ÝALTA BILEN BAGT

Awtor: Kerim Gurbannnepesow
Illýustrator: Döwlet Akyýew
1 256
~ 22 min.

Bir mahal şeýle bir ýalta bolanmyş,
Boýy uzyn, akly kelte bolanmyş.
Dyrnagy kiçiräk palta ýalymyş,
Garny iki putluk halta ýalymyş.
Gün batandan günorta deň ýatarmyş,
Turandan soň öý goşlaryn satarmyş,
Näçe ýatdygyça, şonça-da hoşmuş,
Gaçgyny zähmetmiş, söýýäni aşmyş.
Iki eli bilen nahar iýermiş,
Gutarmanka “Ýene guýyň!” diýermiş.
Nirede gün ýaşsa, öýi şo ýermiş,
“Oýan, bagtym!” diýip, gygyr ýörermiş.
 
Ine bir gün ýaltamyzyň düýşünde
Döwlet guşy perwaz urup başynda,
Diýýär: “Gitseň Amyderýa tarapa,
Görersiň garşyňda uly bir depe.
Şol depede seniň oýandy bagtyň,
Şu günden buýana şat geçer wagtyň...”
 
Ýatagan gözlerni ýalpa açanda,
Görýär özün köne ýorgan içinde.
Zöwwe turup, töweregne seretse,
Gapdalynda jigijigi neresse:
“Eje, çörek!” diýip, aglapjyk ýatyr;
Enesi hem unaş bişirip otyr.
 
“Oýandy, oýandy, bagtym oýandy;
Işlemän iýmeli wagtym oýandy!
Amyderýaň ýanda bir depe barmyş,
Şonda maňa bagtym garaşyp durmuş.
Şol ýerden bagtymy almaga gitjek,
Bagtlylaň soltany bolmaga gitjek!”
Diýýär-de aýlanýar gazan daşyna,
Bir çanak unaşy çekýär başyna.
 
Babasyndan galan telpegin geýip,
Kakasyndan galan çepegin geýip,
Gündogar tarapa ýüzün öwürýär,
Tozanly ýel ýerden göge sowurýar...
 
Menzil-menzil ýollar aşýar Ýatagan,
Bir äpet gowaga duşýar Ýatagan.
Çöp-çalam büräpdir gowagyň daşyn,
Birden äpet ýolbars göterip başyn,
Gygyrýar: “Eý, ýigit, tupanly ýelde
Nirden nirä barýaň? Aýdyp geç, gel-de!
Tupan gowşaşýança, dynjyň al, ukla!”
– “Wah, ýatmaly bolsa, armanym ýok-la;
Näçe ýatdygymça maňa ýaraşýar,
Ýöne men howlugýan! Bagtym garaşýar!
Amyderýaň ýanda bir depe barmyş,
Şonda maňa bagtym garaşyp durmuş.
Şol ýerden bagtymy almaga barýan,
Bagtlylaň soltany bolmaga barýan”.
 
Onda ýolbars diýýär: – “Bäş aýdan bäri
Tapamok dünýäden derdime däri.
Güýz çykaly işdäm hiç zat alanok,
Näme bolýanyna düşüp bilemok.
Adamzadyň bagty bilgir bolarmyş,
Ähli derdiň dermanyny bilermiş,
Derdimiň dermanyn bagtyňdan sora,
Tapyp bilmezmikä derdime çäre?”
 
Ýaltaň haýpy gelip onuň halyna,
“Bolýar!” diýip, düşýär ýene ýoluna.
 
“Oýandy, oýandy,
Bagtym oýandy.
Işlemän iýmeli
Wagtym oýandy!”

