MUHON-SÖÝÜNJAN

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Maýa Lallykowa
381
~ 17 min.

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanda bir patyşanyň örän owadan bir gyzy bar eken. Ol kemsiz ýetişen eken. Patyşa gyzyny durmuşa çykarmakçy bolup, üç şert belläpdir. Kimde-kim patyşanyň şol şertlerini ýerine ýetirebilse, gyzyny şoňa bermekçi bolupdyr. Ýerine ýetirebilmedigiň hem kellesini kesýär eken.

Bu habar uzak ýurtlaryň adamlaryna baryp ýetipdir. Ony kilwançylyk edip ýören bir pukaranyň Muhon-Söýünjan atly ogly hem eşidipdir.

Muhon-Söýünjan ýetişen ýigit eken. Ýöne işi düýşünde gelin-gyzlar bilen oýnaşyp ýörmek bolsa-da, öýlenmäge gurby ýok eken. Ol pukaralykdan käýinip: “Ýa patyşanyň şertlerini ýerine ýetirip, gyzyny alaga-da öýli-işikli bolaýyn, ýogsa-da başymy kesdirip, men hem şol ýolda ölenleriň biri bolaýyn” diýip, göwnüni bire baglapdyr. Şeýdip Muhon-Söýünjan kakasyna hem duýdurman, öýlerinden çykyp gidipdir.

Birnäçe güni geçirip, az ýöräp, köp ýöräp, gidip otyrka, bir uzyn gara zadyň keýikleriň yzyndan ýetäge-de, boýnuny omuryp, şol durşuna iýip ýörenini görüpdir. Muhon-Söýünjan onuň yzyndan ýetjek bolup elinden gelenini etse-de, ol görünýän gara barha daşlaşyp barýarmyş. Ahyry telpegini galdyryp, elini bulap, ony ýanyna çagyrypdyr. Görse, ol gara çöpür basyp, ýüzi-gözi zordan saýgardýan, çöl möjegi ýaly bolup giden bir adam eken. Aýaklaryna hem äpet-äpet degirmen daşlary daňylgy eken.

Muhon-Söýünjan ondan:

         – Bu ymgyr çölüň içinde näme işläp ýörsüň? Aýaklaryňdaky degirmen daşlary näme? Adyňa kim diýerler? – diýip sorapdyr.

Onda ol adam:

– Meniň adym Ahmet degirmenli. Ajygamda meýdandaky keýikleri tutup, garnymy doýrup ýörün. Aýaklaryma dakan daşlarym henizem ýeňil bolýar. Agyr daş dakmasam, bir ýerde durabilmän günüň dogýan ýeri bilen ýaşýan ýeriniň aralygynda ylgap ýörmeli bolýaryn – diýipdir.

Onsoň ol Muhon-Söýünjandan:

         – Sen kim? Nirä barýarsyň? – diýip sorapdyr. Muhon-Söýünjan oňa kimdigini, nirä, näme üçin barýandygyny aýdyp beripdir.

Ahmet degirmenli:

         – O zeýilli jedelli zat bolsa, men hem seniň bilen gideýin. Başaran işimi saňa ýetirmän özüm ederin. Saňa zyýanym ýetmez – diýipdir.

Bular dogan okaşyp, iki ýoldaş bolýarlar-da gidiberýärler.

Az ýöräp, köp ýöräp, niçe menzil ýol geçenlerinden soň, öňünden çykan janly zady lak-luk atyp ýören äpet bir zat görnüp ugraýar.

Baryp görseler, bu hem meýdan möjekleri ýaly tüýe basdyryp, bedeni görünmez bolup giden bir adam eken.

Amanlyk-saglykdan soň, Muhon-Söýünjan oňa:

– Adyň näme? Bu ýerde näme işleýärsiň? Bu çölüň içinde ýüregiň gysmaýarmy? – diýipdir.

Ol adam:

– Meniň adym Ahmet şumhörek. Dagy hiç ýerde eklenip bilmän, şu çölüň içinde öňümden çykan möjekleri iýip mydar edýärin. Size kim diýerler? Näme üçin, niräk barýarsyňyz? – diýipdir.

