GYZ GÜLDÜREN

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Maýa Lallykowa
825
~ 12 min.
 Bir bar eken, bir ýok eken,
Patmanyň agzy har eken.
Uly gyzyna gargar eken.
Kiçi gyzyna sargar eken.
 
Sen ýeser-ä, men ýeser,
Düýe boýnun duz keser,
Ýigit boýnun gyz keser,
Tapmadyklar derdeser,
Köne derä suw sepseň,
Tüýi bir garyş öser.
 
Gurulgy duran gapany,
Dogry gelýän sapany,
Şakyrdyk baýtal,
Özüň gaýtar!

Elkyssa, ondan soň göýendeler gürrüň berýär. Gadym zamanda bir garyp adam bar eken. Onuňam üç sany ogly bar eken. Bir günden bir gün hälki garyp aradan çykypdyr. Onsoň onuň malyny Buharadan kazy getirip, kyrk günläp tereke edipdirler. Şonda uly ogluna bir merdiwan, ortanjy ogluna bir tüýdük, iň körpe ogluna-da atasynyň odun çekýän üç sany garry eşegi ýetipdir. Ondan soň gün geçýär, aý geçýär, bir günden bir gün hälki garybyň uly ogly:

– Beýdip oturyşymyz-a bolanok, şu merdiwany il içine çykarsak, heý, bir zat bermezlermikä? – diýip, merdiwany göterip ugrapdyr. Gidip barýarka, öňünden bir topar täjir çykypdyr. Täjirler oňa:

– Eý oglan, bu alyp barýanyň näme? – diýipdirler. Onda ol oglan:

– Bu alyp barýanyma-ha merdiwan diýerler, munuň oýny köpdür. Her näçe beýik zadam bolsa, ýanyna eltip söýeseň, üstüne çykarýar – diýipdir. Onda täjirleriň biri:

– Beýle bolsa, ony bize sataý! – diýipdir. Oglan hem:

– Ýüz tylla berseňiz beräýerin – diýipdir.

Täjirleriň biri ýüz tylla berip, merdiwany satyn alypdyr. Garybyň ogly ýüz tyllany alyp, oňa öý tutduryp, bir topar mal edinip, gurply bolup ýaşaberipdir.

Garybyň ortanjy ogly muny görüpdir-de:

– Menem atamdan ýeten şu tüýdügi alyp, il içine çyksam, bir zat bermezlermikä? – diýip, tüýdügini alyp ugrapdyr. Ol gidip barýarka, onuň ýoly bir tokaýyň üstünden düşüpdir. Şol ýerde: “Dem-dynç alaýyn” diýip oturypdyr-da, hälki tüýdügini çalyp başlapdyr. Munuň tüýdüginiň sesine tokaýdaky maýmynlar aşyk bolup, üýşüp geliberipdirler. Oglan ýene tüýdügini çalypdyr welin, maýmynlar onuň sesine goşup, bökjekleşip ugrapdyrlar. Şol wagt bir ýerden gelýän garakçylar bu zenzeläni eşidip sowlupdyrlar. Görseler, ynha, bir oglan tüýdük çalýar, maýmynlaram böküşip, oýun edýärler. Garakçylaryň başlygynyň muňa gözi gidip:

– Oglan tüýdügiňi satarmyň? – diýýär.

Ol oglan hem:

– Ýüz tylla berseň, beräýerin – diýýär. Oňa ýüz tylla berip, tüýdügini satyn alypdyrlar.

Garybyň ortanjy ogly hem ýaňky ýüz tylla oňat öý tutduryp, mal edinip, gurply bolup ýaşaberipdir.

Garybyň kiçi ogly öz agalarynyň atalaryndan ýeten zady satyp, gurply boluşlaryny görýär-de, özüne ýeten eşekleriň üçüsinem alyp, bu hem uly ýoly syrýar gidiberýär. Gidip otyrka, öňünden bir topar alaka çykýar. Alakalar “Jyk-da, jyk” bolşup, eşegiň töwereginde ylgaşyberipdirler. Onsoň ol oglan:

– Be-e, bu alakaň eşegimikä? Bar, şu eşek siziňki bolsun, menden galyň – diýip, eşegiň birini alakalara berip gidiberipdir. Barýarka, öňünden bir tomzak çykypdyr-da, “Waz-waz”  edip, eşegiň töwereginden aýrylmandyr.

Onsoň ýaňky oglan:

– Be-e, bu eşegiň biri tomzagyňkymyka? – diýip, eşeginiň birini tomzaga berip, özi ýekeje eşekli gidiberipdir. Şol gidip oturşyna, ýeriň üsti bilen, gaýalaryň pesti bilen, gür baglaryň asty bilen az ýöräp, köp ýöräp, bir şähere ýetişipdir. Baryp görse, ähli ýurduň adamsy patyşanyň köşgüne ýygnanan ekenler. Bu oglan hem eşekli bärden baryp, märekäniň çetinde duranlardan:

– Bu üýşmeleň näme? – diýip sorapdyr. Onda adamlar:

– Patyşamyzyň bir gyzy bar. Ol gyz hiç gürlemeýär, hiç gülmeýär. Onsoň patyşa: “Kim-de kim gyzymy güldürip bilse, şoňa gyzymy berjek” diýip, jar çekdirdi. Bu adamlar hem: “Heý, patyşanyň gyzyny güldürip bolmazmyka?” diýşip gelipdirler. Her zatlar edip, her hili gürrüňler aýdyp görýärler welin, gyz gülenok – diýipdirler.

