GOŇURJANYŇ HEKAÝASY

Awtor: Kerim Gurbannepesow
Illýustrator: Maýa Lallykowa
1 049
~ 17 min.
 
1
Köne käliň ýanynda,
Ýaşyl kölüň ýanynda,
Daşy tokaý kemerli,
Başy süýt dek ümürli
Bir dagyň eteginde,
Atamyň ýatagynda,
Ýetimlikde ýetişdim,
It hatarna gatyşdym.
 
Atgulaklyk, gamyşlyk,
Toraňňylyk, akbaşlyk,
Çomuç ýaly gargylyk,
Çaýkel, serçe, gyrgylyk
Bir jeňňelde selpilläp,
Suw-batgada jülpülläp,
Ölmez ödi tapardym,
Awjagazlar gapardym.
 
Maslykda garga görsem,
Aw çokýan gyrgy görsem,
Topbajyk ýowşan görsem,
Düýbünde towşan görsem,
Hyşamy, ýylgyn görsem,
Düýbünde sülgün görsem,
Arkasyndan aýlanyp,
Bökerdim-de maýlanyp,
Lak-luk edip atardym,
Garnym sypar ýatardym.
 
Tomus depäm jokurdap,
Gyşda dişim şakyrdap,
Gyşda ýaza garaşyp,
Ýazda güýze garaşyp,
Güýzde gyşa garaşyp,
Gyşda guşa garaşyp,
Şol sümsüner ýörerdim,
Şol ymsynar ýörerdim.
 
Çekip agyr mähneti,
Tapa bilmän rehneti,
Iki gün dok, üç gün aç,
Mydar edip bialaç,
Ýaşlygymdan bekedim,
Ýöne, arman, ýekedim!
 
Maňa ýekelik derdi,
Şeýle bir azap berdi.
Ne ýoldaşym bolardy,
Ne goldaşym bolardy.
Şol dagyň eteginde,
Atamyň ýatagynda,
Mätäçligiň gerdinden,
Ýekeligiň derdinden
Gabaklarym tümmerip,
Öz-özüme “hüm” berip,
Garnymy suwa atyp,
Hyýal deňzine batyp,
Günümi batyrardym,
Daňymy atyrardym.
 
2
 
Ine bir gün baharda,
Bir çyglyja säherde,
Ýatagymy taşladym,
Ýoldaş gözläp başladym.
Takyrlardan-takyra,
Çukurlardan-çukura,
Çöllerden çöle gitdim,
Çölden jeňňele gitdim.
Ak gyýaklaň içinden,
Atgulaklaň içinden,
Ýollaryň ýakasyndan,
Bulaklaň sakasyndan,
Çöplerden çöpe gitdim,
Çöplükden çepe gitdim,
Soň sagyma aýlandym,
Sähralykdan saýlandym.
Depeden depä çykyp,
Ýapydan ýapa çykyp,
Ýene bir depä çykdym,
Bir towşana ýolukdym.
 “Towşan, towşan, eý towşan,
Pikirjigňi diý, towşan.
Atadan galyp ýeke,
Göz ýaşym döke-döke,
Ýetimligiň derdini
Ýaşlykdan çeke-çeke,
Ýekeligiň oduna
Ýandym, bişdim, tutaşdym,
Depä çykan badyma
Ilki saňa sataşdym.
Tüýs doganlyk göwünden
Dost bolaly şu günden!”
Diýip, geňeş salypjyk
Towşanjyga ýalbardym,
“Bolýa” diýdi gülüpjik,
Dostluk üçin el berdim.
 
Ýatagmyzy ulaltdyk,
Düşegmizi bolaltdyk,
Syçan, serçe köp eltdik,
Azygmyzy köpeltdik.
Towşanjyk-da meň bile
Bile gidip jeňňele
Gözjagazyn petredip,
Aýaklaryn titredip,
Çöpe bukup kellesin,
Gorka-gorka seýl etdi,
Eşdäýse möjek sesin
Gaçmaga-da meýl etdi.
 
Aňsam-da gorkaklygyn,
Gorkaklygnyň haklygyn
Biläýýänçäm mazaly,
Hiç zat aňmaýan ýaly
Doly hepde garaşdym,
Asyl köp-de garaşdym.
Sekizinji gün geçip,
Dokuzynjy gün geçip,
Onunjy gün asmanda
Ähli ýyldyzlar öçüp,
Gögi bulut bürände,
Howa garaňkyranda,
Asman göýä erän dek,
Aşak guýlup başlanda,
Ýerden deňiz ýörän dek
Suw-sil edip taşlanda,
Garnymyzy pitikläp,
Oýa çümüp ýatyrdyk,
Gapymyzy petikläp,
Sessiz dymyp ýatyrdyk.
 