Muhon-Söýünjan:

         – Bu ikimiz dogan. Meň adym Muhon-Söýünjan. Munuň ady Ahmet degirmenli. Özümiz hem şu tarapda ýaşaýan bir patyşanyň şertlerini ýerine ýetirip, gyzyny almak üçin barýarys. Isleseň, seniň bilen üç dogan bolar gidibereris – diýip, jogap beripdir.

         Ahmet şumhörek:

         – Doganly bolmak, onda hem birdenkä iki doganly bolmak, üstesine-de, şeýle şowhunly ýere gitmek meniň üçin ullakan hezillik. Sizden galmaýyn – diýip, olara goşuljagyny aýdypdyr.

Bular üç tirkeşik bolup, gidiberýärler. Şeýdişip barýarkalar, bir depäniň üstünde demirgazyk tarapa ýaý atyp duran adama duşýarlar. Munuň hem endam-jany tüý basyp giden eken.

Muhon-Söýünjan ondan:

         – Adyň kim? Bu ymgyr çölüň içinde näme işleýärsiň? Asla kesbiň näme? Görünýän zat ýok weli, ýaý atyp durmaň näme? – diýip sorapdyr.

Onda ol adam:

– Maňa Ahmet görgür diýýärler. Asly kärim hem görgürlik. Iki hepdelik ýoldaky zady görýärin we ýanymdaky ýaly tanaýaryn. Şu wagt Hywadan çykyp ugran kerwene seredip durun. Kerweniň yzynda üç sany erkek bölnüp galdy. Düýekeş ony görmän, eşeginiň üstünde irkilip barýar. Ýaňky okumy atyp, onuň telpegini gaçyrdym. Ol eşeginden düşüp, yza galan düýelerini tirkedi – diýipdir. Onsoň ol Muhon-Söýünjan dagydan:

– Siz kim we nirä barýarsyňyz? – diýip, sorapdyr.

Muhon-Söýünjan hem oňa ýanyndakylar bilen dogan okaşanlaryny we näme üçin, nirä barýandyklaryny aýdypdyr-da:

– Isleseň, sen hem biziň bilen gidiber – diýipdir.

Ahmet görgür:

– Bolýar, siziň bilen gideýin. Belkem, menlik hem bir iş tapylar. Bolmasa-da dört doganyň birä-hä bolaryn – diýýär.

Olar indi dört tirkeşik bolup gidiberýärler.

Barýarkalar öňlerinden ullakan tüsse görnüp başlaýar. Baryp görseler, gaty kän odun üýşürilip, ot berlipdir. Onuň edil düýbünde bolsa bir adam büküşip, üşütme tutýan ýaly eňegini şalkyldadyp gagşap ýatyr eken.

Mundan:

         – Sen kim? Näme şeýle oduň gapdalynda-da büküşip ýatyrsyň? Saňa näme bolýar? – diýip soraýarlar.

Onda ol adam:

– Maňa Ahmet boraganly diýýärler. Men örän üşek. Ot ýaly tomusda hem şu zeýilli ullakan oduň gyrasynda çoýunyp, mydar edýärin. Şonuň üçin hem şeýdip ýatyryn. Ýeri, siz nirä we näme üçin beýle toparlanyşyp barýarsyňyz?

Muhon-Söýünjan oňa-da nirä we näme üçin barýandyklaryny aýdypdyr-da:

– Isleseň, ýör sen hem biziň bilen – diýýär.

Ahmet boraganly hem bulara goşulyp, bu ýerden bäş dogan bolup gidiberipdirler.

Bäş dogan az ýöräp, köp ýöräp, ahyrym şol patyşanyň ilatynyň bir ýan çetinden girip başlaýarlar. Ondan-mundan diläp, tirkäp, geýimsizi geýimli bolýar.

Üç-dört gün bir tokaýyň ýakasynda bolup, Ahmet degirmenliniň tutýan keýiklerini iýip, dynçlaryny alýarlar. Bäşinji gün bäş doganyň bäşisi hem patyşanyň alnyna barýar.

