HILEGÄR SERÇEJIK

Awtor: Berdi Kerbabaýew
Illýustrator: Döwlet Akyýew
953
~ 27 min.
  
1
 
Bar eken ýa ýok eken.
Ýeriň ýüzi gök eken.
Dört pasylyň içinde
Göwün açýan çag eken.
Elwan öwsüp gülälek,
Guşlar saýraýarmyşyn.
Ýuwa, ýelmik, kömelek
Näçe diýseň  barmyşyn.
Howa örän tämizmiş,
Yssy, sowuk ýokmyşyn.
Mallar oňat semizmiş,
Guşjagazlar dokmyşyn.
Käte ýagyp ýagynlar,
Suwlar şarlap akýarmyş.
Oýnaýarmyş oglanlar.
Gyzlar läle kakýarmyş...
_____________
 
Bir oglanjyk barmyşyn,
Oglanlara ýarmyşyn,
Ady onuň Taýlymyş,
Çirtmejik gurýarmyşyn.
Birje serçe görenmiş,
Golaýjagna baranmyş,
Serçejigiň bolşuna
Taýly haýran galanmyş...
 
Serçejik lap urýamyş,
Dürli hile gurýamyş,
Emma ätmesin bilmän
Towsup-towsup ýörýämiş.
Gögüň diregimişin
Çöpden inçe injigi.
Ýeriň bezegimişin
Gözleriniň monjugy...
Taýlyny ol äsgermän
Golaýjagna gelenmiş,
Ýöne gelip hem durman
Jykyr-jykyr gülenmiş.
Depesinde gaýmalap,
Namany ol ýoýýanmyş:
Guýrujagny bulaýlap,
Hapa zadyn guýanmyş...
 
Serçe çyglyp bat bilen
“Tüýkürensoň” üstüne...
Köýnejigni ot bilen
Süpürensoň dessine,
Taýly oňa diýipdir:
– Sen nähili akmajyk!
Äsgermezlik aýypdyr,
Bolşuň nähili mojuk!
Sen bir hilegär serçe...
Menem ýöne däldirin.
Sende arym bar ençe,
Kimdigimi bildirin.
Ganatyňa guwanma,
Ahyrynda gonarsyň,
Hiläňe sen begenme,
Kapasdaka dönersiň.
Ýakdyň, özüň bişersiň:
Çirtmegime düşersiň!..
 
2
 
Serçe arap mekany
Gür ýandakda ýatypdyr.
Onuň gury tikeni
Guýrujagna batypdyr.
Turupdyr-da ir bilen
Jürrül, jürrül, jürrüldäp,
Dolup namys ar bilen
Özüne hosdar iýdäp,
Gök meýdanda görüpdir.
Sakgallak bir geçini,
Ýanjagazna barypdyr
Aldyrmaga öjüni...
 
Serçejigiň yzyndan
Taýlam derrew baranmyş,
Gizlenip oň gözünden
Görünmänjik duranmyş.
 
Geçi böwrün diňirgäp,
Serçejige garapdyr,
Onuň bolşun geňirgäp,
Hal-ahwalyn sorapdyr.
 
Serçe geçä baş ägip,
Uly hormat goýanmyş,
Jürrül, jürrül, jürrüldäp,
Şeýle bir zat diýenmiş:
– Şahlaryňa men gurban,
Sakgalyňa döneýin!
Ýannak dänesi derman,
Iý, gurbanyň bolaýyn!
Bar-da bökjekläp, oýnap,
Şol ýandagy iýsene!
Pürün, dänesin çeýnäp,
Oň ýoguna köýsene!..
 
Sakgalyny silkipjik,
Şyrkylladyp toýnagyn,
Diýýär geçi:
– Akmajyk,
Örän daşda oýnagyn!
Ýaz otlary dyzymdan
Derman püri, baldagy.
Gan akdyryp agzymdan
Iýerinmi ýandagy?..
Sen-ä akmak ekeniň,
Ugra derrew ugruňa.
Goý ýandagyň tikeni
Çümsün seniň guýrugňa!..
 
