DOSTLUK

Awtor: Berdi Kerbabaýew
Illýustrator: Döwlet Akyýew
1 507
~ 15 min.
 1. MEKIR SYÇAN 

Ýes-ýekeräk bir arça
Gök öwüsýär her haçan.
Şol arçanyň düýbinde
Ýaşýar bir mekir syçan.
 
Sowk-yssydan saklaýan
Egrem-mugram hini bar.
Hemme zatdan eserdeň:
Hilegär, ýa müýni bar.
 
Aýajygny galdyryp,
Ýüz oýlanyp, bir basýar.
Töweregi diňirgäp,
Çybşylla gulak asýar.
 
2. DUZAK
 
Şol golaýa bir awçy
Geldi, bir gün ser salyp,
Töweregne garandy,
Bir az mähetdel galyp.
 
Göwnini bire baglap,
Gyldan duzagny gurdy.
Meňlik üçin etjagaz
Ortasyna gysdyrdy.
 
3. NEBSEWÜRLIK BELASY
 
Peýwagtyna gezýärkä
Ýaban pişik seňkilläp.
Burnyna bir ys gelip,
Aldy demini pallap.
 
Guýrujagny bulaýlap,
Töweregni gözlendi.
Temeçigni galdyryp,
Ýelä bakan ýüzlendi.
 
Bir azajyk islenen
Gyzgylt etdi görende,
Buldurap suw göründi,
Pişijegiň erninde.
 
Gözlerinde uçganak
Bir ýyldyrap, bir söndi.
Tamakinje tamşanyp,
Taýly gezek ýuwdyndy.
  Et mazasy elinden
Alyp barýar erkini,
Ýene-de ol tisginip,
Ýada saldy gorkyny.
 
Dumly-duşyn garanyp,
Görmedi bir jandary.
Nebsi otugyp pişgiň,
Gitdi sabrynyň bary.
 
Agzyn açyp, dil sallap,
Süýnüp bardy ýanyndan,
Ete agzy ýetende...
Duzak ildi boýnyndan.
 
Ýaban pişik hasyrdap,
Urdy, urundy uzak...
Etden agzy sypsa-da,
Sypdyrmady gyl duzak.
 
4. ÇYKGYNSYZ ÝAGDAÝ
 
Mekir syçan hininden
Çykdy, iýmit agtaryp,
Her ädende oý bilen
Gitdi, ençe ýol ýörüp.
 
Çyksa, girse her haçan
Elden bermän hilesin,
Ýalt-ýult edip bakjaklap,
Döndi eýle-beýlesin.
 
Ötgür gözi birdenkä
Kaklyşdy-da pişige,
Sakga durdy, tisginip,
Girmekçidi deşige.
 
Beýlesini bakanda,
Aljyrady gös-göni;
Üç tarapdan, üç duşman
Gabap alypdyr ony:
 
Hine golaý bir ýerde
Mähnet zemzen haşylýar,
Guýrugyny patladyp,
Kem-kemden golaý gelýär.
 
Arçada-da bir garga
Otyr, oňa gultunyp.
Derrew oňa hüjm etjek,
Wagty ganymat bilip.
 Üç tarapdan, üç duşman
Haýbat atýanyn gördi...
Emma weli pişigiň
Baglydygny saýgardy.
 
Eger hemaýat isläp,
Barsa pişik üsdine,
Onda-da ol syçany
Lak-luk atjak desdine.
 
Hine tarap gaýdaýsa:
Zemzen ony tiz ýuwtjak.
Gitmän bu ýerde dursa:
Garga penjeläp atjak.
 
Gaçsa, ýa-da dursa-da,
Gutulyş ýok hiç haçan!
Eýsem indi näme etsin?
Agyr ýagdaýda syçan!...
 
5. PAÝHAS
 
Mekir syçan eýsem-de,
Tap getirip bu hala,
Darajykja beýnisin
Aldyrmady, howsala.
 
Az wagtda kän oýlar
Geçirip ol başyndan,
Akyl, pikre daýanyp,
Baş çykardy, işinden.
 
Paýhaslandy, diňirgäp,
Işini goýman gije,
Ençe sekunt içinde
Geldi, şeýle netijä:
 
“Duşmanlaryň baryndan
Gutulmaga sag-aman:
Pişik bilen barlyşyk
Etmek gerekdir, hökman.
 
Çünki başga hiç ýol ýok,
O-da maňa mätäçdir.
Gözin gögerdip duzak.
Garny itden hem açdyr.
 
Mekir, hileden geçer, –
Akylly sözler aýtsam.
Şatlanar ol biguman,
Tärin tapyp söz gatsam.
 
Ol ýerdäki duşmanlar,
Barlyşygmyz görensoň,
Tamalarny ýolarlar,
Gaýdyp giderler onsoň”.
 
6. ALAÇSYZ DOSTLUK
 
Ondan soňra syçanyň
Aram girip janyna,
Gulajygny üşerdip,
Bardy, pişik ýanyna.
 
