ÇOPAN WE PATYŞA

Awtor: Aman Kekilow
Illýustrator: Rahman Rahmanow
1 930
~ 19 min.


Gadym wagt bir garyp
Sygyr çopan bolupdyr,
Kyrk ýaşyna baranda
Ol bir aýal alypdyr.
 
Aýaly hem özi dek
Ýurdyň belli garyby:
Ikisiniň bolupdyr –
Ne gallasy, ne gaby.
 
Ojuk-bujuk aldylar,
Ýaşan soňlar dört-bäş ýyl;
Bir sümelge salmaga
Kömekleşdi garyp il.
 
Iki gotur geçidi
Bu çopanyň bar maly;
Geçilerniň süýdinden
Gurt edýärdi aýaly.
 
Eden gurdyn endigan
Tam üstinde serýärmiş;
Wehim edip it-guşdan
Günde baryp görýärmiş.
 
Tiz wagtda duýýar-da
Azalýanyn gurdynyň
Dykgat bilen gözleýär
Sebäbini ol munyň.
 
Saklapdyrlar är-aýal
Gurtlarynyň daşyny
Gije-gündiz hiç biri
Ýere goýman başyny.
 
Bir kör garga pel-pelläp,
Gonýar gurdyň üstine,
Çopan bilen aýaly
Tutýar muny destine.
 Öldürmekçi bolanda
Çopan bogup gargany,
Ol dillenip diýipdir:
“Howlukma sen, dur hany.
 
Gahar edip, sen meni
Nahak ýere öldürme,
Goýber meni, azat et,
Hiç hili azar berme.
 
Men bir döwlet guşy men
Gondym seniň başyňa;
Iýsem zadym örän kän
Mätäç däl men aşyňa.
 
Ertir irden ýanyma
Gel, bereýin kän zady.
Kör garga diýip sorasaň
Her kim biler bu ady”.
 
Çopan ony goýberdi,
Ynandy-da sözine
Sygyrlary tabşyrdy
Eýeleriniň özine.
 
Şaýyn tutup ugrady,
Kör garganyň yzyndan,
Edýärdi ol kän umyt
Onyň aýdan sözinden.
 
Uly süri çykypdyr,
Ýolda onyň öňinden,
Kör gargany sorapdyr,
Süriniň çopanyndan:
 
“Görkezsene, çopan dost,
Kör garganyň öýini,
Asyl tapyp bilemok,
Kän gözledim men ony”.
 
“Şundan dogry gidiber,
Syr-da ýolyň boýyny;
Bardyr ýolda at bakan
Aýdar onyň öýini.”
 
Uzak wagt ýöränsoň,
Duşdy oňa at bakan;
Muňa-da görkez – diýip,
Salgyny aldy çopan.
 
“Mundan dogry gidiber, –
Syr-da ýolyň boýyny,
Düýe çopan duşanda
Sora onyň öýini”.
 
Duşýar düýe çopana,
Kän ýoly sökenden soň,
Ondan derrew soraýar,
Köp azap çekenden soň.
 
“Görkezsene, çopan dost,
Kör garganyň öýini;
Asyl tapyp bilemok,
Kän gözledim men ony.
 
Çopan elin uzadyp:
“Görýärmiň sen hol bagy,
Beýikligne seret oň,
Ýada salyp dur dagy.
 
Şu çarbagda kör garga
Gündizine hem gije
Hiç bir ýana aýrylman,
Oturýandyr hemişe”.
 
Ýolagçymyz bir kemsiz
Salgy alan soň ony,
Çalt-çalt ädimläp,
Oňa ugrady göni.
 
Tiz wagtda ýetdi ol
Şol görünýän çarbaga.
Bilmän nirden girjegin
Aýlandy sola-saga.
 
Ahyry ol bir ýerden
“Garga” diýip gygyrdy;
Garga görüp çopany,
Öz ýanyna çagyrdy.
 
Ony gaty hormatlap,
Nahar berdi, çaý berdi;
“Ýat-da dynjyň al” – diýip,
Oňat ýerden jaý berdi.
 Turandan soň boş saçak
Berip onyň eline,
Diýdi: “Gymmatly bir zat
Berýän saňa al ine.”
 
Çopan alyp, saçaga
Gaýta-gaýta seretdi,
Düşen ýaly aldaga,
Içinden pikir etdi:
 
“Bu kör garga men akmak
Oýnadypdyryn özimi,
Nadanlygym bilipdir
Görende ol gözimi”.
 
Diýip çopan biçäre
Dürli oýa gidýärdi:
Ýiti-ýiti alarlyp,
Saçaga seredýärdi.
 
