JELULYM, BELULYM

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Galina Hasanowa
2 726
~ 5 min.

Bir bar eken, bir ýok eken, bir garryja aýalyň bir bogazja geçisi bar eken.

Günlerde bir gün bu obanyň hemmesi göçüp, ýazlaga gidenmiş. Garryja aýal-da göçýär. Oba göçen wagtynda, geçi otlamak üçin meýdana giden eken.

Geçi agşamlyk ýatagyna dolanyp gelýär weli, görse, ähli oba göçüp gidipdir.

Geçi nirä gitjegini bilmän, şol ýurtda bir köneje tama girýärde ýaşaberýär.

Bir günden bir gün geçiniň ekizje owlagy bolýar. Geçi owlaklarynyň biriniň adyna Jelulym, beýlekisiniň adyna hem Belulym dakýar.

Geçi owlajyklaryny tamda goýup, agzyny hem ýapyp, özi otlamaga gidýär. Ol meýdanda otlap süýtlenýär hem owlajyklary üçin agzyna ot alyp gelýär. Geçi gapydan gelip:

 – Jelulym-a, Jelulym,
Aç gapyny, Belulym,
Agzym bilen ot getirdim,
Emjegim bilen süýt getirdim –

diýýär.

Owlajyklar bolsa derrew gapyny açýarlar. Soňra olar guýrujaklaryny bulaşyp, enelerini emýärler, soňundan hem ot iýýärler. Agşamlyk üçüsi tamda bileje ýatýarlar.

Geçi her gün şeýdip, owlajyklaryny ekläp ýör eken. Şol ýerde bir garry möjek hem bar eken. Ol owlajyklaryň ýaşaýan ýerini hem eneleriniň näme diýip olara gapyny açdyryşyny eşidip öwrenipdir. Bir gün geçi otlamaga gidende, möjek hälki tamyň işiginden geçip, özüniň aýylganç ýogyn sesi bilen:

 – Jelulym-a, Jelulym,
Aç gapyny, Belulym,
Agzym bilen ot getirdim,
Emjegim bilen süýt getirdim –

diýip gygyrypdyr.

Emma owlajyklar:

– Seniň sesiň erbet, biziň enemiziň sesi däl – diýip, gapyny açmandyrlar.

Möjek:

– Eneňizdirin – diýip, olary ynandyrjak bolupdyr.

Owlajyklar:

– Biziň enemiziň aýagy akjadyr, hany sen aýagyňy görkez! – diýipdirler.

Möjek meýdany aýlanyp, bir ölen geçiniň aýagyny tapyp getirip, işikden sokup, olara görkezipdir. Şondan soň owlajyklar ynanyp, gapyny açypdyrlar. Möjek owlajyklaryň ikisini hem lak-luk atypdyr, gapyny hem içinden bekläp ýatypdyr.

Owlajyklaryň ejesi meýdandan gelip:

  – Jelulym-a, Jelulym,
Aç gapyny, Belulym,
Agzym bilen ot getirdim,
Emjegim bilen süýt getirdim –

diýip, her näçe gygyrsa-da, gapy açylmandyr. Soňra geçiniň gahary gelip, işigi bat bilen süsüp goýberipdir welin, gapy jarkyldap açylypdyr. Görse, içinde bir çal möjek gözüni mölerdip ýatyr eken.

Geçi owlaklaryny görmändir. Ol möjegiň iýendigini bilip, ony süsüp, garnyny ýarypdyr. Owlajyklaryň ikisi hem möjegiň içinden çykypdyrlar. Geçi owlajyklaryndan:

– Meni gowy görýärsiňizmi ýa möjegiň içini gowy görýärsiňizmi? – diýip sorapdyr. Onda Jelulym:

– Enemi gowy görýärin – diýipdir.

Belulym bolsa:

– Möjegiň içi ýyljak, men-ä ony gowy görýärin – diýipdir.

Onuň şeýle diýenine enesiniň gahary gelip, Belulyma käýäpdir.

Şol gün garryja aýal geçisini gözlemäge gelipdir. Görse, geçi owlajyklary bilen dur. Garryja mama:

– Wiý bir geçimiz üç bolaýypdyr – diýip begenipdir. Soňra owlajyklary bilen geçisini öýlerine alyp gidipdir.