Salam berip, baş egip,
Diýdi: “niçikdir halyň?
Başyňa iş düşüpdir,
Hyzmata häzir gulyň!”
 
Pişik zaryn ses bilen
Jogap berdi şeýleje:
“Jan algyjy duzaga
Düşdim, men öten gije”.
 
Arz, ahwaly bar ýaly,
Pişik boýnyny burdy...
Ýalan-ýaşrykdan gaçyp,
Syçan dogry söz urdy:
 
“Içim dos-doly otdy,
Köp ýigrenýärdim seni:
Seniň gamyň hemişe
Şatlandyrýardy, meni!
 
Emma häzir ikimiz
Bela-betere şärik.
Gutulmagyň çäresin
Aýtjak, gulak goý bärik:
 
Seniň boýnyň duzakly.
Meniň hem halym harap,
Ýerde zemzen sürünýär,
Gökde garga dur garap.
 
Şonyň üçin doslaşmak
Bize lazym bolupdyr.
Oýlanyp gör tiziräk,
Pursadam az galypdyr.
 
Barlyşyga gol goýup,
Eger gutarsaň meni.
Wadada wepam bardyr,
Hökman gutarjak seni!”
 
Pişik murtyny sallap,
Oýlady bu sözleri,
Uçganaklap ýanmady,
Gögeren gök gözleri.
 
Syçan haly teň bolup,
Diýdi: “dostym, oýlama!
Aklyň bilen aýgyt et,
Oý kölini boýlama!
 
Gutulmakda, ölmekde
Ikimiz – bir ýaly biz.
Gämi bilen gämiçä
Meňzýär, biziň halymyz.
 
Gämiçi gämi bilen
Suwdan gyra çykanda,
Gämiçi arkasyndan
Gämem gutulýar onda”.
 
Pişik murtyn galdyryp,
Diýdi: “dostym, söziň hak!
Dostluga gol goýýan men,
Maňa ynanç bilen bak.
 
Saňa mähriban menem,
Öňki pälimden gaýdýan.
Ýüziň üstinde burnyň
Bar, diýmäýin, ähd edýän!
 Seni gutarmak üçin
Eýsem indi nädeýin?”
Syçan şatlanyp diýdi:
“Sen gulak as, aýdaýyn:
 
Men ýanyňa baramda,
Hormat bilen söýüp al,
Duşmanlaryma emma,
Gazap bilen nazar sal.
 
Biziň dostlugmyz görüp,
Olar heder ederler,
Boýunlaryny burupjyk,
Nä umyt bolup gaýdarlar.
 
Ondan soňra men seni
Boşatmaga ýapyşaryn,
Pişik şatlanyp diýdi;
“Isleseň men öpüşerin”!
 
7. BARLYŞYK NETIJESI
 
Syçan-pişik görşende,
Zemzen zeýrenip gitdi.
Garga ganatyn gerip,
Bir eýýäm gözden ýitdi.
 
Ýaban pişik gabarlyp,
Azat etdi syçany,
Çünki oňa mätäç ol,
Syçan elinde jany!
 
8. ÝESERLIK
 
Syçan bökjekläp, oýnap,
Durdy kertmäge gyly.
Näme üçindir birdenkä,
Weýrana döndi haly?
 
Hyrt-hyrt edip, haýallap,
Oýlandy öz ýanyndan.
Duşmanyny boşatsa,
Geçmeli ol janyndan.
 
Pişik parasat bilen
Aňlady beýle haly:
“Wadadan el çekjek ol
Ýaman syçanyň päli.
 
Halym harap, näderin?
Meni taşlap gidäýse...
Hile bilen ýalbarsam
Belkem diýenim edäýse:”
 
– Eý hormatly jan dostym,
Öz işiňi bitirdiň!
Maňa gezek gelende
Näme göwne getirdiň?
 
Ýa wadaňdan el çekip,
Meni taşlap gitjekmi?
Ýagşylyga – ýamanlyk,
Çykgynsyz iş etjekmi?..
 
Wepa, şeýle bir derman,
Hiç tebipde tapylmaz!
Wepa, şeýle bir göwher,
Hazynalarda bolmaz!
 
Wada etdiň, wepany
Dosdym, elden bermegin,
Lebziň ykraryň ýuwdyp,
Masgara iş görmegin!
 
Syçan dostym öziň bil,
Menden saňa nesigat:
Dostlugy berjaý edip,
Ähdiňe sen wepa et!
 
Emma maňa parhy ýok, –
Seniň halyňa ýanýan.
Lebziň ýuwdup masgara
Bolmagyňa gynanýan!”
 
Syçan dişini çarhlap,
Diýdi: “dostym, düşünýän:
Maňa ýagşylyk etdiň,
Ýagşa-ýagşylyk sanýan.
 
Boşatmaz dip gorkma sen,
Boşatmagna-boşadaryn...
Göwnimde bir iňkis bar,
Emma şony men näderin?”
 