“Boşlugyna garaman,
Alyp git bu saçagy
“Açyl, saçagym, açyl”
Diý nahar gerek çagy.
 
Şonda açylyp saçak,
Dürli nahardan dolar:
Dünýäde islän zadyň
Barysy häzir bolar”.
 
Alkyş okap kör garga,
Şatlanyp düşdi ýola;
Derrew geldi öýine
Çümüp her hil hyýala.
 
Öýe gele-gelmäşe,
Çagyrdy-da aýalyn:
“Nahar iýeli” diýip,
Ýuwdy derrew ol elin.
 
Haýran galyp aýaly,
Diýdi: “Nahar edemok”.
“Dürli nahar bar mende,
Senden nahar soramok”.
 
“Tizräjik ýuw eliň,
Kän galmagal etme-de;
Otur gel-de ýanymda,
Kepiňi köpeltme-de”.
 
Oturdylar ýanma-ýan
Är-aýalyň ikisi,
Nä üçindir äriniň
Bu gün üýtgeşik sesi.
 
Ýazdy orta saçagy
Goltugyndan çykaryp,
Diýdi ynha şulary
Öz-özine bat berip:
 
“Açyl, saçagym açyl,
Lezzetli nahar seçil”.
 
Diýende bu sözleri
Saçak giňden açyldy,
Bu saçagyň üstine
Nahar bary seçildi.
 Aldyklarna iýdiler
Aýaly hem-de äri,
Emma weli saçagyň
Egsilmedi nahary.
 
Dürli-dümen nahardan
Garynlar boldy göjek;
“Ýapyl, saçagym, ýapyl”,
Diýdi, ýapyldy saçak.
 
Görüp muny aýaly,
Örän gaty şatlandy.
Öz göwninde özi onyň
Bagt atyna atlandy.
 
Mundan soňra üç-dört gün
Geçirdi-de aradan,
Aýalyna ýüz tutup,
Äri dillendi birden.
 
“Besdir aýal kän tutdyk
Garyplygyň ýasyny,
Myhmanlyga çagyrjak
Ýurdymyzyň şasyny.
 
Gelende gözi bilen,
Görsin biziň baýlygmyz;
Indi bizi tanasyn,
Gidendir gedaýlygmyz”.
 
Içi ýanyp ärine
Gahar bilen garady.
Çasly çykýan ses bilen
Ony ýaman darady:
 
“Göterniksiz, eý akmak
Hany seniň akylyň?
Patyşany çagyrmak
Nämäňe gerek seniň?
 
Elli ýaşa barypsyň,
Heý gapyňdan geldimi?
Ýolda-yzda görende
Salamyňy aldymy?
 
Garyplygyň laýyna
Ýene bizi batyrar,
Baýlygyňy alar-da,
Garyplygyň getirer.
 
Hiç wagtda ol asyl
Gapymyzdan gelmesin,
Garyplygmyz, baýlygmyz
Hiç haýsyny bilmesin”.
 
Çopan razy bolmady
Garşylygyna aýalyň,
“Patyşadan ýüz öwrüp,
Näme seniň hyýalyň?
 
Asyl işiň bolmasyn,
Baýlyk tapan men özim,
Arrygyňy gynama,
Geçmelidir meň sözim”.
 
Jedelleşip kän wagt,
Är sözini gögertdi,
Çagyrjagyn haýsy gün
Şasyna habar etdi,
 
Çakylygyna çopanyň
Ynanmady şa ilki,
Soňra diýdi: “Geleýin,
Geň bir zat bardyr belki.
 
Ugursyz ýere çagyrsa,
Zyndana-da basdyryn,
Gazap edip, men onyň
Ýurdynda ýel ösdirin”.
 
Wadaly gün gelende
Şa çopanka ugrady;
Bu gün şanyň hatyrna
Çopan desga gurady.
 
Şanyň ýeke özi däl,
Topar-topar weziri,
Şagalaňa goşulyp,
Gelipdir bar emiri.
 
Mundan başga ýene-de,
Ýüzläp-müňläp goşuny
Myhmanlyga gelenleň
Saklaýardy daşyny.
 
Ýazdy çopan saçagyn
Hemme geljek gelen soň,
Sanawajyn sanady,
Bary taýyn bolan soň:
 
“Açyl saçagym açyl,
Lezzetli nahar seçil”.
 
Peýda boldy şu sagat
Dürli nahar ortada,
Beýle nahar gelenler
Görmändirler hiç ýerde.
 
Agzyn açyp, patyşanyň
Akly galdy haýranda;
Öz öýinde görmedik
Geň zatlary bar munda.
 
