PILMAHMYT

Awtor: Kaýum Taňrygulyýew
Illýustrator: Rahman Rahmanow
1 258
~ 77 min.

BIRINJI BÖLÜM

GÜRRÜŇMIZE BAŞLALYŇ

 Gadym eýýam äpet adam
Ömür sürüp ötenmişin.
Ýagyrnysy ýapy ýaly,
Berdaşlymyş, bitginmişin.
Gyşaranda gaýa ýaly
Keserilip ýatanmyşyn.
El-aýagy uzynmyşyn,
Diýen ýerne ýetenmişin.
“Pilmahmyt” diýp uly-kiçi
Onuň adyn tutanmyşyn.
 
Ynha, şony taryp eýläp,
Ýazdym ençe setir, jigi!
Diňlejekmi, golaýrak süýş,
Okap berjek, otur, jigi!
 
Ýagyrnysy gapak ýaly,
Ýüzi gyzyl, şapak ýaly.
Çyzganyp çyksa daşary,
Golça ýaly her goşary.
 
Uýluklary soky ýaly,
Boýny juwaz oky ýaly.
Şeýle adam ýaşaýardy,
Kyrk çemesi ýaşy bardy.
 
Mydam orta çykardy ol,
Göreş tutsa, ýykardy ol.
Göreşmegi halaýardy,
Ýöne käte nalaýardy.
Diýrdi: “Tutar ýaly yzym,
Ne oglum bar, ne-de gyzym”.
 
 
1. OGLUNY TANAMADY
 
Yzly-yzyna günler ýetdi,
Bir gün şeýle habar ýetdi:
“Pälwanmyzyň ogly boldy!”
Iller gutlap, öýne geldi.
Jaýa şöhle saçdy ogul,
Seçelendi nabat-nogul.
“Pälwan, gözüň aýdyň!” diýşip,
Geldi millet üýşüp-üýşüp.
“Ogul dana ogul bolsun,
Iýjegi ýag, nogul bolsun,
Kakasyndan tälim alsyn,
Guwandyrsyn ýakyn-ýady,
Mahmyt bolsun ogluň ady”.
Diýşip çaga il at dakdy,
Hemme aý dek ogla bakdy.
Begenişip ýatdy olar,
Süýji uka batdy olar.
 Baş uçda bir çaga otyr,
Olar gözün açsa ertir.
Çaga gözün ýyldyradyp,
“Hany, turuň!” diýip otyr.
Ýaşylja ýassyga münüp,
Gemirip, nan iýip otyr.
 
Haýran galyp ene-ata,
Seretdiler gaýta-gaýta.
− Kakasy, gör, bu näbelli
Çagajyk nireden geldi?
 
Ol pälwan-da başyn atdy,
− Bilemok, − diýip mälim etdi.
− Ýeri oňa ne döw çaldy,
Balam nirä gaýyp boldy?
 
Çagajyk nanyn taşlady,
Möňňürip aglap başlady:
“Ejem meni tananok-leý,
Kakam hijem tanamaz-eý”.
 
Pälwan indi ylgap bardy,
Mahmyt jana gujak gerdi.
 
Indi welin ýaňky çaga
Gülüberdi jykyr-jykyr.
Mahmyt jaýda iki-baka
Ýüwrüberdi dükür-dükür.
Bir gije-de ýüwrüp ýör-le −
Kim eder heý şeýle pikir?
 
Pälwan bazar diýip gitdi,
Ogluň gamyn iýip gitdi.
Dürli-dümen oýunjakdan
Dykalap bir horjuny-da,
Sowup ähli harjyny-da,
Öýe ýel dek uçup geldi,
Alys ýollar geçip geldi.
Pälwan töre öten wagty,
Horjunyny atan wagty,
“Kakam geldi” diýe-diýe,
Biri gelip girdi öýe.
Jahyl oglan geliberdi,
“Kaka!” diýip gülüberdi.
Ogludygny duýdy pälwan,
“Bu ne gudrat” diýdi pälwan.
“Me, oýunjak, oýna, oglum,
Oýna, elden goýma, oglum!”
 
Horjunyny silkip pälwan,
Oýunjagny döküberdi.
Dürli-dümen oýunjajyk
Hatar-hatar çykyberdi.
Pälwan indi ýuwaş-ýuwaş
Öz ogluna bakyberdi.
Mahmyt: “Kaka, oýnajak däl,
Ýok, ýok” diýip böküberdi.
 
Maňa eýer, at gerek-le,
Bu zatlaryň biderek-le!”
 
2. PILMAHMYT ADY DAKYLDY
 
Pälwan ýene bazar gitdi,
Gözläp günün ötürdi ol.
Gije ýatdy oýa batyp,
Oýlap daňyn atyrdy ol.
Ertesi gün gijaralar
Eýerdir at getirdi ol.
 Gelse otyr bir pyýada, 
Özünden-de has zyýada.
“Kaka, hany, getir − diýip −
Dynjyňy al, otur!” diýip,
Mahmyt ata böküp mündi,
Derläberdi gyr at indi.
Ederine tapman çäre,
Ýatyberdi at biçäre.
 
Haýran galyp iller kileň:
“Göteräýmez muny pilem”
Diýip başyn yradylar,
Gaýta-gaýta garadylar.
“Bu pyýada däl hiç çeniň,
Edil pil dek gujry munuň”
Diýşip haýran galdy ilat,
Golaý-golaý geldi ilat.
 
Üýşüp geldi uly-kiçi,
Şo gün için çekdi ilat.
“Çagajyga”, “Mahmytjyga”
Şo gün geňläp bakdy ilat:
“Bu bir gudrat, bu Pil-mahmyt”
Diýip, bir at dakdy ilat.
Il içinde asyrlardan −
Asyrlara bökdi ol at.
 
“Tapmadyňmy, kaka, indi
Maňa borluk daýaw aty?”
Jany ýandy Pilmahmydyň,
Joşdy gany, gyzdy gaty.
Öýe girip bilmedi ol,
Oňa darlyk etdi gapy.
“Öýüň hem dar indi” diýip,
Daşdan urdy zor haýbaty.
“Öý-de, at-da taparyn men”
Diýip, ätdi gaty-gaty.
 
“Waý, guzym, jan balam” diýip,
“Eşit, janym, nalam” diýip,
Hossarlary agladylar,
Ýüreklerin dagladylar.
Il-de: “Mahmyt, gaýt! − diýdi −
Näme gerek, aýt! − diýdi −
Gerek zadyň tapaly biz,
Nirä diýseň çapaly biz”.
Iliň sözün diňlemedi,
Onuň derdi ýeňlemedi.
Gaty-gaty ýöräp gitdi,
Pilmahmyt tiz gözden ýitdi.
Ene-ata bakyp galdy,
Yzda göz ýaş döküp galdy.
 
3. PILMAHMYT ÖÝÜNDEN GITDI
 
Käte ýüwrüp, kä ýorgalap,
Gitdi Mahmyt, uzak gitdi.
Yza bakman gidiberdi,
Bagdan ötdi, daga ýetdi.
Gidiberdi durman Mahmyt,
Ol obadan oňa ötdi.
Nirä baksa, nirä barsa
Şol meňzeş öý, şol bir atdy.
Lüti çykyp, aýak çekdi,
Halys ýadap uka batdy.
 
Ýatyp turdy iki-üç gün,
Turdy ýöne keýpi uçgun.
Içi eljuk-eljuk diýdi.
Mahmyt turup kemsiz doýdy.
 
Ýolup-ýolup üzüm iýdi,
Gollaryny üzüp iýdi.
Kyrk erigem boşatdy ol,
Gamgyn göwnün hoş etdi ol.
Gelip suwa agzyn basdy,
Bada ýabyň suwun kesdi.
“Ullakan at tapman entäp,
Dynç alaýyn gowsy entek”.
Şeýle diýip, gelip süýndi,
Çykarman sesin-üýnni.
 
Indi öňki Pilmahmyt däl,
Ulaldy-la biçak Mahmyt.
Giň atyzy tutup ýatyr
Dag dek bolup bu çak Mahmyt.
Kimem görse “gudrat diýer”,
Gudratdan-da goçak Mahmyt.
 
4. ON SANY AT GÖGE GALDY
 
Şu obada bir toý boldy.
Hemmeler bu toýa geldi.
Ýörüň toýa diýşe-diýşe,
Ähli ilat üýşe-üýşe,
Meýlis jaýa ýetip geldi,
Alys ýollar ötüp geldi.
Tozan turzup on gyr atly,
Bedewlerin sürüp batly,
Başgalardan ozup geldi,
Olar hatar düzüp geldi.
Ol atlylar atdan düşüp,
At daňara ýer gözleşip,
Howlyň ýandan saýlandylar,
Bagyň ýanna aýlandylar.
Gezdi olar, gezdi uzak,
Ahyr tapdy olar gazyk.
 
Pilmahmydyň barmaklarny
Berk gazyklar öýtdi olar.
Bir-birine bakdylar-da,
“Aty şuňa baglap bolar”
Diýşip ähli bedewleri
Şoňa daňyp gaýtdy olar.
 
Ukydan oýandy Mahmyt,
Tirsegne daýandy Mahmyt:
 
“Aýagymdan çekýän ýaly
Dyrnak ýaly möjejikler:
Atjagazlar görýän weli,
Päljagazňyz azan ýaly,
Gözüňize görkezeýin,
Duruň, päli mojujaklar”.
 
