DUL AÝALYŇ ÝEKE OGLY

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
1 021
~ 31 min.

Bir dul aýalyň ýeke ogly bar eken. Edermenlikde hiç kim bu oglanyň öňüne geçmeýär eken. Oglanyň edermenligi, batyrlygy üçin bir baý ogly, ýene bir söwdagäriň ogly onuň bilen hemişe bile gezer ekenler.

Günlerde bir gün bular gezip ýörkäler, bir guýynyň üstünden barýarlar. Olar bu guýynyň agzynda bir äpet zadyň yzyny görýärler. Özem ol guýudan tamdyrdan çykýan ýaly howur çykýarmyş. Bular öz aralarynda: “Biz döwüň öýüni tapdyk. Indi biz muny öldürip, hemme hazynasyny, mal-mülküni alyp, özümiz eýe bolarys” diýip, begenişipdirler.

Bular bu gün öýlerine gaýdyp, ertesi özleri bilen uzyn ýüp alyp, guýynyň başyna gelipdirler.

Baýyň ogly: “Birinji gezek men girip, şu döwi öldüreýin” diýip, biline ýüpi daňmaga başlapdyr. Onsoň bu oglanlar ýaňky baýyň ogluny guýa sallapdyrlar. Ol: “Waý, çekiň, bişdim-eý” diýip, ýüpi silkipdir weli, ony derrew çekip çykarypdyrlar. Şondan soň: “Senden adam bolmaz, şeýle-de bir masgaraçylyk bolarmy?” diýip, söwdagäriň ogly: “Meni guýa sallaň” diýip, biline ýüpi daňyp, eline gylyjyny alypdyr. Muny hem biraz aşak sallapdyrlar welin: “Waý, bişdim, waý, ýandym, çekeweriň!” diýip, ýüpi silkeläpdir. Olar muny hem derrew çekip çykarypdyrlar. Şundan soň edermen oglan: “Pahaý, sizden adam bolmaz, şeýle-de bir bigaýratlyk bolarmy? Ine, meni sallaň, “Çekiň” diýip gygyrsam hem çekmäň-de, gaýtyp aşak goýberiň” diýip, biline ýüp dakyp, eline gylyjyny ýalaňaçlap alyp, guýa giripdir. Bular bu oglany hem guýa sallapdyrlar. Bu oglany şol sallaşlaryna guýynyň düýbüne barýança goýberipdirler. Bu oglan guýynyň düýbüne baryp görse, guýynyň içi giden giňişlik. Töweregine seredip görse, ynha, bir perizat şöhle salyp oturan. Munuň ýanynda bir äpet döw hem ýatan.

Bu peri oglana:

– Eý adamzat, sen bu döwi şu wagt, uklap ýatyrka öldür-de, meni hem ýagty dünýä çykar – diýip ýalbarypdyr.

Onda oglan:

– Bolýar, men seni hem ýagty dünýä çykararyn, ýöne men bu döwi uklap ýatyrka öldürmäýin, ol namartlyk bolar. Men muny oýaryp, güýç synanyşjak – diýip, döwi yralaýar, aýagyndan tutup süýreýär, emma onuň bilen döw oýanmaýar.

Şundan soň, bu oglan döwüň dabanyna gylyjynyň ujuny bir sere sokup goýberýär weli, döw laňňa ýerinden galyp seretse, ynha, ýanynda bir adamzat üstüne abanyp dur. Döw haýdan-haý gürzüsini alyp salýar weli, guýynyň bir ýanyny böwsüp gidýär. Döw ikinji gezek gürzüsini alýança, bu oglan hem döwüň kellesinden gylyjyny salýar weli, gazan ýaly kellesi honda patylap gaçýar-da, döwüň gany sil kimin akyp gidýär. Şundan soň, bu oglan döwüň hemme gyzyl-kümüşini ýokardaky ýoldaşlaryna guýudan çekdirýär. Iň soňunda guýynyň içinde oglan bilen peri galýar.

