BILGIÇ

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Döwlet Akyýew
977
~ 9 min.

Bir bar eken, bir ýok eken, bir garyp adam aýaly bilen ýaşaýar eken. Bularyň iýmäge zatlary bolmandyr, örän hor ýaşapdyrlar. Bir gün bu garyp adam aýalyna şeýle tabşyryk berýär:

–Sen ertir patyşanyň ýurdunyň hemme ýerine aýlan-da: “Ärim bilgiç bolupdyr” diýip aýt.

Aýaly ertesi: “Meniň ärim bilgiç bolupdyr” diýip, patyşanyň ýurduna aýlanyp çykýar. Şol wagt patyşanyň gyzynyň ýüzügi ýiten eken. Bu gyz ýüzügini tapyp bermegini sorap, garybyň ýanyna gelipdir.

Garyp:

–Horazyňyzy öldüriň, ýüzük şonuň bokurdagyndadyr – diýipdir.

Patyşanyň gyzy baryp horazyny öldürse, ýüzük onuň bokurdagyndan çykypdyr. Gyz begenip, bu garyba köp zatlar we pul sylag beripdir.

Şondan soň bilgiçlikde bu garybyň dabarasy uly ile ýaýraýar. Oňa il arasynda bilgiç ady galýar. Bu bilgiç bir zady çak edip aýtmasa-da, çyn bolaýýarmyş.

Başga-da bir gyz ýiten ýüzügini tapyp bermegini sorap, bilgijiň ýanyna gelýär. Bilgiç ol gyza:

–Palawdan doý-da, öýüňiziň ortasynda arkan düşüp ýatyber –  diýipdir.

Gyz hem bilgijiň aýdyşy ýaly, palawdan doýup, ýokarsyna seredip, arkan düşüp ýatyrka, görse ýüzügi tüýnükden asylyp duran eken. Onsoň gyz hem bilgije birnäçe gymmatly zatlar beripdir.

Ertesi goňşy obadan biriniň on sany goýny ýitipdir, ol hem bilgijiň ýanyna gelipdir.

Bilgiç oňa:

–Sen sürgi iç – diýip, maslahat beripdir. Ol adam sürgi içýär. Içen sürgüsi hem içini sürüp, ony halys edýär. Goýun eýesi bilgije köp gargaýar. Emma içi geçip, halys azar berýär. Şeýdip, ol ir bilen turup, bir ýabyň içine barýar welin, görse goýunlarynyň onusy hem şol ýabyň içinde ýatyr eken. Soňra ol hem bilgije birnäçe zat sylag berýär.

Aradan köp wagt geçmänkä, bir gije patyşanyň hazynasy ogurlanýar. Patyşa bilgiji çagyryp:

–Hazynany ýaran ogrulary tap! – diýip buýurýar.

Bilgiç:

–Eý patyşam, maňa kyrk gün möhlet beriň – diýip sorapdyr.

Patyşa oňa kyrk gün möhlet beripdir.

Patyşanyň hazynasyny ogurlan kyrk sany ogry hem patyşa bilen bilgijiň arasyndaky bolan gürrüňleri eşidipdirler. Olar öz aralarynda maslahat edip, bilgijiň bilýänini ýa-da bilmeýänini barlamak üçin, agşam bir ýoldaşlaryny iberýärler. Ol gelip, bilgijiň öýüniň daşynda diňläp durýar.

Bilgiç hem patyşanyň buýrugyny alyp, öýüne gelip, näme etjegini bilmän, aýaly bilen gürrüňleşip ahyry aýalyna her gün agşam bir ýumurtga getirip bermegi tabşyrýar. Agşam düşýär. Aýaly bir ýumurtga getirip berýär. Bilgiç ýaňky ýumurtga seredip:

–Bir-ä geldi-ow – diýýär.

Bilgijiň bu sözüni daşardaky diňläp duran ogry eşidýär-de, derrew yzyna gaýdyp, ýoldaşlarynyň ýanyna gelýär. Ol:

–Ol bilgij-ä zor eken, men bardym welin: “Bir-ä geldi-ow” diýip, oturan ýerinde bilip otyr – diýen.

