Tomsyň ilki aýlary
Giň giden bir meýdanda
Bir boz tilki bökjekläp
Her ýan gezýärdi onda.
Düzde tämiz şemala
Tutýardy ol ýüzini,
Bu çöliň ol soltany
Sanaýardy özini.
Diýýärdi: – “men bu çöliň,
Hem soltany, hem hany”.
Haýbat atyp, güpüläp,
Kemsiz gyzýardy gany.
Asyl göwni ýetmezdi,
Ýolbarsa, şire, pile.
Taý geljekmiş bir özi,
Barysy gelse bile.
Çöl içinden dik geçýän
Örän uly ýol bardy,
Söwdagärler bu ýoldan
Hywa tarap gatnardy.
Uzyn giden giň ýolyň
Gyrasynda agnak bar,
Biziň batyr tilkimiz
Häzir onda dynç alýar.
Iki ýana agnaklap,
Uly tozan turuzýar,
Ýumşak guma öz-özin
Iki ýanlaýyn urýar.
Arkanlygyna serrelip,
Meýmiräp ýumýar gözin;
Öz bolşyndan göwni hoş
Asmana tutýar ýüzin.
Görse bir giden kerwen
Ýetip gelýärmiş ine,
Görüp muny bu tilki
Kürsäp urýarmyş hine.
II
Uzak wagt ýol ýöräp,
Kerwen gaty ýadapdy;
Düşmek üçin oňaýly
Kän gezek ýer aňtapdy.
Şu agnagyň ýanynda
Makul görüp düşmegi,
Başladylar barysy
Kerwen ýükin çöşmegi.
Goşlaryny ýerbe-ýer
Goýan soňlar bir ýana,
Düýeleri duşaklap,
Goýberdiler meýdana.
Sary küýzäň suwyndan
Doldurdylar tüňçäni;
Çaý gaýnan soň ortada
Goýdylar kän külçäni.
Tilki pahyr bu wagt
Ýatýardy hin içinde,
Gaýgy-gamy dünýäniň,
Bardy onyň başynda.
Kerwen haçan ugrajak? –
Bilip bolmaýar muny.
Dar köwegiň içinde
Ýyla dönýärdi güni.
Öz-özine bat berip,
Dünýä sygmaýan tilki,
Häzir ejiz, müzzerlip,
Pişikçe-de ýok belki.
Düýekeşler bu ýerde
Ýeke gije ýatdylar,
Erteki gün öýlänler
Goşlaryny çatdylar.
Ýük urmaga düýeler
Getirilende idekläp;
Oýun edýärdi bir köşek
Dynuwsyz patyrdyklap.
Burunjygna ýel düşüp,
Gurt açýardy köşejik.
Art aýagy degdi-de
Düňderildi küýzejik.
Gulpy hem-de agzynyň –
Bir gapdaly “ekildi”.
Içindäki suwjagaz
Gum üstine döküldi.
Gulpy, agzy döwlen soň,
Ýolagçylar küýzäni
Tilkili hin agzynda
Goýup gitdiler ony.
Bu zatlardan habarsyz
Tilki pahyr “zyndanda”,
Takdyryna käýinip,
Jibrenýärdi ol onda.
Çünki eýýäm iki gün
Çörek-de ýok, suw-da ýok.
Kerwen düýpli ornaşan
Daşda çykyp bilenok.
Käte gelip hininiň –
Agzyndan ol diň salýar,
Elmydama bir heňde –
Kimdir onda hiňlenýär.
Ýene lapy keç bolup,
Dolanýar-da yzyna
Durmuşyndan käýinip,
Ýaş aýlaýar gözine.
Şunluk bilen aradan
Ýene iki gün geçdi.
Bu biçäre tilkiniň
Halys ysgyny gaçdy.
Ahyry ol oýlanyp,
Geldi şeýle karara:
“– Mundan çykyp gaçmaly,
Indi başga ýok çäre.
Gaçmasam-da men munda,
Hemişelik galmaly,
Näme bolsa şol bolsyn –
Iki başdan ölmeli”.
Diýdi-de ol hininden
Zyňylyp çykdy daşa.
Ýetdi yzyn garaman,
Bir menzile bir başa.
Soňra yzyn garasa,
Kerwen-de ýok, zat-da ýok;
Bir eýýäm ol gidipdir,
Ojak-da ýok, ot-da ýok.