Serçe gamgyn garansoň,
Diýipdir:
– Eý, naýynjar!
Ýa ýandagy iýersiň,
Ýa-da bagryňa hanjar!..
 
Sakgalyny galgadyp,
Geçi batly bökende,
Serçe ganatyn ýaýyp
Depesine çykanda,
Jürrülläp ol diýipdir:
– Taparyn seni iýjegi...
 
3

Birdenkä-de görüpdir
Mähnet gyňyr möjegi.
Hatap ýaly açykmyş
Şol möjegiň giň agzy.
Gulaklary ýaprykmyş,
Gyzaranmyş gök gözi.
 
Serçejigiň yzyndan
Taýlam derrew baranmyş,
Gizlenip oň gözünden
Görünmänjik duranmyş.
 
Ýandajygyň awysyn
Serçe eýýäm unudyp,
Geçidäki namysyn
Öteräk alaryn öýdüp,
Joňk-joňk edip baş egip,
Salam berip barypdyr.
Gurdy wasp edip, öwüp,
Arz etmäge durupdyr:
– Eý edermen, eý batyr!
Gör nähili howatyr!..
Hol ýerde bir geçi bar,
Ynam edip şahyna,
Ejizleri horlaýar,
Gelmeýär hiç parhyna...
Ýapyrlypjyk ädim ät,
Bar sen hol gök dereden.
Menden saňa nesihat,
Doý bir ganly şaradan!..
 Uwlap ulumsy möjek
Diýpdir oňa şeýle söz:
– Sen nähili akmajyk,
Owarra bol, daşda gez!
Datly tagam toklyda!
Garry geçä agyz urman.
Ejiz janyň sakla-da,
Görkez ýeňsäňi durman!
Sen-ä akmak ekeniň,
Ugra derrew ugruňa!
Goý ýandagyň tikeni
Çümsün seniň guýrugňa!..
 
Serçä şol söz hoş ýakman,
Diýpdir:
– Eý ganhor jellat!
Göndererin men hökman
Başyňa bir musallat!..
 
Syrtardyp dişin, ernin
Diýpdir gazaply möjek:
– Iýýän hemişe mendirn!
Kimmiş ol meni iýjek?!
Möjek towsup zyňanda,
Serçe zordan uçupdyr.
Jür, jür, jürrüldäp şonda
Ganat gerip gaçypdyr...
 
4
 
Serçe nalaç galanmyş,
Haly weýran bolanmyş...
Görse tüpeňin oklap,
Ýörenmişin bir awçy.
Kä ylgap, kä bukdaklap,
Kä duranmyş bir awçy.
 
Serçejigiň yzyndan
Taýlam derrew baranmyş,
Gizlenip oň gözünden
Görünmänjik duranmyş.
 
Geçiň salan awusyn
Serçe eýýäm unudyp,
Möjekdäki namysyn
Öteräk alarn öýdüp,
Joňk-joňk edip baş egip,
Salam berip barypdyr.
Awçyň kärini öwüp,
Arz etmäge durupdyr:
– Eý awçy dost, bol taýýar...
Öňi bilen gulak goý:
Hol ýerde bir möjek bar,
Aýylganç örän baý-baýe-ýeý!
 
Gyzarypdyr gözleri,
Agzyn açyp pallaýar.
Parçalap guzulary,
Gyzgyn ganyn ýalaýar.
 
Mergen aga, äginmän,
Garşysynda ýatsana!
Ugra derrew sagynman
Pis möjegi atsana!..
 
Awçy gülüp diýipdir:
– Göräýmäge eýjejik.
Ýöne welin haýypdyr – 
Akylsyz bu serçejik!
 
Atmak, urmak, awlamak
Bolsa bolsun meň kärim.
Möjegi men halamok,
Zaýalaman ok, därim.
 
Sen eý sähne serçejik,
Goýma meni ýolumdan.
Uçsaň ganat ýaýypjyk,
Gutularsyň ölümden.
 
