TEMMEL ÝALTA

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
912
~ 13 min.

Bir bar eken, bir ýok eken, bir patyşa bar eken. Bir gün patyşa ilatyň içindäki bilimli adamlaryny çagyryp, olardan:

— Döwlet erkek adamyň başynda bolarmy ýa-da aýal maşgalanyň başynda bolarmy? — diýip sorapdyr.

Bu soraga jogap bermäge hiç kimiň güýji ýetmändir. Ahyrda olar patyşadan kyrk gün möhlet sorapdyrlar. Patyşa bulara:

— Bolýar, men size kyrk gün möhlet bereýin, emma şol möhlet içinde aýdyp berip bilmeseňiz, hemmäňizi hem öldürerin! — diýip jogap beripdir.

Bilimli adamlar patyşanyň soragyna jogap tapman, kyrkynjy güni aglaşyp ýörkäler, şol patyşanyň bir akylly gyzy bulara duşupdyr we olardan:

— Siz näme üçin aglaşýarsyňyz? — diýip sorapdyr. Onda olar ol gyza näme üçin aglaýandyklarynyň sebäbini aýdypdyrlar.

Onda gyz:

— Şonuň üçin hem aglap ýörerlermi? Onuň jogabyny men aýdaryn — diýipdir.

Ol adamlar muňa begenip, aglamaklaryny goýupdyrlar.

Kyrk gün dolup, kyrk birinji güni adamlar patyşanyň ýanyna gelipdirler. Patyşanyň gyzy hem olaryň ýanyna gelipdir we:

— Şol soragyň jogabyny men bereýinmi? — diýip, patyşadan sorapdyr. Patyşa aýtmaga rugsat beripdir.

Gyz:

— Döwlet aýal maşgalanyň başynda bolar, patyşahym — diýipdir.

Patyşanyň muňa gahary gelipdir-de:

— Derrew bir ýalta tapyp geliň! — diýip buýrupdyr.

Adamlar: “Bir beladan gutuldyk” diýip, ýalta adam agtarmaga gidipdirler.

Bir ýerde bir çatmanyň içinde bir adamyň ogly ýatan eken. Ol oglanyň adyna hem Temmel ýalta diýer ekenler. Ol oglanyň iýjek nanyny, içjek suwuny agzyna tutup bermeseler iýip-içmez eken. Adamlar şol Temmel ýaltany alyp gelip, patyşa tabşyranlar. Patyşa hem öz gyzyny şu ýalta beripdir, emma iýmäge-içmäge zat bermändir.

Gyz ýalta bilen ýaşamaga başlapdyr. Görse aýdylanyndan hem beter, tüýs oturmaga-turmaga ýaltanýan adam eken. Gyz birinji güni Temmeliň almany gowy görýändigini bilipdir-de, on sany alma getiripdir. Bir almany Temmeliň eli ýeter-ýetmez ýerde goýupdyr. Galanlaryny hem biri-birinden uzagrakda goýupdyr-da, özi hem daşarda oňa syn edip oturypdyr.

Temmel bir wagt gözüni açyp seretse, golaý ýanynda bir alma bar eken. Oňa kynlyk bilen elini uzadyp, zordan ony alyp iýipdir. Soňra onuň aňry ýanyndaky almany görüp, oňa ýuwaş-ýuwaş süýşip, ony hem alyp iýýär. Şeýdip, almalaryň hemmesini alyp iýipdir. Şunlukda, biraz gymyldamagy öwrenipdir. Gyz ol günüň ertesi ýene on sany alma alyp, olaryň arasyny öňküden açygrak edip goýupdyr. Temmel ol almalary hem süýşip baryp iýipdir. Üçünji gün ýene-de on sany almany alyp gelip, gyz bulary öňkülerden hem açygrak goýuşdyryp, iň soňkusyny öz elinde saklapdyr. Temmel ol almalary ýeke-ýekeden turup baryp iýipdir. Soň gyzyň elindäki almany aljak bolanda, gyz gaçypdyr. Temmel onuň yzyndan kowalap ýetip, almany alyp iýipdir.

Şeýlelik bilen, Temmel ýalta ýuwaş-ýuwaşdan ilki ýöremäge, soň hem ylgamaga ýaltanmazlygy öwrenipdir. Soňra ol gitdigiçe azda-kände işlemegi-de öwrenipdir. Onsoň şa gyzy oňa hammalçylyk etmekligi öwredipdir.

Temmel hammalçylyk etmegi ýagşy öwrenensoň, beýleki hammallara iş galmandyr. Beýleki hammallar bu hakda patyşa arz edipdirler. Patyşa Temmel ýaltany çagyryp, ondan munuň sebäbini sorapdyr. Onda Temmel ýalta:

— Men hiç kimiň zadyny zorlap göteremok. Ýöne men kimiň ýüküni göterip, bir ýere eltip beremde, näme eçilseler şony alýaryn-da oňaýýaryn. Başga zat dilemeýärin. Şonuň üçin-de hemme adam maňa ýüküni götermäge berýär. Men barkam, hiç kim ýüküni başga hammala bermeýär — diýipdir.

Onda patyşa:

— Sen hammalçylyk etme — diýipdir.

Onda Temmel ýalta:

— Eger men hammalçylyk etmegimi goýsam, günümi nähili görerin? — diýipdir.

Onda patyşa:

— Men saňa aýda iki ýüz teňňe bereýin. Sen ýöne hammalçylygyňy goý — diýipdir.

Temmel ýalta:

— Bolýar — diýen.