Onda ýaňky oglan:

– Eger patyşanyň çyny bolsa, baryň aýdyň patyşa, men onuň gyzyny güldüreýin – diýýär.

Adamlardan biri:

– Patyşam, bir eşekli oglan gelip: “Patyşanyň çyny bolsa, men onuň gyzyny güldüreýin” diýýär – diýip aýdýar.

Onda patyşa:

– Baryň gelsin, eger güldürip bilse, gyzymy şoňa bereýin – diýýär.

Onsoň ýasawullar oglany dessine gyzyň ýanyna alyp gelipdirler. Oglan görse, ynha, bir görmäge göz gerek owadan gyz hiç gürlemän, gülmän oturan eken. Adamlar ony güldürjek bolup, her hili gürrüňler etselerem, eger-eger gürlänok diýýä. Onsoň ýaňky oglan gyzyň öňüne geçip, şeýle gürrüň edip başlapdyr.

– Biziň obamyzda şeýle bir uly tüçjar baý bardy. Bir gün ol baý birden öläýdi. Onsoň onuň malyny tereke etmek üçin, Buharadan bir güýçli kazyny getirdiler. Ol kazy ýaňky baýyň zadyny kyrk günläp hasaba aldy, onsoňam kyrk günläp tereke etdi. Şol mallardan baýyň uly ogluna bir merdiwan, ortanjy ogluna bir tüýdük, kiçi ogluna-da üç sany garry eşek, tereke eden kaza-da bir jonnuk sübse ýetdi – diýýär welin, hälki patyşaň gyzy: “Bäý, seniň baý bolaýşyňy?!” diýip, saklanyp bilmän jakgyldap gülüp goýberipdir. Seredip oturan adamlaram: “Güldi-de, güldi, patyşam, indi gyzyňy garyba ber-de, ber” bolşupdyrlar. Onsoň patyşa näderini bilmän, wezir-wekillerini ýygnap:

– Indi näderis, bu ýeňiýoluga gyzymyzy beräýmeli bolarmy? – diýýär. Onda wezir-wekillerden biri:

– Beýle zat bolmaz patyşam, heý, patyşanyň gyzynam ýer urup, ýerde galan, it urup, ýerinde ýatyp ýören, ýeňiýoluk garyba berip bolarmy? Patyşanyň gyzy pylan weziriň ogluna mynasyp, ony şol weziriň ogluna bermeli, ol ýeňiýolugy bolsa ilden çykaryp kowmaly – diýýär. Onsoň patyşa hyzmatçylaryna ýaňky oglany ilden çykaryp, kowup goýbermegi buýrup, gyzyny weziriň ogluna bermekçi bolýar. Ýasawullar oglany urup-sögüp, obadan çykaryp goýberýärler. Ol oglan näderini bilmän, ýüzüni sallap gidip barýarka, birden öňünden hälki tomzak wazlap çykýar.

Tomzak:

– Ýeri oglan, näme ýüzüň-gözüň salyk, näme kemiň bar? Kim näme diýdi? – diýip soraýar. Onda ol oglan başyndan geçirenlerini tomzaga gürüň beripdir. Onsoň tomzagyň patyşa gaty gahary gelip:

– Sen gaýgy etme, ol gyzy her zat etselerem, saňa alyp bereris – diýip, ähli tomzaklara ýygnanmagy höküm edipdir. Aradan salym geçmänkä, dünýädäki tomzaklar bir ýere üýşüp gelipdirler. Olar edil bulut ýaly gögi tutup, uly güwwüldi bilen patyşanyň üstüne ugrapdyrlar. Bular barýarka, hälki alaka olaryň öňünden çykyp:

– Nirä barýarsyňyz? – diýip soraýar.

Oglan alaka-da ähli bolan wakalary bir-bir gürrüň berýär. Muňa alakanyň hem gahary gelip:

– Siz bir sagat garaşyň. Menem şaýymy tutaýyn, hemmämiz bile gideliň – diýip, ähli alakalara bir ýere ýygnanmaga höküm edýär. Aradan bir sagat hem geçmänkä, ähli alakalar jem bolýar. Olar ýere gurt düşen ýaly bolup, süýşüp ugraýarlar. Asmanda tomzaklar göýä bulut ýaly garalyp, uly güwwüldi, ýerde-de alakalar göýä ýer süýşen ýaly uly zenzele bolup gelýärmişler.

Garawullar bu wakany görüp ylgap baryp, patyşa habar berýärler. Patyşa ähli goşunyny alakalaň garşysyna çykarýar. Emma tomzaklar ýokardan güwläp, daş atylan ýaly inip, patyşanyň goşunlarynyň gözüne, maňlaýyna urup, olary duw-dagyn edýär. Patyşa gaçyp, köşgüne girip, işigi içinden bent edýär. Emma alakalar işigi dessine deşýärler. Tomzaklaram deşikden girip, patyşanyň daşyna geçip, ony persala edýärler. Uruş tamam bolýar. Adamlar garybyň ogluna patyşanyň gyzyny nikalap berip, toý tutýarlar. Özünem şol ýurduň patyşasy edip goýýarlar. Uly toý kyrk gün dowam edýär. At çapdyryp, saz çaldyryp, baýrak berýärler. Menem şol toýdan bir uly omaça alyp gelýärdim welin, ýolda bir it topulyp, elimden alaýdy.

Gadyrly okyjy, indi bolsa siz ertekini näçe esse ünsli okap bilýäniňizi barlap bilersiňiz
Synagy başlamak