Peri oglana:

– Ilki guýudan sen çyk, eger men öňürti çyksam, ýoldaşlaryň seni çykarmazlygy mümkin, oňa görä sen öňürti çyk, menem yzyňdan çykaryn – diýýär.

Onda oglan:

– Ýok, beýle iş bolmaz, men öň çykyp, seni soň çykarsam, ol bigaýratlyk bolar, sen öňürti çyk, menem yzyňdan çykaryn – diýen.

         Şundan soň, periniň biline ýüp dakypdyr weli, ýokardaky ýoldaşlary perini çekip çykarypdyrlar. Olar bu hazynany, bu owadan perini görüp, haýran bolupdyrlar. Baýyň ogly bilen söwdagäriň ogly: “Gel, indi muny guýudan çykarmaly, hazynany birimiz alaly, perini hem birimiz alaly” diýip, özara maslahat edipdirler. Ýüpi guýa sallaman, külterläp, hol beýläk taşlapdyrlar. Ine, şundan soň baýyň ogly bilen söwdagäriň ogly perini bije başy edip, urupdyrlar bijäni. Baýyň ogly perini, söwdagäriň ogly bolsa hazynany alyp gidiberipdirler. Bular öýlerine baryp, arkaýyn geziberipdirler.

         Bu dul aýal bolsa ogluna köp garaşýar. Ahyry ol söwdagäriň oglunyň ýanyna barýar, hiç derek tapmaýar. Soň baýyň oglunyň ýanyna barýar, ondan hem belli habar alyp bilmändir. Emma perini göreninden soň, ol aýalyň göwnüne bir ynjalyksyzlyk aralaşýar. Ol aglap-eňräp, çatmasyna barýar.

         Indi habary dul aýalyň guýynyň içindäki oglundan eşidiň. Bu oglan guýynyň içinde eýläk-beýläk seredýär weli, ýagty dünýä çykmaga hiç ýerden ugur tapmaýar. Guýynyň içinde bolsa ne iýere, ne içere zat bar. Bu oglan aç-suwsuz ýatyr, indi ysgyn-mydardan hem düşdi. Ol ertesi ýatyrka düýş görýär. Düýşünde biri: “Şu gün nahar wagty ýokardan döw üçin iki sany goýun iner, şolaryň biri akdyr, beýlekisi bolsa garadyr. Sen şol goýunlaryň biriniň üstüne özüňi zyň. Eger ak goýna ýapyşsaň, ol seni ýagty jahana çykarar. Gara goýna ýapyşsaň, ol seni başga dünýä äkider” diýenmiş. Onsoň ol ýaňky goýunlara garaşyp, ykjamlanyp oturan eken. Birden ýokardan döwüň nahary üçin iki sany goýun peýda bolýar, bu oglan hem: “Ak goýnuň üsti” diýip bökýär welin, müneni gara goýun bolup çykýar. Ana, ondan soň, bu gara goýun oglany bu jelagaýda goýman, ýurtdan çykaranmyş. Oglan nirä gitjegini bilmän, ýüzüniň ugruna gidiberenmiş. Şol gidip barşyna öňünden bir ýer sürüp ýören daýhan çykypdyr. Oglan bu daýhan bilen saglyk-amanlyk soraşypdyr.

Daýhan:

– Ýeri, inim, nirden gelip, nirä barýarsyň – diýip sorapdyr.

Oglan:

– Agam, men-ä nirden gelip, nirä barýanymy özüm hem bilemok. Ol zatlar giň ýeriň gürrüňi. Men seniň ýeriňi süreýin welin, sen maňa iýere-içere bir azajyk zat getirip bilmezmiň? – diýip sorapdyr.

Daýhan:

– Iýere-içere zadyň gürrüňi ýok welin, ýöne sen ýer süreňde, gaty galmagal etmän süreweri – diýýär.

Oglan:

– Bolýar agam, galmagal etmäýin, sesimi hem çykarmaýyn – diýenmiş.

