PILLER BILEN SERÇELER HAKYNDA, ULULAR BILEN KIÇILER HAKYNDA ERTEKI
Awtor:
Kerim Gurbannepesow
Illýustrator:
Döwlet Akyýew
1 974
~ 12 min.
1
“Haýwanlaň içinde
Iň uly haýwan.
Haýsy haýwan?” diýip,
Beremde sowal,
“Düýe, düýe!” diýdi
Bir topar çaga...
Düýäň haky ýokdur
Uly bolmaga!
Düýe-de ullakan
Haýwandyr weli,
“Pil bar – diýipdirler –
Düýeden uly!”
Hawa...Pil şeýle bir
Ullakan haýwan.
Görmedik armanly,
Görenler haýran!
Äpet aýaklaryn
Gopbamsy basyp,
Bäş tonna agajy
Holtumna gysyp,
Tokaýdan tokaýa
Müňzäp barýandyr.
Göýä äpet daga
Meňzäp barýandyr.
Düýe-de ullakan
Haýwandyr weli,
Düýäniň ýanynda
Goýsaňyz pili,
Düýe onuň ýanda
Çaga ýaljakdyr.
Piliň her uýlugy
Iki gujakdyr.
Boýy üç adamyň
Boýuna ýakyn.
Agramyn ölçeseň
Bäş tonna takmyn.
Ýaňy dünýä inen
Bir çaga pili
Gapanyň üstünde
Goýdular weli,
Leňk edip göterdi
Ýüz kilo daşy.
...Düýäňkä üç esse
Pilleriň ýaşy.
Ýetmişem, segsenem
Ýaşaýar olar.
Gaty gidiberse
Togsanam bolar.
Hawa, ol şeýle bir
Ullakan haýwan.
Görmedik armanly,
Görenler haýran!
2
Örän akyllydyr
Şu günki piller.
Gynansaň-gyssansaň
Kömege geler.
Uzak Hindistanda
Atlanyp pile,
Gidýärler toýlara,
Çykýarlar çöle.
Barýarlar tokaýa,
Gidýärler daga.
Bir pili idip ýör
Kiçijik çaga.
...Haýwanat bagyna
Barsaňyz eger,
Gözüňiz müň dürli
Wagşyny görer.
Wagşylaň içinde
Ýuwaşy ýokdur.
Biri-birisinden
Ýyrtyjyrakdyr.
Ýolbars art aýagna
Galyp durandyr.
Gaplaň dişlerini
Çalyp durandyr.
Möjegiň gözleri
Ýakyp barýandyr.
Arslan gözenegi
Ýykyp barýandyr.
Piliň gapdalyna
Barsaňyz weli,
Hemme wagşylardan
Bolsa-da uly,
Wagşylaň içinde
Iň ýagşysydyr.
Iň edeplisidir,
Ýuwaşjasydyr.
3
Ýöne weli mundan
Million ýyl ozal,
(Diňe millionam däl,
Has kän ýyl ozal)
Pil diýilýän haýwan
Bet eken örän.
Özünden kiçini
Hiç zatça görmän,
Azar ýamanyny
Berer ekeni.
Penjelär, parçalar
Ýörer ekeni.
Ejize tekepbir
Garaýan eken.
Garaz, baryp ýatan
Garagol eken.
4
Gadym,
Gadym bir zamanda.
Köpetdagyň aňry ýanda,
Eýrandamy
Ýa Owganda,
Ýa aňyrda –
Hindistanda,
Ýa onuňam aňyrsynda,
Ymgyr giden çöl bar eken.
Şol çöllügiň gaýrasynda,
Gür tokaýlaň arasynda
Bir ullakan pil bar eken.
Her gün irden epeý basyp,
Gezelenje çykarmyş pil.
Agaçlaryň depesine
Gözün çarhlap bakarmyş pil.
Bir höwürtge göräýdimi –
Şol agaja oýkanarmyş.
Agaç bolsa çydap bilmän,
Dört tarapa çaýkanarmyş.
Gaçarmyşyn,
Höwürtgeler,
Döwülermiş
Ýumurtgalar.
Hasam beter bir eýjejik,
Döşi akja bir serçejik
Pilden ýaňa
Çekip jebir,
Saýrarmyşyn
Jibir-jibir:
“Ynha indi
Ençe ýyl,
Gandarymdyr
Zalym pil.
Daşy duw-ak,
Içi gara.
Şondan ýaňa
Bagrym ýara.
Ýykyp gidýär
Höwürtgämi.
Weýran edýär
Ýumurtgamy.
Heläk bolýar
Balalalarym...
Tutsun şony
Halalarym!
Şondan ýaňa
Bagrym ýara...
Päliňden tap
Päli gara!..”
Ýöne weli serçejik
Jibrinse-de şübela,
Nalasa-da şübela,
Gargasa-da şübela,
Ýalbarsa-da şübela,
Aglasa-da şübela,
Pil almandyr
Töwella!
Ýene gelip serçäniň
Höwürtgesin ýykypdyr.
Zar-zar aglap serçejik
Wagşy pile bakypdyr:
“Indi ynha
Niçe ýyl,
Gandarym sen
Goja pil.
Naladym –
Diňlemediň.
Ýalbardym –
Diňlemediň,
Agladym –
Diňlemediň.
Ýene ýykdyň
Höwürtgämi.
Guma çaldyň
Ýumurtgamy.
Balalarmy
Etdiň heläk.
Ahmal bolma
Şundan beýläk.
Gaty görme
Menden indi.
Arym aljak
Senden indi!”