Şeýle diýdi Mahmyt pälwan,
Aýagy-da galyberdi.
On bedew-de ýuwaş-ýuwaş
Sallan-sallan boluberdi.
Gaýyp ýören kagyzlary
Atlar ýada salyberdi.
 
Gök asmanda ýüzdi olar,
Jandan umyt üzdi olar.
Toýy sowup geldi ilat,
Muňa haýran boldy ilat:
Gör, sallanşyp dur on bedew.
Diýdiler: “Çaldyka ne döw?”
 
5. MAHMYT ILE HAÝBAT ATDY
 
Silkindi-de turdy Mahmyt,
Ile hemle urdy Mahmyt: 
 
“Ilat, garnym gapyşdy-la,
Açlyk ýürege düşdi-le!
Nan-pan getir iýer ýaly,
Getir ýöne doýar ýaly.
Öň az iýip ýatypdyryn,
Bilmän uka batypdyryn”.
 
Nahar-şordan getirdiler,
Soň bakyşyp oturdylar.
 
Mahmyt indi haýdap iýdi,
Ýöne welin doýmady ol.
Nahar-zady, aşy-nany
Ýalmady, zat goýmady ol.
Ammar kimin äpet garna
Zat düşennem duýmady ol.
 
Diýdi: “Ilat, bol, tiz, doýur!”
Il ýaş dökdi boýur-boýur.
 
Ilat “Indi berer ýaly
Zadymyz ýok saňa” diýdi.
Pilmahmyt has gazaplandy,
Mal-hallary tutup iýdi.
Özi alyp nany-aşy,
Barny garyp-gatyp iýdi.
Düýemidir, sygyrmydyr
Gyzgyn otda ütüp iýdi.
 
Ili zar-zar aglatdy ol,
Göwne gussa baglatdy ol.
 
Mahmyt öýleň gapysyndan
Nany elin sokup aldy.
Gulply jaýy pitikledi,
Iýmit goýman, ýykyp aldy.
Gallamydyr ýa nanmydyr,
Gören zadyn çekip aldy.
 
Doýup, har-har uka gitdi,
Sekiz günläp sarsman ýatdy.
 
Mahmyt ahyr oýandy-da,
Tirsegine daýandy-da,
Turup bakdy ol dört ýana,
Pilmahmyt zar ýene nana.
Mahmyt pälwan örän açdy,
Ýöne welin, ol nalaçdy.
Bu taýlarda iýmit ýokdy,
Iline-de baranokdy.
 
6. PILMAHMYT DAGA ÇYKDY
 
Üsti garly daga seret,
Çyk-da sen aşaga seret.
Dereleri aw-şikarly,
Giden alma, armyt-narly
Dagyň zowwam baglary bar,
Çyn sapaly çaglary bar.
Deresinde gürlär gaplaň,
Gorkup gelmez muňa köpler.
Jereni bar, dag goçy bar,
Boz maraldyr, sarç geçi bar.
Towşanlaryň jarany bar,
Alakalaň süreni bar.
Göwün götär howasy bar,
Hemmäň gelmek höwesi bar.
Dag jülgesi ajap şeýle,
Mahmyt muňa geldi “seýle”.
Gelip dagyň naryn iýdi,
Alma, armyt baryn iýdi.
 
Ýeri, Mahmyt haýyp dälmi?
 Bu iş senden aýyp dälmi?
 
Goja dagyň, dereleriň
Hezilini gaçyrdyň sen.
Käkiligiň, bezbeltegiň
Kök keýpini uçurdyň sen.
Boz jerene suw ýerine
Awy-zakgun içirdiň sen.
Zat goýmadyň  iýer ýaly,
Bogazyňdan geçirdiň sen.
Guş-gumryny, towşanjygy
Deresinden göçürdiň sen.
 
7. ÇOPANLARY ZAR AGLATDY
 
Çölüň giň-giň gollary bar,
Çopany bar, mallary bar.
Ymgyr süri geçip barýar,
Ot iýip, suw içip barýar.
Agyp dönýär süri goýun,
Asmandaky bulut deýin.
Guýruklary elek ýaly,
Bykynlary çelek ýaly.
Otlap ýörler giň örüde,
Heder etmän gurt-börüden.
Aýlanyşyp Akbaý, Sakar
Çopan bile goýun bakar.
Garawullyk çeker itler,
Möjek görse böker itler.
 
Süri ürkdi, möjekmikä?
Goýunlary iýjekmikä?
 
Ýok, bu gelen möjeg-ä däl,
Goýun iýjek bolýar betpäl.
 
Gör, Pilmahmyt süri-süri
Dowarlary zor gypyrdy.
Goýun geçiň dersini-de
Silkeläp has tiz sypyrdy.
Pilmahmyt hut elli-altmyş
Goýna birden penje urdy.
Mahmyt giden ymgyr sürä
“Wellem şaha” oýnun gurdy.
Ummasyz giň çöl-beýewan
Bolup galdy zor güpürdi.
 
Düýeler dynç gezip ýördi,
Birden olar şumlyk syzdy.
Pilmahmyt bar düýeleriň
Dynçlygyny derrew pozdy.
Goýna gurt darandan beter,
Mahmyt düýelere çozdy.
Mahmyt süri düýeleri
Bäş bir, on bir ýykdy-pyzdy.
Aw awlady, jeň eýledi,
Indi gyzdy, gaty gyzdy.
Düýeleri ýeke-ýeke
Alyp demir çişe düzdi.
Mahmyt çişi ykjam tutup,
Elini dik göge sozdy.
Akmaýamy ýa inermi
Bary jandan umyt üzdi.
 
Düşüp örän mojuk küýe,
Toplady-da köp-köp düýe,
Hemmesini göterdi-de,
Günüň ýanna ýetirdi-de,
Güne gowrup, bişirdi ol.
Soň aşaga düşürdi ol.
Tüýs jaýlaşyp oturdy-da,
Bir ýapa tirsek urdy-da,
Mahmyt tutup iýdi düýe,
Has tagamly diýe-diýe.
 
Şumy oýlap tapanyň hem,
Gan aglatdyň çopany hem.
Etdigiňmi ile haýyr?
Il ýaş dökýär boýur-boýur.
Ynsmy sen, jandarmy sen?
Ýa il bile gandarmy sen?
 
Geleň etmän hiç zat, Mahmyt,
Ýöne iýdiň ýördüň-le hut.
“Bulaň bary kişi maly,
Indi niçik geçer haly”.
 
Diýip, aklyň aýlamadyň,
Özüňe ýol saýlamadyň.
Ömrüň şeýle geçmelimi,
Mydam il ýaş seçmelimi?
 
8. PILMAHMYT DEŇZE GIRDI
 
Mawy deňiz parahat dur,
Gaýgysy-da − gamy-da ýok.
Batly-batly ýel ösenok,
Goçak-goçak gomy-da ýok.
Tolkun ýasap, ýüzüp gelýän
Gaýyk-da ýok, gämi-de ýok.
 
Birden deňiz gaşyn çytdy,
Gara bulut gaýrak ötdi.
 
Gaçyberdi gökje garga,
Çarlakdyr guw, zakja garga.
Gazdyr ördek çöpe sümdi,
Balyjaklar suwa çümdi.
Güýçli sörtük ýel-de turdy,
Deňiz tolkun atyberdi.
Gaýgy gurşap aldy deňzi,
Mawy deňziň soldy meňzi.
Gör, Pilmahmyt gelen eken,
Ony deňiz bilen eken.
 Mahmyt bärik gelip durdy,
Elini bykynna urdy.
 
Ham etmedi işini ol,
Aldy tordur çişini ol.
Suw içinde aýlanyp ýör,
Aw tutmaga küýlenip ýör.
Mahmyt gelip işläberdi,
Balyklary çişläberdi.
 
Balyklary kebap edip,
Ýiti çişe düzüp iýdi.
Lakga bile takgazlary
Gök deňzi gezip iýdi.
Kiçiräjik balyklary
Tory bile süzüp iýdi.
 
Balyk iýdiň, meslik etdiň,
Ýöne welin peslik etdiň.
 
Elendirdiň giň deňzi sen,
Bulandyrdyň giň deňzi sen.
Şeýtseň il arkaňa ýepmez,
Gaýtam hiç göz ýaşyň kepmez.
Şeýtseň aglar − ýörersiň sen,
Bagryň daglar ýörersiň sen.
 
9. PILMAHMYT AGLAP ÝATDY
 
Iýr-iýmiş, et, nandan dyndy,
Indi onuň işi kyndy.
 
Içi eljük-eljük diýip,
Ymgyr çölden saýlandy ol.
Bagy, dagy gezip gördi,
Indi oba şaýlandy ol.
Galan gaçan ýokmy diýip,
Oba-oba aýlandy ol.
 
Ilat oňa zat bermedi,
Pilmahmyt hut ýer sermedi.
 
“Gaçyň, iýip doýmaz gelýär,
Gaçyň, doýup goýmaz gelýär!”
Diýip, daşdan görende il,
Aglaberdi dynman suw-sil.
Ilat durman gaçyp gitdi,
Ondan oňa göçüp gitdi.
 
Pilmahmyt her ýana çapdy,
Ne et tapdy, ne nan tapdy.
Ol nan gözläp, selpäp gezdi,
Mahmyt indi halys bezdi.
Hut sütüni süýne-süýne,
Ýetip dogduk obasyna,
Özün lampa taşlady ol,
Indi aglap başlady ol.
 