Bu daýhan: “Onda, bolýar” diýip, obasyna tarap ugrapdyr. Daýhanyň ýagşy garasy ýitipdir weli: “Be, bu daýhan näme üçin “Galmagal etmän sürgün” diýdikä, galmagal edeniňde näme boljakka?” diýip, ol: “Tap, gel!” diýip gygyryp, ýer sürmäge başlapdyr welin, birden tokaýdan bäş-alty sany ýolbars çykyp, aldyranlary bar ýaly hasanaklaşyp gelýärler.

Bu oglan: “Hä, ýaňky daýhanyň “Galmagal etmän sürgün” diýeni şu eken-ow” diýip, derrew öňürti gelen iki ýolbarsyň ýeňsesinden tutup, ikisini çakyşdyrmaga başlapdyr. Şundan soň, ýolbarslar bu oglandan gorkup, titräp oturanmyş. Beýleki ýolbarslar bolsa, gorkularyna gaçyp gidipdirler. Bu oglan bolsa öküzleri çykaryp, ýaňky iki ýolbarsy goşup: “Tap, gel!” diýip haýdap, daýhanyň birnäçe günde sürjek ýerini bir salymda sürüpdir. Ol daýhan bolsa, munuň ýolbarslary goşup, ýer sürüp ýörşüni görüp, gorkup, hol beýlede seredip duranmyşyn.

Oglan:

– Haý, agam, gorkma-da geliber – diýipdir.

Daýhan köweň-söweň edip, munuň ýanyna gelip, bolan işlere haýran galypdyr.

– Ýeri, agam, iýere bir zat getirdiňmi? – diýipdir.

– Hawa, iýere zat getirdim – diýen.

Oglan:

– Näme bu ýolbarslary goýbereýinmi ýa-da sürübereýinmi?! – diýen.

Daýhan:

– Hawa, oglum, bulary goýber, ýok bolup gitsinler – diýipdir.

Ondan soň, oglan ýolbarslara:

– Dagy-duwara dolanyp şu ýerlere garaňyzy salaýmaň! Şu daýhan näçe gygyrsa-da, biriňiz hem azar beräýmäň! Meň özüm şu ýerdedirin, ýene elime düşäýseňiz, iki üzüp, bir ýalmaryn! – diýip, sypdyrypdyr welin, ýolbarslar yzlaryny gözlemän, şatyrdaşyp gaçyp gidipdirler.

Daýhan iýmek-içmek üçin getiren zatlaryny onuň öňünde goýupdyr. Oglan gowy nahar edinip:

– Agam, taňry ýalkasyn, men nahar edindim, indi rugsat berseň, men öz ýoluma gitjek – diýenmiş.

Daýhan:

– Özüň bil, eger galsaň, hormatly myhmanymyz bolarsyň. Biziňem bir garyp çatmamyz bar, demiňi-dynjyňy al! – diýen.

Oglan:

– Ýok, indi gideýin, sag bol! Eden hyzmatlaryňa taňry ýalkasyn – diýip hoşlaşyp, ýola düşüpdir.

Bu oglan az ýöräp, köp ýöräp, bir bitip oturan çynaryň düýbünde dem-dynç almak üçin gyşaryp ýatan eken. Birden bu agajyň depesinde guş çagalarynyň zaryn sesleri eşidilipdir. Bu oglan: “Bu nämekä?” diýip, kellesini galdyryp görse, ynha, bir ullakan aždarha ýetip gelýärmiş. Bu oglan ýetip gelýän aždarha iki sany ok atypdyr weli, okuň ikisi hem degip, aždarha çynara golaý gelip ýykylypdyr. Ol aždarha guýrugyny ýere urup, jan beripdir. Ondan soň, bu oglan ýene-de kellesini ýere goýup, irkilipdir weli, ýaňky çynaryň başyndaky Symrug guşuň höwürtgesinden onuň çagalary düşüp, bu oglanyň üstünde kebelekleşmäge başlapdyrlar. Şol halda bularyň enesi – Symrug guş uçup gelip: “Hä, indi men bildim, asyl her ýyl meniň çagalarymy şu adamzat ýok edýär eken. Men munuň üstünden bir dag bölegini goýberip öldüreýin” diýip, gidip, bir bölek dagyň gaýasyny alyp getiripdir-de, bu oglanyň üstünden goýbermekçi bolupdyr weli, görse bu oglanyň üstünde öz çagalary pasyrdaşyp ýörmüşin. Onsoň Symrug daşy bilen gelip, bularyň ýanyna gonupdyr.

