ŞAHYMÄHREM

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Maýa Lallykowa
546
~ 14 min.

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym wagtlarda bir welaýatyň Şirwanadyl atly şasy bar eken. Ol günleriň birinde agyr syrkawlapdyr. Onuň galjagy gümana eken.

Şonda Şirwanadyl şa ogluny ýanyna çagyryp:

 – Men ölemsoň, seni ýurda patyşa ederler welin, haýsy ýurda çyksaň çykgyn-da, ýöne palan ýurda çykaýmagyn – diýip, bir ýurduň adyny aýdyp, oňa nesihat edenmiş. Munuň oglunyň adyna-da Şahymährem diýer ekenler.

Onsoň bir günden bir gün şazadanyň atasy Şirwanadyl aradan çykýar. Onuň ogly Şahymähremi ýurda şa belleýärler. Niçe aýlar, niçe ýyllar geçýär.

Günlerde bir gün patyşa:

– Gel-aý, atamyň çykma diýen ýerine baryp göreýin-le – diýýär-de, wezir-wekillerini alyp, ýola düşýär.

Az ýöräp, köp ýöräp, bir düz alaňlygyň içine barýarlar, görseler, ynha, bir at gezip ýör eken.

Patyşa wezirlerine aýdýar:

 – Şu aty tutmaly. Eger at kimiň üstünden tutdurman geçse, onuň başy ölümli, maly talaňly – diýýär.

Şanyň adamlary halka gurap, aty tutmakçy bolýarlar. At ýerinden gozganman duran eken.

Şahymährem atyň ýanyna gelýär-de, onuň üstüne münýär. Soňra bolsa:

 – At ýorgamyka, ýörüşmikä, aýagyny bir göreýin – diýip, sürüp ugraýar.

Patyşa aty ilki ýuwaşja sürýär, soňra bolsa: “Gatyragam bir sürüp göreýin-le!” diýip, atyň sagrysyna jüp gamçyny urýar. Gamçy degenden at asmana göterilýär-de, uçup gidýär.

Bir zamandan soňra at patyşany bir ýere eltip düşürýär. Ol ýeriň adyna bolsa Ýedi kakyň suwy diýer ekenler.

Patyşanyň münen aty ýöne bir at bolman, jadygöý döw eken. Ol Şahymähreme ýüzlenip, şeýle diýýär:

– Men seni ogul edinmäge getirdim. Islän zadyňy tapyp bererin. Sen keýpi-sapa et-de ýör.

Patyşa döwüň mekanynda keýpi-sapa bilen meşgul bolýar. Çendan hem şu hili aýdymy aýdar eken:

 Ýatdym-turdum, beýhuş boldum,
Meger, begler, bu jennetdir.

Şahymährem bu röwüşde birnäçe wagty başdan geçirýär.

Günlerde bir gün kyrk bäş sany peri patyşanyň ýanyna uçup gelýärler-de gonýarlar. Perileriň patyşasyna Balaýy Husny diýer ekenler. Ol Şahymähreme garap:

– Eý ýigit, bu nä ýatyşdyr? – diýýär.

Patyşa bolan wakany Balaýy Husny perä birin-birin gürrüň berýär.

Onda Balaýy Husny peri:

 – Sen meni özüňe gelinlik edip al, men seni hiç zada hor-zar etmerin – diýýär.

Şahymährem periniň bu teklibine razy bolýar welin, peri ýene hem:

 – Eger sen meni gelinlik edip alaýsaň, döw saňa azar berer gorkym bar. Şonuň üçin sen ýalandan syrkawlan bol. Döw gelip halyňy sorar. “Dünýäde näme kem zadyň bar?” diýer. Şonda sen oňa: “Süleýman pygamberiň adyndan ýedi gezek ant içseň aýdaýyn” diýseň, ol ant içer. Diňe şondan soň, meni almakçydygyňy döwe aýdaýgyn – diýip, berk tabşyrýar.

Şahymährem periniň tabşyryklarynyň hemmesini birin-birin ýerine ýetirýär. Hiç zatdan habarsyz döw Süleýman pygamberiň adyndan ýedi gezek ant içýär weli, Şahymährem Balaýy Husnyny özüne gelinlik edinip almakçydygyny döwe mälim edýär.