Şeýdip dymyp ýatylsa,
Näme irmän bolýarmy,
Eger adyň it bolsa,
Heý-de üýrmän bolýarmy?
 
Bir zenzele eşidip,
Laňňa galdym ýerimden,
Gulaklarmy üşerdip,
Uky gaçdy serimden.
 
Üýrüp, ok dek atylyp,
Daşaryk çykdym weli,
Gorkusyndan tutulyp
Towşan şepämiň dili,
“Waý, möjek duýar” – diýip,
Aýagyma ýykyldy, –
“Seni-de iýer – diýip,
Meni-de iýer” – diýip,
Bazzy-buzzy peltekläp,
Dört tarapa ýaltaklap,
Goltugyma dykyldy.
 
“Tapan dostuň şu bolsa,
Uzak gidäýermikäň,
Başyňa bela gelse,
Söweş edäýermikäň?”
Diýip özüm-özüme,
Daňdandan ýola düşdüm.
 
3
 
Kölüň ýandan yzyma
Aýlanyp gola düşdüm.
Dag-jeňňelin goýmadym,
Sazak-selin goýmadym.
Jülge-dere goýmadym,
Başym ýere goýmadym,
Baryn aýlanyp çykdym,
Bir möjege ýolukdym.
 “Möjek, möjek, eý, möjek,
Bet pyglyňy goý, möjek,
Atadan galyp ýeke,
Göz ýaşym döke-döke,
Ýetimligiň hupbatyn
Ýaşlykdan çeke-çeke
Ýatagymy taşladym,
Ýoldaş gözläp başladym.
 
Bir towşana duş geldim,
Şapba-şupba dost boldum,
Emma ol towşanjykdan,
Ilkije duşanjykdan
Çykmansoň eden tamam,
Dostlugmyz boldy tamam.
 
Eşder bolsaň düýn agşam,
(Bilýänsiň, ýagdy ýagşam).
Dymyp ýatyrkak birden,
Golaýjakda bir ýerden
Eşdildi bir zenzele,
Ylgap çykyp jeňňele
Üýrüp başladym weli,
Tutulyp onuň dili
“Waý, waý, möjek ger!” diýip
 Jany çykypdy tasdan,
Şeýtsem dogry bor diýip,
El çekdim gorkak dosdan.
Men beýledir öýtmändim,
Tüýs bir züwwetdin eken.
Ölen däldir öýtmändim,
Çöregi bitin eken.
Şondan soň yzlaý-yzlaý,
Batyr dost gözleý-gözleý
Çapdym, her ýana çapdym,
Ahyry seni tapdym!”
 
Diýip aýdan dessime
Möjek güldi jak-jaklap,
Golun atyp üstüme,
Boýnumdan-da gujaklap,
Öz-özünden hoş bolup,
Keýpi uçdy guş bolup.
Belent tutup göwünni,
Ol şeýle bir öwündi.
 
Hi, sen goýaýgyn ýöne!
Şeýle bir sözler tapdy,
Ol öwüne-öwüne,
Tas çişip ýarylypdy.
 
Diýdi: “Sözüň rast bolsa,
Gözleýäniň dost bolsa.
Tüýs üstünden gelensiň,
Dosty saýlap bilensiň.
 
Tokaýyň ýaraşygy,
Itleriň hemrasy men,
Batyrlygyň aşygy,
Goýun-geçiň şasy men.
 
Towşan kimmiş deňimde?
Sen gaplaňdan habar ber!
Emr edäýsem, öňümde
Bir hepdeläp tans eder.
 
Batyr diýen bolýarlar
Aýa-da, ýolbarsa-da,
Dyza çöküp düýn olar
Uzyn gün ýalbarsa-da,
Bir bölek-de et bermän
Öýden jyrraldyp kowdum,
Bolup durşun äsgermän,
Aýyň aýagnam döwdüm.
 
Şepe, sözüň rast bolsa,
Gözleýäniň dost bolsa,
Tüýs üstünden gelensiň,
Dosty saýlap bilensiň!”
 
Undup utanç-haýany
Jypdyrsa-da görnetin,
Synap görmän “pälwany”
Gitmek bolmaz ahbetin!
 