10. AKYLLY GUŞ AKYL BERDI
 
Indi Mahmyt aglap ýatyr,
Jiger-bagryn daglap ýatyr.
Pilmahmydyň golaýyna
Bir guşjagaz uçup geldi.
Ol bir geňsi danaja guş,
Alys ýollar geçip geldi.
Ýöriteläp geldi ol guş,
Geldi, ganat açyp geldi.
Ol gözel guş, akylly guş
Dilinden dür seçip geldi.
 
Gürledi guş adam kimin,
Sözlerine düşmek mümkin:
 
“Öz aýagňa palta urduň,
Şo sebäpli artdy derdiň.
Işlemezden dişlediň-de
Öz bagtyň özüň giderdiň.
Barja nan-u-aşyn iýip,
Adamlara görgi berdiň.
Aç men diýip her gün-her gün,
Iýr-iýmişiň berdiň, merkin.
Hamana özüňki ýaly
Bir-bir serdiň ähli maly.
Ilatyňa etmän haýyr,
Ýaşyň dökýäň boýur-boýur.
 
Näçe günläp selpäp gezdiň,
Tapdyňmy heý şondan hezli?
Bet iş etdiň, indi saňa
Eneň-ataň käýemezmi? −
Guş sözüne dyngy berdi −
Mahmyt ynha, diňle sözmi:
 
Berjek saňa men bir akyl,
Ýöne maňa degme, çekil!
Eneň-ataň aglaşyp ýör,
Göwne gussa baglaşyp ýör,
Barsaň seni söýer olar,
Saňa oglum diýer olar.
“Ýaşlyk etdim” diýip aýt-da,
Öýüňe bar, Mahmyt, şeýt-de.
Ýüzleş bar-da, ilat bile,
Beýtmerin diý indikile.
Köp iýmäni goýaýyn diý,
Işlemäni söýeýin diý.
 
Gaýgyrmaýyn janymy diý,
Geçiň çemçe ganymy diý.
Size kömek bereýin diý,
Ganym gelse gyraýyn diý.
Her bir işden gaytmaýyn diý,
Agyr diýip aýtmaýyn diý.
Näme bolsa edeýin diý,
Nirä bolsa gideýin diý.
Kakaň bile gürleş şeýt-de,
Ilat bile birleş şeýt-de.
 
Tirsegine söýendi-de,
Mahmyt bada diýdi şeýle:
“Heý seniň hem gepiň bormy,
Akyl satýaň maňa beýle.
Kakam gelip diýse welin,
Barardym men derrew ile”.
 “Ynha oba gaýdaýaryn,
Men olara aýdaýaryn”
Diýip, ol guş uçup gitdi,
Ýaşyl bagdan geçip gitdi.
Uçdy ol guş, uçdy ol guş,
Mahmytlara düşdi ol guş.
 
11. PÄLWANYŇ BAGLANDY GOLY
 
Otyr eken Nabat eje,
Aglaý-aglaý ýes-ýekeje.
Guşa: “Durma, gir-gir” diýdi.
Guş hem oňa bir-bir diýdi,
Aytdy ogluň ökünýänni,
Aýtdy onuň çekinýänni.
Eşdip ene aglady zar,
Boldy oňa giň jahan dar.
 
Şu sözleri diýdi ene,
Guş-da gulak goýdy ine:
“Ynha bir gün geçiberdi
Topar adam gaýra çilden.
Has gazaply, batyr olar,
Gaýtjak däller gaýdan-silden.
Çalarajyk synladym men,
Olaň bary goňşy ilden.
 
Ylgap öýe ýetdi olar,
Haýbaty zor atdy olar:
“Iýdi ogluň aşymyzy,
Gussa goýdy başymyzy.
Serdi bütin malymyzy,
Pes eýledi halymyzy.
Bar kişini jowratdy ol,
Jaýlarmyzy owratdy ol.
Iýdi alma-narymyzy,
Senden aljak arymyzy.
Sen bet adam” diýe-diýe,
Kürsäp girdi olar öýe.
Gabap alyp sagyn-solun,
Daňdylar pälwanyň golun.
“Oglumyz çagajyk entek,
Düzeler tiz, bolsa tentek.
Edenini bilenok ol,
Bize gulak salanok ol.
Ol hiç zady saýgaranok,
Hut kakasnam eý görenok.
Degmäň oňa, degmäň, janlar,
Kakasynda nä günä bär”.
Diýip, şo gün dat eýledim.
Kakasy-da: “Men neýledim!
Käte orta çykaýmasam,
Size azar berdimmi heý,
Arpaňyz ham ordummy heý!
Näme pislik etdim aýdyň,
Degmäň, päliňizden gaýdyň.
Ol çaga däl, ol geň ogul,
Bolmaz eken hiç deň ogul!
Diýenimi eder ýaly,
Öňe düşüp gider ýaly,
Kiçijik däl, ol has goçak,
Diýenimi etmez bu çak”.
 
“Öz iliňe degmedi-de,
Şaglap indi biziň üste.
Sen diýmeseň bilmez “çaga”,
Senden ýeten näme ýetse −
“Ýel bolmasa tozan turmaz”,
“Ot ýanmasa çykmaz tüsse”.
 
Öz päliňden özüň tapdyň,
Indi seni hoş etmeris.
Atarys-da köne tama,
Arkaňy-da gaşatmarys.
Indi seniň aşagyňa
Keçäni-de düşetmeris.
Tä adam bolýança ogluň,
Seni şundan boşatmarys”.
 
Şeýle diýip, kakasyny,
Elin daňyp arkasyna,
Goňşy ilat alyp gitdi.
Öňlerine salyp gitdi,
Ondan bäri hepde ötdi,
Belki, ondan köp-de ötdi.
Gykylyk zor köp gün bäri,
Turýar günde gopgun bary».
 
12. PILMAHMYT SILKINIP TURDY
 
Indi ol guş uçup gitdi,
Ýapylardan geçip gitdi.
Gelip ol guş şeýle diýdi,
Mahmyt söze gulak goýdy:
 
“Mahmyt, ýetiş, kakaň-ejeň
Gaýgy-gussa batan eken.
Barsam ejeň ýes ýekeje
Zar-zar aglap ýatan eken.
Seň kakaňy goňşy ilat
Çuň zyndana atan eken.
 
Sen dadyna ýetişmeseň,
Kakaň ondan çyksyn niçik.
Bagyşlaň diýp dyza çök sen,
Bar, kömek et, ýörme gaçyp.
Pilmahmyt, kakaňy boşat,
Halas et zyndany açyp».
 
Pilmahmyt silkinip turdy,
Batly-batly gadam urdy.
Baryp tamy uşatdy ol,
Kakasyny boşatdy ol.
Kakasyna aglap bakdy,
Göz ýaşlary sil deý akdy:
“Bagyşla, jan kaka, meni,
Uly görgä goýdum seni!
Indi asyl beýle etmen,
Öýmüzden hiç ýana gitmen”.
 
Kakasy-da diýdi şeýle:
“Oglum, muny maňa diýme!
Ynha, ile bakyp diý sen,
Oglum, dyza çöküp diý sen.
Eşitmediň meniň nalam,
Işlemediň gitdiň, balam.
Işlemezden dişlediň sen,
Iliň malyn çişlediň sen.
Iliň nanyn dişlediň sen,
Iliň gözün ýaşladyň sen.
Oglum, uly ili syla,
Ýogsa günäň geçmez ilat.
Günäň geçmez hiç jemende,
Ýogsa günäň geçmen men-de.
Seret, ilat degre-daşyň,
Oglum, eg sen ile başyň.
Size hiç zat diýmäýin diý,
Mal-halyňyz iýmäýin diý.
Gaýtam, kömek bereýin diý,
Size kükrek gereýin diý”.
 
Düýe ýaly çökdi Mahmyt,
Gözünden ýaş dökdi Mahmyt:
“Bolmaz işler edipdirin,
Bagyşlaň siz, eý halaýyk.
Geç günämi, bagyşla il,
Men adam däl, men bir haýyn.
Kejiňize gaýtmaýyn men,
Indi sizi jowratmaýyn.
Şundan şeýläk näme diýseň,
Halaýyk, men şoňa taýyn.
Iýip-içip ýatman indi,
Işläýin men, ilat, daýym.
Nirde işiň agry bolsa,
Bolsun şol iş meniň paýym.
Eziz, ilat, işläýin men,
Indi öz göwräme laýyk”.
 
13. AKLYNA AÝLANDY MAHMYT
 
Mahmyt indi toba geldi,
Tirkeşipjik oba geldi.
 
Mahmyt öz obasna tarap
Ýuwaş-ýuwaş geçiberdi.
Aýagynyň sarsgynyna
Jaýlar jaýryk açyberdi.
Ony görüp, üýre-üýre
Itler ölüp-öçüberdi.
Ulus ili gowur tutdy,
Gopgun her ýan göçüberdi.
Çagajyklar gorka-gorka
Gözünden ýaş seçiberdi.
 
Nabat ejäň begenjinden
Başy göge deger indi.
Iki bolup bilmez ene
Begenjinden meger indi.
Nabat eje çyksa daşa,
Ýetip gelýär jigerbendi.
 
