DÖW BILEN AWÇY

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Döwlet Akyýew
1 005
~ 14 min.

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym eýýämde bir awçy bar eken, onuň hem üç sany ullakan we akylly itleri bar eken. Ol itleriň biriniň adyna Alabaý, biriniň adyna Garabaý, biriniň adyna-da Akbaý diýer ekenler. Awçynyň ol itleri adam ýaly akylly eken. Ol sebäpli awçy hem olary gaty gowy görer eken.

Bir gün ýaňky awçy itlerini hem alyp, daş ýerik awa gidýär. Ol aw awlap ýörkä, bir gaýanyň eteginde bir çatma gözi düşýär. Awçy baryp görse, çatmada bir owadan gyz oturan eken. Awçy ýaňky gyz bilen tanyşýar-da, gündizlerine itleri bilen awa gidip, agşamlaryna ýene şol çatma dolanyp geler eken. Emma onuň bir döwüň gyzydygyny ýaňky awçy bilmändir.

Bir gün ýaňky gyzyň kakasy gara döw gelipdir-de:

– Gyzym, seniň ýanyňa gelip-gidýän awçyny iýjek – diýenmiş. Onda döwüň gyzy:

– Eý, ata, sen ony iýip bilmersiň, onuň üç sany ýolbars ýaly iti bar welin, olar atlyny agdaryp, düýelini düňderjekler – diýýär. Onda döw:

– Onuň ýaly bolsa, sen meni ojagyň aşagynda gizle, men ony ýatan ýerinde, itlerine duýdurman iýerin – diýýär. Gyzy hem:

– Bolýar – diýip, döwi ojagyň aşagynda gizleýär. Onsoň gün ýaşaňkyrlaýar welin, awçy hem itleri bilen awdan dolanyp gelýär. Emma ýaňky awçynyň itleri bir zadyň bardygyny bilýärler-de, olaryň biri ýaňky ojagyň üstüne münýär-de oturyberýär.

Döwüň gyzy ony näçe kowjak bolsa-da, it hyňranyp ol ýerden turmaýar. Şeýlelikde, ol gije gara döw ýerinden turup bilmän ýatýar. Ertesi oglan itlerini alyp, awa gidensoň, gara döw: “Waý, gapyrgalarymy döwendir-le. Bäý, ol itiň agyrdygyny” – diýip, zordan ýerinden galýar.

Ertesi gara döw olaryň ýolunda gömlüp ýatýar. Oglan gaýdyp gelýärkä, ýene itleriniň biri ýaňky gara döwüň gömlen tümmeginde ýatyberýär. Şonuň üçin hem bu gije-de gara döw hiç zat edip bilmeýär. Oglan ýene awa gidensoň ataly-gyz oturyp, maslahat edýärler. Olar ahyry oglany itlerinden aýra saklamakçy bolýarlar. Atasy gyzyna:

– Sen oglana: “Men bu çola ýerde gorkýaryn. Itleriňi meniň ýanymda goýup git diý” – diýip tabşyrýar.

Agşam oglan itleri bilen gelse, gyz aglan bolup başlaýar, oglan ondan: “Näme üçin aglaýarsyň?” – diýip soranda, ol:

– Men ýeke özüm çatmada gorkýaryn, ýekesireýän. Sen itleriňi meniň ýanymda goýup git – diýýär.

Oglan oňa gulak gabartmaýar. Emma gyz zar-zar aglap, ýalbaryp-ýakaryp, ahyry awçyny razy edýär. Ertesi oglan itlerini goýup, ýeke özi awa giden wagty gyz hem itleri tärime daňýar-da, olar hiç zat eşitmez ýaly gulaklaryna gara keçe dykýar. Gara döw bolsa itleriň daňylgydygyny görüp, ýaňky awçy oglanyň yzyndan ugraýar. Oglan aw awlap ýörkä, birden bir gara tüweleý turup başlaýar. Görse uly tozan edip, bir gara döw ýetip gelýär diýýär. Oglan elindäki okuna: “Çynar bol!” – diýip ýalbarýar weli, oky ullakan çynar bolýar duruberýär. Oglan:

