PATYŞA GYZYNYŇ GALYŇY

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
1 220
~ 18 min.

Bir bar eken, bir ýok eken, bir wagtda bir patyşa bar eken. Onuň ady bolsa bütin äleme jar bolan eken. Bu patyşanyň bir ogly bar eken. Onuň ylmy, parasady ganymat eken. Emma özi gaty bisabyr eken.

Günlerde bir gün ýaňky patyşanyň ogly bilen patyşanyň wezirleri mejlis edip oturanlar. Wezirleriň arasynda: “Hany bir nakyl aýdyň” diýen sözler çykypdyr. Bir-birine: “Sen aýt-da, sen aýt, aý bolmasa her kim öz başyndan geçeninden, gören eşideninden aýdaýsyn” diýişenler. Wezirleriň biri: “Eý şazada onda bolsa ynha, men size başymdan geçeninden bir iki agyz gürrüň edip bereýin, galanlaram her kim özine görä edip berer-dä!” diýip gürrüňe başlan:

– Mundan birnäçe ýyl owal men bir uzak şähere söwdagärçilik etmäge gitdim. Ýolda bir topar garakça duşdym. Garakçylar meniň bar-ýogymy alyp, özimem goýberdiler. Men mundan soň ýeke özim ýola düşdim. Gidip barýadym, günem giç boldy. Gorkup töweregime garandym. Ynha, bir ullakan agaç peýda boldy, men hem şol agajyň şahasyna münip oturdym. Gün hem ýaşdy. Gulagyma saz sesi geldi. Görsem, ynha, bir topar owadan oglanlar bilen owadan gyzlar eken, oýnaşyp geçdiler. Onuň yzyndan ýene bir topar gyz geçdi. Olaryň owadanlygynyň hiç möçberi ýok. Egnindäki esbaplary dünýäň genji-malyna degýär. Endamlaryndan gül ysy gelýär. Ýaňaklary alma ýaly gyp-gyzyl. Ynha bir topar üzümiň suwy ýaly, “ýere bassammyka, basmasammyka” diýişip iki-ýeke basyşyp, sülmüreşip barýan gyzlar. Bir salymdan soň, olaryň yzyndan bir üsti ýapyk kejebe çykdy. Birdenem tüweleý gelip ýaňky kejebäniň perdesini galdyryp goýberdi. Kejebäň içinde bir gyz oturan eken, aý diýseň agzy bar, gün diýseň gözi bar, asyl onuň owadanlygynyň waspyny aýdyp tükeder ýaly däl. Ol pylan patyşanyň gyzy eken, men soňra sorap anygyna ýetdim.

Şol gyzyň özi biziň şazadamyza mynasyp bir owadan zat eken! – diýip wezir sözini gutaran.

Şazada wezirden bu sözleri eşidip jan-dilden ol gyza gaýybana aşyk bolan. Şazada bu gyzyň aşkyndan gije-gündiz nala çekip, gün-günden saralyp ugran. Şazadanyň matlaby şol gyzyň şäherine gitmekde bolan. Günlerde bir gün patyşanyň baş weziri patyşazadanyň ýanyna gelip görse, şazadanyň ýüzi örän hor eken. Ol muňa bir zat bolýandyr öýdüp:

– Eý şazada, näme pikir çekýärsiňiz? Ýüziňiz örän hor-la! Hany näme kemçiligiň bolsa maňa aýt, aňry ujy bir ýerde düzeler ýaly iş bolsa bir tär edip düzetjek bolarys! – diýipdir.

Şazada:

– Eý wezir, şeýle-şeýle, pylan ýurtda pylan patyşanyň bir owadan gyzy barmyş. Şony eşidelim bäri gije-gündiz sabrym gaçyp, nähili gezýänimi bilemok. Indi hem bir tär edip bu işi düzedäýseň-ä örän gowy, sen maňa ullakan iş bitirip berdigiň bolar. Başarmasaňam men başymy alyp, şu ilden çykyp giderin. Ýene sen meniň atama aýt. Atam seniň maslahatyňdan çykmaz. Şu işi gyssagly tutup, basymrak düzediň – diýip aýdan.

