ALTYN AŞYK

Awtor: Kaýum Taňrygulyýew
Illýustrator: Döwlet Akyýew
1 743
~ 9 min.

Çöp-çalamly gollaryň
Zowwam giden ýerinde,
Möjekleň, şagallaryň
Mekan eden ýerinde,
Ok geçmeýän gamyşly,
Ördekli, ýaşylbaşly
Bir derýanyň boýunda,
Çala mydar öýünde,
Elli ýaşly bir goja
Ogly bilen bileje
Ömür sürüp geçenmiş.
Oň ogly barasynda,
Gürrüň il arasynda,
Dilden-dile geçenmiş.
 
Ynha bir gün ol çaga
Çykanmyş oýnamaga,
Arnanyň sakasyna,
Derýanyň ýakasyna.
Oň söýýäni aşykmyş.
Bakyşyp günbatara,
Düzülip bir hatara,
Goşun duran mysaly,
Aşyklaryn mazaly
Hatarlap dikenmişin.
Dogrulap çykanmyşyn.
 
Ykjam tutup kenegin:
“Ýöne gowy çenegin”
Diýenmiş öz-özüne.
Soň bat berip sözüne:
“Hop, hop, kenejigim hop,
Aşyklary alyp gop”
Diýip, batly zyňanmyş.
 Gyltyz degip aşyga,
Kenek wazlap eňenmiş.
Ýelk ýasap pes-aşaga,
Suwa jompa çümenmiş.
 
Oglan oýa çümenmiş:
“Düýpsüz derýa düýbünden
Alyp bolmaz düýbünden.
Wah, men bujagaz diýip,
Nirelere selpedim.
Ahyry bir ülpedim
Ýumşak gurşundan guýup,
Maňa sowgat beripdi.
Göwnüm ganat geripdi.
Aşyjagym gitdi güw.
Naşyjygym gitdi güw”.
Diýip, oglan aglanmyş.
Şonda suw bir şaglanmyş.
 
Bulandyryp derýany,
Elendirip her ýany,
Gap-gara lokga balyk,
Bir äpet lakga balyk,
Çyrpynyp çykanmyşyn.
Oglana bakanmyşyn:
– Näme boldy eý, oglan.
Arzyň maňa diý, oglan!
Meniň adym şa balyk.
Şu suwda edýän şalyk.
 
Tukat sallap başyny,
Süpürip göz ýaşyny,
Ýüzjagazyn turşardyp,
Dodajygyn kemşerdip.
– Kenegim suwa gaçdy,
Menden arany açdy! –
Diýip, oglan dymanmyş.
Balyk ýene çümenmiş...
Bulandyryp derýany,
Elendirip her ýany,
Bir gapdaly deşikli,
Agzy gurşun aşykly,
Balyk çykanmyş müňzäp,
Ylla adama meňzäp.
 
Öz kenegin alypjyk,
Kisesine salypjyk,
Gidiberjek bolanda:
– Oglan, yza dolan-da,
Al, me, kümüş aşygy
Ýogam bolsa deşigi –
Diýip, balyk bakanmyş.
 Oglan garşy çykanmyş:
– Meniňki däl bu aşyk,
Meňkiden has üýtgeşik.
Öz kenegim bor maňa.
Göz gyzdyrman men muňa.
Munam biri gaçyryp,
Bar keýpini uçuryp.
Ahmyr edip ýörendir.
Göz ýaş döküp ýörendir –
Diýenmiş-de ol oglan
Ýene gitmekçi bolan.
Balyk oňa gözlänmiş,
Soňra ýene sözlänmiş:
– Aşygyn gaçyran ýok,
Keýpinem uçuran ýok.
Oglan, gitme hany dur.
Däl ekeniň nebsewür!
Hakyna kanu jigi,
Bujagaz aşyjagy
Al-da jübüňe ataý!
Ýogsa bolmaz göwnejaý.
Diýen wagty şo balyk:
– Äber onda şa balyk,
Unutman bu enaýy
Sowgadyň ömür boýy –
Diýip, ol çybyk aty
Çapyp gidenmiş gaty.
 