Muhon-Söýünjan patyşanyň ýanyna baryp, özüniň näme üçin gelendigini aýdýar-da: “Näme şertiňiz bolsa buýruň” diýýär.

Patyşa:

– Maksadyň şol bolsa, üç sany şerti ýerine ýetirmeli bolarsyň. Ol üç şertim, ine, şular. Ozaly bilen ýyndamymy ozmaly. Onuň üçin bäş günlik ýoldaky bagymdan bir sebet üzümi meniň ýyndamymdan öňürti alyp gelmeli. Soňundan kyrk gulakly ullakan gazanym bar, bir oturyşda şondaky eti iýip gutarmaly. Üçünji şertim: bir demirden ýasalan tamym bar. Şony çym-gyzyl bolýança gyzardýarys. Içine hem kyrk sany possun taşlaýarys. Şol jaýda, şol possunlaryň aşagynda bir gije ýatyp çykmaly. Şu şertleri ýerine ýetirebilseň, maksadyňa ýetersiň, ýerine ýetirebilmeseň, başyň kesiler – diýýar.

Muhon-Söýünjan:

– Kabul, haçan näme etmeli bolsa men taýyn – diýýär-de, ýoldaşlarynyň ýanyna gelip patyşanyň şertleriniň nämedigini aýdyşdyrýär.

Onda Ahmet degirmenli:

– Gidip gelmeli ýer uzagrak bolaýbilse ýagşydyr – diýýär.

Ahmet şumhörek:

– Şol gazanyň sany 4-5 bolan bolsa, bir çilim nahar bolsa hem bolardy – diýýär.

Ahmet boraganly:

– Şol diýýän ýerinde bir-iki hepde ýatmaly bolsa, ýylynsam hem ýylynaýardym – diýýär.

Ahmet görgür hem kemsinip:

– Uzakdan tanaşmak, ýa mergenlik şerti ýokmuka? Olarsyzam bir şert bolarmy? – diýýär.

Şol wagt hem patyşanyň adamlary arkasy sebetli ýyndamy getirip, Muhon-Söýünjana hem bir sebet berýärler. Muhon-Söýünjan ol sebedi Ahmet degirmenliniň arkasyna baglaýar-da:

– Bar, alla ýaryň. Gaýrat et-de, patyşanyň ýyndamyny masgara edeweri – diýip, onuň yzy bilen ugradyp goýberýär.

Aradan üç gün geçýär. Patyşa öz adamlary, Muhon-Söýünjan hem öz ýoldaşlary bilen gidenleriň ýoluna seretmek üçin bir beýik jaýyň üstüne çykypdyrlar. Ahmet görgür jaýyň üstüne çykan badyna:

– Biziň Ahmet degirmenlimiz inçe tozan turzup gelýär. Patyşanyňky bolsa hölpüldäp yzda galypdyr – diýýär.

Ol az salymdan soň ýene seredip:

– Biziň Ahmet degirmenlimiz uklap ýatyr. Patyşanyň ýyndamy onuň duşundan geçip, ala tozan turzup gelýär – diýýär-de, derrew ýaýyny atyp goýberýär. Ok baryp, sebede degip, Ahmet degirmenlini oýarýar.

Ahmet degirmenli patyşanyň ýyndamynyň yzyny görüp, geçenini bilýär, ýola düşýär-de, ýyldyrym ýaly süýnüp başlaýar.

Ahmet degirmenli patyşanyň ýyndamynyň kä öňüne düşüp, kä yzyna galyp, masgara edýär. Onuň bilen hem kanagatlanman, ony şol ýeriň özünde taşlap, bir günlük ýoly bir sagatda geçip, köşgüň öňünde arkasy sebetli ok kesdirme geçmäge durýar. Patyşa we onuň ýakyn adamlary tukat bolup, ýüzlerini aşak salýarlar.

Patyşanyň ýyndamy ertesi gelip: “Haýwanda-ynsanda ol adama taý bolmaz. Onuň ýyndamlygy meniň çenim däl eken” diýýär.