Wezir:

– Şazada, indi sen arkaýyn bolup otur. Ynha, men patyşanyň ýanyna baryp, patyşa bilen maslahat edeýin, inşa-alla, bir zady bolar-la! – diýip, patyşanyň ýanyna baran.

Patyşa:

– Ýeri wezir, bu wagt bir biwagt çak, sen näme işe geldiň? – diýip soranda wezir:

– Şeýle-şeýle, şazadamyz pylan patyşanyň gyzyna aşyk bolup, gije-gündiz intizar bolup ýör, indi şony atama aýt-da bir tär ediň, ýogsam men başymy alyp çykyp giderin, diýip otyr! – diýip aýdan.

Patyşa:

– Eý wezir, senem, oglum hem dogry aýdýarsyňyz, şazadanyň öýlendirmeli wagty gelipdir. Ony men hem bilýärin. Emma oňa laýyk bir guda bolar ýaly ýer tapylmansoň, bu wagta galdyk! – diýen.

Wezir:

– Onda oňa bir söz aýdyjy iberäýeli – diýen.

Patyşa:

– Eý wezir, ol patyşa örän uly patyşadyr. Ol bize gyzyny bermez. Eger berse-de onuň salgydynyň yzyndan ýetip bolmaz – diýen.

Wezir ýene-de gelip, atasynyň sözini, ogly şazada aýdypdyr.

Şazada:

– Eý wezir, atama aýt, atam bilen ikiňiz şu işiň alajyny ediň. Eger-de etmeseňiz, men özim hökman başymy alyp, şol ýurda giderin. Aýtmady diýmäň! – diýen.

Wezir ýene-de baryp şazadanyň sözini, onuň atasyna ýeke-ýeke edip aýdyp beren. Şazada bu patyşanyň ýekeje perzendi bolany üçin, patyşa onuň göwnüni almak isleýär eken, oglynyň ol gyza aşyk bolanyna gözi ýetip, nalaç bolup, söz aýdyjy ibermekçi bolan.

Patyşa:

– Derrew bir söz aýdyjy iberiň – diýip, wezire buýruk beripdir. Özi hem öz dilinden ol gyzyň atasy-patyşany hormatlap bir hat ýazyp, söz aýdyjynyň eline beren. Söz aýdyjy wezir ýanyna birnäçe aksakal ulamalary alyp, ýola düşüp ugranlar. Az ýöräp kän ýöräp, birnäçe gün ýol ýöräp, ahyry ol gyzyň atasy-patyşanyň ýanyna baryp, salam berip, gol gowşuryp duranlar.

Gyzyň atasy-patyşa bulara hezzet-hormat edip, bir gün myhmanlandan soň, ikinji güni bularyň habaryny almaga başlan. Bular, öz patyşalarynyň iberen hatyny bu patyşa berip, onuň üstine-de, söz aýdyjy bolduklaryny mälim edenler. Patyşa bu işe gaty razy bolmasa-da: “Aý ýokarrak salgydy salaýsam, şularyň gurby gelmän, öz-özinden kowulyp giderler” diýen pikir bilen:

– Eý wekiller, örän gowy habaryňyz bar eken. Biz sizi alga alarys, ýöne weli, biziň ýükimiz-ä agyrdyr – diýen.

Söz aýdyjylar:

 – Eý patyşamyz ýükiňiz her näçe agyr bolsa-da biziň hem patyşamyzyň döwleti şonça kändir. Hany ýükiňizi bir çaklaň, eşideli – diýenler.

Gyzyň atasy-patyşa:

– Eger-de biziň bilen guda boljak bolsaňyz, owal bilen bir müň düýe ýüki gyzyl, bir müň düýe ýüki kümüş, başga biz ownuklaşyp hem durmarys! – diýen.

