BOÝY BIR GARYŞ, SAKGALY IKI GARYŞ HEM ONUŇ GÜJÜGI

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
855
~ 8 min.

Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda bir adam bar eken. Onuň üç ogly bar eken. Iň kiçisiniň boýy bir garyş, sakgaly iki garyş eken.

Bu adamyň bir döwden iki şaýy pul algysy bar eken. Emma ol ony yzyna bermeýär eken.

Ana, onsoň günleriň birinde ýaňky adamyň uly ogly döwden kakasynyň algysyny almaga gidipdir. Baran badyna hem döw ony tutupdyr-da, bir guýa taşlapdyr.

Ortanjy ogly bu ýagdaýy bilip:

– Men döwden algymyzy hem alaryn, agamy-da boşadaryn – diýip, büýem döwüň üstüne ugrapdyr.

Emma döw ony hem tutup, guýa taşlapdyr.

Köp garaşypdyrlar. Ýöne bular gaýdyp gelmändirler. Onsoň boýy bir garyş, sakgaly iki garyş döwüň üstüne gitmekçi bolupdyr.

Emma kakasy:

– Agalaryň nähili sagdyndy, şonda-da olar döwden algymyzy alyp bilmediler. Gaýta özlerem gaýdyp gelmediler. Sen bolsa, bujagaz boýuň bilen döwe hiç zadam edip bilmersiň. Iň gowusy, gitme – diýipdir.

Boýy bir garyş, sakgaly iki garyş bolsa:

– Ýok, kaka, beý diýme, men döwüň hötdesinden gelerin, meni ýolumdan saklama – diýipdir.

Kakasy hem:

– Beýle bolsa, bar oglum, işiň oň bolsun – diýip, rugsat beripdir.

Boýy bir garyş, sakgaly iki garyşyň bir güjügi bar eken. Ol döwüň üstüne gidende, şony hem özi bilen alyp gidipdir. Ýolda barýarkalar, bularyň öňlerinden bir şagal çykypdyr. Boýy bir garyş, sakgaly iki garyş güjügine garap:

 – Güjüjegim, hot-hot,
Şujagaz şagaly ýut! –

diýipdir.

Güjük hem ol şagaly diriligine ýuwdup goýberipdir. Bular ýene gidiberipdirler. Öňlerinden bir möjek çykypdyr. Onsoň ol öz güjügine möjegi görkezip:

  – Güjüjegim, hot-hot,
Şujagaz möjegi ýut! –

diýipdir.

Güjük muny hem şagaly edişi ýaly ýuwdupdyr.

Onsoň bular ýene gidiberipdirler. Şol baryşlaryna öňlerinden bir derýa çykypdyr. Boýy bir garyş, sakgaly iki garyş hem güjügine garap:

  – Güjüjegim, hot-hot,
Şujagaz derýany ýut! –

diýipdir welin, güjügi bu derýany bir demine çekäýipdir.

Bular ýene aňryk gidiberipdirler. Az ýöräp, köp ýöräp, ahyry döwüň öýüne ýetipdirler. Boýy bir garyş, sakgaly iki garyş bara- barmana döwüň gapysyny batly kakyp ugrapdyr.

Döw gapysyny açyp görse, ine, bir sakgaly ýere süýrenip ýatan adamjyk dur diýýar. Boýy bir garyş, sakgaly iki garyş hem döwi görüpdir-de:

– Eý, döw, sen meniň agalarymy we atamyň iki şaýy algysyny häziriň özünde tapyp ber! Ýogsam işiňi gaýtaryn! – diýipdir. Döw bolsa, sesinem çykarmandyr-da muny tutakga, bir towuk ketege salypdyr. Ketege güjügem munuň bilen bile giripdir. Onsoň boýy bir garyş, sakgaly iki garyş hem güjügine garap:

 – Haýbar, güjügim, haýbar,
Häkije şagaly goýber! –

diýipdir.

Güjügem şagaly içinden çykaryp goýberipdir. Şagal bolsa ketekdäki towuklary gyr-ýapyr edip, derrew iýip gutarypdyr.

Ertesi döw gelip görse, towuklaryndan nam-nyşanam galmandyr. Onsoň ol:

– Sen oglany goýunlara süsdürip öldürmesem bolmaz – diýip, ýaňkyny goýun agyla salypdyr. Ýene-de güjügem agyla munuň bilen bile giripdir. Boýy bir garyş, sakgaly iki garyş hem güjügine garap:

 – Haýbar, güjügim, haýbar,
Hälkije möjegi goýber! –

diýipdir.

Güjük hem derrew ýolda ýuwdan möjegini çykaryp goýberipdir. Şobada möjegem goýunlaryň bir çetinden iýip ugrapdyr. Asyl derrew soňuna çykaýypdyr.

Birnäçe wagtdan soň, döw ýene gelipdir. Görse goýunlaryndanam zat galmandyr. Onsoň döwüň gahary gelip:

– Indi seniň özüňi özüm iýäýmesem bolmady – diýip, boýy bir garyş, sakgaly iki garyş oglana tarap ugrapdyr.

Şeýdip, döw agylyň gapysyny açan badyna towsup çykypdyr-da, oglan güjügi bilen derrew bir tamyň üstüne münüpdir. Soňam güjügine garap:

 – Haýbar, güjügim, haýbar,
Hälkije derýany goýber! –

diýipdir.

Güjük hem derýany akdyryp goýberipdir. Döwüň jaýlaryny, ähli mal-mülküni suw basypdyr. Onuň özi hem gark bolup ugrapdyr. Onsoň ol aljyrap:

–  Men saňa oýun edipdim. Ine, açar. Ho-ol tamda näçe diýseň, gyzyl, kümüş dolup ýatandyr. Geregiňi al-da, meni halas et – diýip, açary boýy bir garyş, sakgaly iki garyşa beripdir.

Oglan açary alypdyr-da, döwüň depesinden basyp goýberipdir. Döw suwa gark bolup gidipdir. Soňra boýy bir garyş, sakgaly iki garyş barypdyr-da, döwüň görkezen tamyny açypdyr. Görse, ýedi harman gyzyl, ýedi harman kümüş üýşüp duranmyş. Onsoň ol güjügine:

 – Güjüjegim hot-hot,
Gyzyl-kümüşleri ýut! –

diýipdir welin, güjügi olaryň ählisini ýuwdup goýberipdir.

Soňra baryp, ol agalaryny guýudan çykarypdyr-da öýlerine gaýdypdyr. Bularyň barysy bileje gelipdirler. Gelensoňlar, ol güjügine garap:

 – Haýbar, güjügim, haýbar,
Hälki hazynany goýber! –

diýipdir. Güjügem ýuwdan gyzyl-kümüşlerini çykarypdyr. Bularyň garryja kakasy hem örän şatlanypdyr. Özleri-de dynç we bol-elin ýaşamaga başlapdyrlar.