Sesiň nirden çykanyn
Barlaşdyrdy ol gelip.
Edil hiniň agzynda
Bir küýze dur somalyp.
Asyl şuňa ýel düşüp,
“Huw... huw...” edip huwlapdyr.
Ýurtda galan it kimin,
Uzak wagt uwlapdyr.
Bu işlere tilkiniň
Gahary geldi gaty.
Baryp küýzäň ýanyna
Urdy uly haýbaty.
“– Kapasda kän ýatyrdyň
Boýny bokur sen küýze,
Öz hetdiňi tanaman,
Ezýet berensiň bize.
Indi gezek meniňki
– Geçýän seniň daşyňa,
Getirerin gör seniň
Ahyr zaman başyňa.
Bu işiňi sen melgun
Siňdirmersiň janyňa,
Ýalan bolsyn bu adym,
Galmasam men ganyňa”.
III
Diýenden soň tilkijik
Aw gözlegine ugrady,
Aç gözini delmurdyp,
Çar tarapa garady.
Aw ýadyna düşende
Suw akýardy erninden,
Bu gün bäş güniň ajy,
Howp edýärdi garnyndan.
Dilin sallap biçäre,
Gezdi ençe çölleri.
Ýadawlyga garaman,
Sökdi uzak ýollary.
Uzynly gün selpän soň,
Gün günorta bolanda,
Ahyry küren obaň
Ýakynyna gelende.
Gördi uly bir guýruk
Ýakasynda giň ýolyň
Kebelekläp daşynda
Kän aýlandy ol onyň.
Barmady-da ýanyna
Durup-durup oýlandy.
Mekir tilki howlukman,
Kän zady hyýallandy.
Etli guýruk ýaldyrap
Hoş ýaksa-da gözine
Pikirlenip kän wagt
Diýdi öz-özine:
“Ýol ýatyra, ýol ýatyr
Degresinde il ýatyr
Bir emmasy bolmasa
Guýruk munda ne ýatyr”?
IV
Şu pikirde guýruga
Garaýarka gyrakdan
Gara tüýli bir möjek
Peýda boldy uzakdan.
Salam berdi baş egip,
Ony gören badyna,
Emma özi şatlandy
Düşüp bir zat ýadyna.
“– Şunça salam bermeseň
Iki üzüp bir gezek –
Durmuşyňa ýalmardym,
Senden galmazdy derek”.
“- Tilki halky möjegiň
Etagatly gulydyr.
Tilki özin deňärden,
Möjek örän ulydyr.
Gaty açyk bilýäris
Möjek aga biz muny;
Atamdan hem babamdan
Eziz görýän men seni”.
Bu hileler möjegiň
Aýlandyrdy başyny,
Gabarylyp garady,
Töweregin-daşyny.
Ýakyndaky guýruga
Gözi düşüp birdenkä,
Şatlyk oýnap ýüzinde
Sorag berdi ol tilkä:
“– Guýruk näme bu ýerde?
Näme ony iýmediň.
Onyň hakynda maňa
Näme hiç zat diýmediň?
“– Kän wagtlap sermenip,
Tapan awym bu meniň;
Emma daşdan gördim-de,
Garaşdym gerňe seniň.
Siz barkaňyz möjek baý
Ýokdyr biziň hakymyz,
Sizden öňe düşmäge
Bolmaz asyl çakymyz”.
Diýenine mähetdel
Möjek ete topuldy,
Emma welin arada
Ýaman bela tapyldy:
Öň aýagy möjegiň
Gapana düşdi birden,
Art aýagy hallanlap,
Asmana galdy ýerden.
Umyt edip sypmaga,
Iki ýana pyrlandy;
Emma sypabilmedi
Ol biderek horlandy.
V
Şeýtan tilki bu wagt
Iki ýana bökýärdi,
Pyrlanşyna möjegiň
Daşdan gülüp bakýardy.
Aldaw bilen möjegiň
Kast eden soň janyna,
Sallanjyrap tilkijik
Bardy etiň ýanyna.
Ete agyz urdy-da
Bakdy möjek ýüzine.
Urunýardy şindem ol
Dözüm edip özine.
Görenden soň tilkiniň –
Gyjalatly garyşyn
Ýaýkady-da kellesin
Kän dişledi ol hyrçyn.
Her niçik-de bolsa ol
Öz syryny örütdi.
Mekir duşman öňinde
Syýasatjyk ýörütdi.