Şunluk bilen söz aýdyjylar gyzyň atasy-patyşadan bu sözi eşidip, derrew yzlaryna gaýdyp, öz şäherlerine gelip, ýeke-ýeke boluşy ýaly edip, öz patyşalaryna habar berenler.

Patyşa baş weziriň ýüzine seredip:

– Ol bize gyz bermez diýip men aýtmadymmy? – diýen.

Oňa deňiç, şazada:

– Eý ata, oňa razy bolaý, eger-de onuň salgydyna girmeseň, maňa rugsat ber, men özim gitjek! – diýen.

Patyşa oglyna rugsat bermedi-de, hazynaçylara:

– Derrew hazynany hasaplaň! – diýip buýruk beren.

Hazynaçylar hazynany ýagşy hasap edipdirler weli az çykypdyr.

Şazada:

– Eý ata, mülkiňden-malyňdan sat-da kemini dol! – diýip aýdan.

Patyşa oglynyň diýenini edip, ähli mülkini-malyny satan welin, onda-da az gelen.

Şazada:

– Eý ata, indi ýetmedigini ilata salgyt salaý! – diýip aýdan.

Patyşa:

– Ýoga oglym, meniň ozalam bir garyp-hor ilatym bar, men hergiz ol işi etmen – diýen. Şeýle hem bolsa ilata bir az-kem salgyt salan welin, onda-da az bolan.

Şazada:

– Eý ata, bolsa-da, baryny bir iberip gör! – diýen.

Patyşa ýygnan pullaryny düýelere ýükläp iberipdir. Gyzyň atasy bulary hasaplap alypdyr-da:

– Galanyny hem alyp geliň! – diýen.

Wekiller gelip boluşy ýaly edip habar beripdirler.

Şazada:

– Eý ata, galanyny hem ýene-de ilata salyp ýygna! – diýip aýdan.

Patyşa:

– Eý oglym, bir az salym sabyr et, elbetde bir tär ederis! – diýipdir.

Emma şazadanyň bu işlere içi razy bolman, özine birnäçe nöker alyp, gyzyň atasy-patyşanyň şäherine baka gidiberen.

Atasynyň bolsa bu işden habary bolmandyr.

Bular ýolda barýarkalar, üýşüp: “Eger-de bize ýolda kerwen duşaýsa, olary talap gyzyň salgydyndan bereliň” diýip maslahat edenler.

Şunluk bilen bular gidip barýarkalar, ynha bularyň öňinden bir topar kerwen çykan. Bular bolsa, kerweniň gapdalyndan degip ugranlar. Bu uruşda-da şazadanyň tarapy basylyp, şazada gola düşen. Şazadany tutup, kerwen başynyň ýanyna alyp gelipdirler. Kerwen başy örän ýeser adam eken, gören dessine şu şazadanyň ýöne adam däldigini tanap:

– Eý oglym, dogrusyny aýt, sen kimsiň? Haýsy hanyň, baýyň oglysyň? Näme sebäpden munyň ýaly bikär işe el gardyň? – diýip soran.

Şazada:

– Eý kerwen başy, dogrydan hem sen meni güman etdiň, men pylan patyşanyň oglydyryn – şeýle-şeýle, men pylan patyşanyň gyzyna aşyk boldym. Indi şonyň salgydyna gurbym gelmän, şu edip ýören işimiz! – diýip ýeke-ýeke boluşy ýaly gürrüň edip beren.

Kerwen başy şazada rehimi inip:

– Eý şazada seniň ol işiňi men bitireýin, emma ir-giç meniň puljagazymy ýerine jaýlagyn! – diýen.

Şazada:

– Eý kerwen başy, şu bada bir sen bu işi bitir, soň men seniň beren pulyňy, eden ýagşylygyňy on ýerde jaýlaryn – diýip aýdan.

Kerwen başy muňa öz malyndan birnäçe mal berip, häki müň düýe gyzyl bilen müň düýe kümüşiň ýetmedigini ýetiren. Şazada bu zatlary alyp, gyzyň atasy-patyşanyň ýanyna barypdyr.