Başyn bulda diräp gelýär,
Pilmahmyt bijaý goçakdy.
Şeýle äpet zada bakyp,
Nabat eje için çekdi.
Agzyn açyp bütin il hem
Pilmahmyda geňläp bakdy.
Nabat eje aglaý-aglaý
Mahmydyň alnyndan çykdy.
Pilmahmyt has ýakyn gelip,
Başyn egip, dyza çökdi:
“Sözle, ilat, sözle, ilat,
Başym egýän, gözle, ilat!
Siziň bile gürleşjek men,
Siziň bile birleşjek men.
Iýip-içip ýörmäýin men,
Ile azar bermäýin men.
Iller, maňa rehim eýläň,
Işläýin men şundan şeýläk.
Dag ýyk diýseň, dag ýykaýyn,
Bag ek diýseň, bag ekeýin.
Diýenňizi edeýin men,
Nirä diýseň gideýin men.
Günäm geçiň meniň il siz,
Gussam artýar gezsem ilsiz.
Aýt maňa, isleseň il,
Tekizlän dek gudratly sil,
Dagy-deňzi deň edeýin.
Ýagy çozsa jeň edeýin.
Ýurdy aman saklaýyn men,
Iýenimi haklaýyn men”.
 
Mahmyt sözün tapba kesdi.
Ilata şu sözler besdi.
 
Çal sakgally goja adam,
Kepje sakgallyja adam
Öňe baka süýşüberdi.
Iller “geple” diýşiberdi.
Ýuwaş-ýuwaş sözledi ol,
Pilmahmyda gözledi ol:
“Birleşeniň gowy boldy,
Gürleşeniň gowy boldy.
Indi işler şowly bolar,
Murtumyz-da towly bolar.
Ekilmedik ýer-de galmaz,
Iller agyr derde galmaz.
Ajap bolar hallarymyz,
Çöle sygmaz mallarymyz.
Bolgun bolar bugdaýymyz,
Oňat bolar ýagdaýymyz.
Indi rahat dynç alyp bor,
Gijeler hem ynjalyp bor.
Örän gowy, Mahmyt, seniň
Bize gelip birleşeniň”.
 
14. ÝÜZ ÝASSYGA TIRSEK URDY
 
Ejesi-de öňe çykdy,
Şeýle diýip ile bakdy:
“Ajygandyr meniň oglum,
Ýetmez oňa nabat-noglum.
 
Ajygandyr mähribanym,
Ýetmez oňa aşym-nanym.
Ajygandyr Mahmyt janym,
Kiçi bolar çemçe-jamym.
Ilat, kömek ediň bize,
Oglum haýyr getir size”.
 
Bir aksakgal çykyp öňe,
Şu sözleri diýdi oňa:
 
“Gaýgy etme Pilmahmydy,
Ili söýse, ilem söýer.
Ogluň gaýgy etme, Nabat,
Bu gün her kim malam soýar.
Aç goýmarys Pilmahmydy,
Tapanjasny her kim goýar.
Mahmyt biziň myhmanmyz,
Mahmyt bu gün kemsiz doýar”.
 
Kakasy hiç sözlä bilmän,
Göz ýaş dökdi boýur-boýur:
“Oglum, seni söýýär iliň,
Söý ili, et senem haýyr.
Häzir ilat söwüş etjek,
Otur, oglum, garnyň doýur.
 
Ajygýançaň işlegin soň,
Özüň işläp, dişlegin soň.
Ýöne ýene iýip ýatsaň,
“Taňry ýetir” diýip ýatsaň,
Ýaman bolar halyň, oglum,
Ýokdur seniň malyň, oglum!
Ýokdur nanu-aşyň, oglum,
Sypan bolmaz başyň, oglum!”.
 
Haly-palas, keçe diýmän,
Goýman ownuk-uşagyny,
Ilat ýazdy bir atyza
Tapan-tupan düşegini.
Pilmahmydam çözdi indi
Bilden eken guşagyny.
 
Hemmeler ser-sepil bolup,
Şeýdip düzden jaý berdiler.
Bir çäýnegiň çaýyn goýup,
Pilmahmyda çaý berdiler.
Nogul-nabat, nan-aşdan hem
Çalamydar paý berdiler.
 
Guşagyny taşlady ol,
Iýip-içip başlady ol.
Pilmahmyt düşek üstüne
Göwresini zordan atdy.
Ýöne welin aýaklary
Agaçlykdan aňryk ötdi.
Ýüz çemesi ýassyjagam
Üýşürdi-de tirsek etdi.
Indi saçak-saçak nana
Ýuwaş-ýuwaş el uzatdy.
 
Indi weli, gantmy, nanmy
Dykyp otyr, dykyp otyr.
Çaýmy, çalmy, näme berseň,
Başynajyk çekip otyr.
Ýakasyny tutup millet,
Agzyn açyp, bakyp otyr.
 
Ine, şeýdip ýaňky Mahmyt
Çalamydar nahar etdi.
Ol çalaja gyşardy-da,
Kem-kem süýji uka batdy.
Bilmedim men Mahmyt pälwan
Munda näçe günläp ýatdy. 
 
IKINJI BÖLÜM
1. PILMAHMYT POSSUN GEÝDI
 
“Garyn doýdy, gaýgy çykdy”
Diýip, Mahmyt ile bakdy.
Ilat ýanna üýşüberdi,
Ýumşumyz bar diýşiberdi.
Bir ýaşuly sypap saçyn,
Beýan etdi göwün göçün:
 
“Bet işiňi özüň duýman,
Goýara hiç gözüň gyýman,
Iýdiň süri goýun-geçi.
Dolup galdy çölüň içi
Akly-gara derilerden.
Çölden, goldan, derelerden
Derileri getir, Mahmyt,
Şu ýumşumyz bitir, Mahmyt!”.
 
Mahmyt muňa begenjinden,
Için silkip gara çyndan,
Jak-jaklap şeýle bir güldi.
Giň jahan lerzana geldi.
Mal-garalar ürküp turdy,
Çagajyklar gorkup turdy.
Öküz ýüpün üzüp gaçdy,
Güzerden-de gaýrak geçdi.
Itler jöw-jöw üýrüp barýar,
Ýatagyna girip barýar.
 
“Getireýin men” diýibän,
Gitdi Mahmyt çöl-beýewan.
 
Haýdap deri çöpledi ol,
Deri bary orta üýşdi.
Kölden eken getirdi-de,
Tut dek ýogyn bir ýüp işdi.
Derileri ýüpe basdy,
 Götermek oň üçin hiçdi.
Ylla äpet bir dag kimin
Mahmyt indi öňe süýşdi.
Göteräýdi şuny diýmek
Diňe agza aňsat işdi.
Görmedige ýalan ýaly,
Görene-de ylla düýşdi.
 
Oba eltip taşlady ol,
Haýdap işläp başlady il.
 
Derrew işe girişdiler,
Çöp-çalamy syryşdylar.
Ýazyp-düýrüp görüp olar,
Bütinini saýladylar.
Bir-bir saýlap seçdi ilat,
Şeýdip possun biçdi ilat.
Dynman zähmet çekdi ilat,
Haýdap possun tikdi ilat.
Her kimiňki belli işdi,
Altmyş kişi sapak işdi.
Ýeňin tikdi bir ýüz adam,
Ýanyn tikdi bir ýüz adam.
 
Bäş günläp der döke-döke,
Togsan adam tikdi ýaka.
On bäş adam kise tikdi,  
(Kisä kyrk kişi sygjakdy.)
Etek tikdi elli biri,
Ýol görkezdi belli biri.
Segsen sany ak gunduz dek
Deriden-de çykdy telpek.
 
Ol possuny geýdi weli,
Öňküden zyýada boldy.
Indi welin, öňküden-de
Has daýaw pyýada boldy.
Ýanyn däl-de, dik duran bir
Äpet dagy ýada saldy.
 
Possun boldy bir az kiçi,
Darrak eken onuň içi.
Ýapylmady dyzam onuň,
Gysga boldy yzam onuň.
Darlyk etdi synam onuň,
Ýeňi bilen ýanam onuň.
Tirseginem ýapmady bol,
Gursagynam ýapmady bol.
Ýene deri çöplediler,
Şol possuna seplediler.
Bäş gün zähmet çekdi olar,
Söküp ulap çykdy olar.
Diýişdi soň bar halaýyk
“Indi possun bolar laýyk”.
Mahmyt indi egne atdy,
Indem zordan dyza ýetdi.
“Ulalymy!” diýdi olar.
Ol baş atdy: “Ýok, şu bolar!”
 
2. PILMAHMYDA PIL ÝASALDY
 
Bir ýerde bir demir görse,
Şony derrew çekdi ilat.
Pildir, kätmen, gören zadyn
Ussahana dökdi ilat.
Bir ýerde bir çüý görse-de,
Ony sogrup çykdy ilat.
Bozuk-ýenjik demir gözläp,
Alys ýollar sökdi ilat.
Uzynly gün demir ýygnap,
Çaý içmäge çökdi ilat.
 
Ullakan ot ýakdylar-da,
Kömür, agaç dökdiler-de,
Ähli demri eretdiler,
Bir goçak pil döretdiler.
Soň tokaýy aýlandylar,
Ol pile sap saýladylar.
Agaçlaň deňinden geçip,
Iň ýogyn çynary seçip,
Çapyp pudap getirdiler.
Ýylmap pile ötürdiler.
 Mahmyt pili gola aldy,
Bir depäň düýbünden saldy.
Gumy ýerden saýlady-da,
Gumly pili aýlady-da,
Eltip çuňňur jara dökdi.
Gülüp pili ýere dikdi.
Pilmahmyt söýenip pile,
Şeýle diýdi bakyp ile:
“Köp sag boluň, eý halaýyk,
Söýerin men bu guraly.
Ýöne piliň gumhanasy
Bir azajyk kiçi ýaly.
Köp gum alsaň döwüläýjek,
Azyrajyk güýç-mejaly.
Ýüzi posly, zyýany ýok,
Işlesem ýalpyldar häli.
Basym ýalp-ýalp eder ýüzi,
Çyn söýerin men bu pili.
 