Soň patyşadan bir aýlyk hakyny alyp, öýlerine gaýdyp gelipdir. Alan puluny bolsa aýalyna getirip beripdir.

Günlerde bir gün bir uly söwdagär bir ýurda söwda etmäge gitmekçi bolupdyr. Onuň gitjek ýolunda, suwsyz çölüň içinde bir guýy bar eken. Ol guýudan suw aljak bolsaň, bir adamy sallap almaly eken. Bolmasa sallan gowaň çykmaýan eken. Sallan adamyň hem öwrülip çykman, guýynyň içinde galýar eken. Söwdagär muny hiç kime duýdurmaz eken. Bu gezek söwdagär: “Guýa atmaga gerek bolar” diýip, Temmel ýaltany düýekeş edip alan eken.

Kerwen birnäçe çölleri geçip, şol aýdylan guýa ýetýär. Guýudan suw aljak bolup, söwdagär Temmeli guýa sallajak bolanda, Temmel:

— Siz meni guýa sallajak bolsaňyz onda başaşak sallaň. Men özüme duşman zady bir göreýin — diýipdir.

Kerwenbaşy söwdagär ony öz aýdyşy ýaly, guýa başaşak sallapdyr.

Ýalta guýunyň düýbüne ýetende, bir döw görüpdir. Döw bir dyzynda gurbagany, beýleki dyzynda hem bir perini oturdyp, olara syn edip, seredip oturan eken. Ýalta döwi gören dessine oňa salam beripdir.

Döw:

— Şunça salam bermedik bolsaň, iki üzüp, bir ýalmardym — diýipdir. Soňra bolsa:

— Şu peri ýagşymy ýa-da şu gurbaga? — diýip sorapdyr.

Onda Temmel ýalta:

— Periden näme boljak, elbetde, gurbaga ýagşy — diýip jogap beripdir.

Bu söz döwüň göwnüne makul bolup:

— Bar, ýigit, şu peri-de seniňki, näçe suw hem gerek bolsa alyber — diýen.

Soň ýalta: “Aý, maňa suw berseň bolýar” diýip, gowasyny dolduryp, guýudan suw alyp, ýoldaşlaryna uzadypdyr. Soňra özi çykjak bolupdyr. Şonda döw oňa perini, üstesine-de ýüz sany nar berýär. Ýalta ol zatlary alyp çykýar. Söwdagär muny görüp, geň galýar. Suwy alanlaryna begenip, her kim göwnünden çykaran zadyny ýalta beripdirler.

Şol wagt söwdadan gaýdyp gelýän ýene bir kerwen gelip, guýynyň başynda düşýär. Bular hem adam başyna on teňňe berip, Temmel ýaltany guýa sallap, suw çykardypdyrlar. Temmel bu sapar hem guýudan çykjak bolanda, döw oňa ýene-de ýüz sany nar beripdir. Bu soňky gelen kerwen Temmelleriň öz ýurdundan eken. Şonuň üçin Temmel perini, narlary we alan pullaryny olardan yzyna — aýalyna iberýär. Özleri bolsa, söwda etmäge gidirberýärler.

Temmeliň aýaly öz äriniň iberen zatlaryny we perini kabul edip alýar. Soň narlaryň birini iýmek üçin ýaryp görse, içi doly gymmatbaha daş eken. Soň barlap görse, beýleki narlaň içi hem şonuň ýaly eken.

Ýaltanyň aýaly naryň içindäki daşlardan birini bazara satmaga çykarypdyr. Bazardaky söwdagärler üýşip, bu daşy derrew aýdan ýerine satyn alypdyrlar.

Ýaltanyň aýaly bu pula ýer alypdyr. Ullakan jaý saldyrypdyr. Goýun, geçi edinipdir, örän oňat durmuş gurupdyr.

Ýalta bolsa söwdagär bilen barjak şäherine baryp, etjek söwdalaryny edip gutaransoňlar, yzlaryna gaýdyp, ýene-de şol guýuda düşýärler. Ýaltany suw almak üçin ýene-de guýa sallapdyrlar. Bu gezek hem suw alyp, yzyna çykjak bolanda, döw oňa ýüz sany nar beripdir.

Kerweniň oba gaýdyp gelýänini Temmel ýaltanyň aýaly eşidip, onuň öňünden çykypdyr. Ony öz saldyran täze jaýyna eltipdir. Ýuwundyryp, geýindirip, göreniň höwesi gider ýaly edipdir. Soň onuň öz iberen narlarynyň içi doly gymmatbaha daş ekendigini aýdypdyr.

Günlerde bir gün gyz atasy patyşany, özüni tanatman, öýlerine myhmançylyga çagyryp, hezzet-hormat edipdir. Atasy gitjek bolanda, şol gymmatbaha daşlardan ýedi sanysyny atasyna beripdir. Atasy muňa geň galyp durka, gyz atasyndan:

— Döwlet erkek adamyň başynda bolarmy ýa aýal maşgalanyň başynda? — diýip sorapdyr. Atasy:

— Erkek adamyň başynda — diýip, jogap beripdir.

Soň patyşanyň gyzy özüni tanadyp, atasynyň özüni ýalta äre berşini, onuň bolsa ýalta iş öwredip, şunça döwleti tapanyny aýdypdyr.

Patyşa muňa haýran galyp:

— Men ýalňyşan ekenim — diýip, öz ýalňyşyny boýun alypdyr.

Gadyrly okyjy, indi bolsa siz ertekini näçe esse ünsli okap bilýäniňizi barlap bilersiňiz
Synagy başlamak