Tapgyr-tapgyr oturdy
Patyşasy, weziri,
Iýen däldir mundan öň
Şu günki dek hiç biri.
 
Pes gelmedi bulardan
Galanlaryň-da bary,
Emma welin saçagyň
Egsilmedi nahary.
 
Keýiplerni kökleşip,
Ugradylar myhmanlar,
Gaty razy boldylar
Begler, emirler, hanlar.
 
Şa baran soň öýine
Kän otyryp oýlandy:
Çuň pikirde iki ýan
Öz içinde aýlandy.
 
Başyndaky pikiri
Asyl goýmady ony,
Gyssanjyna ahyry
Çagyrdy wezirini.
 
Ynjalygy bolmady
Gezip, oturyp, ýatyp,
Gelenden soň weziri,
Diýdi oňa ýüz tutup:
 
“Çopan ogly çopana
Näme gerek şol saçak
Maslahat bilseň wezir,
Ony elinden aljak.”
 
“Şahym gulak goýsaňyz,
Bizden size maslahat,
Diňe ýurdyň şasynda
Bolmalydyr beýle zat.”
 
“Onda çapar iberiň,
Getirsinler şu günde;
Ony ele almasam,
Sabyr galmady mende.
 
Eger berse gaýtawul
Kellesini getiriň;
Haýal etmän, permanym
Tizden ýerne ýetiriň.”
 
Şahyň beren permany
Ýetirildi ýerine,
Çopanmyzyň saçagy
Onyň öňinde ine.
 
●●●
 
Saçak elden giden soň,
Bu biçäre çopanyň
Gara güni başyna
Ýene gaýdyp geldi onyň.
 
Ýer ýumruklap aýaly
Urýar dady-perýady;
“Ylahym patyşanyň
Gyrylsyn bar zürýady”.
 
Zowzanaklap ahyry
Geçdi öýniň törine,
Gaharyna aglady,
Käýinjiräp ärine:
 
“Bu zatlaryň barynyň
Günäkäri sen öziň:
Agla indi ölýänçäň,
Goý seniň çyksyn göziň.
 
Çagyrma diýip kän aýtdym,
Ýadyňdamy, men saňa.
Aldyň alty şaýyňy,
Hezzet edip sen oňa.
 
Hezzet edip eşege,
Kim alypdyr aklygy
Ýersiz ýere mesirgäp,
Götermediň doklugy.
 
Saýgarmadyň geleni
Dostmy saňa ýa duşman,
Indi tutup içiňi
Geçeniňe et puşman.
 
Nämämize gerekdi,
Şalar bilen gatnaşyk?
Olar üçin, unutma,
Bizden gowydyr aşyk”.
 
Bu ýangynly sözleri
Ýagdyrsa-da aýaly,
Gaýtawula çopanyň
Häzirlikçe ýok haly.
 
Ýüzýärdi ol gulaçlap
Çuň pikiriň deňzinde,
Uly ahmyr hem gynanç
Mese-mälim ýüzinde.
 
Aladaly bu döwür
Ýetdi bir näçe güne,
Çopan pahyr kör garga
Baryp ýüz tutdy ýene.
 
Aýtdy oňa jikme-jik.
Bolan işleň baryny
Hem-de ondan sorady
Ar almagyň tärini.
 
Diýdi: “seniň şa bilen
Asyl oýnyň deň gelmez;
Şalar bilen dalaşsaň,
Aňsat işiň oň bolmaz.
 
Ýöne saňa men ýene
Gymmatly zat bereýin;
Patyşaňyz şony-da
Hany alsyn göreýin.
 
Eger başa iş düşse,
Ýetir ahy-zaryňy;
Şonda şadan çykarys
Öňki-soňky aryňy”.
 
Diýdi-de ol çopana
Berdi oňat elguşy:
“Örän oňat idetseň,
Şundan taparsyň aşy.
 
Günde birini gaçyryp,
Guzlaýany gyzyldyr;
Muny oňat saklasaň,
Seňki onsoň hezildir.
 
Elguşyny alan soň,
Çopan gaty şatlandy;
Alkyş okap kör garga,
Öýe tarap atlandy.
 
Öýde ýeke galypdy,
Ol gidende aýaly;
Için tutup, ah çekip,
Ýamandy onyň haly.
 
Dünýäsinden käýinip,
Ah çekýärdi her demde;
Her sagady pahyryň
Geçýärdi gaýgy-gamda.
 
Duýman durka syçyrap,
Çopan girdi gapydan,
“Ýeri niçik boldy” – diýip,
Derrew sorady ondan.
 
“Heý-de meniň öňimde,
Bolarmy bir bitmez iş,
Ynha saňa getirdim,
Gyzyl guzlaýan elguş.
 