Şat sypata girdi-de,
Tilkä garap ýylgyrdy;
– “Meniň tozan turzyşym
Neneň görýärsiň?” – diýdi.
“– Görersiň sen tozany
Gelse gapan eýesi,
Ol hemişe tutýandyr
Al bilen sen dek mesi”.
Diýdi-de ol agzyny
Ýene urdy guýruga,
Basym ony gutardy
Goýmady ol uzaga.
Hepbik ýaly garyny
Döndi indi göjege,
Kemsiz keýpin kökledi,
Rehmi gelmän möjege.
Möjek barha ejizläp,
Ýalbarmaga başlady.
Gapdalyna gapanyň
Göwresini taşlady.
Diýdi möjek: “– eý tilki
Besdir indi gel boşat,
Gana öýdiň bedenim
Ölýärin men azat et”.
Hondan bärsi gomalyp,
Tilki jogap bermedi.
Öňler aga diýse-de,
Häzir itçe görmedi.
Dok garnyny sypalap,
Agdaryldy, oýnady;
Üstin çykyp duşmana,
Boz meýdanda ýaýnady.
Urdy haýbat möjege
Ýanna baryp dik durup,
Berdi gyjalat baryn
Oňa ýüzin öwürip:
“– Ynha şudyr boljagy
Seniň ýaly akmagyň
Peýdasy ýok “möjek dost”
Indi göz ýaş dökmegiň.
Möjek halky tilkiniň
Oýnatgy bir gulydyr.
Möjek özin deňärden
Tilki örän ulydyr.
Hiç ýadyňdan çykarma
Pugta tana sen meni,
Tilki seniň agaňdyr
Hemişelik bil muny”.
Aýdandan soň bulary
Töweregne garady,
Heňkilledip gurugyn
Küýzä tarap ugrady.
VI
Gelip küýzäň ýanyna
Urdy haýbat baryny,
Indi ondan kemsizje
Almakçy ol aryny.
Diýdi: “Seniň küýzejik
Ýadyňdamy horlanyň.
Häzir gezek meniňki
Edişimi gör meniň.
Kim bolupsyň sen maňa
Beýle zulum ederçe
Bu sähranyň içinde
Hiç kimse ýokdyr mençe.
Eýmenmeýän birjik-de,
Gaplaňyňdan, şiriňden
Uçdan tutma olaryň –
Barysynyň piri men.
Şu gelşişine möjegi
Aldadyp güýlüp atdym.
Boýny ýogyn gödege
Özim pugta tanatdym.
Aýagyma ýykylyp,
Dökdi gözden ýaşyny.
“Boşat’ diýip ýalbardy,
Ýere sallap başyny.
Ýalbarsa-da ýaş döküp,
Boşatmadym men ony.
Güýçli bilen dalaşman,
Goý tanasyn deňini.
Häzir hem ol şol ýerde
Çabalanyp ýatandyr,
Ýa-da demi kesilip,
Gapanda ol gatandyr”.
Soňra tilki oýlandy:
“– Niçik jeza bereýin?”
Gowsy muny şu ýerde
Aýlap ýere uraýyn.
Pikirlenip ýene-de:
Azdyr muňa bu jeza
Bu deýýusy äkidip,
Taşlaýyn men çuň guýa.
Goý şol guýyň içinde
Yzgarda ol çüýresin.
Ýylan, içýan maslygyn
Iki ýana süýresin.
Gelip şeýle karara
Äkitmekçi bolanda,
Ýene täze bir pikir
Birden döredi onda:
“Iň ýagşysy gel muny
Gark edeýin derýada
Uzaklaşyp oturman
Dynaýyn men bir bada.
Tolkunlara garylyp,
Görünmesin, güm bolsyn,
Düýpsüz derýa içinde
Balyklara im bolsyn”.
Soňra dakyp gurugna,
Gulpsyz döwük küýzäni
Batly ädip ugrady
Nazar alyp derýany.
VII
Şu ýakynda bir derýa
Joşgun urup akýardy.
Tükenmez bol suwyny.
Gör nirädir dökýärdi
Hälki tilki küýzäni
Şu derýaga getirdi,
Ýadapdyr ol, derýanyň –
Kenarynda oturdy.
Niçiksi gark etmäniň
Edýärdi ol pikirin;
Agtarýardy göz aýlap
Çemeliräk bir ýerin.