Sen-ä akmak ekeniň,
Ugra derrew ugruňa.
Goý ýandagyň tikeni
Çümsün seniň guýrugňa!
Serçe diýipdir:
– Başyňa
Bir musallat ýagdyryn,
Aýlanarsyň huşuňa,
Özüme boýun egdirin!
Ýa möjegi atarsyň,
Ýa-da öli ýatarsyň!..
 
Awçy diýpdir şol pille:
– It gargar-gurda ýokmaz.
Şeýle nakyl bar ilde:
“Serçeden gorkan ekmez”.
 
Mergen batly ädende,
Serçe gorkup uçupdyr.
Jür-jür, jürrüldäp şonda,
Ganat gerip gaçypdyr.
 
5
 
Gaýgy, gamly serçejik
Ganatyny geripdir..
Birdenkä bir syçanjyk
Görüpdir-de, barypdyr.
 
Serçejigiň yzyndan
Taýlam derrew baranmyş,
Gizlenip oň gözünden
Görünmänjik duranmyş.
 
Gurduň beren awysyn
Serçe eýýäm unudyp,
Awçydaky namysyn
Öteräk alarn öýdüp,
 
Joňk-joňk edip baş egip,
Salam berip barypdyr.
Syçany synlap, öwüp,
Söz aýtmaga durupdyr:
– Sen, eý syçan, bol taýýar,
Ilki sözüm diňle sen:
Şu ýerde bir awçy bar,
Onuň päli köp ýaman!
Jandar görse atyp ýör,
Uly, kiçi saýgarman,
Birden üstüňden geler,
Soňra çekersiň arman!
Eý syçan dost, bol hüşgär,
Tap oň irkilýän ýerin.
Gutusyny deşişdir,
Kertip taşla kemerin!
Çäge bilen garyşsyn,
Dökülip oň därisi.
Huşy başyndan uçsun,
Galmasyn oň çäresi!..
Syçanjyk öz hininden
Göwresini çykarman,
Diýpdir syçan dilinden,
Serçäň golaýna barman:
– Hilä aldanarmykam?..
Ýok ambaryň kem ýeri.
Dürli däne tapýarkam,
Kerterinmi kemeri?
Gury guta diş urman!
Işiň bilen bol serçe.
Ýogsam ýüzüňi görmen,
Meniň pendim al, serçe
Sen-ä akmak ekeniň,
Ugra derrew ugruňa.
Goý ýandagyň tikeni
Çümsün seniň guýrugňa!
 
Armanlyja ötersiň
Diýpdir serçe:
– naýynjar, –
Ýa gutyny kertersiň,
Ýa-da bagryňa hanjar!..
 
Guýrujagny bulaýlap,
Jyzzyllapdyr syçanjyk:
– Çekil, gelme golaýlap,
Sen, eý akmak serçejik!
 
Serçe ökje ogurlap,
Gazap bilen bakypdyr.
Onsoň naýynjar jürläp,
Ganatyny kakypdyr...
 
6
 
Serçe uçup barýarka,
Uçmakdan ol arypdyr...
Töweregni garýarka,
Ýaban pişik görüpdir.
 
Serçejigiň yzyndan
Taýlam derrew baranmyş,
Gizlenip oň gözünden
Görünmänjik duranmyş.
Awçyň beren awysyn
Serçe eýýäm unudyp,
Syçandaky namysyn
Öteräk alarn öýdüp,
Joňk-joňk edip joňkullap,
Salam berip barypdyr.
Böwri bir az müňkülläp,
Demini alman durupdyr...
 Pişik murtun sallapdyr,
Serçä hyýal hem etmän,
Agzyn açyp pallapdyr,
Serçä habar hem gatman,
Onsoň murtun sypalap,
Penjesini ýalapdyr.
Özün bir az apalap,
Serçejige garapdyr:
– Ýer-ow, näme beýle sus,
Eý serçäniň çagasy?
– Arzyma meň gulak as,
Syçanlaryň agasy!..
Murdar syçan abşarýar,
Ýer astyny dörüp ýör.
Däneleri daşaýar,
Urulary ýaryp ýör.
Ýerin, oýun çemeläp,
Şoň hinine ýetsene.
Ýagyrnyndan penjeläp,
Derrew lak-luk atsana!
Tagam berer dişiňe,
Özi örän semizje.
Peýda eder huşuňa,
Eti teýdar tämizje!..
 