Soň Muhon-Söýünjan dagy patyşanyň ikinji şertini ýerine ýetirmegiň ugruna çykýarlar. Patyşa kyrk gulakly gazanyny dolduryp, et bişirdýär. Ahmet şumhörek gazanyň ýanyna baryp, bäş gezek penje uranda, ony taňkyradyp taşlaýar. Soňam:

– Ýene bir-iki gazan et bolaýsa, çaý teýi bolaýjak eken – diýip ýalmanyp dur diýýär.

Patyşa we onuň ýakyn adamlary öňki ýyndamyň ozuşyny we munuň bolşuny görüp, näme diýjeklerini bilmän aňk bolup galýarlar.

Ondan soň Muhon-Söýünjan dagy üçünji şerti bitirmäge girişýärler.

Patyşanyň adamlary demirden salnan jaýy köz ýaly gyzardýarlar. Içine kyrk sany possun taşlaýarlar. Onýança gün hem ýaşýar.

Ahmet boraganly digdenekläp oturan jaýyndan çykýar-da, boragan alyp barýan ýaly kibtini gysyp, derrew gyzgyn tama girýär. Kyrk possyny hem ýapynýar-da ýatyberýär. Patyşanyň adamlary tamy daşyndan gulplap gaýdypdyrlar.

Il ýatyp, it uklaýar. Gijäniň hem köpi geçýär. Ahmet şumhörek iki gezek owurdyny suwdan dolduryp, gyzgyn jaýa pürküp goýberýär-de ýatyberýär. Jaý sowap galýar.

Daň atýar, gün dogýar, hemmeler örüşýärler. Patyşanyň adamlary gelip tamyň gapysyny açýarlar. Ol ýere Muhon-Söýünjan hem barýar. Tamyň içine girip görseler, Ahmet boraganly:

– Aý, doganlar, üstümi ýapsaňyzla, doňdum – diýip, üç bükülip, sandyraklap ýatyrmyş.

Patyşanyň adamlary muňa has hem geň galýarlar.

Patyşa gyzyny Muhon-Söýünjana nikalap bermeli bolýar. Uly toý tutýar. Öldürilen mal çenden zyýada köp bolup, Ahmet şumhörek hem gerk-gäbe doýanmyş.

Soň ol hoş bolup:

– Bu ýere gelenim gowy bolupdyr. Gelmedik bolsam, bu toýy görmezdim, beýdip bu nahardan garnymy ýazmazdym – diýenmiş.

Patyşanyň gyzyny alan Muhon-Söýünjan bu ýerde birnäçe gün bolup, ozal bäş bolup gelen bolsa, indi alty bolup, gaýyn atasyndan rugsat alyp, öz iline gaýdýar. Az ýöräp, köp ýöräp öz ýurduna ýetişýär.

Oglunyň dostlary bilen gelin alyp gelenini gören kilwan, bar gazananjasyny harçlap, hyzmat edýär. Şonda-da ýetirinip bilmän karz-kowal üçin, töwerege ylgamaly bolýar.

Muhon-Söýünjan atasynyň bolup ýörşüni görýär-de:

– Başga zadyň aladasyny etjek bolma. Toý üçin gerek zatlary özümiz taparys. Diňe getirilen zatlary bişirmek bilen boluber – diýýär.

Şol halatda Muhon-Söýünjanyň gelni sandyjagyndan bir penje gyzyl çykaryp, Muhon-Söýünjana berýär. Ahmet degirmenli bolsa çöle gidip, Ahmet görgüriň salgy beren gulandyr keýiklerini goýun süren ýaly edip gelýär. Ahmet boraganly gyzyşjak bolup, olaryň hemmesini soýup, etlerini birme-bir pudarlap çykýar. Uly toý edýärler, il-halky doýurýarlar. Dostlar şeýdip, biri-birinden aýrylyşman ýaşap başlaýarlar.

Gadyrly okyjy, indi bolsa siz ertekini näçe esse ünsli okap bilýäniňizi barlap bilersiňiz
Synagy başlamak