Çagalary enelerinden:

– Ýeri eje, bu getiren daşyň näme? – diýip sorapdyrlar.

Eneleri:

– Her ýyl meniň çagalarym ýok bolýardy weli, şu adamzat ýok edýär eken. Men muny öldürmek üçin şu dagyň gaýasyny getirdim, emma siz munuň üstünden aýrylmadyňyz – diýenmiş.

Onda çagalary:

– Baý-baý, seniň aýdýan zadyň näme? Bu oglan bize nähili ýagşylyk etdi. Sen ol ýatan aždarhany görýärmiň? Ol bizi iýmäge gelýärkä, bu oglan ony öldürip, bizi halas etdi – diýenler.

Symrug çagalaryndan bu sözi eşidip, özüniň etmekçi bolan işine ökünip, ýaňky getiren daşyny alan ýerinde goýup gelipdir-de, bu oglanyň üstüne ganatyny gerip, kölege bolup durupdyr. Oglan oýansa, Symrugyň çagalary üstünde pysyrdaşyp, kebelek bolup ýörler, enesi bolsa ganatyny gerip, üstüne kölege bolup durmuşyn. Oglan muňa haýran galanmyş.

Symrug guş:

– Eý adamzat, sen haýran galma, özüňi ýitirme. Sebäbi şu seniň öldüren aždarhaň her ýyl meniň çagalarymy iýýär eken. Men muny kimiň edýänini bilmän ýördüm. Ynha, indi maňa mälim boldy. Şu aždarha zerarly şu wagta çenli mende hiç bir nesil galmady. Ine, indi, sen meniň duşmanymy öldürdiň. Indi men saňa näçe ýagşylyk etsem hem, seniň eden ýagşylygyň yzyndan ýetip biljek däl – diýenmiş.

Oglan:

– Hawa, men seniň çagalaryň ýanynda ýatyp, oňat dynjymy alypdyryn. Indem rugsat etseňiz, men ýuwaş-ýuwaş gitjek – diýipdir.

Symrug:

– Sen gitseň, menden näme kömek gerek bolsa, dile – diýipdir.

Oglan:

– Ýok, maňa hiç zat gerek däl, diňe saglygyň gerek – diýipdir.

Symrug birki sany ýelegini ýolup:

– Me, meniň şu ýeleklerimi al, öz ýanyňda berk sakla, haçan başyňa iş düşse, şu ýelekleriň birini oda ýakarsyň, men şol sagat seniň ýanyňda häzir bolaryn – diýipdir.

Şundan soň, bu oglan Symrug guş bilen hoşlaşyp, ýene-de ýola düşüpdir. Ol az ýöräp, köp ýöräp, bir şähere ýetipdir. Ol şäheriň gyrasynda oturan bir garybyňka myhman bolupdyr. Bu oglan şäheriň adamlaryny görse, kileň gara geýipmişler. Ol özüniň myhman ýerinden:

– Näme üçin siziň şäheriňiziň adamlary kileň gara geýnipdirler? – diýip sorapdyr.