Gyzyň atasy-patyşa, şazadany görüp, bu ýigide göwni ýetip, oňa hezzet-hormat edip:

– Baryň muny gyzyň bagyna düşüriň – diýip buýruk beripdir.

Wezirler şazadany gyzyň bagyna alyp baryp, şonda ýerleşdirenler.

Gyzyň atasy-patyşa:

– Eý wezirler, şazadanyň keýpi kök bolar ýaly bagşylar, sazandalar getirip mejlis guryň – diýip buýruk beripdir.

Wezirler gyzyň atasy-patyşanyň diýişinden on esse artyk derejede edip, bagyň içinde saz-söhbet gurap, mejlis tutupdyrlar. Şeýle bir mejlis bolupdyr, onuň tarypyn edip, tükeder ýaly bolmandyr.

Emma şazada bu mejlis bilen bolman: “Wah bir gyzy görsemdim” diýip, arzuw edip töweregine garap oturan eken. Birden gyzyň köşkine gözi düşüp, köşke baka gidiberipdir. Şazada köşke baryp: “Heý bir deşik tapyp, gyzy bir görüp bolmazmyka” diýip, aýlanyp başlan. Gyzyň tamynyň penjiresine baryp: “Gyz niredekä” diýip, göz aýlap duran eken weli, öňi bilen gyzyň şazada gözi düşüp, onuň şazadalygyny bilmän: “Bu biedebiň gözini oýyň!” diýip, kenizlerine buýruk beren.

Kenizler urup-urup, şazadanyň gözine syh sokupdyrlar. Şazadanyň iki gözi hem kör bolupdyr. Mejlisdäki oturan adamlar: “Waý dady-bidat, şazadanyň gözini aldyňyz!” diýip, gygyryşypdyrlar, emma peýda bermändir.

Oňa deňiç bu habar gyzyň atasy-patyşa ýetişip, patyşanyň huşy başyndan uçupdyr. Bu işe örän gaty gynanypdyr. Emma çäre tapylman, şazada sokur kör bolupdyr.

Gyzyň atasy-patyşa:

– Eý wezirler, baryň şazadany atasyna eltip beriň, bu iş şazadanyň öziniň bisabyrlygyndan boldy, gaty gynandyk weli, çärämiz ýok! – diýip, şazadany atasynyň ýanyna iberipdir.

Wezirler şazadany öz şäherlerine alyp gaýdypdyrlar. Birnäçe gün ýol ýöräp, ahyrda şazadany atasynyň ýanyna getiripdirler.

Şazadanyň atasy öziniň ýekeje oglynyň bisabyrlyk edip şeýle bela uçramasyna örän gaty gynanypdyr. Bu işe içi ýanyp galypdyr. Gynanjyndan birnäçe wagt işe çykmandyr, tagtyna minmändir. Ahyry ýene-de tagta çykyp oturan bolsa-da, ýurt bilen yhlasy bolmandyr. Eli örän gaty sowapdyr.

Patyşa, her bir ýurtdan tebipler getirip, muňa bir alaç etjek bolupdyr weli, başa barmandyr. Şazadanyň gözi akyp gutarypdyr.

Patyşa bu işe närazy bolsa-da, gyzyň atasy-patyşa güýçli patyşa bolanlygy, onuň bilen güýji deň däldigi üçin, nalaç bolup, edip bilen zady bolmandyr.

Şunuň bilen bu patyşa gün-günden saralyp keseläpdir, agyr keselli bolupdyr. Ogly bolsa iki gözi hem sokur kör bolup, idip äkidip, idip getirmeli bolupdyr.

Patyşa içi ýanyp, keselläp, şol keselinden ölüpdir. Patyşa ölenden soňra wezirler onuň ýerine onuň ýaňky kör oglyny patyşa goýjak bolupdyrlar weli, halklar: “Bize kör patyşa gerek däl” diýip, başga patyşa göteripdirler.

Gadyrly okyjy, indi bolsa siz ertekini näçe esse ünsli okap bilýäniňizi barlap bilersiňiz
Synagy başlamak