Ikinji gün ogrulardan iki adam baryp diňleýär. Şol wagt bilgiç hem aýalynyň getiren ikinji ýumurtgasyny alyp:

–Ikisi-ä geld-ow – diýýär welin, ogrular:

–Biziň gelenimizi hem bildi – diýşip, yzlaryna gaýdýarlar, gelip ýoldaşlaryna aýdýarlar.

Üçünji gün üç ogry baryp diňleýär. Bu gije hem ogrular bilgijiň öňküsi ýaly:

–Üçüsi-ä geldi-ow – diýip, gününi sanap, üçünji ýumurtgany alan wagtyna dogry gelýärler.

Şeýlelik bilen, kyrk güne çenli ogrular gelip diňleýärler, her gün hem olaryň sany bilgijiň sanaýan ýumurtgasynyň sany bilen deň gelýär.

Ahyr soňunda ogrular: “Bu hemmesini bilýän eken” diýşip, bilgijiň ýanyna gelýärler we:

–Patyşanyň hazynasyny ogurlanymyzy bagyşla. Hazynanyň zatlaryny haçan elt diýseň elteli. Özüň hem näme alsaň al welin, bizi patyşa aýtma – diýip, oňa ýalbarýarlar, özüne hem köp zat berýärler.

Bilgiç:

–Hazynadan alan zatlaryňyzy şu gije daň atmanka patyşanyň howlusyna eltiň – diýýär we olary patyşa aýtmazlyga söz berýär.

Ogrular daň atmanka, hemme zatlary patyşanyň howlusyna eltip taşlaýarlar. Olaryň yzy bilen bilgiç hem patyşanyň ýanyna baryp:

–Patyşam, ine, zatlaryň – diýip, oňa ogrularyň getiren zatlaryny görkezýär. Patyşa:

–Hazynany kim ogurlapdyr, ogrulary tap! – diýip, bilgiji gyssaýar.

Bilgiç:

–Alan adamlary aýtdyrjak bolma-da, sen pullaryňy sanap gör, eger dogry bolmasa, tapyp bereýin – diýip, jogap berýär. Onda patyşa muňa gulak asman, bäş gün möhlet berýär we:

–Bäş günde şol ogrulary tapmasaň, başyň ölümli, malyň talaňly – diýip aýdaýar.

Bilgiç hem: “Bolýar” diýip öýüne, gelýär.

Ertir turup aýalyna:

– “Ärim däliräpdir” diýip, patyşanyň ilatyna aýdyp çyk – diýip tabşyrýar.

Aýaly hem äriniň aýdyşy ýaly edip, ilata ýaýradýar. Bilgijiň özi hem köýnegini, aýakgabyny çykaryp, ýalaňaç bolup, aýalynyň yzy bilen patyşanyň ýanyna ugraýar. Bilgiç gelip görse, patyşa köşgüň kölegesinde uklap ýatan eken. Ozaldan hem gahary gelip duran bilgiç özüni dälilige salyp, patyşanyň aýagyndan tutup süýräp ugraýar. Patyşany ep-esli süýräp äkidýär welin, ýaňky ýatan ýerine onuň üstüne abanyp duran şa köşgi ýykylyp gaýdyberipdir. Onsoň bilgiç:

–Men ertir bilen turup, ýuwunjak bolup durkam, seniň üstüňe köşk ýykyljagyny bilip, ylgap gaýtdym – diýýär.

Patyşa:

–Meniň janyma ýetişip, ölümden gutaran sen bolduň – diýip, öňki eden işleri üçin hem bilgiçden ötünç soraýar. Kyrk ogrynyň hem günäsini geçýär. Bilgije patyşalygyny hem berýär. Bilgiç patyşa bolup, maksadyna ýetýär we öňki öz bolşy ýaly, garyplykda ýaşaýanlara hem kömek edýär.