Onda myhman ýeri:

– How, inim, ynha, şu biziň şäherimiziň ortasyndan bir derýa geçýärdi. Indi şunuň sakasynda bir aždarha ýatyr. Biziň halkymyz şol aždarha her gün gyz berýärdi, ol şol gyzy iýjek bolup gowsunanda, bir azajyk agyz suwy akyp gelýär. Ine, indi bolsa ol şäherimizde bolan hemme gyzlary iýip gutardy. Şol aždarha ertir patyşanyň gyzyny eltip berjekler, şonuň üçin bütin şäher ýas tutýar – diýip, hemmesini bolşy ýaly gürrüň beripdir.

Oglan:

– Ol aždarha nirede bolýar? – diýip sorapdyr.

Myhman ýeri:

– Ine, şu derýanyň boýy bilen gidiberseň, hol şäheriň gyrasyndadyr – diýip jogap berýär.

Oglan ir ikindinler şol myhman ýeriniň salgy beren ýerine bakan ok-ýaragyny alyp, ýola düşýär. Bu oglan bir salym ýöränden soň, ýaňky derýanyň sakasyna ýetýär. Görse, ynha, bir äpet aždarha ýalmanyp ýatyr. Oglan aždarhanyň bäri ýanyna baryp, yzly-yzyna dört okuny atyp, aždarhanyň kellesinden geçirýär. Soň bolsa ylgap baryp, boýnundan almaz gylyjyny salyp, aždarhany öldürýär, gan gatyşykly suw bolsa derýany dolduryp, şähere tarap akyp gidiberýär. Oglan aždarhanyň arkasyndan çeki ýaly tasma alýar-da gaýdyberýär. Ol özüniň myhman ýerine gelýär. Hiç bir zat etmedik ýaly bolup, öý eýesi bilen gürleşip otyr.

Şäheriň halky bolsa bu ganly suwuň akyp gelşine haýran bolup: “Kim hem bolsa biri aždarhany öldüripdir-ow” diýip, patyşa buşlamaga ylgaýar. Ine, şäheriň içi şatlyk, hemme kişiniň ýüzi begenç nury bilen bezelipdir.

Ertesi patyşa: “Aždarhany kim öldüren bolsa, meniň ýanyma gelsin, men şoňa gyzymy berjek” diýip jar çekdiripdir. Her kim patyşanyň ýanyna: “Patyşam, ýylany men öldürdim, näme sylagyň bolsa beriber” diýip barýar. Patyşa bolsa:

– Hany sen öldüren bolsaň, şaýatlyk nämäň bar? – diýip, soraýarmyş. Olar bolsa şaýatlyk üçin hiç zat görkezip bilmän, masgara bolup, öýlerine gaýdar eken.

Şeýlelik bilen, ol gün aždarhany öldüren adam tapylmandyr. Onsoň ýaňky oglanyň bolýan ýeriniň öý eýesi ol oglana duýdurman, patyşanyň ýanyna baryp:

– Eý patyşam, şeýle-şeýle, biziň öýümize bir myhman geldi. Ol menden aždarhanyň bolýan ýerini salgy alyp gitdi, megerem, aždarhany şol öldürendir – diýip, bolşy ýaly aýdypdyr.

Patyşa:

– Äý, şeýle diýsene, eger aždarha öldürýän adam owal bu şäherde bar bolsa, owal näme işleýärdi, şäherimiziň bar gyzyny şu aždarha gutardy. Baryň, şol oglany derrew alyp geliň – diýip, bir ýasawuly iberipdir.

Ýasawul bolsa derrew bu oglanyň ýanyna baryp:

– Myhman, seni patyşa çagyrýar – diýip, ony özi bilen alyp gelipdir.

Patyşa bu oglan bilen saglyk-amanlyk soraşyp:

– Ýeri, oglum, aždarhany sen öldürdiňmi? – diýip sorapdyr.

– Hawa, patyşamyz, aždarhadan dyndyňyz. Başga-da bir ilata edip bilýän kömegimiz ýok, aždarhany men öldürdim diýipdir.

Patyşa:

– Bu örän uly kömek, ýöne aždarhany öldüreniň çyn bolsa, şaýatlyk nämäň bar? –diýip sorapdyr.