Pişik murtun taýzardyp,
Gorkuzypdyr serçäni.
Bol et tapýanyn aýdyp,
Diýipdir:
– Iýmen syçany!
Onuň ysy näteňet,
Golaýlatman özüme.
Sen bir samsyk eteňet,
Görünme  meň gözüme!
Sen-ä akmak ekeniň,
Ugra derrew ugruňa.
Goý ýandagyň tikeni,
Çümsün seniň guýrugňa!
Serçe wyjyrdap onsoň
Edip abaý-syýasat:
Syçany sen iýmeseň,
Boýnuň ýüpli hasap et!..
 
Pişik gözün üşerdip,
Ýolbars ýaly böküpdir.
Guýrujagny gyşardyp,
Serçe ganat kakypdyr...
 
7
 
Serçe pişik hakynda
Ençe oýlanan eken...
Ýaş oglanlar ýakynda
Aşyk oýnaýan eken.
Serçejigiň yzyndan
Taýlam derrew baranmyş,
Gizlenip oň gözünden
Görünmänjik duranmyş.
 
Syçanjygyň awysyn
Serçe eýýäm unudyp,
Pişikdäki namysyn
Öteräk alarn öýdüp,
Joňk-joňk edip baş egip,
Salam berip barypdyr.
Bir gülüp ol bir degip,
Arz etmäge durupdyr:
– Oglanjyklar, sözüm hak,
Gördüm bir ýaban pişik,
Murty syh-syh gözi gök,
Aýaklary çap-çaýşyk.
Boýnuna siz ýüp dakyp,
Oýnaň ony bir salym.
Dyrnar tyzzyllap, böküp,
Etmeseňiz mum-helim:
Bir oglanjyk onýança
Jak-jak urup gülüpdir:
– Bu nä akmajyk serçe,
Muňa näme bolupdyr?
Aşyk barka hiç haçan
Oýnamarys pişigi.
Dostumyz ol açaçan,
Oýnarys biz aşygy.
Özüň örteme yzlap,
Bizden örän daşda gez!
Kesek barmaňka wazlap,
Ganatyňy basym ýaz!
Sen-ä akmak ekeniň,
Ugra derrew ugruňa.
Goý ýandagyň tikeni,
Çümsün seniň guýrugňa!..
 
Serçe diýpdir.
– Uşaklar,
Haý, haý ýamandyr takdyr:
Al asmandan arwahlar
Depäňize daş ýagdyr!..
 
Wazlap baran bir kesek
Uçan serçä daklyşyp,
Guýrugyndan bir ýelek
Goparypdyr kaklyşyp.
 
8
 
Gamly, gorkuly gözler
Al asmandan garapdyr...
Görse toparçak gyzlar
Sansyz pişge darapdyr.
Serçejigiň yzyndan
Taýlam derrew baranmyş,
Gizlenip oň gözünden
Görünmänjik duranmyş.
 
Syçanjygyň awysyn
Serçe eýýäm unudyp,
Pişikdäki namysyn
Öteräk alarn öýdüp,
Joňk-joňk edip baş egip,
Salam berip barypdyr,
Bir gülüp ol bir degip,
Arz etmäge durupdyr:
– Gyzlar, diňläň sözüm hak,
Gördüm bir ýaban pişik,
Murty syh-syh gözi gök,
Aýaklary çap-çaýşyk.
Boýnuna siz ýüp dakyp,
Oýnaň ony bir salym.
Dyrnar tyzzyldap, böküp,
Etmeseňiz mum-helim!..
 
