TOTYGUŞ

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Döwlet Akyýew
795
~ 7 min.

Bir bar eken, bir ýok eken, bir patyşa bar eken. Ol patyşanyň bir akylly guşy bar eken. Ol guş, boljak işi bilip, patyşa aýdar eken. Ol guşyň ady Totyguş eken. Bir gün Totyguş gezmäge gitjek bolupdyr. Patyşadan rugsat diläpdir. Patyşa oňa rugsat beripdir.

Patyşanyň bir weziri bar eken. Ol wezir Totyguşyň gitmegine garşylyk edipdir.

– Totyguş seni aldap, senden gutuljak bolýandyr. Eliňden çykarsaň, gaýdyp gelmez – diýipdir.

Onda patyşa:

– Eger Totyguş gaýdyp gelmese, patyşalygymy saňa bereýin. Gaýdyp geläýse, sen bar zadyňy maňa ber! – diýipdir.

Patyşa bilen wezir maslahaty şuňa goýupdyr. Totyguş gidipdir. Bir-iki günden gaýdyp gelipdir. Totyguş gelende, bir agajyň dänesini getiripdir. Totyguş patyşa:

– Şu agajy ekdirseň, tiz ýetişip, miwe berer. Onuň miwesinden iýen adam 70 ýaşly garry bolsa-da, 18 ýaşar bolýar — diýipdir.

Patyşa Totyguş gelenden soň, weziriň bütin zadyny talaň edip, özini hem wezirlikden aýyryp kowupdyr.

Patyşa ol agajy öziniň bagynda ekdirip, aýratyn iki sany adamyny hem şol agajy iýdetmekden ötri goýupdyr. Miwesiniň ýarpysyny şolara bermeli bolupdyr. Agaç ýetişip kemala gelenden soň, bir ýyl iki miwe getiripdir. Miwesi bişenden soň, patyşanyň adamlary onuň birini özlerine alyp, birini hem patyşanyň ýanyna äkidipdirler. Ýolda öňlerinden şol wezir duş gelip:

– Niräk? – diýip sorapdyr. Onda olar:

– Patyşanyň ekdiren agajy iki sany miwe getirdi, şonyň birini patyşa eltip berjek – diýipdirler. Onda wezir:

– Men bir göreýin – diýip, şol miwäni eline alyp, öýlerine äkidipdir. Wezir ony zäherläp, getirip beripdir. Bagbanlar eltip patyşa beripdirler. Patyşa ony iýjek bolup otyrka, şol wezir barypdyr-da, patyşa:

– Ýeri patyşa, guşyň getiren sowgat agaçlarynyň miwesi nähili? – diýipdir.

Ondan soň, patyşa hem:

– Ynha iýjek bolup oturyn – diýipdir. Ondan soň wezir:

– Tagsyr patyşahym, muny ilki barlap görmek gerek. Çünki heniz iýip gören adam ýok. Belki bu adama zyýanlydyr – diýipdir.

Ondan soň ol miwäni ite beripdirler. Ol it miwäni iýen dessine ölüpdir. Wezir Totyguşa garşy bolup, ony öldürtmek isläpdir. Onuň üçin wezir patyşa:

– Ynha görýärmiň? Bu guş duşman ekeni – diýipdir.

Patyşa bolsa, derrew ol guşy öldüripdir. Ondan soň ol agaçlary ekip, saklap ýören bagbanlary hem öldürtmäge buýruk beripdir. Patyşanyň adamlary gözläp gelseler iki sany 18 ýaşynda oglan we gyz agajyň aşagynda otyrlarmyş. Patyşanyň iberen jellatlary baryp:

– Hany bagbanlar? – diýip sorapdyrlar. Onda ýaňky oglan bilen gyz:

– Bagbanlar diýýäniňiz, biz bolaýmaly? – diýipdirler. Patyşanyň adamlary:

– Patyşanyň aýdany ýetmiş ýaşynda garry bolmaly. Bular bolsa, ýaşy onda. Olar gizlenendirler – diýip, gaýdyp gidipdirler. Ondan soň, ýene-de patyşanyň ýanyna barypdyrlar.

Patyşaň ýanyna baryp:

– Ol agaçlaryň aşagynda 18 ýaşly bir oglan we bir gyz otyr – diýipdirler. Ondan soň patyşa:

– Baryň, alyp geliň – diýipdir. Jellatlar ýaňky oglan we gyzy patyşanyň ýanyna alyp gelipdirler. Ondan soň patyşa olardan sorapdyr:

– Men sizi bagban goýmadym. Meniň goýan adamlarym ýetmiş ýaşly garrylardy. Sizi kim goýdy? – diýipdir.

Onda olar şeýle diýipdir:

– Bizi öldürtmek üçin jellat buýranyňyzy biz mundan üç-dört gün öň eşitdik. Size eltip beren miwämiziň birini alyp galypdyk. Köpçiligiň içinde darda asylyp ölenden, şu ýerde öleli diýip, şol miwäni iýdik. Biz bolsa ölmän, gaýtam 18 ýaşar boldyk. Biziň bir kaşyk ganymyzy bagyşlaň, biz şol ýetmiş ýaşly garry bagbanlar – diýipdirler.

Onda patyşa oturyp, pikir edip:

– Siz maňa şu miwäni getirip beren wagtyňyzda, ýolda nirä bardyňyz? – diýipdir.

Ondan soň, ol bagban:

– Biz hiç ýere barmadyk. Ýöne ýolda wezir öňimizden çykyp, ysgap göreýin diýip, öýine alyp gitdi-de, köp wagta çenli gelmän saklady. Emma ýene-de getirip berdi welin, miwe şol bolsa-da, başga-da bolsa tanap bilmedim – diýipdir.

Ondan soň patyşa bolsa:

– Hä duryber, indi boldy – diýip, ýaňky weziri öldürip, guşynyň ölenine gaty gynanypdyr.

Gadyrly okyjy, indi bolsa siz ertekini näçe esse ünsli okap bilýäniňizi barlap bilersiňiz
Synagy başlamak