Şeý diýende,
Wagşy pil
Bir agajy gujaklap,
Serçejige syn edip,
Gülenmişin jak-jaklap:
– Eý, samsyjak serçejik
Şu dünýäniň şiri men.
Tokaýlaryň piri men.
Arslan ar aljak boldy,
Gaplaň ar aljak boldy,
Adam ar aljak boldy,
Emma, seret,
Diri men!
Tutuş göwräň penjämden
Ýüz müň esse kiçijik.
Indi gel, gel, sen menden
Ar alarmyň, serçejik?
Kime arz etseň
Arz et, akmajyk!
Ýoluň rowaç,
Dört ýanyň açyk!..
Serçejik aglap,
Jigerin daglap;
Dana dostuna
Umydyn baglap,
Alkyşlar okap
Dostluk şanyna,
Arza barypdyr
Gargaň ýanyna:
– Eý, köne şepe,
Eý, dana şepe.
Dananyň nepi
Ýetermiş köpe.
Indi üç ýyldyr,
Gandarym pildir.
Gaýratyň bolsa
Dostlugyň bildir.
Ejize ganym,
Şeýle bir wagşy!
Şeýdip ýaşandan
Ölenim ýagşy!
Ýalbarsam-da –
Diňlänok ol.
Gargasam-da –
Diňlänok ol.
Aglasam-da –
Diňlänok ol.
Ýykyp gidýär
Höwürtgämi.
Ýere çalýar
Ýumurtgamy.
Ne öýüm bar,
Ne-de balam.
Ne-de ony
Tutýar nalam.
Şol haýynyň ezýetinden
Gözüm doldy gana, dostum.
Maslahat ber, köne dostum.
Bir wagt kömek etjek bolsaň,
Kömek eýle, dana dostum!
“Bolýa!” diýip, dana garga
Uzyn-uzyn gagyldapdyr.
Dana gargaň gak-gagyndan
Çöpleň başy yrgyldapdyr.
Daglar, çöller
Seslenipdir,
Otlar, güller
Seslenipdir,
Suwlar, ýeller
Seslenipdir,
– Näme gulluk?
– Näme gulluk?
Ýüz tarapdan
Ses gelipdir.
Garynjalar gelipdir,
Pyşbagalar gelipdir.
Teneçirler gelipdir,
Gurbagalar gelipdir:
– Geldik, geldik,
Ynha geldik.
Näme gulluk?
Näme gulluk?
Kebelekler gelipdir,
Balarylar gelipdir.
Uly, kiçi, aralyk –
Bar arylar gelipdir.
– Çagyrdyňyz.
Geldik, geldik.
Näme hyzmat?
Näme gulluk?
Dana garga pil hakynda
Gür beripdir ýekän-ýekän.
Hem diýipdir: – Şeýle güne
Düşen diňe serçemikän?
Müň ýyl bäri horlap ýör ol
Ejizleriň köpüsini.
Şu gün hökman ýapmaly biz
Şol horlugyň gapysyny!
“Gullugyňa taýyn biz!”
Seslenipdir möjekler –
Ýeke agyz söz diýseň,
Pili diri iýjekler.
Niresinden çakmaly?
Niresinden çokmaly?
Haýsy ýana kowmaly?
Niräk alyp çykmaly?
Dana garga olara
Düşündiren dessine,
Hemmejesi çozupdyr
Zalym piliň üstüne.
Biri ony dişläpdir,
Biri ony çakypdyr.
Biri dilin çokupdyr,
Biri gözün çokupdyr.
Giň dünýäsi dar bolup,
Iki gözi kör bolup,
Pil şeýle bir suwsapdyr,
Dört tarapa sebsäpdir.
Dodagyn, dilin sallap,
Ugranda köle tarap,
Gurbaga ony aldap,
Çekipdir çöle tarap:
– Gur-ryk, gur-ryk,
Gur-ryk, gur-ryk!
Bärik, bärik,
Bärik,
Bärik!
Ol ýerdenem suw tapman,
Ugranda daga tarap,
Gurbaga ýene aldap,
Çekipdir saga tarap:
– Gur-ryk, gur-ryk,
Gur-ryk, gur-ryk!
Suw şu ýerde,
Bärik,
Bärik!
Gözi çişip, dili çişip,
Pil ýetende soňky deme,
Dana garga gygyrypdyr:
“Entejigem horlaň ýene!
Goý, entegem eňki gitsin,
Etmişine puşman etsin,
Kiçileň hem üýşen wagty
Gudratdygna gözi ýetsin!”
Ary ýene
Çakypdyr.
Garga ýene
Çokupdyr...
Gurbaga-da gurryklap,
Ýene aňryk çekipdir:
– Gur-ryk, gur-ryk
Gur-ryk, gur-ryk!
Derýä bärde,
Bärik,
Bärik!
...Gargalara
Çokduryp,
Arylara
Çakdyryp,
Ganly gözýaş döküpdir.
Diriň-diriň böküpdir.
Ahyrsoňy çydaman,
Lampa aşak çöküpdir.
– Gulak salyň,
Gargalar,
Arylar,
Gurbagalar,
Garynjalar,
Serçeler –
Ähli menden kiçiler!
Aman, aman,
Eý, aman!
Indi meni gynamaň!
Şu wagta çen men sizi
Gezipdirin tanaman!
Pälim azyp şundan beýläk,
Kiçileri etsem heläk,
Etim iýiň çokup-çokup,
Gözüm iýiň köwläp-köwläp!
Aman, aman,
Eý, aman.
Mundan artyk
Gynamaň!..
Pil diýen haýwan
Şol günden bäri,
Iň bir edepli,
Iň bir ýuwaştap
Haýwanlaň biri.