Bir gyzjagaz onýança
Jak-jak urup gülüpdir:
– Bu nä akmajyk serçe!
Muňa näme bolupdyr?
Pişge barka hiç haçan
Oýnamarys pişigi,
Iş öwreners açaçan,
Horlamarys pişigi.
Özüň örteme yzlap,
Bizden örän daşda gez.
Kesek barmaňka wazlap,
Ganatyňy basym ýaz.
Sen-ä akmak ekeniň,
Ugra derrew ugruňa.
Goý ýandagyň tikeni
Çümsün seniň guýrugňa!..
 
Serçe çekip ah-wahlar,
Diýpdir:
– Ýamandyr takdyr:
Al asmandan arwahlar
Depäňize daş ýagdyr!..
 
Wazlap baran bir kesek
Serçejige daklyşyp,
Ganatyndan bir ýelek
Goparypdyr kaklyşyp.
 
9
 
Görejine zat ilmän,
Bar umydy ýitipdir.
Indi nätjegni bilmän,
Agyr gaýga batypdyr.
 
Ýitirip ol ugruny
Ziňkidikläp ugransoň,
Ganat bilen guýrugy
Kesek bir az gyransoň,
“Endam-janym eý-weeý!”
Zordan galypdyr serçe...
Tötänden bir tüweleý
Turan eken onýança.
Pişge dagap eleşan
Galanmyşyn asmana...
Al asmanda gaýyşýan
Ak guşlarmyş hamana...
Gyzlar edip gykylyk
Pişgä bakan eňenmiş...
Şeýle bir başagaýlyk
Oglanjyklar aňanmyş...
Bir görseler asmanda
Akja guşlar gaýýarmyş.
Ýokmuş hasap-da, san-da,
Ganatlarny ýaýýarmyş...
Oýundan elli bizar,
Aşyk dargap galypdyr.
Gykylyk hem ahy-zar
Gulaklarna ilipdir...
Güpbe birden ýatlarna
Düşüp çalja serçejik,
Päsgel berip batlarna
Hilegärje serçejik.
Düşüpdirler ýöwsele...
Serçe däldir! nämekä?
Galypdyrlar howsala:
Ýaban pişik nirdekä?..
Eňipdirler ýapydan
Gaýga galyp başlary,
Akja guşlar depeden
Eňtermäňkä daşlary...
Serçäň turzan oýnuna
Taýly haýran galypdyr.
Gür ýandagyň goýnuna
Çirtmejigni salypdyr.
 10
 
Ýaban pişik bir görse,
Gelýärmişin oglanlar.
Ýüpli, taýakly hersi,
Sansyzmyşyn ylgaýanlar.
Gözsüz gowgaly başlar
Dazyrdaşyp gelýärmiş.
Asmanda-da ak guşlar
Patrak ýaly gaýýarmyş...
Gupbe birden ýadyna
Düşüp çalja serçejik,
Päsgel berip badyna,
Hilegärje serçejik.
Düşünmändir asyla,
Serçe däldir, nämekä?..
Düşüpdir ol howsala,
Serçe däldir, nämekä?..
Birden oýlanypdyr ol:
“Pälimden men gaýdaýyn.
Serçe däldir, itdir ol,
Eýsem indi nädeýin?”
 
Syçanjygy ýuwtmagy
Küýlenip ol galanmyş...
Bir oglanyň syrtmagy
Guýrugyna ilenmiş...
Syrtmakdan ol sypanmyş
Dyzap, dyzap ahyry.
Aldygyna çapanmyş,
Syçandamyş gahary...
 
11
 
Syçan aryp gelende,
Görenmiş şol tupany...
Pişge gözi ilende,
Tassan çykanmyş jany.
Dürli gowgaly başlar
Dazyrdaşyp gelýämiş.
Asmanda-da ak guşlar
Patrak ýaly gaýýarmyş...
Güpbe birden ýadyna
Düşüp çalja serçejik,
Päsgel berip badyna,
Hilegärje serçejik.
Düşünmändir asyla,
Serçe däldir, nämekä?
Düşüpdir ol howsala,
Serçe däldir, nämekä?
Gorkup sulhdan düşüpdir:
“Pälimden men gaýdaýyn.
Serçe däldir, pişikdir...
Eýsem indi nädeýin?..”
Haly onuň ne ýaman!
Görmän hine – “ýorgana”,
Zyrmyrlyp ol şol zaman
Okdurlypdyr mergene...
 