Diýip, bir çetinden girende obaň,
Garşysyndan çykýar ak sakgal bagban.
– Waleýkim essalam! Gel, ýagşy ýigit.
Suwsansyň, açlansyň, çaý-suw içip git!
– Wah, atam, ýurduňa – iliňe gurban!
Maňa gije-gündiz iýmek ýaraşýar.
Ýöne men gyssanýan! Bagtym garaşýar.
Amyderýaň ýanda bir depe barmyş,
Şonda maňa bagtym garaşyp durmuş.
Şol ýerden bagtymy almaga barýan,
Bagtlylaň soltany bolmaga barýan.
  – Wah, wah, beýle bolsa, ýetewer, balam!
Bagtyňa mendenem köp dogaý-salam!
Adamzadyň bagty bilgir bolarmyş,
Ähli derdiň dermanyny bilermiş.
Ana, şol baglary görýärmiň, oglum,
Şoň içinde agardy şu sakgalym.
Dökün dökýän, düýbün depýän, suwarýan,
Her düýbüni bir synama deň görýän.
Astynda duranlar gögi görmeýär,
Emma bir düwdek-de miwe bermeýär...
Bu geň zadyň näme sebäbi, oglum,
Bagtyň bersin şuňa jogaby, oglum!”
Diýip, bagban Ýatagana sargapdyr,
Ýigit ýene hiňlenjiräp ugrapdyr:
 
“Oýandy, oýandy,
Bagtym oýandy,
Işlemän iýmeli
Wagtym oýandy!”...
 
Ýollar aşyp belendinden-pestinden,
Ýoly düşýär gök deňiziň üstünden.
Deňiz aždar ýaly çyrpynyp ýatyr,
Gök ýylgynlar suwa abanşyp otyr.
Depesinde ganat kakýar suwguşlar,
Şaýly gyz dek ygşyldaşýar gamyşlar.
 
Gamyşlaň içinde äpet bir balyk,
Geplänmiş Puşkiniň balygy ýalak:
– Essalawmaleýkim, adam balasy!
– Waleýkim essalam, suwuň lälesi!
– Hoş geldiň, adamzat, dynjyň al, otur!
– Wah, meniň dünýäde gözlegim şodur.
Oturmak, uklamak; iýmek hem içmek –
Bular meniň üçin – dört sany uçmah.
 
Maňa diňe şol dördüsi ýaraşýar,
Ýöne men gyssanmaç! Bagtym garaşýar!
Amyderýaň ýanda bir depe barmyş,
Şonda maňa bagtym garaşyp durmuş.
Şol ýerden bagtymy almaga barýan,
Bagtlylaň soltany bolmaga barýan”.
 Balyk eşidende beýle sözleri,
Guwanjyndan lowurdanmyş gözleri.
– Eý, adam balasy, üç aýdan bäri
Bir bela ýolukdym, tapamok täri.
Butnap bilýän ne ýokaryk, ne aşak,
Gönenäýjek, başym çümse başaşak.
Adamzadyň bagty bilgir bolarmyş,
Ähli derdiň dermanyny bilermiş.
Munuň sebäbini bagtyňdan sora,
Tapyp bilmezmikä derdime çäre?”
 
“Bolýar” diýip, ýalta derrew hoşlaşýar.
Ýoly çar baglygyň üstünden düşýär.
Çarbaglygyň daşy ullakan howly,
Göýä Köpetdagyň bölegi ýaly.
Ýap boýunyň uzyngök söwütleri
Guçup dur gökdäki ak bulutlary.
Göýä çagajyklaň ýaňagy ýaly,
Gyrmyzy öwüsýär bişen şetdaly,
Ýumruk ýaly gyzyl-gyzyl almalar
Şahalardan aşak sallanşyp durlar.
 
Baga eýe saýyp ýalta özüni,
Diňläp bilbilleriň hoş owazyny,
Syndyryp agaçlaň şahalaryny,
Saýlap bişen gyzyl almalaryny,
Iýip-içip, halys zerrin bolupdyr,
Howzuň gapdalynda uklap galypdyr.
 
Kyrk kenizin jemläp degre daşyna,
Patyşa gyz gelýär howzuň başyna.
Ynha bir seretse, howzuň boýunda,
Ýatan ýaly atasynyň öýünde,
Çigdiň gabygy dek etmän howatyr
Diň-arkan çäşerlip bir ýigit ýatyr.
 
Kesmek-kesmek kir basypdyr gulagyn,
Dyza çen çermäpdir ýyrtyk balagyn.
Dik asmana tutup äpet burnuny
Sypap ýatyr harman ýaly garnyny.
Düýbüniň şahasy-pahasy bilen
Omrulyp-jomrulyp süýräp getirlen
Ülje, armyt, alma, erik, şetdaly
Ýanynda üýşüp dur depe mysaly.
 