**
 
Ol “kümüş aşyk” sesi,
“Örän üýtgeşik” sesi
Baý ogluna ýetenmiş.
Ol-da şaýyn tutanmyş.
Onuň ady Begelek,
Göwresi tos-togalak.
Ylla repide ýaly
Ýüzi-de tes-tegelek.
“Derýa boýna çapaýyn.
Kümüş kenek tapaýyn”
Diýip, dynman bökenmiş.
Ylgap öýden çykanmyş.
 
Peşmekdir, ýandak diýmän,
Gyýakly händek diýmän,
Çolaşýan eken diýmän,
Sünjülýän tiken diýmän,
Gaçy, ýapydan geçip,
Oglanyň guşy uçup,
Arnanyň sakasyna,
Derýanyň ýakasyna,
Çym-gyzyl bolup reňki,
Ylgap ýetenmiş ýaňky.
 
Aşygyn düzen bolup,
Gözlerin süzen bolup:
“Hop, hop, kenejigim hop,
Aşyklary alyp gop”.
Diýen bolup zyňanmyş.
Kenek wazlap eňenmiş.
Gamyşlardan geçenmiş.
Göni suwa gaçanmyş...
Garybyň ýanna baryp,
Ýatlanja bar sözüni
Aýdanmyşyn gygyryp,
Tutan bolup ýüzüni:
“Aşyjygym gitdi güw,
Naşyjagym gitdi güw”.
Diýip, aglan bolanmyş.
Kä durup diň salanmyş.
 
Bulandyryp derýany,
Elendirip her ýany,
Gap-gara lokga balyk
Bir äpet lakla balyk,
Çyrpynyp çykanmyşyn.
Oglana bakanmyşyn:
– Näme boldy eý, oglan.
Arzyň maňa diý, oglan!
Meniň adym şa balyk.
Şu suwda edýän şalyk.
 
Ýüzün turşardan bolup,
Gözün ýaşardan bolup:
– Meniň aşygym ýitdi
Suwuň düýbüne gitdi –
Diýip, oglan dymanmyş.
Balyk ýene çümenmiş...
 
Bulandyryp derýany,
Elendirip her ýany,
Gurşundan bolan aşyk,
Gyrlyp züýk bolan aşyk
Alyp, çykanmyş müňzäp,
Ylla adama meňzäp.
Gyra çykyp şa balyk,
Gürlänmiş adam ýalak:
 – Me, kenegiň oýnaber,
Öňkiň ýaly ýaýnaber.
Goý sesiňi, aglama –
Diýenmişin oglana.
Oglan kellesin sypap,
Özün görkezip bitap:
– Meniňki üýtgeşikdi,
Ol gunt ýaly aşykdy –
Diýip, ýene dymanmyş.
Balyk ýene çümenmiş...
 
Bulandyryp derýany,
Elendirip her ýany,
Balyk çykanmyş müňzäp,
Ylla adama meňzäp.
Ine saňa tap-taýyn,
Tüýs gözüne söweýin,
Görülmedik, üýtgeşik,
Enaýy kümüş aşyk.
 
“Dat meniňki şol!” diýip,
“Okla bärik, bol!” diýip,
Oglan dyzanmyş öňe.
Eli uzanmyş şoňa.
 
Oňa bakyp şa balyk,
Gürlänmiş adam ýalak:
– Ýalňyşaýma, gör ilki,
Seňki däldir bu, belki.
Pugta seret eý jigi,
Tanasaň ol aşygy.
Ýöne suwuň astynda,
Äpet daşyň üstünde
Görülmedik, üýtgeşik,
Enaýy altyn aşyk
Görüp, alman gaýtdym.
Seňki däldir öýtdüm.
– Hawa, meňki şol aşyk,
Sap altyndan ol aşyk.
Ýalpyldap gidenden soň,
Tylla çalm edenden soň,
Meniňkidir öýtdüm.
Şonuň üçin aýtdym –
Diýip, oglan dymanmyş.
Balyk ýene çümenmiş.
Kümüş aşygam şonda,
Alyp gidenmiş ýanna.
 
– Balyk hä diýmän geler,
Altyn aşyk äkeler –
Diýip, ýüzi tegelek,
Şol baý ogly Begelek
Arnanyň sakasynda,
Derýanyň ýakasynda
Heniz hem oturanmyş.
Dikil gazyk duranmyş.