KELJE BATYR

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Maýa Lallykowa
708
~ 11 min.

Bir bar eken, bir ýok eken, bir aýalyň Kelje Batyr diýen bir ogly bar eken. Bir günden bir gün öz oýnap ýören ýoldaşlary bilen: “Oduna gideliň” diýip, maslahat etdiler. Kelje Batyr enesine: “Oduna gitjek” diýip, ýarym put gowurga etdirip, ýoldaşlary bilen oduna ugrady. Olar az ýöräp, köp ýöräp, oduna bardylar. Bu gije ýatyp, ertesi ýoldaşlary odun ýygmaga başladylar. Emma Kelje odun ýygman ýatyr. Ýoldaşlary gygyryp:

— Kelje Batyr, hany ýygan odunyň? — diýdiler.

Onda Kelje Batyr:

— Odun ýygjak bolsam, eneme ýarym put gowurga etdirip näme edeýin?! — diýdi.

Ýoldaşlary Keljäniň odunyny ýygyp berip:

— Kelje, oduny çyka! — diýdiler.

Onda Kelje:

— Odunymy çykajak bolsam, eneme ýarym put gowurga etdirip näme edeýin?! — diýdi.

Ondan soň, Keljäniň odunyny çykap, öz ýüklerini urup:

— Kelje, sen hem ýüküňi ur-da — diýdiler.

Kelje:

— Eneme ýarym put gowurga etdirip näme edeýin, ýükümi özüm urjak bolsam?! —diýdi.

Ýoldaşlary Keljäň ýüküni urup berdiler. Ondan soň, erkeklerini tirkäp:

— Kelje, sen hem erkegiňi tirke-de, ýör — diýdiler.

Onda Kelje:

— Erkegimi tirkejek bolsam, eneme ýarym put gowurga etdirip näme edeýin?! — diýdi.

Ondan soň, Keljäniň ýoldaşlary erkeklerini tirkäp ugradylar. Kelje-de olaryň yzlaryna düşüp ugrady. Ýöräp barýarkalar, birden azaşyp gidip, bir döwüň üstünden barypdyrlar. Döw bulara: “Şu jaýda ýatyberiň” diýipdir. Bular hem ýüklerini düşürip ýatdylar we ukladylar. Emma Kelje uklamady, döw: “Uklapdyrlar” diýip, birnäçe wagtdan soň gelip: “Kim ukuda, kim oýa?” diýip gygyrdy. Onda Kelje Batyr: “Men oýa” diýip gygyrdy, Döw: “Sen näme diýip ýataňok?” diýdi. Onda Kelje: “Enem maňa her gün ýatjak bolamda, pylan derýadan uşak göz elek bilen suw getirip berýärdi, men şony içip uklaýardym” diýdi. Ondan soň döw gidip, uşak göz elek bilen suw getirip berdi welin, Kelje suw içip ýatdy. Ýene-de döw soňurrak gelip: “Kim ukuda, kim oýa?” diýip gygyrdy welin, onda Kelje Batyr: “Men oýa” diýdi. Döw: “Sen näme diýip ýatmadyň?” diýdi. Onda Kelje: “Ýatjak bolanymda, enem pylan towuguň ýumurtgasyndan heýgenek edip berýärdi, men hem şony iýip uklaýardym” diýdi. Onda döw ýumurtga getirip, heýgenek edip berdi-de, ýene gitdi. Kelje döwe duýdurman gaçyp gitdi. Döw ýene soňrak gelip: “Kim ukuda, kim oýa?” diýip gygyrdy. Hiç haýsyndan ses çykmady. Döw bularyň hemmesini ýeke-ýekeden iýdi. Hälki Kelje döwden gaçyp barýarka, bir hanyň üstünden bardy, onda han:

— Nireden gelýäň? — diýip sorady.

Kelje:

— Odun ýygyp gelýäkäk, bir döwüň üstünden bardyk, ýeke men gaçyp gutuldym, ýoldaşlarymyň hemmesini döw iýdi — diýdi.

Onda han aýtdy:

— Eý Kelje, sen şol döwüň bir gyzyldan halysy bar, şony alyp gelibilermiň?

Kelje Batyr aýtdy:

— Iki uçly temenden bir halta dolduryp berseň, getirip bereýin.