3. PILIN ALYP ÇÖLE ÇYKDY
 
Welaýatyň aşak çeti
Çaňap ýatan bir giň düzdi.
Ekin-tikin ekilmeýän
Uç-gyraksyz giden bozdy.
Pilin süýräp Mahmyt pälwan,
Düzüň hemme ýerni gezdi.
 
Şu ýaýlada, şu ýerlerde,
Çopan-çolgy goýup derde,
Sürüleri ýapyrypdy,
Derileri sypyrypdy.
Şony ýatlap bir az dymdy,
Oturdy-da oýa çümdi.
“Örän heläk etdim ili,
Işledeýin indi pili”.
Diýip, ýerden böküp turdy,
Pilini bir depä urdy.
Pili iki gezek depdi,
Gumy eltip oýa sepdi.
Şeýdip beýgi ýykyberdi,
Alyp oýa döküberdi.
Hyrçyny bek dişledi ol,
Dynman haýdap işledi ol.
 
Boş ýatan boz, düzleri tiz
Mahmyt pälwan düzledi tiz.
Mahmyt pälwan pilin ýere
Uruberdi, uruberdi:
Bilin guşap, pilin depip,
Beýgi pese sürüberdi.
Ýadamany bilmedi ol,
Ýer bile jeň guruberdi.
Bir seretse çölmi, bozmy,
Tekiz bolup duryberdi. 
 
Mahmyt pälwan derin çaldy,
Oturyp bir dynjyn aldy.
 
Turdy-da Pilmahmyt ýene
Pilin süýräp geziberdi.
Mahmyt pälwan oýa batyp,
Bir planjyk düzüberdi.
Pili bile bellik edip,
Çyzyjaklar çyzyberdi.
Iň soňunda Mahmyt pälwan
Bir uly ýap gazyberdi.
 
Ýabyň raýşy galyp barýar,
Gumdan depe bolup barýar.
Gum iki ýan üýşüp barýar,
Mahmyt öňe süýşüp barýar.
Gazyp barýa, gazyp barýa,
Ahyr gelip ýetdi derýa.
Mahmyt basym gazyp çykdy,
Derýa gelip aýak çekdi.
Iller muny duýup geldi,
Göreliň-le diýip geldi.
 
Mahmyt pälwan derýa bile
Aradaky gumy çapdy.
Iki pilde uly ýaby
Mele suwly derýa sapdy.
Mahmyt pälwan ýaňky alan
Gumyny-da derýa sepdi.
Mahmyt gelip baýyr-ýapa
Pilin üç-dört ýola depdi.
Pilmahmyt giň derýa şeýdip,
Böwet basdy, öňün ýapdy.
 
Düwme ýasap, ýaýnap-böküp,
Suw ýap bile akyberdi.
Gaýnaý-gaýnaý, bygyr-bygyr,
Özüne ýol tapyberdi.
Suw aýlanyp lummur-lummur,
Çöl bile ýol söküberdi.
“Heýjan elek” diýşip, iller
Mele suwa bakyberdi.
“Güller bitsin gollaryňa,
Pälwan, ýaşyň ýetsin müňe”
Diýşip, iller böküberdi,
Döşüne gül dakyberdi.
 
Deňze tarap bakanok suw,
Deňze tarap akanok suw.
 
Deňiz taýy kepiberdi,
Balyjaklar böküberdi.
Mahmyt pälwan muny duýup,
Balyklar ölmesin diýip,
Böwediň üstüne çykdy.
Aňryk bir çyzyjak çekdi.
Şir-şir aňry taýy akdy,
Balyklaryň paýy akdy.
 
Bir ýaşuly diýdi: “Mahmyt,
Ýetdiň biziň dadymyza.
Ekin ekip bolar indi
Ymgyr çöle, zowwam düze.
Berekella, Pilmahmyt, sen
Derýa çekip berdiň bize.
Başarmadyk ömür boýy,
Düşse-de bu ýadymyza”.
 
4. BÜTIN GYŞA ÝETDI ODUN
 
Pilmahmyt oduna gitdi,
Pilmahmyt tiz çöle ýetdi.
 
Mahmyt çerkez, çaly ýygdy,
Gezip bütin çöli ýygdy.
Ýygdy gidip dag-dereden.
Ýetdi Mahmyt bar ýere-de.
Toraňňymy ýa derekmi,
Ýylgynmy, tut ýa garakmy,
Guranyny saýlap-saýlap,
Sogurdy ol towlap-aýlap.
Çynarmy ýa gury söwüt,
Pilmahmyt hut döwüp-döwüp,
Basdy ýogyn ýeken ýüpe.
Aşyp oýlar, aşyp depe,
Odunyny daňyp gaýtdy,
Il içine eňip gaýtdy.
Ähli agaç üýşüp gelýär,
Göýä tokaý süýşüp gelýär.
 
Tokaý bärik geçip gelýär,
Itler üýrüp gaçyp gelýär.
Mal-garalar ürküp gaçdy,
Çagajyklar gorkup gaçdy.
Pilmahmyt odun äkelip,
Saklandy giň düze gelip.
Mahmyt ýükün goýdy ýere,
Özi batan eken dere.
Mahmyt derin süpürdi-de,
Ýeken ýüpi sypyrdy-da,
Bar oduny setir-setir
Goýdy. Indi ýak-da otur!
 
Bütin ilat şoňa bakdy,
Bütin ilat şony ýakdy.
 
Odun gözläp selpemeden
Dyndy indi iliň başy.
Pilmahmydyň odunyndan
Haýdap ýakdy hemme kişi.
Mahmyt pälwan getirdi köp,
Şol bişirdi nanu-aşy.
Tükenmedi, etse-de il
Asyl näçe köp biş-düşi.
Asyl odun gutarmady,
Şol geçirdi arly gyşy.
 
5. MAHMYT DERÝA KÖPRI BOLDY
 
Az-owlak mal-zadam bardy,
Ýöne ilat nana zardy.
Bardy biraz kümüş-tylla,
Hemme zardy gysym galla.
Ýek-tük baý-da ýogam däldi,
Ýöne olar çyn betpäldi.
 
Iliň güni çyn hyllalla,
Baýyň tamy doly galla.
Olar garny gabalardan,
Haýyr barmy heý olardan!
Il agysyn duýmadylar,
Duýalyňam diýmediler.
Olar bijaý pitnediler,
Ile kömek etmediler.
 
Diňe Mahmyt pälwan duýdy:
“Näme kömek gerek?” diýdi.
 
Bir ýaşuly şeýle diýdi:
“Bize kömek eýle! − diýdi −
Ýaman boldy bu ýyl sowuk,
Öldi maýda maldyr, towuk.
Gallamyz gutardy şapba,
Kynlaşdy has däne tapmak.
Ýaman boldy, doňdy derýa,
Gaýgy döwüp zyňdy derýa.
Aňry ýüzde köpmüş däne,
Alajymyz ýok geçmäne.
Geçip bilemzok o ýüze,
Pilmahmyt, ýet dadymyza”.
Mahmyt diýdi: “Kynmy beýle!
Kerwenňizi çekiň şeýle”.
 
Derýa boýna ýetdi olar,
Giň derýa syn etdi olar.
 
Suw ýüzüne seretseler,
Buzlar üýşüp, akyp barýar.
Howut kimin äpet buzlar
Aşak baka bakyp barýar.
Ýalpyldaşyp hatar-hatar,
Buzlar kerwen çekip barýar.
Käsi çümüp, käsi gaýyp,
Somalyşyp çykyp barýar.
Dagdan daşyň gaýdyşy dek,
Buzlar böküp-böküp barýar.
 
Kerwen bile geldi Mahmyt,
Derýa köpri boldy Mahmyt.
 
Aňry ýüze uzadyp gol,
Derýa köpri bolaýdy ol.
Aýaklary bäri çetde,
Kelle, goly aňryk ýetdi.
Mahmyt pälwan sarsman ýatyr,
Kerwen bolsa geçip otyr.
Bar düýe geçip gutardy,
Mahmyt pälwan ýerden turdy.
Iller söwda gurup geldi,
Kerwene ýük urup geldi.
Mahmyt ýene süýnüp ýatdy,
Kerwen ýene bärik ýetdi.
Ilat iýdi mele nany,
Ilat söýdi Mahmyt hany.
 
6. BAÝY HOWZA ZYŇDY MAHMYT
 
Baýyň goýnun bakyp gelen
Niçe ýyllap goja çopan.
Çopan agşam ýatagyna
Maly gabap, agzyn ýapan,
“Işden boşat, hakymy ber”
Diýip, baýyň ýanna çapan.
Eýle-beýle diýip o baý
Ýüz dürli bahana tapan.
“Hakym ber” diýip gyssaberse,
Baý onuň ýeňsesne depen.
Baý titirän, ýüzünden-de
Gar  ýagyp, harasat gopan.
Ala bilmän gaharyna
Çopanyň dodagy kepen.
 