Nämäň-nämedigini soň bilip galan döw ah urup:

 Ol periniň adyn tutsam,
Gara bagrym gana döner,
Hesretiňden bir ah ursam,
Daglaram lerzana döner –

diýýär-de, bir meýdan huşundan gidýär.

         Bir haýukdan soň huşuna gelip:

         – Aý, bolmady oglum, edilmesiz şert edilipdir, indi oňa çäräm ýok – diýip:

 Balaýy Husny gelnim bolsun,
Şahymährem oglum bolsun!
Bar, ikiňizem bagyşladym –

diýýär.

Ýene hem:

– Eger içiň gysýan bolsa-da aýt, alyp gaýdan ýerime – öz ýurduňa elteýin – diýýär.

Şahymährem:

         – Elteseň-ä hasam gowy – diýýär.

– Beýle bolsa münüň ikiňizem arkama, – diýip, olary arkasyna mündürýär-de, uçup gaýdyberýär.

Ýolda uçup gelýärkäler, Şahymährem döwe garap:

– Sen bizi köşge eltme-de, Hoja saraýmanyň saraýyna düşür. Ilki bilen ýurtda näme üýtgeşiklik bolanyny sorag-ideg edip, soňra köşge özümiz bararys – diýýär. 

Döw bulary Hoja saraýmanyň saraýyna düşürip, özleri bilen hem hoşlaşyp, bir penje gyl berip, gynanan-gyssanan ýerlerinde şondan ýekejesini çirkizseler kömege ýetişjegini duýduryp, ýene yzyna gaýdýar.

Şahymährem patyşa sorap-idäp otursa, munuň yzynda ýurda täze patyşa saýlapdyrlar. Olam Şahymähremiň kyrk heleýinem özüne aýal edinipdir diýýär.

Şahymährem patyşa saraýmandan yzynda bolan wakalary eşidip, peri aýalyny bolsa saraýmana tabşyryp, öz derdini egismek üçin awa gidenmişin.

Indi habary kimden al, ýurduň täze patyşasyndan al. Günlerde bir gün welaýatdaky şugullaryň biri soňky patyşanyň ýanyna iki bükülip baryp, gol gowşuryp, tagzym edip, ýurduň ozalky patyşasy Şahymähremiň ýurda gaýdyp gelendigini, ýany bilen owadan perileriň birini hem alyp gelendigini, saraýmanyňkyda düşländigini, häzir hem perini goýup, awa gidendigini habar beripdir.

Şuguldan bu habarlary eşiden soňky patyşa: 

– Kyrk bolmasa kyrk bir eken-dä – diýip, ol perini hem özüne aýal edinip almakçy bolup, agyr goşun sürüp, saraýmanyňka gaýdypdyr.

Aňyrdan gelýän goşunyň öwzaýynyň bozukdygyny aňan peri kyrk gulaç agajyň başyna çykyp, goşunyň golaý gelerine garaşýar. Agajyň aşagyna öňi bilen ýurduň soňky patyşasy gelýär weli, Balaýy Husny oňa garap:

– Seniň ýaly akmak adamyň giden bir ýurda patyşa bolup oturşyna haýran galýaryn. Patyşanyň öňki kyrk heleýini alaňda-da doýmadyňmy, akmagyň biri akmak, indi meni gözlejek adam şähri Sebizden gözlesin – diýipdir-de, guş sypatyna girip, uçup ötäýdipdir.

Birki günden soň, Şahymährem awdan dolanyp gelipdir. Saraýman oňa bolan işleriň hemmesini birin-birin gürrüň beripdir.

Bolan işleri saraýmandan eşiden Şahymährem döw atasynyň birje tüýüni çirkizipdir weli, şol dem döw onuň garşysynda häzir bolupdyr.

Şahymährem bolan işleri saraýmandan eşidişi ýaly edip, döw atasyna gürrüň beripdir.

Onda döw:

– Şähri Sebiz diýen welaýaty menem bilemok. Ýöne döwleriň ýaşaýan mekanyna baryp sorasam, şol ýerde ol welaýaty bilen tapylar. Soň sorap-idäp taparys – diýipdir-de, Şahymähremi arkasyna mündürip: “Niredesiň döwleriň welaýaty?”  diýip, uçup gaýdyberipdir.