Han bir haltany dolduryp, iki ýany uçly temen getirip berdi. Kelje Batyr ol haltany egnine atyp ugrady. Döwüň öýüne baryp görse, döw ýok eken, şu gyzyldan halynyň hemme ýerlerine hälki temenleri sanjyp goýdy, özi hem bir ýerde gizlendi. Soňra döw gelip, gyzyldan halynyň üstünde oturdy, oturanda hälki temenler guýrugyna çümdi, onda döwüň gahary gelip: “Seniň içiňde Kelje bardyr” diýip, daşaryk çykaryp, zyňyp goýberdi. Özi hem çykyp gitdi. Kelje-de halyny göterip hanyň ýanyna getirdi. Ondan soň han:

— Eý Kelje, döwüň bir gyzyldan gazany bar, şony getirip berersiňmi? — diýdi.

Onda Kelje:

— Iki ýany çiş demir kesewi berseň, getirip bereýin — diýdi. Onda han iki ýany çiş demir kesewi getirip berdi. Kelje Batyr baryp, döwüň öýüne girdi, döwüň özi ýok eken. Ol gyzyldan gazanyň aşagyna çukur gazyp gizlendi. Hälki döw gelip oturdy weli, çişiniň ujuny gazanyň gulagyna “žyk-žyk” edip degirdi, ýene “žyk-žyk” etdirdi. Döwüň gahary gelip, ýerinden turup: “Seniň içiňde Kelje bardyr” diýip, zyňyp goýberdi, özi hem çykyp gitdi. Kelje Batyr hem gazany göterip, hanyň ýanyna alyp bardy. Han Keljä:

— Döwüň bir gyzyldan towugy bar şony hem getirip berermiň? — diýdi.

Kelje Batyr:

— Getirip bereýin — diýip, hälki çişini alyp ötägitdi.

Kelje Batyr baryp görse, tamyň düýbünde towugyň ketegi bar eken. Tamyň gapdalyny çiş bilen deşip, towugyň burnuna çiş bilen dürtüpdir, towuk hem “wak-wak” edip gygyrypdyr. Döwüň öňküden hem beter gahary gelip: “Seniň içiňde Kelje bardyr” diýip, ony hem zyňyp goýberdi. Özi hem ýene çykyp gitdi. Kelje Batyr hem towugy göterip, hanyň ýanyna bardy. Han ýene-de Keljä:

— Indi döwüň özüni getirip bilermiň? — diýdi.

Onda Kelje:

— Elbetde, getirip bilerin, maňa bir sütükli geçini öldürip, şonuň hamynyň her gylyna dört düwme daksaň, getirip bereýin — diýdi.

Han bir geçini öldürip, hamynyň her gylyna dört düwme dakyp berdi. Kelje Batyr hem geçiň derisini geýip, döwüň tamynyň üstüne çykyp, düwmelerini şaňňyrdatdy. Döw gorkup, aýylganç gygyryp:

— Ynsmysyň, jynsmysyň? — diýdi.

Kelje Batyr:

— Ynsam däl, jynsam däl, ýöne döwi iýýän arslandyryn — diýdi.

Döw gorkup:

— Arslan jan, meni iýme, näme diýseň bereýin — diýdi.

Onda Kelje:

— Men saňa degmäýin, sandygyňa girip, gulpuny daşynda goýsaň — diýdi.

Döw sandygyna girip, gulpuny daşynda goýdy. Kelje Batyr hem gelip, sandygy gulplady. Arkasyna alyp, hanyň ýanyna alyp bardy. Han hem sandygy açyp görjek bolsa, hälki döw çykyp hany iýdi. Kelje hem gaçyp, towugyň ketegine girdi. Döw Keljäni görüp, iýmäge bardy, onda Kelje:

— Iýseň, iýäý, emma endam-janym hem towuk pohy — diýdi.

Döw hem hanyň bir gowy aty bardy, oňa mündi-de, almazdan gylyjyny biline dakyp, Keljäni öňüne salyp: “Ýör, seni pylan hammamda suwa düşürip iýäýerin” diýip äkitdi. Hammama bardylar, ondan soň Kelje:

— Atyňy men saklaýyn, sen özüň girip gör — diýdi.

Onda döw hem ynanyp, atyny, gyljyny Keljä berip, özi hem hammama girdi. Kelje hem almaz gylyjy gapynyň agzynda daňyp goýdy. Atyny hem elinden sypdyryp:

— Ahaw, atyň gitdi-le haw! — diýip gygyrdy. Döw hem haýdan-haý daşaryk çykjak boldy welin, gylyç iki dyzyny kesdi. Döw çydap bilmän, gygyryp-gygyryp öldi. Kelje Batyr hem hanyň mülküni, döwüň oljalaryny ýygnap, enesiniň ýanyna geldi, maksat-myradyna ýetdi.

Gadyrly okyjy, indi bolsa siz ertekini näçe esse ünsli okap bilýäniňizi barlap bilersiňiz
Synagy başlamak