“Şunça ýyllap malyň bakyp,
Alman goýman senden hakym»
Diýip, söge-söge gitdi.
Pilmahmydyň ýanna ýetdi.
Pilmahmyda arzyn aýtdy,
Mahmyt baýyň ýanna gaýtdy.
  Tirsek urup alty ýassyk,
Otyr eken çişip Kössek.
Otyr goja tut teýinde,
Otyr gök howzuň boýunda.
Otyr eken gök çaý süzüp.
Mahmydyň gelenin syzyp,
Titiredi, çytdy ýüzün,
Tegeledi ala gözün.
 
Mahmyt pälwan aşak çöküp,
Bir asgyrdy baýa bakyp.
Ýorgany-düşegi bile,
Oglany-uşagy bile
Alagöz baý üýşüp uçdy,
Gaýyp howza baryp düşdi.
 
Suwun syrkdyra-syrkdyra,
Şol possuk baý çykdy gyra.
Eňegini titiredip,
Gözlerini petiredip,
“Gerek zadyn alsyn − diýdi −
Aýdyň, çopan gelsin” diýdi.
 
Çopan Pilmahmyda aýdyp,
Baýdan hakyn aldy şeýdip.
 
7. AJAÝYP KÖŞK GURDY MAHMYT
 
Ertir irden çykyp gitdi,
Welaýatdan Mahmyt aga.
Ýuwaş-ýuwaş golaýlaşdy
Hol ilerki beýik daga.
Daga bardy Mahmyt pälwan
Ondan daşlar goparmaga.
 
Depesine uzadyp gol,
Goçak daşlar gopardy ol.
 
Ammar kimin dagyň daşyn,
Gaýra baka atyberdi.
Tokaýlaryň depesinden
Daşlar wazlap ötüberdi.
Olar belli ýere üýşüp,
Keserişip ýatyberdi.
Goçak daşlar hol ilerki
Giň düzlügi tutuberdi.
Daş düşende gütläp ýere,
Sarsgyn oba ýetiberdi.
Bu ne bela diýşip iller
Gaýgy-gyssa batyberdi.
 
Jaý gurdy özüne laýyk,
Haýran galdy bar halaýyk.
Dagyň daşy üýşdi-galdy,
Geldi Pilmahmyt bu taýy.
Ilki ýeri düzläp çykdy,
Derin dökdi Mahmyt daýy.
Il-de oňa kömekleşdi,
Ähli kişi aldy paýy.
Mahmyt günbatana çenli
Ýasady bir hendek laýy.
Tamy barha galyp barýar,
Şo daşlardan ördük saýy.
Tamam etdi Mahmyt pälwan,
Bu köşk boldy ne enaýy.
Bagş eýledi ýöne welin,
Köşge tegelek bir aýy.
Bulutlara ýetip ötdi
Pilmahmydyň guran jaýy.
 
Ähli ussa nagyşlady,
Bar reňkini bagyşlady.
 
Boldy bu hut şeýle köşk,
Muňa hemme etdi yşk.
 
ÜÇÜNJI BÖLÜM
1. DAGDAN ILERDE BIR ŞA ÝAŞAÝARDY
 
Belent dagyň aňry ýanda
Başga bir il ýaşaýardy.
Il gowudy, ýöne iliň
Örän betpäl şasy bardy.
Ol gazapdy. Onuň üçin
Giň dünýä-de örän dardy.
 
Ol şa sap-sap goşun düzdi,
Gyzyl-düre gözi gyzdy.
Kiçijik ýurtlara çapar
Ýollady häkim bu sapar.
Şa gysgajyk hat ýazdyrdy,
Köp şalara hemle urdy.
Hünji kimin düzlüpdi hat,
Ynha, şeýle ýazlypdy hat:
“Ähli şaha ýazýan şeýle,
Seredip durmaýan meýle.
Edil meniň hanym deýin,
Egmeli siz maňa boýun.
Şundan şeýläk etmen oýun,
Kim egmese maňa boýun,
Şonuň başyn ýolaryn men,
Hemmäňe paç salaryn men;
Gyzyl-kümüş, jowahyrdan,
Lagl-merjen, zerdir-dürden
Siziň heriňiz bir kerwen
Iberseňiz oňaryn men.
Ibermese eger-de kim,
Bilip goýsun, şuny häkim,
Onuň serin tiz keser men,
Bilip goýsun, tüýs ýeser men.
Meniň güýjüm duýuň indi,
Şalaň şasy diýiň indi”.
 
Aradan aý, hepde geçdi,
Belki, biraz köp-de geçdi.
Pereň bile Türkdir-Turan,
Owgan taýdan çykyp ugran
Kerwenler tiz ýetip geldi,
Dag-dereden ötüp geldi,
Çynma-Çynmy, Arapdanmy,
Magryk-Maşruk tarapdanmy,
Hatar-hatar kerwen geldi,
Hatar kerwen her gün geldi.
Kerwen gyzyl, zer getirdi,
Kümüş bile dür getirdi.
Getirildi horjun-horjun,
Altyn-kümüş, lagl-merjen.
 
“Nädäýerkäm seni, dünýä,
Tanamaýaň meni, dünýä!”
Diýip, şo şa sözläp durdy,
Bykynyna elin urup,
Synlady şa durup-durup.
 
Gyzyl-dürden jaý gurdurdy,
Ýalkym salýan aý gurdurdy.
 
Kümüş-düre, altyn-zere
Gaýta-gaýta esetdi şa.
Begenjinden durup bilmän,
Çirkin-çirkin ses etdi şa.
 
Merjen, düre aşyk bolup,
Adamlygyn pes etdi şa.
Kimi görse zäher pürkdi,
Özün bijaý mes etdi şa.
Wezir-wekil, dogan-gardaş
Tanamany bes etdi şa.
Çäýnek-käse, gyzyl sandyk,
Esbap-engam ýasatdy şa.
Sap tylladan atdyr, eýer,
Sap dürden jam ýasatdy şa.
Telim-tokguz otagy bar,
Gyzyldan tam ýasatdy şa.
 
Jaýda gurdy tylla ahyr
Salar ýaly dür-jowahyr.
Tokga-tokga zer guýdurdy,
Ile-de güýjün duýdurdy.
Hasasyna söýenip şa,
Şalygyna daýanyp şa,
Boldy dünýäň şalar şasy,
Üýşüp galdy hazynasy.
 
Öňler bu şa biraz sazdy,
Indi bütin päli azdy.
Çala raýyn ýyksa biri,
Tutup ýere gömdi diri.
Ýere gömdi çagasyny,
Gömdi ini-agasyny.
Garrysyny asdyrdy ol,
Ilki tagma basdyrdy ol.
 
Diňlemezden iliň zaryn,
Oda ýakdy öý-öwzaryn.
 
Bu şa şeýle zalym boldy,
Bu hemmä-de mälim boldy.
Ýeri, nätsin il biçäre,
Neneň tapsyn muňa çäre.
Şahyň garny ylla halta,
Çapanokdy murtun palta,
Bu hüňkar şa diýseň mesdi,
Ulus il bir şadan pesdi.
 
Gije-gündiz ýatman-turman,
Iki baka hars urdy şa.
Däli kimin ýortup gezdi,
Bir uklady, bir turdy şa.
Indi asyl päli azdy,
Dürli oýunlar gurdy şa.
Hemmä özün ýeriň-gögüň
Diregi şa diýdirdi şa.
Diňe wezir-wekil bile
Köşkde günde toý gurdy şa.
Günde-günde öýlendi şa,
Günde nika gyýdyrdy şa.
 
Iliň weli depesinden
Görgi barny iýndirdi şa.
Çagajygyň, garry-gurryň
Sütünini süýndirdi şa.
Pakyr ili horlady has,
Hupbat barny iýdirdi şa.
Gargyş bary ýagdy şaha,
Diýmedigni diýdirdi şa.
Kimseleri öý-öwzarsyz
Gar, ýagyşda buýdurdy şa.
 
2. PILMAHMYDA HYÝAL ETDI
 
Has-da oda-köze düşdi
Eşdip Mahmyt hakynda şa.
Pilmahmydy ele salmaň
Küýün etdi her günde şa.
“Getir ýaly güýç bar” diýip,
Elin urdy bykynna şa.
 
“Pilmahmydy getiräýsem,
Şu işimi bitiräýsem,
Arman galmaz mende − diýip −
Döwlet durmaz çende” diýip,
Wezirlerne hemle urdy,
Olar gol gowşuryp durdy.
 
Päli azyp, şol döwlete
Çozjagyny duýdurdy şa.
Bar ussany jemledi-de,
Ullakan top guýdurdy şa.
Polat, demir, çoýun ýygnap,
Topy has köp guýdurdy şa.
Bar leşgerne almaz gyljy
Sap polatdan süýdürdi şa.
 
Zer donuna sygmady şa,
Hars urup güýç ýygnady şa.
Ýasatdy ol dürli tüpeň,
Keman bile hyrly tüpeň.
Ýasatdy ol sowut-esbap,
Gyzyl zerden çaýdyrdy sap.
Ýasatdy ol naýza, galkan,
Çozjakdyr ol basym belkäm!
 
Şa belledi goşunbaşy,
Sap-sap durdy ähli goşun.
“Pilmahmydyň gabaň daşyn,
Gelip maňa egsin başyn.
Golun daňyp, alyp geliň,
Öňüňize salyp geliň”.
Diýdi şa bar leşgerine,
Geçdi-de ol öz ýerine.
 
