GYSGAJYK ERTEKILER

Awtor: Atamyrat Atabaýew
Illýustrator: Döwlet Akyýew
3 037
~ 6 min.

1.
 
– Jigim, saňa erteki
Aýdaýynmy?
Aýdaýyn!
– Aýt, diňläýin aýdanyň,
Oturaýyn arkaýyn.
 
– Bir bar eken,
Bir ýok eken,
Bir tilkijik bar eken,
Özem örän hor eken,
Tilkiň öýi dar eken,
Myhman almaýar eken.
 
Bu erteki eý, jigim,
Ine şeýdip başlanýa.
Diňlediňmi oňatja,
Aýdaýynmy başdan ýa?
 
2.
 
Jigim, täze erteki
Diňlejekmi ýa-da ýok?
Üýtgeşik ertekini
Geňlejekmi ýa-da ýok?
 
– Aýt, diňläýin, diňläýin,
Diňläýin, geňlemäýin.
 
– Gadym zaman bir baýyň
Owadan gyzy barmyş.
Hiç kime barmaýarmyş.
Baran pälwany ýykyp,
Garnyny garnaýarmyş.
  Baý bolsa gahar edip,
Gyzyna gargaýarmyş.
Aýlar geçýär,
Gün geçýär,
Gyz kem-kem garraýarmyş.
Baý ölüpdir,
Baýlygy
Gün-günden dargaýarmyş.
Garyp galan garry gyza
Hiç sawçy barmaýarmyş.
Gyzyň ady Abadan,
Aýdaýynmy ýaňadan?
 
3.
 
– Ýene-de bir erteki
Diňlejekmi aý, jigim?
– Wah, aýtsaňa, diňläýin,
– Onda gulak goý, jigim!
 
Owalam bir
bir garyp
Gelýär eken köçeden.
Dony barmyş deriden,
Telpegi bar keçeden.
Ýanynda bar pişigem,
Ýanynda bar geçisem.
Ýadan eken üçüsem.
Üçleriň üsti başy
Gömlüpdir çaň-çägeden.
Ertekimiz gutardy,
Aýdaýynmy täzeden?
 
4.
 
Bir ýetim gyz bar eken,
Öweý eken enesi.
Gyzy horlaýar eken.
 Gyzyň bolsa sährada
Gelýär ylgap gezesi.
Enesi bolsa oýna
Goýbermeýär ekeni.
Wagt tapyp, gitjek bolsa,
Maý bermeýär ekeni.
Ik egirdip,
Iş etdirip,
Özi bolsa uzyn günläp,
Uzyn günläp ýatarmyş.
Gyz bolsa odun ýygyp,
Palta bilen çaparmyş.
Hem çöpleme çöplärmiş,
Hem kömelek taparmyş.
Gidermiş guýa suwa,
Ýygarmyş ýelmik, ýuwa.
Hem-ä nahar bişirip,
Hem oň çaýyn gaýnadan.
Erteki tamam, jigim,
Aýdaýynmy gaýtadan?
 
5.
 
Öňem bir oglan barmyş,
Goňşularyň bagyndan
Erik ogurlaýarmyş.
Erik entäk çig eken,
Saralardan ir eken.
Çig erigi iýeniň
Içi agyryp başlan.
Onsoň onuň ejesi
Tebip çagyryp başlan.
Ogurlykda tutulan –
Derman içip gutulan.
Gutulansoň goňşy hem
Günäsin bagyşlanmyş.
Şol günden soň, ol oglan
Ogurlygyn taşlanmyş.
 
Indi ondan razy
Goňşy, ata-ene-de.
Ertekimiz gutardy,
Aýdaýynmy ýene-de?
 
6.
 
Iki oglan urşupdyr,
Urşupdyr iki çaga.
Bir-birne kesek zyňypdyr
Hem-de sowrupdyr çäge.
 Olaň ata-enesiniň
Ýüzi gyzaryp, agaryp,
Dury gözleri alaryp,
Sögüşip, agzy alaryp,
Çagaň jeňine goşulyp,
Tersleşipdir goňşular.
Eýýäm urşan iki oglan
Oýnap ýör eken ýaraşyp.
Obaň gyrasynda duran
Ullakan depä ýarmaşyp.
 
Goňşular bolsa henizem
Gezip ýörmüşin ýaraşman.
Erteki tamam boldy,
Aýdaýynmy ýamaşgan?
 
7.
 
Ertekimiz erte boldy,
Guýrujagy jorta boldy.
Käbirisi hezil boldy,
Käbirsi morta boldy.
Gündiz eýýäm geçip gitdi,
Gije bolsa orta boldy.
Orta boýly Orazmyrat
Toýdan alan omaçasyn
Alabaýa aldyrdy.
Doýanyny bildirdi.
Sanawaç aýdyp berdi.
Sanawajyň sany kän,
Sanawaçda many kän.
Garlawajym garlawaç,
Bir garny dok,
Bir garny aç,
Ajam bolsa asylly,
Guşam bolsa akylly.
Erik şänik çakyldy,
Maňzy ýere döküldi,
Onuň maňzyn kim iýjek?
Meň akja jigim iýjek!
Akja jigim eýjejik,
Uky bürýär gözüni.
Ertekiler gutardy,
Ýatalyň-a ýatalyň,
Ýassyk bagşyny diňläp,
Ýorgan galaň içine
Özümizi atalyň!