Birden ýalkym düşdi howuza, baga,
Ýalta ýaltansa-da ýerden galmaga,
Bar güýjüni jemläp galdyrdy başyn.
Garnyn sypap, bakdy töwerek-daşyn.
Bir görse, ýanynda kyrk keniz bile,
Saçynyň tarlaryn oýnadyp ýele,
Lowurdadyp lagly-merjen daşlaryn,
Gazap bilen çytyp keman gaşlaryn,
Bir perizat abanyp dur üstüne,
Ýüzläp kirpik gezelip dur kastyna.
 
Kellesin ýene-de telpegne goýup,
“Bä, bular ýatmaga goýmaz-ow!” diýip,
Ýene bir almany agzyna dykdy.
Şa gyzyň gazaby başyna çykdy.
Gygyrdy: “Eý, nadan, başyňy galdyr,
Nirden nirä barýaň? Kimdigiň bildir!
Bilýärmiň, eý telbe, nire bu ýerler?
Bu ýere patyşaň bagy diýerler.
Gulan düşse – toýnagyndan gyrkarlar,
Ynsan düşse – aýagyndan gyrkylar”.
 
Çylpyklan gözlerin owkalap ýalta,
Hyrçyn dişläp, başyn ýaýkalap ýalta,
Diýdi: “Haýbat atma, gözel perizat,
Indi men dünýäde jepadan azat!
 
Amyderýaň ýanda bir depe barmyş,
Şonde meniň bagtym garaşyp durmuş,
Bagtymy şol ýerden almaga barýan,
Bagtlylaň soltany bolmaga barýan!”
Şa gyz eşidende “Bagt” diýen sözi,
Şol bada açylyp gidenmiş ýüzi.
Özgäniň bagty däl, özüniň bagty
Onuň gözlerine saçanmyş ýagty.
 
– “Ýagşylyga gelen eý ýagşy, ýigit,
Bagyşla günämi, bagyşla, ýigit.
Köşgümde otursam – ýüregim gysýar,
Seýle çyksam – asman depämden basýar.
Gysyp-gowrup, alyp barýar ýüregim.
Awy ýaly iýýän aşym-çöregim.
Gutar meni gutulgysyz derdimden,
Tapmadym dermanyn atam ýurdundan.
Dermanyny bilip gelseň bagtyňdan,
Gelen günüň düşeýin men tagtymdan.
Giden ülkäň soltany bol, soltany!”
Diýip, şa gyz köşge eltip ýaltany,
Mermerli hammamda ýuwundyranmyş,
Ýüpek parçalardan geýindirenmiş.
 
Müň süriň içinden bir bedew saýlap,
Bedewiň esbabyn altyndan şaýlap,
Horjunyna goýup altyn kümüşler,
Bagtyň gözlegine ugradanmyşlar.
  “Oýandy, oýandy,
Bagtym oýandy,
Işlemän iýmeli
Wagtym oýandy!”...
 
Bagtynyň oýanan depesin gözläp,
Gyr atyň  üstünde gopbamsy sözläp,
Çapyp barýar belendinden-pestinden,
Atyň altyn nallarynyň astyndan
Topraklar syçyrap galýar asmana...
Barýar ýalta ýigit, barýar şol ýana, –
Barýar, Amyderýaň boýuna barýar,
Açyljak bagtynyň toýuna barýar.
Zer saply gamçysy elinde onuň,
Jöwherden hanjary bilinde onuň,
Çapýar ýigit atyn, aldygna çapýar,
Bagtynyň oýanan depesin tapýar.
 
– Essalawmaleýkim, oýanan bagtym!
– Waleýkim essalam, garaşan ýigdim!
Bagt ony ogşapdyr,
Ýigit hem bagty.
Olar biri-birin ogşaşan wagty,
Olaryň suratyn alanmyş suw hem.
(Şol alynan surat bolmaly şu hem).
 
– Sen meniň guwanjym, men seniň bagtyň,
Şu günden bu ýana şat geçer wagtyň.
Emma weli başlanyňda her işe,
Paýhasyň, yhlasyň bolsun hemişe!
Elmydama zähmet bolsun ýoldaşyň,
Ine şonda rowaç alar durmuşyň.
Indi bolsa beren soraglaň hakda
Meniň jogaplarmy ýadyňda sakla:
 
Şol dagyň ýanyndan geçäýseň eger,
Ol hassa ýolbarsa şeýle jogap ber:
Bir ýalta nadanyň etini iýse,
Göreni-eşdeni şol bolar eýse.
 