“Belki şirin janyňdan
Dostym, heder edýänsiň?
Boşadaýsam, men seni
Lak-luk atar öýdýänsiň?
 
Beýle wehme ýol berme,
Çünki meniň ähdim bar,
Ähde wepa etmesem,
Wepasyzlygyň galýar.
 
Biz ikimiz dost ahyr.
Laýykmy şol dostlara?
Ýagşylyga-ýamanlyk, –  
Laýykdyr näkeslere!”
 
– “Dostym, iki dostluk bar:
Biri ýürekden dostluk...
Beýlekisi nä alaç, –
Gaýry ýürekden dostluk.
 
Ýürek dost-çyn dostdyr,
Janyň ynanmak bolar.
Nalajy dost dostlukdan, –
Duşman golaýrak bolar.
 
Ikinji hili dostyň,
Bitirmeli hajatyň,
Emma goldan bermesiz,
Asla ätiýaç atyn.
 
Gaýgy etme sen her halda,
Seni hökman gutaryn.
Emma özim saklamak,
Ýolyny öň aňtaran”.
 
Pişik penjesin ýalap,
Diýdi: “dostym, eý syçan,
Bilmeýän ekenim seni,
Akylly boldyň haçan?
 
Haýry ýetdi maňa-da,
Şeýle akylly söziň.
Meniň duzagym kertip,
Neneň syparsyň öziň?”
 
– “Her bir hili dertleriň
Bardyr aýry dermany.
Işimi çig galdyrman,
Bagyşla, dostym meni!
 
Kertip gutarman gyly
Ömri zaýa ýaşýança.
Aladaly bir gowga,
Tä başyňa düşýänçä.
 
Şeýle bir pursat bolar,
Azat edern men seni,
Janyň gutarmak üçin,
Unydarsyň sen meni”.
 
– “Berekella mekirli,
Pugta, bilimdar syçan!
Telpek goýdym men saňa,
Razy, boşatsaň haçan!”
 
9. ALDANMADYK AWYNMAZ
 
Syçan kertip gutaryp,
Bir bendinden özgesin,
Güýmeň-samaň garaşdy,
Saçýança gün şuglasyn.
 
Awçy gelýänin görüp,
Kertdi iň soňky bendin,
Pişik urunyp syrdy,
Boýnyndaky kemendin.
 
Gorkysyna awçydan
Jan ajygy hasyrdap,
Syçany-da unudyp,
Çykdy agaja dazyrdap.
 
Syçan pişikden gaçyp,
Kürsäp urdy hinine.
Awçy gelip ýetişdi,
Duzagynyň ýanyna.
 
Gyrym-gyrym duzagy
Gördi-de ol zeýrendi.
Keýpi-ahwaly bozulyp,
– Göwünsiz yzyna döndi.
 
10. IKI DIPLOMAT
 
Pişik bir az sabr etdi,
Täze dostyň çykmagna.
Mümkin bolsa niýetläp
Holtumyna dykmagna.
 
Syçan hininden çykyp,
Görüp ýaban pişigi,
Görmezlige saldy-da,
Dörüşdirdi deşigi.
 Pişik ýeserlik edip,
Diýdi: “dostym, sag bol sen!
Näme gaça durýarsyň?
Iň ýakyn bir dostyň men!
 
Ýagşylygyň minnetin,
Nähili edip ödärin?
Gel golaýrak, ýol görkez,
Näme buýursaň ederin!”
 
Syçan hininiň agzyndan
Öz göwresin saýlaman,
Iç ýakgynjy söz urdy,
Pişige göz aýlaman:
 
“Ata, baba duşmanym,
Düşýärmiň sen sözime?
Ýatlar bilen meýlisi,
Haram bilýän özime!
 
Gyllygyny akdyryp,
Ýaban pişik tamşandy.
Şeýle ötgür sözleri
Syçana duzak sandy:
 
– “Eý söýgili jan dostym,
Dostluk el ýetmez bir zat!
Sen gutuldyň, gutardyň,
Otur-da, tur-da pähm et!
 
Beýle ötgür ýaragy
Bermäli biz ellerden.
Her beladan gutulars,
Horlyk çekmers illerden.
 
Gel golaýrak ýanyma,
Gel başyňa döneýin!
Jellatlykdan el çekdim,
Ol kesbimden däneýin!
 
Guýrugyňdan ant içýän,
Öpeýn agzyň gant bolsyn!
Neberäňe degmezlik.
Öwladyma pent bolsyn!”
 
Akyl, pikirli syçan,
Aňdy pişik hilesin.
Göni ýüzine basdy,
Göwnindäki kinesin:
 
– “Asly dostlara, dostluk
Baglaşmaga ne hajat?
Asly duşman dostlugy
Göýä kagyzdan hajat”.    
Gadyrly okyjy, indi bolsa siz ertekini näçe esse ünsli okap bilýäniňizi barlap bilersiňiz
Synagy başlamak