Wepaly dostluk üçin
Basyşdyk penjämizi.
Gürrüň edişip içgin
Gören-eşdenjämizi.
 
Möjegiň ýatagyndan
Ümmülleşip ugradyk,
Depäniň eteginden
Ýola düşüp ugradyk.
 
Gyrmançalyk ýer bilen,
Gürleşýän dek ker bilen,
Gykywlap, üýrüp gitdik,
Tokaýa girip gitdik.
 
Uly şagyrdy turzup,
Agaçlary syndyryp,
Guş-gumryny ürküzip,
Höwürtgeden dyndyryp,
Bir-birege ynançly
Bakjaklaşyp barýarkak,
Ýatagmyza guwançly
Jak-jaklaşyp barýarkak,
Birden-kä garşymyzdan
Sojap, haşylap gelýän,
Tokaý iýmişlerinden
Doýup, myşylap gelýän
Mähnet aýyny görüp,
Möjek ýazzyny berdi.
Gaçanyny ýel görüp,
Gonanyny gol gördi.
 
Şeýtdi-de böri dostum,
Haýwanlaň piri dostum,
Gaplaňlary bökdürip,
Şiri dyza çökdürip,
Pilleri ýurtdan kowup,
Aýyň aýagny döwüp,
Tokaýy gorýan dostum,
Dünýäni sorýan dostum,
Heniz aýyň aýagy
Görünmäka gözüne,
Ýapyryp çal gulagyn
Tutdyrdy ümdüzine.
 
Şeýle bir gaçdy weli,
Penjämi serip galdym,
Çala bir pişge ýaly
Guýrugyn görüp galdym.
 
“Etmän heder-howatyr
Myş-myş edip ýör weli,
Tokaýda uly batyr
Aýy bora çemeli.
 
Ýogsa möjek dostum-da
Beýle gaçmazdy ondan!”
Diýip assa basdym-da,
Çykdym aýyň alnyndan:
 “Aýy dost-a, aýy dost,
Akyl-huşy goýy dost!
Atadan galyp ýeke,
Göz ýaşym döke-döke,
Ýetimlik derdeserin
Arkamda çeke-çeke,
Ýoldaş gözlegne çykdym,
Köp dostlara ýolukdym.
 
Emma olaň biri-de,
Towşanjyk-da, böri-de
Ýoldaşlyga ýaraman,
Gaçdy yzyn garaman.
 
Towşan möjekden gorkup,
Syp berdi ahyr soňy.
Möjek-de senden ürküp,
Ökje göterdi ýaňy!”
 
Diýemde äpet haýwan
Şeýle bir gödek güldi.
Kölüň ýandaky hoýwaň
Düýbi sarsan dek boldy.
 
Soňra başlady gepe:
– “Näsin aýdýaň it şepe!
Ýürek bolmaz möjekde,
Ökdäni görse ökde
Tibirdäbir aýagy,
Kimmişin möjek dagy!
 
Gaçdy diýýän möjegiň
Häzir alyp yzyny
Batyr dostum diýjegiň
Maslyjagnyň özüni
 
Taparyn uzak gitmän,
Barsa köle barandyr,
Ýogsa – köle-de ýetmän
Janjagazyn berendir!”
Diýende aýy şepäm,
Göge diredi depäm.
 
Ýekeligiň derdinden
Örtenip, bişdim diýip,
Haýwanlaryň merdinden
Bir dosta duşdum diýip,
Aýy bilen öpüşip,
Göwnüme aram tapdym,
Begenip öte düşüp,
Tasdan-da ýarylypdym.
 
Tokaý bilen müňzeşip,
Doganlara meňzeşip,
Süýji-süýji sözleşip,
Ölen möjek gözleşip,
Böwürslenlik jülgeleň,
Jigirdekli jylgalaň,
Garadolan, injirli,
Ýene şeýle ýüz dürli
Agaçlaň içi bile
Tirkeşip gele-gele
Sataşman ölen börä,
Gelip düşdüm bir örä.
 
Meniň aýy batyrym,
Akly goýy batyrym
Gördi-de bir çopany
Egnindäki gapany,
 
Birden kürtdürip durup,
Yza ýazzyny berdi.
Gaçanyny ýel görüp,
Gonanyny gol gördi.
 