Saçagyň hem çeni däl,
Elguşynyň gymmaty,
Dünýäde hiç bir zadyň
Tyllaça ýok hümmeti.
 
Meniň indi işim ýok,
Näme etseň öziň et,
Ine gyzyl gaznasy,
Maksat-myradyňa ýet”.
 
Ýyljyraklap aýaly,
Aldy guşy eline,
Gaýgy-gamyň barysy
Gitdi ýazyň ýeline.
 
Başlap gelen güninden
Berdi günde birini,
Tygşytlady aýaly,
Tapdy onyň ýerini.
 
Çopanmyz hem aýalnyň
Göwnini hiç ýykmady;
Indi asyl ol onyň
Diýeninden çykmady.
 
Başladylar almaga
Gerek-ýarak şaýlaryn,
Tiz wagtyň içinde
Düzetjekler öýlerin.
 
Çäýnek-käse alynyp,
Çalşyrdylar düşegi,
Täzelendi çopanyň –
Çaryk, dony, guşagy.
 
Gün geldikçe köpelip,
Basym bitjekdi bary,
Emma guşyň tiz wagt
Şaha ýetdi habary.
 
Şa eşiden badyna
Gyzylly guş tarypyn.
Çagyrdy-da wezirin,
Gazaply diýdi gepin:
 
“Şu sagadyň özinde
Getirmeli şol guşy,
Gelmese günäliniň
Hökman kesiler başy”.
 
Wezir oňa baş egip,
Işi ýerne ýetirdi;
Ýarym sagat içinde
Guşy köşke getirdi.
 
Ýene ajy aýralyk,
Ýene gaýgy-alada...
Tapawudy öňkiden –
Igenç ýokdy arada.
 
Bakýardylar är-aýal
Bir-biriniň ýüzine,
Ikisi-de alaçsyz
Ýaş aýlady gözine.
 
Doýmaz-dolmaz zalyma
Ikisi hem gargady.
Ýene çopan biçäre
Kör gargaňka ugrady.
 
Baryp oňa ýene-de
Aýtdy ahy-zaryny;
Indi göriň, kör garga
Görkezmekçi zoryny.
 
Görkezdi ol çopana
Äpet uly tokmagy:
Şumy alyp gitdäni,
Ýom-ýok et ol akmagy.
 
Eder ony ýer-ýegsan:
“Kak, tokmagym, kak” – diýseň:
Durar, hiç zat etmez ol;
“Dek, tokmagym, dek” – diýseň.
 
Saçagyňy, guşyňy
Hökman ondan alarsyň;
Şu tokmagyň arkaly
Şadan halas bolarsyň.
 
Alkyş okap kör garga,
Düşdi ýene ýolyna;
Öýe gelip etjegin
Aýtdy ol aýalyna.
 
Şatlandy-da aýaly,
Diýdi: – “Gaty bolupdyr,
Bu zalymyň kör garga
Hötdesinden gelipdir.
 
Asyl meniň özimem
Seniň bilen gideýin;
Bir öziňe kyn bolar,
Menem kömek edeýin”.
 
Tokmaklaryn göterip,
Tirkeşdiler gitdiler,
Batly-batly ýöreşip,
Şa saraýna ýetdiler.
 
Äri alyp tokmagyn,
Girdi saraý içine;
Ortasynda goýdy-da
Çykdy ýene daşyna.
 
Gazap bilen şasyna;
“Edişime bak” – diýdi;
Daşrakda durdy-da
“Kak, tokmagym, kak” – diýdi.
 Tokmak böküp başlady,
Eşdeninde bu sözi,
Doldy derrew tozandan
Dury asmanyň ýüzi.
 
Tam-tarsyny tekizläp,
Geçdi köşkiň daşyna,
Bir bökende ony-da
Ýumurdy şa başyna.
 
Wezirinden-şasyndan
Sypdyrmady birisin;
Baryn guma basdyrdy,
Galdyrmady dirisin.
 
Çopan daşdan şatlanyp
“Dek, tokmagym, dek” – diýdi:
“Boldy kän iş bitirdiň,
Indi bärik bök” – diýdi.
 
Tokmak goýup kakmagyn,
Eýesine ýüzlendi;
Şunluk bilen bir kemsiz
Zulum ojagy düzlendi.
 
Guşy, saçagy alyp,
Goýmadylar hiç bir zat
Bu habary eşidip,
Bütin iller boldy şat.
Gadyrly okyjy, indi bolsa siz ertekini näçe esse ünsli okap bilýäniňizi barlap bilersiňiz
Synagy başlamak