik haýwan bolup bilmez. Ol hökman eşekdir. Ýöne seni aldandyrlar.

— Eşegem meni aldap bilermi?

— Onuň ýeke özi däldir. Men eşitdim weli, bir eşek, bir geçi, bir sygyr, birem tilki dost bolupdyrlar. Özleri hem uzak ýerden şu ýere ýazlamaga gelenmişler. Megerem, şol eşegiň ýanynda ýa geçi, ýa-da tilki bardyr – diýip, gaplaňy yzyna gaýtarjak bolýar. Emma gaplaň razy bolmaýar. Ahyrda ikisi birlikde ýamaşgan gitmekçi bolýarlar. Gaplaň aýy gaçaýmasyn diýip, boýunlaryny biri-birine çatmagy teklip edýär. Aýy muňa razy bolýar. Olar ýogyn kendir tanap bilen boýunlaryny çatyp ugraýarlar.

Bularyň gelýändigini eşek dagy görüp: “Olar-a ýene gelýär weli, indi näme etsekkäk?” diýişýärler.

Şonda sygyr:

— Meniň-ä diňe läşim bar, başga ýaragym ýok – diýýär.

Geçi hem:

— Meniň ýaragym bar weli, ony işledip bilemok – diýýär.

Tilki bolsa:

— Meniň diňe sapalagym bar, başga zadym ýok – diýýär.

Eşek hem:

— Meniňem diňe ýogyn sesimden başga zadym ýok – diýýär.

Şeýdip, bu dördüsi şol ýerdäki ullakan bir agajyň düýbüne barýarlar. Tilki bu agajyň depesine çykýar. Geçi hem onuň aşak ýanyndaky bir şahanyň üstüne çykýar. Eşek bilen sygyr bolsa agajyň düýbünde galýarlar.

Aýy bilen gaplaň ýakyn gelýärler weli, tilki gorkusyna sandyrap, agajyň ýokarsyndan patylap ýere gaçýar. Geçi hem gorkusyna sandyrap, tilkiniň yzy bilen patylap ýere gaçýar. Sygyr duran ýerinden bogazyna sygdygyndan molap başlaýar. Eşek hem bar sesi bilen aňňyryp, uly galmagal bolup topulýarlar. Agajyň düýbi uly basgy bolýar. Öňem gorkubrak gelýän gaplaň, bu uly galmagaldan gorkup, yzyna ökjäni göterýär. Aýy ony duruzjak bolup aslyşýar weli, gaplaň bady bilen aýynyň boýnuny sogrup, kellesini alyp gidýär. Aýynyň boýnuny sogrup gidenliginden gaplaňyň habaram ýok eken. Bir salymdan soň, gaplaň yzyna öwrülip seretse, yzyndan bir zat hallanlap gelýär. Oňa siňe seredip görse, ol hallanlap gelýän zat aýynyň kellesi eken. Gaplaň öz içinden:  “Baý, boww…, olar eýýäm aýyny iýen ekenler. Men bir gaçawereýin” – diýip, öňküsinden hem beter gaçypdyr.

Gadyrly okyjy, indi bolsa siz ertekini näçe esse ünsli okap bilýäniňizi barlap bilersiňiz
Synagy başlamak