Bu oglan hälki kesip alan tasmasyny patyşanyň öňüne taşlapdyr. Patyşa muny görüp:

– Ine, bu boldy, berekella seniň gaýratyňa! Oglum, sen bize uly ýagşylyk etdiň, indi şu işiň üçin men saňa gyzymy berjek – diýen.

Oglan:

– Eý patyşam, gyz alar ýaly men bir uly iş edemok, ýöne öz elimden gelen kömegi etdim. Onsoňam, ol gyzyň hem owal göz öňünde tutýan oglany bardyr – diýen.

Patyşa:

– Onuň owal göz öňünde tutýan oglany ýok, bolaýanda-da bu işi bitireniň üçin gyzy saňa bereris – diýen.

Oglan:

– Eý patyşam, göz öňünde tutýan oglany bar bolsa, şonuň toýuny şu şatlykly gün etseňiz kem bolmaz. Meniň hem bir göwün berenim bar – diýipdir.

Soňra ol hälki periden nähili bolup aýrylanyny patyşa birin-birin gürrüň berýär, onuň bilen hem duşuşmak arzuwyndadygyny, şol arzuwyna ýetmek üçin bolsa patyşanyň kömek etmegini soraýar.

Patyşa:

– Eý, oglum, onda ikimiz kyýamatlyk ata-ogul bolaýaly, meniň hem bir gyzymdan başga perzendim ýok. Indi, bir gyzym, bir oglum bolar – diýipdir.

Oglan:

– Bolýar, men saňa kyýamatlyk ogul bolaýaryn, meniň hem bir garry enemden başga zadym ýok – diýenmiş.

Onsoň patyşa bu oglany öýüne alyp barypdyr. Bu oglan şu ýerde şazada bolup, aw awlap gezibersin. Indi habary şol baýyň ogly bilen söwdagäriň oglundan alyň.

Söwdagäriň ogly döwüň hazynasyny harçlap ýatyr. Baýyň ogly bolsa baran gününden bu perini almak üçin nika gyýdyrjak bolupdyr weli, peri: “Ýok, bolmaz, men ol oglana wada beripdim. Biziň – perileriň adatynda wada bereňsoň, iň azy ýyl ýarym garaşmaly. Men ol oglana ýyl ýarym garaşjak, eger şol müddetde gelmese, onda sen meni nikalap alaý” diýen. Baýyň ogly bolsa ýyl ýaryma çenli garaşyp, gezip ýör. Ol wadanyň bolsa ýaňy alty aýy geçen eken.

Şazada bir gün ýatyrka, onuň ýadyna şol Symrug guş düşen. Ol ertir ir bilen turup, bu ýagdaýy atasyna aýdyp, Symrugyň ýeleginiň birini oda ýakypdyr weli, şol sagat Symrug guş häzir bolupdyr.

Oglan:

– Men şeýle-şeýle bolup, şu ýerlere düşdüm. Indi sen maňa şol öňki garry enemiň çatmasyny tapyp ber – diýenmiş.

Symrug:

– Biziň ýanymyzda müşgil iş bolmaz. Ýöne sen ýedi öküzi öldür-de, derilerini alyp, ýaryna et sal, ýaryna hem suw guý, ýolda et diýsem, suw ber, suw diýsem, et ber – diýen.

Bu oglan: “Bolýar” diýip, hemme zadyny derrew Symrugyň aýdyşy ýaly taýýar edýär, özi hem atalygynyň ýanyna baryp:

– Ata, men Symrug guş bilen öz ýurduma gidip, enemi, ol perini alyp gelsem, baýyň ogludyr söwdagäriň oglundan bolsa arymy alsam diýýärin, neneň görýärsiň? Şonuň üçinem maňa birnäçe gün rugsat berseň – diýýär.

Patyşa bu oglana rugsat berip, oglany Symrug guşuň üstüne mündürip ugradýar. Symrug bolsa pasyrdap, asmana galýar.