12
 
Awçy birden eşdipdir
Gyk-bak uly zenzele...
Ýüregine düşüpdir
Gorkuly bir howsala...
Syçan şeýle çapýamyş.
Pişik onuň yzynda.
Goýry tozan gopýamyş,
Ýelsiz günüň özünde.
Dürli gowgaly başlar
Dazyrdaşyp gelýämiş.
Asmanda-da ak guşlar
Patrak ýaly gaýýamyş...
Güpbe birden ýadyna
Düşüp çalja serçejik,
Päsgel berip badyna
Hilegärje serçejik.
Düşünmändir asyla,
Serçe däldir, nämekä?
Düşüpdir ol howsala,
Serçe däldir, nämekä?
“Serçäň aýdany çyndyr,
Pälimden men gaýdaýyn”.
Serçe däldir, syçandyr.
Eýsem indi nädeýin?
Ýersiz dowula düşüp,
Durman asyl şol ýerde,
Tüpeňine ýapyşyp,
Okdurlanmyş ol gurda...
 
13
 
Bir toklyny atanmyş,
Gurduň agzy gan eken.
Mymyrap ol ýatanmyş,
Göýä diýrsiň han eken...
Möjek birden eşdipdir
Gyk-bak uly zenzele.
Ýüregine düşüpdir
Gorkuly bir howsala.
Mergen ylgaýamyşyn
Töweregne göz edip.
Goly galgaýamyşyn,
Tüpeňini uzadyp.
Syçan şeýle çapýamyş,
Pişik onuň yzynda.
Goýry tozan gopýamyş,
Ýelsiz günüň özünde.
Dürli gowgaly başlar
Dazyrdaşyp gelýämiş.
Asmanda-da ak guşlar,
Patrak ýaly gaýýamyş...
Güpbe birden ýadyna
Düşüp çalja serçejik,
Päsgel berip badyna
Hilegärje serçejik.
Düşünmändir asyla,
Serçe däldir, nämekä?
Düşüpdir ol howsala,
Serçe däldir, nämekä?...
“Işim gören geçidir!”
Pälimden men gaýdaýyn.
Serçe däldir, awçydyr!
Eýsem indi nädeýin?..
Gorkup dört ýana urnup,
Oýlanypdyr ol ençe...
Agzyn açyp ýapyrlyp,
Okdurlypdyr ol geçä...
 
14
 
Geçi otlap ýörenmiş
Giň meýdanda asuwda...
Birdenkä ol duranmyş,
Göýä gowgaly ýowda.
Birdenem ol eşdipdir
Gyk-bak ala zenzele.
Ýüregine düşüpdir
Gorkuly bir howsala.
Beýlesine aýlansa,
Görenmişin möjegi.
Bir az salym eglense,
Anykmyşyn iýjegi.
Mergen ylgaýamyşyn
Töweregne göz edip,
Goly galgaýamyşyn
Tüpeňini uzadyp.
Syçan şeýle çapýamyş,
Pişik onuň yzynda.
Goýry tozan gopýamyş
Ýelsiz günüň özünde.
Dürli gowgaly başlar
Dazyrdaşyp gelýämiş.
Asmanda-da ak guşlar
Patrak ýaly gaýýamyş...
Güpbe birden ýadyna
Düşüp çalja serçejik,
Päsgel berip badyna
Hilegärje serçejik.
Düşünmändir asyla,
Serçe däldir, nämekä?
Düşüpdir ol howsala,
Serçe däldir, nämekä?
“Görýän işim mojukdyr,
Pälimden men gaýdaýyn,
Serçe däldir, möjekdir.
Eýsem indi nädeýin?”
Gözlerini petredip,
Garap pürli pudaga,
Guýrugyny jaýtardyp,
Topulypdyr ýandaga...
 