Ol balyk hakynda sözlesem eger,
Göwher şamçyragyn ýuwdandyr meger.
Şony aýryp, halas etseň balygy,
Ýene suwda sürüp biler şalygy.
 
Unutma, şa gyza şeý diýip aýt;
– “Häziriň özünde päliňden gaýt.
Seň altyn harmanyň barha beýgelýär.
Emma halkyň açlygyndan ýogalýar.
Il-halkyňa paýla hany-manyňy,
Şoldur seniň halas etjek janyňy!”
Hem barsa özüne mynasyp ýara,
Onuň keseline şol bolar çäre.
 
Aksakgal bagbana duşaýsaň ýolda;
Aýt, belaň körügi baglarda däl-de,
Onuň astyndaky altyn humlarda,
Şol sebäpli gurbat ýokdur gumlarda.
Şol humlary gazyp çykarmak gerek.
Ýogsa, bar zähmeti bolar biderek.
Ine onuň tapylgysyz dermany,
Aýt-da begendir garry bagbany!”
Diýip, bagty sözün soňlan dessine,
Ýigit galyp üzeňňiniň üstüne,
Uzyn zer käkilli, garynçga billi,
Ýer peşýän toýnagy altyndan nally,
Jylawyny çeýnäp duran gyr ata
Zerli gamçysyny çalýar bir gaýta.
 
Girende çarbagyň derwezesinden,
Köşgüň iň ýokarky mertebesinden
Seredip dur eken şa gyzyň özi.
– Gözüň aýdyň! – diýýär ähli kenizi.
 
Çekende Ýatagan atyň jylawyn.
Şa gyz egne döküp zülplerniň towun,
Ýigidi hormatlap düşürýär atdan,
Keseline derman isläp bagtdan.
Ýigit epeý basyp, gopbam görüşýär,
Şa gyz bolsa jogabyna garaşýar.
 
–  “Patyşahym, sargydyňy bitirdim,
Bagtymyň agzyndan jogap getirdim.
Taşlamaly biadyllyk ýoluňy,
Janyňdan-da eý görmeli iliňi.
Palawy itiňe berýän bolsaň sen,
Ýüpegi tikenli görýän bolsaň sen,
Halkyň seniň tötek nanyn tapanok.
Geýýän geými endamyny ýapanok;
Il-halkyňa paýla hany-manyňy,
Şomuş seniň halas etjek janyňy.
Hem barsaň özüňe mynasyp ýara,
Seniň keseliňe şol bolar çäre!”
 
Şa gyz nikabyny syrandan şol dem,
Utanyp, buluda girenmiş gün hem.
Göýä bagda başga bir gün dogupdyr,
Güller tagzym edip, başyn egipdir,
Guşlar ähli ýygnanyşyp daşynda,
Perwaz uranmyşyn gyzyň başynda.
 
– “Giden çarbaglygam seniňki bolsun,
Şu köşgem, şalygam seniňki bolsun.
Özümem seniňki şu günden beýläk!”
Ýatagan diýenmiş: “Ýok, patyşam, ýok.
Seniň şalygyňam maňa derkar däl,
Seniň il-günüňem maňa derkar däl.
Özümden başgalar dokmy ýa-da hor –
Meniň üçin näme tapawudy bar?
Öz bagtym oýandy! Besdir maňa şol!
Indi men ýatmaly! Hoş, şahym, sag bol!”
Diýip, göwresini oklap gyr ata,
Zerli gamçysyny çalýar bir gaýta.
 
Düşüp ýalta ýatyp iýmek küýüne,
Hä diýmänkä ýetýär deňziň boýuna.
– Salam, balyk şepe! Dünýäde barmyň?
Heniz hem gögüňe göz dikip durmuň?
Sen özüňi hassadyryn öýdüpsiň,
Sen hassa däl, göwher daşyn ýuwdupsyň!”
 