Şeýle bir owşanaklap
Gaçdy weli çal aýy,
Günüň öňüni bekläp
Turuzýan tüweleýi,
 
Heniz guşluk bolmanka
Dünýä iňrik düşürdi.
Haýran galyp bu waka
Goýunlar-da üşerdi.
 
Tapan iň güýçli şepäm
Şeýdip daşlaşdy gitdi.
Ýatagyma ýetmäkäm
Ýolda hoşlaşdy gitdi.
 
5
 
“Etmän heder-howatyr
Şol aýlanyp ýör weli,
Dünýäde uly batyr
Adam bora çemeli!”
 
Diýen pikire gidip,
Çopanyň ýanna bardym.
Öňünde tagzym edip,
Dört bükülip ýalbardym:
 
“Çopan, çopan, eý çopan,
Maňa gulak goý, çopan!
 
Atadan galyp ýeke,
Göz ýaşym döke-döke,
Ýetimligiň ýüküni
Gerşimde çeke-çeke
Ýatagymy taşladym,
Dost agtaryp başladym.
 
Görsene, keç maňlaýma
Ilki bilen duşany,
Utanman, şu boýyma
Dost tutundym towşany.
 
Iýýäniň et bolansoň,
Adyň-da it bolansoň
Agzyň daňyp bolýarmy?
Üýrmän oňup bolýarmy?
 
Bir şagyr-şugur duýup,
Üýrdüm weli gijara,
“Waý, möjek geler!” diýip
Tas çaşypdy biçäre.
 
Bujagaz towşandan soň,
Dost tutdum äpet möjek,
Bar, ol-a towşan diýseň,
Sen muňa näme diýjek!
 
Bu-da bir aýy görüp,
Göneldäýdi guýrugyn,
Onsoň aýa gol berip,
Ýazyp dostluk buýrugyn,
Astyna gol goýuşyp,
Şu gün basdyk möhrüni,
Ýetişmäkäk duýuşyp
Doganlygyň mährini
 
Ine şol aýy bile
Şu ýabyň boýy bile
Gadam urup assaja,
Ýylgyryşyp myssaja
 
Gelýärkäk seni görüp,
Ol hem ýazzyny berdi.
Gaçanyny ýel görüp,
Gonanyny gol gördi!”
 
Diýdim weli, aksakal
Golun atyp boýnuma,
Diýdi: “Möjekdir-şagal
Getirmeseň goýnuma,
Edil häzirden başlap
Dost bolaly wepaly!”
Öňüme lukma taşlap,
Ýitirip tapan ýaly,
 
Gerk-gäbe doýýançam
Dürli-dümen ýal berdi.
“Bolýa, razy” diýýänçäm
“Dost bol!” diýip ýalbardy.
 
Ine şondan bäri-de
Men çopanyň goşunda,
Goýnun gorap börüden
Perwaz urýan daşynda.
 
Meniň adym Goňurja,
Özüm şeýle gyňyrja.
Lakamymdyr goýunçy,
Möjek görsem “oýunçy”.
 
“Böri men-ä böri men,
Goýun-geçiň piri men!”
Diýişip öwünýänleň,
Güýjüne guwanýanlaň,
 
Basýaryn men ýüzüne...
Adamyň iň zordygyn,
Görkezýärin gözüne
Kimiň-kime pirdigin.
 
Düşüp betlik ýoluna,
Çopanymyň malyna
Şol betler çozaýdymy,
Keýpimi bozaýdymy,
 
Onsoň ýaňky möjekler
Täzeje et iýjekler
Keýik dek gaça-gaça
Uçut daga çyksa-da,
Bürgüt dek uça-uça
Belent göge çyksa-da,
 
Syçan dek gaza-gaza
Ýer teýne sokulsa-da,
Balyk dek ýüze-ýüze
Girdapda bukulsa-da,
 
Gaplaň dek dişin gyjap,
Üstüme topulsa-da,
Ýa-da ýolbars dek sojap,
Urunyp, çapylsa-da,
 
Alkymyndan alýaryn,
Sypdyramok demimden,
Bokurdagna çalýaryn
Dişimdäki “emimden”.
 
Meniň adym Goňurja,
Özüm şeýle gyňyrja.
Lakamymdyr goýunçy,
Möjek görsem “oýunçy”
 
Durmuş tapdym sapaly
Çopanymyň goşunda,
Goýnun gorap wepaly
Perwaz urýan daşynda.
Gadyrly okyjy, indi bolsa siz ertekini näçe esse ünsli okap bilýäniňizi barlap bilersiňiz
Synagy başlamak