– Egil çynarym egil, başyma işler düşendir – diýýär. Çynar egilýär. Oglan münýär-de: “Gal çynarym, gal, başyma işler düşendir” – diýýär welin, çynar ýene al asmana galýar. Gara döw ony görüp:

– Sen asmana uçsaň-da sypmarsyň! – diýip, bir dişini palta, bir dişini byçgy, birini çekiç, birini törpi edip, çynaryň düýbüni köwmäge başlaýar. Ol çynaryň ýarragyny köwende, bir tilki gelip:

– Essalawmaleýkim, gara tüýli aga – diýen.

– Waleýkim essalam. Şunça salam bermedik bolsaň, iki üzüp bir ýalmardym.

– Gara tüýli aga, näme hyýala mündüň?

– Gözüň körmi, onuň üstündäki amatly awy görmeýärsiňmi?

Tilki oňa:

– Maňa-da galan-gaçanyny berseň-ä kömekleşjek – diýýär. Halys ýadan gara tüýli döw razylaşýar.

– Ýöne örän tiz işle. Ýogsam, itler geler.

Tilki:

– Sen arkaýyn bol, men ýedi günüň ajy. Şol awy almaga senden hem beter howlukýaryn – diýýär. Gara tüýli döw uklap galýar. Tilki döwüň ähli ýaraglaryny derýa taşlaýar, çynaryň kesilen ýerlerini bolsa suwaşdyryp, öňküden hem beter berkleşdirýär, soň bolsa gaçyp gidýär.

Gara tüýli döw oýanyp görse, tilki-de ýok, ýarag-esbaplary-da, ähli köwen ýerleri bolsa tekizlenipdir. Ol gaharlanyp, täzeden köwüp başlaýar. Ol ähli zatdan bizar bolup, ýene köwýär, gara dere batýar.

 – Haý, ýerden alma gara daş, how!
Haý, eýäň öldi Läler guş, how!
Haý, eýäň başyna sak gulak, how!
Eýäňiziň başyna iş düşdi, how! –

diýip gygyrýar weli, gyz eşidýär, emma gulaklaryna gara keçe dykylan itler eşitmeýärler. Gyz: “Itler eşidäýmesin” – diýip, bilgeşleýin galmagal edýär.

         Gara tüýli döw çynary kesip azaldyp barýar diýýär. Şol wagt öňki tilki suwa girip, küle togalanyp gelýär-de:

– Essalawmalekim, gara tüýli aga – diýýär.

– Merez waleýkim, näme meni aldadyň? Indi almytyňy-da alarsyň.

– Eý, gara tüýli aga, men aldawçy tilkilerden däldirin. Ýalançy tilkiler çöl tilkileri, gum tilkileridir. Men bolsa kül tilkisidirin. Kül tilkisi aldawçy däldir. Ýöne men hem saňa kömekleşeýin welin, maňa-da galan-gaçanyňy berip, bir kömek et. Men ýedi günüň ajy, ysgynam gaçyp barýar.

Gara tüýli döw oňa ynanýar-da, özi halys ýadansoň, gezegi tilkä berip, bir salym gyşarýar we uklap galýar.

Onuň uklanyny görüp, tilki gara döwüň ähli ýaraglaryny suwa taşlap, çynaryň kesilen ýerlerinem suwaşdyrýar-da, onuň üstünde oturan oglana garap:

– Men saňa mundan artyk kömek edip bilmen. Indiki ykbalyňy bagtyňdan gör. Ýoldaşyň hak bolsun – diýip, hoşlaşyp gidýär.