Guýrugyny bulap deňiz lälesi,
Diýipdir: “Hoş geldiň, adam balasy!
Hem-ä meni gutar agyr beladan.
Hemem özüň ýüklen kümüş-tylladan.
Şalar hem arzuwlap ömür boýuna,
Guwwaslar çümdürip deňiz teýine,
Duşýan däldir bu zeýilli baýlyga,
Sataşdyň sen hazynaly balyga...
Hazynaň eýesi bolduň sen indi!
Bagtyň gutly bolsun, adam perzendi!”
 
– “Bu akmak balyga seret-le hany,
Şu hem görgä goýjak bolýar-a meni.
Porsy temegiňe sokup elimi;
Näme bu adamlar tentek-dälimi?
Akmak balyk, meniň bagtym oýandy,
Islesem, bar dünýä meniňki indi!”
Diýýär-de, atyna bir gamçy urýar,
Aksakgal bagbanyň ýanyna barýar:
 
– Essalawmaleýkim, bagban ýaşuly!
– Waleýkim essalam, oglum, görşeli!
Atyndan hem düşmän bagt “tapan” oglan,
Biedep görüşýär aksakgal bilen.
Gopbamsy gaýşaryp atyň üstünde,
Diýenmişin: “Bu agaçlaň astynda
Äpet-äpet humlar ýatanmyş, atam,
(Bagtym şeýle diýdi, däl meniň hatam!)
Humlaň içindäki altyndyr kümüş
Agaçlara miwe düwdürmeýärmiş”.
Ýaltanyň boýnundan gujaklap bagban,
Diýenmiş: “Bagtymyz getirdi, balam!
Gazyp çykaryşsaň humlaň baryny,
Böl-de özüň alaý des-deň ýaryny!”
 
– “Haý akylsyz garryň aýdýanna seret,
Bu akyly bar-da ogluňa öwret!
Jepa çekip, ýer gazmaryn men indi,
Düşün ahyr, meniň bagtym oýandy.
Men gezmeli indi göwün hoşuma,
Posly humuň ýapaýynmy başyma.
Indi öz günüňi özüň gör, ata!”
Diýýär-de, gamçyny basýar gyr ata.
 
Nazar alyp ýolbars ýatan tarapyn,
Gyr at düýrüp barýar ýoluň tanapyn.
Söküp gyzgyn gumlaň depelerini,
Tapýar ahyr ýolbars ýatan ýerini.
 
– “Essalawmaleýkim, eý, ýolbars aga,
Dermanyňy bildim, böküber göge!”
Diýýär-de, Ýatagan atyndan düşýär,
Ýolbars bilen sowuk-sala görüşýär:
– “Seniň üçin gutulmagyň emeli,
Bir ýalta nadanyň etin iýmeli!”
 
Hassa ýolbars oňa bakyp hyrydar,
Bütin ömri üçin bolup minnetdar,
Diýýär: – Dynjyňy al, keýpiňi durla,
Iýeniň özüňki, eşdeniň gürle!
Günüm sanap, ýoluň garap otyryn,
Gelenden-geçenden sorap otyryn”.
Ýalta barha batlandyryp sözüni,
Ilki bilen taryp edýär özüni.
Soň gürleýär uly çarbaglyk hakda,
Deňiz içindäki şol balyk hakda.
Gürleýär näzenin şa gyzy hakda,
Ýanyndaky ähli kenizi hakda.
Ýaňrap ähli eden işi hakynda,
Ýolbarsyň ýüzüne gülüp bakanda,
Ýolbars diýýär: – “Aklyn çaşyran ýigit,
Bu bolşuňa seni näme etsin bagt!
Ýigrim bäş-de aýny ýaşyň içinde,
Bir zerre akyl ýok başyň içinde.
Syrymy gizlämok, ýanyňda açýan:
Ýalta gözläp, asla gitmerin hiç ýan.
Ýaltanyň ýaltasy geldi gaşyma,
Derdimiň dermany gondy başyma!”
Diýip, ony lak-luk garnyna atýar,
Ine şu ýerde-de erteki bitýär.
 
Bu erteki köneleriň beýany,
Manysyn aňlanlar, görmez zyýany.
Öküze-de iým ýok, ýatsa biderek,
Bagty zähmet bilen gazanmak gerek.
Gadyrly okyjy, indi bolsa siz ertekini näçe esse ünsli okap bilýäniňizi barlap bilersiňiz
Synagy başlamak