“Ýa alyň, ýa ölüň” diýip,
Goşunbaşa şa buýurdy.
Goşunbaşy zor pyýada,
Daýawlygy ylla şirdi.
Goşunbaşy öňe çykyp,
“Ýörüň!” diýip, gyljyn syrdy.
 
3. ILIŇ DYNÇLYGY BOZULDY
 
Çozup gelýär uly goşun,
Gabap iliň degre-daşyn.
Dagdan bärik geçip gelýär,
Gara derin seçip gelýär.
Çekirtge deý üýşüp gelýär.
Bulut kimin süýşüp gelýär.
Goşun nagra tartyp gelýär,
Güýç-gaýraty artyp gelýär.
 
Şa güýç toplap, şowlap gelýär,
Murtun towlap-towlap gelýär.
 
Kernaý çalyp, surnaý çalyp,
Uly goşun ýetip gelýär.
Dag-daş diýmän, oýy duýman,
Leşger göni ötüp gelýär.
 
Gykuwlaşyp, güpürdeşip,
Baýryň ýüzün tutup gelýär.
Tagta çykyp, täjin geýip,
Şa men-menlik satyp gelýär.
Bütin iliň nan-aşyna
Awy-zakgun gatyp gelýär.
Garasar deý ýörmeleşip,
Ol leşger sap atyp gelýär.
Dagy-daşy lerzan edip,
Gümledip top atyp gelýär.
 
Gyrdy ýagy, gyrdy halky,
Taladylar maly-mülki.
Ammarlary otladylar,
Iller aglap datladylar.
Zalym ýagy gan eňretdi,
Ili gyran-jyran etdi.
Ganym ili urdy-ýykdy,
Ynsan gany sil deý akdy.
Duşman gülle sepeledi,
At oýnatdy, depeledi.
Ilde adam goýmadylar,
Gyzyl gandan doýmadylar.
Gylyçlaryn aýladylar,
Ýurdy weýran eýlediler.
Özün ýurda şir etdiler,
Ili ata süýretdiler.
Agzyn açyp, ganym ýagy
Gamçylady ýaş bäbegi.
Eneler hut yzlaşdylar,
Akmaýa dek bozlaşdylar.
 
Ýeri, nätsin il biçäre,
Tapmasalar muňa çäre.
Batyrlary gyryldylar,
Gyzlar mal dek sürüldiler.
Aý paltasyn buladylar,
Iliň ganyn ýaladylar.
 
Güni ýaşjak bärki şahyň,
Kim eşitjek onuň ahyn.
 
Kül-peýekun etdi ýagy
Bärki şahyň täji-tagtyn,
Gabap geldi leşger indi,
Ýatyp barýar şahyň bagty;
Şahy ýesir aldy ýagy
Aýny sypyp gaçjak wagty.
 
Bar goşunny pytyradyp;
Şahyň gözün petiredip,
Gollaryny daňdy olar,
Ýene öňe eňdi olar.
 
Gelmişek şa has şadyýan,
Bakyp barýar o ýan bu ýan.
Tagta çykyp, täjin geýip,
Pişge murtun towlap barýar.
Çilmin sorýar, çap-çal tüsse
Iki ýana zowlap barýar.
Göterip dört adam şahy,
Ýel dek çapyp, şowlap barýar.
Şadyýan şa nirelere
Hyýal edip, howlap barýar.
Howlaýar şa, takaty ýok,
Ýüregi-de lowlap barýar.
 
 
4. PILMAHMYDA “GAÇ” DIÝDI OL
 
Bolan işi bir-bir görüp,
Atyn münüp, gaçdy biri.
Tokaýdan tokaýa urup,
Ýetdirmedi, uçdy biri.
Ol Mahmydyň goňşusydy,
Gurs gutuldy, galdy diri.
 
Şol gelşine Oraz daýy
Şakyrdadyp açdy jaýy.
 
Gelse Mahmyt ukusyndan
Ýaňyrajyk turan eken.
Ýas-ýaňy gök çaýdan demläp,
Bir semewar uran eken.
Öňüne unaşy alyp,
Aýbogdaşyn guran eken.
 
Oraz daýy şeýle diýdi:
“Sen oturma beýle! − diýdi −
Goňşym, Mahmyt, diňle sözüm,
Näler gördi meniň gözüm.
Leşger gelýär hatar-hatar,
Bela bolmaz ondan beter.
Gaç sen, pälwan, gaç, sen Mahmyt,
Ondan ara aç, sen Mahmyt!
 
Tiz bol, pälwan, çyk öýüňden,
Gizlen, pendim tut-da meniň.
Garasar deý basyp gelýär,
Mahmyt goňşym, däl ol çeniň,
Durma, ylga, olar ýogsa
Basym daşyň alar seniň”.
 
Mahmyt pälwan goşunynyň
Gyrlanyny duýdy däni,
Goňşusyny köşeşdirdi
Ynha, şeýle diýdi däni:
“Bolýar, çozan bolsa duşman,
Etdirin men oňa puşman.
 
Köp eglenmen, turaryn men,
Aşy içsem bolar − diýdi −
Näme şeýle daljygýasyň,
Şeýle köpmi olar − diýdi −
Ýurdy soldurmaga gelen
Ýagyň özi solar” diýdi.
 
Mahmyt dyngy berdi gepe.
“Unaş hödür etjek, şepe.
Hany, gel-de, töre geç sen,
Bir salymjyk aşdan iç sen.
Ýaňky titräp, sypap başyn,
Howlukdyrdy gürrüňdeşin:
“Mahmyt, gan aglatdy zalym.
Örän ýaman ýurduň haly.
Bütin ili gyrdy ýagy,
Mal-hallary sürdi ýagy.
Ýurdy küle öwürdi-le,
Köşk-eýwany öwrüp küle,
Külin göge sowurdy-la.
Şahyň golun daňyp gelýär,
Seň üstüňe eňip gelýär.
Howluk, hanym, howluk janym,
Gaç, Mahmyt, sen gutar janyň.
Gizlen git-de, gol-derede,
Duşman köşgüňe sereder,
O ýan, bu ýan ýüwrer şeydip,
Soňra tapman gider gaýdyp.
Durma, Mahmyt, gutar başyň.
Ýogsa olar alar daşyň”.
 
Mahmyt, oňa şeýle diýdi:
“Tüket goňşy, goý-la − diýdi −
Goňşy, biläý, gaçyp bilmen,
Il-günümden geçip bilmen.
Gorkma, töre geç-de otur,
Bolsa bolsun hatar-hatar.
Çozup gelse gyraryn men,
Iliň aryn alaryn men”.
 
Durup bilmän sözledi ol,
Pilmahmyda gözledi ol:
“Goňşy, ýagy ýetip gelýär,
Bütin düzi tutup gelýär.
Goňşym, gaçsaň gutularsyň,
Dursaň welin tutularsyň.
Olar seniň goluň baglap,
Äkiderler bagryň daglap”.
 
5. HAÝBAT ATDY MAHMYDA ŞA
 
Geldi ýaňky uly goşun,
Gurşap aldy öýüň daşyn.
 
Getirdiler ähli topy
Uzak ýoldan haýdap-süýräp.
Toplary goýdular indi
Mahmydyň köşgüne diräp.
Goşun hem jaýyň daşynda
Häzir bolup durdy sap-sap.
 
Jaýdan çykdy Mahmyt batyr,
Hiç zatdan etmän howatyr.
Apaň-apaň ýöräp çykdy,
Gelen ýygna-ýaga bakdy:
“Näme gerek, aýdyberiň,
Gowsy yza gaýdyberiň,
Häkim, bol, toplarňy aýyr,
Bolmaz saňa menden haýyr”.
 
Golun hasa urdy-da şa,
Şeýle diýdi turdy-da şa:
“Ýaýratma-da durup dowul,
Öňmüze düş sen, han ogul!”
Kül eýledik ýurduňy biz,
Anha, otyr ýurt häkimňiz.
Ýesir aldyk şahyňyz-da,
Indi git-de bolaý bizde.
Çyn ýürekden söýjek seni,
Wezir edip goýjak seni.
Ýogsa horlap äkideris,
Daňyp, zorlap äkideris”.
 
Mahmyt ýöräp öňe-öňe,
Ynha, şeýle diýdi oňa:
“Sesiňi kes, samsyk häkim,
Ýaňramaga ýokdur hakyň,
Ili gyryp, bet iş etdiň,
Gürleme, dişiň uşatdym”.
 
Häkim berdi şeýle buýruk:
“Boluň, hany, taşlaň güýlüp”.
Ýüzläp-ýüzläp ýüpli goşun,
Pilmahmydyň aldy daşyn!
Ýüzläp-müňläp leşger üýşüp.
At goýdular alla diýşip.
 
Mahmyt welin, gelenini
Ýüzläp-ýüzläp pyzyberdi.
Olar çozdy, Pilmahmydyň
Gany barha gyzyberdi.
Leşgerleriň öz ýüpüne
Özlerini düzüberdi.
Göge atdy çozanlary,
Olar gökde ýüzüberdi.
Garasar deý goşun indi
Yza-yza süzüberdi.
 
Häkim diýdi: “Ähli nöker
Naýza sokar, öňe böker.
Sen gitmeseň, bak, şu goşun,
Kesip alar seniň başyň.
Hol duranlar topdyr, ogul,
Leşgerim sap-sapdyr, ogul!
Bu päliňden gaýt, hany,
Gidermiň sen aýt, hany!”
 