Oglan gaýgy-gama batyp otyrka, birden çynaryň depesinde molla torgaýyň saýrap oturanyny görýär. Oglan oňa garap:

– Eý janawer, molla torgaý, sen meniň itlerime habar berip bilmezmiň?! – diýýär. Torgaý guş oglana seredip, ýene saýraýar-da, uçup gidiberýär.

Şol wagt gara döw oýansa, ne ýaraglary, ne-de kül tilkisi bar diýýär. Ähli kesen ýeri bolsa suwalypdyr. Döw muňa gaharlanyp, ýarylaýjak bolýar. Ol hasanaklap, ýene-de bir dişini palta, bir dişini byçgy, bir dişini törpi edip täzeden köwüp başlaýar.

Indi habary kimden al?! Molla torgaýdan al! Molla torgaý awçynyň oturan çatmasynyň depesinde saýrap otyr diýýär. Muny eşiden gyz:

– Bu näme gulagymy kamata getirdi-le – diýip, daşary çykyp kowjak bolanda, torgaý içeri girýär-de, bir itiň gulagyndaky keçäni aýyrýar. Gyz içeri girse, torgaý daşary çykýar. Gyz daşary çyksa, torgaý içeri girip, ýene bir itiň gulagyndakyny aýyrýar. Şeýdip molla torgaý gyza duýdurman, itleriň gulaklaryna dykylan keçeleri aýyrýar. Soňra asmana galyp:

– Ýerden alma gara daş! Eýäň öldi Läler guş! Eýäň başyna sak gulak, how! Eýäňiziň başyna iş düşendir, how! – diýip gygyrýar weli, itler dazyrdaşyp, çatmadan çykyp, ýüzin salýarlar. Şol wagt gara döw hem çynary kesip azaldan eken.

Çynaryň depesinde gamgyn oturan oglan öz itlerini görüp şatlanýar. Gara döw oňa garap: “Öljek bolup durkaň ýylgyrmaň näme? Indi az galdy. Onsoň men seni ýagşyja güldürerin” – diýýär-de, ýene kesmäge başlaýar. Emma birden itleriň sesini eşidýär. Görse, oglanyň itleri ýetip gelýär. Ahmyr çekip, ähli zatlaryndan geçip, özüni suwa oklaýar, ýüzüp-çümüp, gaçmaga başlaýar. Itler ýetip gelip oglana:

– Biz Gara döwi kowalajak. Gara tüsse çyksa gynan, ýaşyl tüsse çyksa, begen – diýip, göni suwa urup gidýärler.

Şeýlelik bilen, gara döw-de, oglanyň üç iti-de sumat bolup gidýärler. Oglan şol suwa seredip, garaşyp otyr diýýär. Suwdan käte ýaşyl tüsse, käte gara tüsse çykýar. Oglan şol suwa seredip, garaşyp otyr diýýär.  Oglan ýaşyl tüsse görende şatlanyp, gara tüsse görende bolsa, gama batyp otyr diýýär. Oglan köp garaşýar. Itler bir wagtdan soň, suwuň astyndan gara döwi tapyp çykarýarlar we tüýt-müýt edýärler.

Şol wagt bir ýerden tilki hem ýetip gelýär. Itler oňa topulýarlar. Emma oglan:

– Duruň, ol maňa uly kömek etdi – diýýär. Itler tilkä zat diýmeýärler, onuň bilen ysyrganyşyp duruberýärler. Soňra oglany çynardan düşürip, şol çatma tarap ugraýarlar. Gyz olary görüp, ýylgyran bolup, ýaranjaňlyk edip, olaryň öňünden çykýar. Oglanyň muňa has-da gahary gelip: – Ýerden alma gara daş, eýäň öldi Läler guş, eýäň başyna sak gulak, baryň göteriň bu zalymyň gyzyny – diýýär. Itler gyzy göterip ara alyp, her bölegini dary ýaly edýärler. Oglan itlerini tirkäp, öýlerine gaýdýar. Gelip, toý-tomaşa edip, maksat-myradyna ýetip, arkaýyn ýaşamaga başlaýar.