 Symrug:

– Ýer görünýärmi? – diýip, oglandan sorapdyr.

Oglan:

– Gapak ýaly bolup görünýär – diýen.

Bular şeýdip, Symrug guş et diýse suw, suw diýse et berip, uçup barýarlar. Şol baryşlaryna Symrug suw diýende, oglan et berjek bolup seretse, et gutaran eken. Bu oglan hem syr bildirmän, derrew öz budunyň iç ýüzünden kesip, Symrugyň agzyna tutdurypdyr. Symrug guş: “Bu nähili süýji et eken, munuň bir emmasy bardyr” diýip ýuwutman, diliniň aşagynda goýaýypdyr. Symrug ýene bir sellem uçup, bir dagyň üstünde gonupdyr-da: “Şol obaň çetindäki çatmany görýärmiň? Ana, şol çatma seniň eneň çatmasydyr, şoňa baryber” diýip, ýene dört ýelek beripdir. Ol: “Bu ýelegi eňegiňe çalsaň, ak sakgal adam bolarsyň, bu ýelegi eňegiňe sürtseň, öňkiň ýaly ýaş ýigit bolarsyň. Eneň kör bolandyr, şu ýelegi onuň gözüne sürtseň, gözi açylar, bu ýelegi ýaksaň, men ýene-de häzir bolaryn” diýen. Şundan soň oglan Symrug guş bilen hoşlaşyp gidiberjek bolupdyr weli, aýagy diýen etmän büdräberen. Soň Symrug bu oglany öz ýanyna çagyryp, hälki diliniň aşagyndaky eti çykaryp, ýara ýeriniň üstünde goýup, dili bilen bir ýalapdyr welin, öňküsi ýaly bolupdyr. Şundan soň, oglan öňküsi ýaly ýöräp gidiberipdir.

Oglan Symrugyň bir ýelegini eňegine sürtüp, aksakgal adam sypatynda çatma girip, enesine salam berýär. Enesi onuň salamyny alýar, emma ony ogludyr öýdüp gümanam edenok. Bu oglan Symrug guşuň beren ýelegini enesiniň gözüne sürtüpdir welin, enesiniň gözi öňküsi ýaly açylypdyr. Garry mama başyndan geçen günleri ogluna gürrüň berýär.

Oglan:

– Eý ene, sen ogluňy görseň, tanarmyň? – diýen.

Enesi:

– Hawa, men guzymy görsem, tanaryn – diýen.

Oglan daş çykyp, ýüzüne hälki ýelekleriň beýleki birini sürtüp, ýene çatma giripdir welin, enesi:

– Waý, oglum, bu senmisiň? – diýip, oglunyň boýnundan gujaklapdyr.

Soň enesi baýyň, söwdagäriň ogly hem-de perizat hakynda hemmesini bolşy ýaly gürrüň edip beripdir. Şundan soň, bu oglan enesine:

– Ene, men bir daş çykyp geleýin – diýen.

Oglan eline kesgir gylyjyny alýar-da, söwdagäriň we baýyň oglundan öz aryny alýar. Döwüň hemme hazynasyna hem-de öz perisine eýe bolýar. Soňra ýelegi otlaýar welin, Symrug guş şol pursatda, häzir bolýar. Döwden alan hazynasyny Symruga ýükläp, enesi, perisi, özi nirdesiň atalygymyň ýurdy diýip ugraýarlar. Symrug bulary ynjytman, barjak ýerlerine eltýär. Symruga köp sag bol aýdyp, oňa rugsat berýär. Oglan perini alyp, kyrk gije-gündiz toý berýär. Şol toýda men hem boldum. Toýdan maňa bir omaça ýetdi. Ony size alyp gelýärdim welin, Alabaý elimden alyp gaçaýdy.

Gadyrly okyjy, indi bolsa siz ertekini näçe esse ünsli okap bilýäniňizi barlap bilersiňiz
Synagy başlamak