“Topuňyz kär etmez maňa,
Gyljyňyz-da ötmez maňa.
Ýalandyr diýseňiz eger,
Atyp görüň, belki deger!”
Häkim şonda şeýle diýdi:
“Gorkup durmaň beýle − diýdi −
Oklaň hemmäň ýaragyňy
Akdyralyň garagyny.
Ynanmaň-da sözüne siz,
Çenäň göni gözüne siz”.
 
Çozdy goşun Mahmyt taýa:
Kim ýapyşdy keman-ýaýa,
Kimse çekdi ýaýyň kirşin,
Kim hyrlysna saldy gurşun.
Kimse gyljyn aýlap urdy,
Pilmahmyt durşuna durdy.
Keman atdy oňa kimsi,
Mahmyt ýene durdy ümsüm.
Kimseler-de tüpeň atdy,
Ne hereket, ne ses etdi.
Durdy Mahmyt gozganman bek
Ylla gögüň sütüni dek.
Oňa hiç zat kär etmedi,
Ok hem, gylyç hem ötmedi.
 
Topçylar-da ähli topyň
Nilin Mahmyt taýa burdy.
Hemme birden topy atdy,
Hemme bir deň çenäp urdy.
Ýüzläp toplar atylsa-da,
Pilmahmyt hut sarsman durdy.
 
Pilmahmyt silkindi weli,
Ýaňky oklar indi weli,
Endamyndan taýyp gaçdy,
Muňa hemme agzyn açdy.
Okdan beýik depe üýşdi,
Pilmahmyt has öňe süýşdi:
“Indi sizem duruň − diýdi −
Maňa gezek beriň − diýdi. −
Bilýän size geregini”
Diýip, aldy “ýaragyny”.
Gözi ýandy, gazaplandy,
Mahmyt pilin aldy indi:
“Gan aglatdyň pakyr ili,
Görýärmiň bujagaz pili!
 
Şu pil alar olaň öjün,
Gökde gaýar tagtyň-täjiň”.
 Şeýdip Mahmyt pilin alyp,
Şahy atdy pile salyp.
 
Hasasy, täç-tagty bile
Şahy göge uçurdy ol.
 
Edil, kesek kimin atyp,
Bulutlardan geçirdi ol.
Zalym şahy hol ilerki
Dagdan aňryk gaçyrdy ol.
 
Indi welin ähli kişi
Silkiberdi geňläp başyn.
Ýaragyny taşladylar,
Aglap-eňräp başladylar.
Gazabyny duýdy goşun,
“Bize degme” diýdi goşun.
 
Şeýle diýdi Mahmyt pälwan:
“Söweşjek däl siziň bilen.
 
Siz bigünä, degmen size,
Şa bu zatlaň günäkäri.
Şa buýurdy, ýasadyňyz
Siz-de tüpeň, okdur-däri.
Patyşahyň emri bile
Geldiňiz top süýräp bäri.
Diýjek zadym − indi welin,
Taşlaweriň siz bu käri”.
 
Şonda goşun başyn egdi,
Başlary hut ýere degdi.
 
Pilmahmyda alkyş okap,
Ony söýüp gitdi olar.
Goçak-goçak toplary-da
Sylag goýup gitdi olar.
“Üstüňize ömür-baky
Çozmars” diýip gitdi olar.
Ykjam tutup ýakasyny,
Yzlap derýaň sakasyny,
Patyşaha nälet aýdyp,
Gitdi goşun yza gaýdyp.
 
6. SERPAÝ ETDI MAHMYDA ŞA
 
Sowulan soň jeň-gykylyk,
Etdi häkim bir çakylyk.
Toý-meýlisin ýetirdi şa,
Pilmahmydam getirdi şa.
Pilmahmyda ol hökümdar
Diýdi: “Töre geç, hakyň bar”.
Pilmahmyt sygmady köşge,
Soň düşek ýazdylar başga.
Mahmyt süýnüp urdy tirsek,
Şa hem ýanda otyr görsek.
Bu gün häkim has eçildi,
Orta zat has köp seçildi.
Süri goýun soýdurdy şa,
Mahmyt hana iýdirdi şa.
Dolup galdy baldyr-asal,
Derýa bolup akdy asyl.
Ortada bar näme diýseň,
Dolup ýatyr näçe iýseň.
 
Bugarşyp dur saçaklarda
Mele myssyk bugdaý çörek.
Nana huruş bolar ýaly
Doly dürli-dümen hörek.
Küýsäniňe eliň ýetir,
Çişlikmi ýa etli börek,
Gowyrmamy, ýagly palow,
Işleklimi, näme gerek!
Mele nany söýdi Mahmyt,
Çorba dograp iýdi Mahmyt.
 
Şagalaň zor gidip durka,
Emeldara şa göz gypdy.
Gyrmyzy don getirmäge
Ýasawullar köşge çapdy.
Şa Mahmydy egip aşak,
Maňlaýyndan ogşap-öpdi.
Soňra üýşüp wezir-wekil,
Egnine bir halat ýapdy.
 
Köpe çekdi şagalaň-toý,
Mahmyt batyr keýp çeksin goý!
 
Hatar durup otuz bagşy,
Heňler etdi ýagşy-ýagşy.
Mahmyt batyr gulak asdy,
Bagşylara bir şo besdi.
Aýdym aýdyp, saz etdiler,
Göwünleri ýaz etdiler.
Pälwanlary göreş tutdy,
Köpler altyn gabak atdy.
Surnaý çalyp, deprek kakyp,
Aýlanyşyp orta çykyp,
Halaýyklar oýnadylar.
Şagalaňdan doýmadylar.
Orta çykdy wekil-wezir,
Mahmyt otyr edip hözir.
Mahmyt iýip-içip doýdy,
“Bir çilimjik dartsak” diýdi.
Mahmyt batyr dikeldi-de,
Jübüsini çöwrüp kakdy.
Pilmahmydyň temmäkisi
Bir çekerden azyrakdy.
Bir gul köşkden bedre doly
Temmäkini alyp çykdy.
Mahmyt indi suwly çilmi
Hokurdadyp otlap çekdi.
Içine dartan tüssesi
Bulut ýaly bolup çykdy.
Geňläp başyn ýaýkalaşyp,
Bütin ilat şoňa bakdy.
 
7. SOŇLAMA
 
Çemen baglap, gül bile il,
Şirin-şirin dil bile il
Mahmydyňka üýşüp geldi,
Çar tarapdan süýşüp geldi.
Başlady ol ilat söze:
“Pilmahmyt, sen han bol bize!
Damardaky ganymyz sen,
Bolaý biziň hanymyz sen!”
Mahmyt diýdi: “Bolmaryn han,
Boryn ýöne bir ten, bir jan,
Ýagy çozsa sererin men,
Siz üçin jan bererin men.
Diýeniňi ederin, il,
Nirä diýseň giderin, il!
Elmydama bile işläp,
Näme tapsak bile dişläp,
Gezsek näder, aýdyň, ilat!”
Iller başyn atdy şo bat.
 
Şa diýdi: “Sen şa bol ile,
Her bir ýaga, her bir sile
Garşy durup biljek bir sen,
Täji geý-de, başda dur sen.
Ýok mende hiç güýç-de, tär-de,
Oturmaly sen şu kärde”.
Mahmyt şaha gözledi-de,
Şeýle diýdi sözledi-de:
“Aýyrmarys, şahym, sizi,
Ýöne diňläň ahymyzy”.
 
Pilmahmydyň dabarasy.
Äpetligi, gabarasy
Äşgär boldy il baryna,
Ýaýrady tiz ýer şaryna.
Jeňden dyndy watan indi,
Çozmady her ýeten indi.
Mahmyt pälwan düşüp ýada,
Çozmady soň ýeke şa-da.
Eýmendiler Mahmyt handan,
Gorkdy bary şirin jandan.
Ilat bile sürüp döwran,
Gezdi-ýördi Pilmahmyt han.
Kä ýer depdi, pilin söýdi,
Kömekleşdi, ilin söýdi.
Ýatdy ýöne elli güni,
Çörek iýdi belli güni.
Indi welin, köp iýmedi,
Dat doýamok men diýmedi.
Il agysyn bildi Mahmyt,
Iller gülse güldi Mahmyt.
Il-de ony söýüp gezdi,
Mähribanmyz diýip gezdi.
Oň aýagna tiken batsa,
Ýa çala bir zeper ýetse,
Illeň bary agladylar,
Melhem ýapyp bagladylar.
 
Mahmyt eje, kakasyna
Ýanyndan jaý salyp berdi.
Unutmady olary-da,
Mydam habar alyp durdy.
Kakasy-da, ejesi-de
Her gün, her gün gelip durdy.
 
Ynha, şeýle goçak adam,
Işdäsi has açyk adam,
Müň goýny-da iýen adam,
Başda biraz ýaşlyk edip,
Soň ýalňyşyn duýan adam.
Kem-kem ilin söýen adam,
Ganym gelse kakan adam,
Arman zähmet çeken adam
Önüp, ömür sürüp öten.
Mahmyt hakda sözler uçup,
Dillerden dillere geçip,
Şu günlere gelip ýeten.
 
Diňlediň şol pälwan hakda
Sen setirme-setir, jigi!
Eserimi okap çykdyň,
Indi akyl ýetir, jigi!
Gadyrly okyjy, indi bolsa siz ertekini näçe esse ünsli okap bilýäniňizi barlap bilersiňiz
Synagy başlamak