15
 
Geçi ýaman gaçýamyş,
Topalaňmyş yzynda.
Möjek derin saçýamyş,
Kuwwat galman dyzynda.
Mergen ylgaýamyşyn
Töweregne göz edip,
Goly galgaýamyşyn,
Tüpeňini uzadyp.
Syçan şeýle çapýamyş,
Pişik onuň yzynda.
Goýry tozan gopýamyş,
Ýelsiz günüň özünde.
Dürli gowgaly başlar
Dazyrdaşyp barýamyş.
Asmanda-da ak guşlar
Patrak ýaly gaýýamyş...
Güpbe birden ýatlarna
Serçe düşýän ekeni...
Biri-birniň atlarny
Olar çaşýan ekeni.
 
Ilki olar osanmyş
Serçäni guş sanyna...
Soňra olar suwsanmyş
Biri-biriniň ganyna!..
 
16
 
Şol ýagdaýy synlanda,
Serçe jak-jak gülüpdir.
Ýandajyk diýp gonanda...
Çirtmege ol ilipdir.
 
Serçe telwas urupdyr,
Yrap çirtmegi, çöpi,
Ganatyny geripdir,
Gabap alyp jan howpy.
Emma sypyp bilmändir,
Düşüp Taýlyň eline.
Aglamandyr, gülmändir,
Daýanypdyr diline:
– Sen aýt bir hili, dostum.
Oýna daga çydaňok!
Meniň sende däl kasdym,
Maňa rehim edeňok.
Seniň bilen degişip,
Köýnejigňe tüýkürdim...
Kimler bilen sögüşip,
Gör kimleri ýekirdim!..
Sen dost, meni gynama,
Boşat meniň ganatym.
Serçejik diýp sanama,
Howpdur meniň haýbatym!..
Maňa gulak salmasaň,
Gazaba men münerin,
Meniň pendim almasaň,
Edil pile dönerin.
Çiginiňden ýapyşyp,
Zyňaryn men asmana!
Ýyldyz bilen tapyşyp,
Gaýdyp gelmersiň jana.
Iň ýagşysy gynama,
Boşat meniň ganatym.
Serçejik diýp sanama,
Howpdur meniň haýbatym!..
 Taýly ony sypalap,
Siňe synlap gaşanmyş.
Tyrsyllap ol galpyllap,
Haly ýaman harapmyş.
Taýly oňa diýipdir:
– Sen-ä özüň hilegär.
Hilegärlik aýypdyr,
Hile zyýandyr meger.
Pilmahmyt bol, başarsaň,
Zyň sen meni asmana.
Ýöne çala gyşarsaň,
Soňkyja demiň sana!
 
Äsgermediň sen meni,
Emma düşdüň elime.
Ýöne weli men seni
Derrew bermen ölüme...
Jürrüldäpdir hilegär:
– Kölgäň bolup ýöreýin.
Azat etseň sen eger,
Almaz galam bereýin.
Altyn hatly kitapdan
Dolduraýyn bukjaňy,
Sapar berip her bapdan,
Öpeýin men ökjäňi.
Basym ganat baglarsyň,
Uçup gezers ýaryşyp,
Göwnüň kemsiz çaglarsyň
Bulutlara garyşyp.
Tutup durmagyň bikär!
Goýber, baryp geleýin.
Çyrşak köýnegiň çykar,
Ýüpek halat salaýyn!..
 
____________
 
Serçäň geňje sözleri
Taýla ajap ýaranmyş.
Gülümseýän gözleri
Hyrydarja garanmyş:
– Meni akmajyk sanma,
Arkaýyn bol, boşatman!
Guýrujagňa buýsanma,
Seniň hiläňe gitmen!
Aýajygňa ýüp daksam,
Degsem, oýnasam ýagşy.
Jürläp, pysyrdap, bökseň,
Gülsem, ýaýnasam ýagşy...
 
_____________
 
Tutup, oýnap ep-esli,
Taýly keýpin görenmiş...
Serçäniň serçe nesli
Jürrüldäpjik ýörenmiş.