Bir haýukdan soň gelip, döwleriň welaýatynda düşläpdirler. Gelip döwleriň hemmesini bir ýere ýygnap, ol welaýaty sorasalar, bu döwleriň hiç biri hem ol welaýaty bilmeýän ekenler. Ahyry dagyň gowagynda bir garry döwüň syrkaw ýatanyny bilip, şonuň ýanyna barypdyrlar.

Ol garry döw:

– Şähri Sebiz diýen welaýat palan ýerdedir. Özem perileriň mesgenidir. Ýöne oňa görnüp baryp bolýan däldir. Periler adamzat jynsyny gördükleri derrew tüýt-müýt edäýýändirler – diýip habar beripdir.

Onsoň döwler maslahat edip, Şahymähreme bir tahýa tikip beripdirler. Şol tahýany kellesine geýen adam asla görünmeýärmiş.

Onsoň Şahymährem döw atasynyň arkasyna münüpdir-de, şähri Sebziň golaýyndaky serhet dagynyň üstüne baryp, tahýasyny geýip oturberipdir.

Şol wagt üç sany peri ýuwa-ýelmik, gül ýygmak üçin dag etegine gezelenje çykypdyr. Periler işlerini bitirenlerinden soň, öýlerine ugrapdyrlar. Şahymährem hem kellesindäki tahýasyny aýyrman, garama-garama olaryň yzyna düşüp gidiberipdir.

Ýolda gelýärkäler, Şahymährem bir periniň guýrugyny gysymlap goýberipdir welin, ol peri ýoldaşlaryna garap:

– Wäk-le gyz, beýtmesene – diýipdir.

Ýene hem Şahymährem beýleki bir periniň budundan çümmükläpdir, ol peri:

– Bolşuň nähili gyz, heýem şeýle-de bir oýun bormy? – diýip, bu-da ýoldaşyndan görüpdir.

Aý, garaz, oglan bulary ýolboýy aljyradyp gelipdir.

Periler oba gelenlerinden soň, ýygnan ýuwa-ýelmiklerinden, güllerinden bermek üçin Balaýy Husnynyňka sowlupdyrlar. Şahymährem hem görünmän, olar bilen baran eken.

Periler ep-esli oturanlaryndan soň, turmakçy bolupdyrlar. Şonda perileriň biri Balaýy Husnydan:

– Jora jan, sen näme üçin adamzatdan aýryldyň? – diýip sorapdyr.

Onda Balaýy Husny peri:

– Aý, başga bir bigäne adamymyň obada ýok mahaly maňa el gatjak boldy. Men şoňa çydamadym. Ýöne adamym ir-u-giç meni yzlap geler. Men şonda onuň bilen ýene giderin – diýipdir.

Şol wagt Şahymährem kellesindäki tahýasyny aýrypdyr-da, olaryň garşysynda peýda bolupdyr.

Muny gören Balaýy Husny peri:

– Waý, ynha, meniň adamym şu-da – diýip, özüni Şahymähremiň gujagyna oklapdyr.

Bular begenişip, perileriň mekanynda ýedi gije-gündiz toý tutupdyrlar.

Toý-tomaşa sowlandan soň, gyzyň ene-atasy hem-de beýleki periler:

– Biz adamzat jynsyndan razy – diýip, Balaýy Husny hem ýanyna goşup, Şahymähremi öz iline ugratmakçy bolupdyrlar.

Balaýy Husny peri Şahymähremi arkasyna alyp: “Niredesiň Şahymähremiň mekany?!” diýip, uçup gaýdyberipdir.

Olar gelip, ýene-de Hoja saraýmanyň saraýynda düşläpdirler. Soňra ýurduň soňky patyşasyna özleriniň gelendiklerini habar beripdirler. Soňky patyşa bularyň üstüne agyr goşun çekip gelipdir. Goşunlar gelip görse, öňlerinde öňki patyşalary Şahymährem dur. Onsoň öňki nökerleriň bary munuň tarapyna geçipdir. Soňky patyşa masgara bolup ýeňlipdir. Şahymährem ýurduň soňky patyşasyny we özüniň öňki kyrk heleýiniň kyrkysynam dara çekdirip, ýene-de öz ýurduna patyşa bolup, perizady bilen döwran sürüp, myrat-maksadyna ýetipdir.

Gadyrly okyjy, indi bolsa siz ertekini näçe esse ünsli okap bilýäniňizi barlap bilersiňiz
Synagy başlamak