Birdenkä bu tilkiniň
Gözi düşdi güzere
Batyrmaga küýzäni
Bardy derrew şol ýere.
Art aýagyn derýanyň
Suwyna ol batyrdy,
Emaý bilen şol suwa
Küýzäni hem ýetirdi.
Suw girdikçe agralyp,
Küýze gidýär aşaga.
Agram düşüp guruga
Gyssanýar tilki aga.
Her näçe jan etse-de
Suwdan çykyp bilmedi
Alaç tapman ahyry
Tilki küýzä ýalbardy:
“– Özim bilen deň bolman
Ötgin meniň ýazygym.
Goýber meni jan küýze
Gopup barýar gurugym.
Nahak ýere özimi
Senden güýçli sanadym;
Sen güýçliniň güýçlisi –
Indi seni tanadym”.
“Bakyr – bakyr” ses edip
Küýze tilkä gülýärdi
Gurugyna agramy –
Barha gaty salýardy.
Asyl gulak asmady
Nalyşyna tilkiniň,
Guruk gopdy-gopmady –
Azaryna däl onyň.
Häzir ynha tilkiniň
Ahyrzaman başynda,
Ýalbar ýaly ýüz tutup,
Hiç bir zat ýok daşynda.
Dirilikden ölüme
Ýakynlaşanda ara,
Jan howlyna bat bilen
Bökdi beýik kenara.
Çykyp derýaň daşyna
Ýumak ýaly düýrüldi,
Bökende ol gurugnyň
Bir gat hamy syryldy.
Çümen küýzäň yzyna
Gahar bilen garady,
Çünki şonyň zerarly
Guruk gaty awady.
VIII
Möjek örän kän wagt
Çabalandy gapanda,
Sallar gysyp rehmsiz
Yzlar edipdir tende.
Horlansa-da sypdyrdy
Ahyry ol aýagyn,
Emma gapan-endamyn
Harap edipdir agyn.
Saldan sypan aýagyn
Ýere basyp bilmedi,
Ilki bada göwresi
Asyl ýerden galmady.
Uzak wagt oturyp,
Dynç aldy ol mazaly.
Tilkini tiz tapmakda,
Indi onyň hyýaly.
Derrew alyp ugrady
Tilkijigiň yzyny,
Büdür-südür ýollarda
Süýreýärdi dyzyny.
Keýtikläp ol agtardy,
Tilkiň gezen ýerlerin.
Diýýärdi öz içinden:
“Dik depäňden inerin”.
IX
Tilki çykyp derýadan
Aň-taň bolup durýardy,
Bilmän nirä gitjegin
Çar tarapa garýardy.
Gaty ahmyr edýärdi
Nahak eden işine
Gahar bilen bakýardy
Töweregne-daşyna
Näme üçin men ony
Çym-pytyrak etmedim?
Näme üçin men ony
Gurruk guýa atmadym?
Şeýden bolsam men ondan
Awysyzja dynardym.
“Küýzäni men ýeňdim” – dip,
Hemme ýerde öwnerdim.
Möjek ýetip gelýärdi,
Bu wagtlar yzyndan,
Gapyl galan tilkiniň
Habary ýok özinden.
“– Diri düşdiň elime
Indi sypdyrman tilki;
Aldaw bilenjik meni
Edensiň ile gülki”,
Diýen sesi eşidip,
Ýaryldy oň zähresi;
Şol durşyna gatady
Hem-de çykmady sesi.
“– Indi seniň depäňden
Düşmez meniň taýagym.
Şu duranja ýeriňde
Töle meniň aýagym”.
Aljyraňňy tilkide
Täze pikir döredi,
Tärin tapyp ýene-de.
Geň bir hile gurady.
Diýdi: “seniň aýagyň
Döwen nähili tilki?
Menä seni tanamok
Sen-de ýalňyşýaň belki”.
“Aýagymy agsadan
Seniň edil hut öziň.
Bilmezlige salsaň-da.
Ony aýdyp dur göziň.
Sensiň dagyň tilkisi
Gaty tanaýan seni,
Uzyn guruk sen deýýus
Ýaman horladyň meni”.
“– Möjek aga kim bilen
Gepleşýäniň bil indi.
Ynha seret men özim
Gurugy gyzyl tilki”.
Diýenden soň görkezip,
Guýrukdaky ýarany
Möjek men, gum tilkisi” –
Diýip açdy arany.