Bir bar eken, bir ýok eken, gadym wagtda bir mes tilkijik bar eken. Ol mesligine çydaman, küle agynap ýatyrka, bir oňatja ikbaş tapypdyr. Tilki ýaňky ikbaşy şol obada ýaşaýan bir garryja aýala berip:
– Şuny ertire çenli saklap bereweri, ertir özüm gelip alyp giderin – diýipdir. Garryja aýal hem “bolýar” diýip, ikbaşy alyp galypdyr.
Tilki gidipdirem welin, garrynyň göwnüne “tilkiniň ikbaş nämesine gerekmiş” diýen pikir gelip, ikbaşy tapylmaz ýaly ýerde gizläpdir.
Ertesi tilki gelip ikbaşyny soranda, kempir:
– Ikbaşy çagalaryň biri alyp, ýok edipdir. Düýnden bäri gözleý-gözleý hiç tapyp bilmedim. Indi nätjegimi hem bilemok – diýipdir.
– Tapmasaň igiňi alaryn – diýip, tilkijik garrynyň igini alyp gidipdir. Ony hem ýolda bir gyza berip:
– Şuny ertire çenli saklap ber, ertir özümjik gelip, alyp giderin – diýipdir.
Gyz hem razy bolup, igi alyp galypdyr. Ertesi tilki gelip, gyzdan igini sorapdyr welin, gyz:
– Igiňi syçanlar gemrip ýok edäýipdir – diýipdir.
– Igimi bermeseň, şoňa degjek zady taparyn – diýip, tilki olaryň öýlerine girip, saçaklaryndan bir tegelek çörek alyp gidiberipdir.
Tilki çöregi alyp, çöl-beýewanda seňkildäp barýarka, bir çopanyň üstünden barypdyr. Ol çopan öňüne ýaňy nahar alyp, çöregi bolmansoň, nätjegini bilmän, garanjaklap duran eken.
– Näme beýdip dursuň? Näme taýyn naharyňy hem iýmeýärsiň? – diýip, tilki sorapdyr welin, çopan:
– Çöregim ýok, nahary çöreksiz iýesim gelenok – diýipdir.
– Ertir gelenimde berseň, men saňa bir tegelek çörek karz bereýin – diýip, tilki aýdypdyr.
Çopan hem razy bolup, tilkiden bir tegelek çörek alyp, nahar edinipdir. Ertesi tilki gelende hem çopanyň çöregi ýok eken. Tilki:
– Çöregimi bermeseň, ýerine alar ýaly zat taparyn – diýip, çopanyň öwejini arkasyna alyp gidiberipdir.
Şol gidip oturşyna tilki bir obanyň üstünden barypdyr. Görse biri gelin alyp, uly toý edýär eken, emma olar soýara mal tapman duran ekenler.
Tilki olaryň ýanyna gelip:
– Juda soýara malyňyz ýok bolsa, ertire çenli men öz öwejimi karz beräýerin – diýipdir.
Toý eýesi hem razy bolup, onuň öwejini alyp galypdyr. Ertesi tilki gelse, toý eden adamlar:
– Biz-ä bu günem öweç tapyp bilmedik, saňa-da näme jogap berjegimizi bilmän durus – diýipdirler.
Onda tilki:
– Öwejimi bermeseňiz, onuň deregine alar ýaly zady özüm taparyn – diýipdir-de, täze gelni arkasyna alyp gidiberipdir. Toý tutanlaram näme etjeklerini bilmän galyberipdirler.
Tilki şol gidişine başga bir oba barypdyr. Ol bir garryja aýalyň öýüne baryp:
– Ertire çenli şu gelni saklap ber – diýip, ýaňky gelni garryja aýala tabşyryp gidipdir.
Tilki giden soň, garryja aýal: “Bu gelin tilkiniňki-hä däldir. Muny ol bir ýerden alyp gaýdandyr. Asla, tilkiniň gelin nämesine gerekmiş?! Gowusy, ugruny tapyp, bu gelni özüm alyp galaýyn, soň bir mynasyp ýigide beräýerin” diýip, pikir edipdir.
Ertesi ol garryja aýal tilkiniň gelýänini görüp, bir tazyny horjuna salyp, agzyny bogup goýupdyr. Tilki gelende bolsa:
– Ynha, seniň gelniň, al-da ötägit – diýip, ýaňkyny berip goýberipdir.
Tilki horjuny omzuna atyp, seňkildäp gidiberipdir. Birdenem tilki horjuny ýere gaçyraýypdyr. Ana, şonda horjundan häki tazy çykypdyr-da, tilkiniň münüpdir söbügine. Tilki ýüregi ýarylan ýaly bolup, zut gaçypdyr. Ol şol barşyna bir çuňňur guýa özüni oklap, tazydan zordan gutulypdyr. Soň çykjak bolup her näçe dyzasa-da ol guýudan çykyp bilmändir. Tilki, şeýdip, gurrukda galyberipdir.
Günleriň birinde tilki gurrugyň içinde gözüni çüýjerdip otyrka, guýynyň agzyndan bir tomzak görünipdir.
Tilki oňa garap:
– Ýag iýeýin diýeseň-ä aşak düş, ine, şu ýerde gaty köp ýag bar – diýipdir-de, guýynyň düýbünde ýatan bir ullakan ak daşy tomzaga görkezipdir.
Tomzak tilkiniň sözüne ynanyp, özüni gurruga goýberip, tilkiniň ýanyna düşüpdir. Görse, tilkiniň aýdany ýalan eken. Bolsa-da, tomzagam bialaç bolup, gurrukda galyberipdir.
Şundan ep-esli wagt geçipdir welin, gurrugyň agzyndan bir gaplaň görnüpdir. “Ýag iýerin diýseň-ä aşak düş” ‒ diýip, tilki ony hem gurruga salypdyr.
Ýene biraz wagtdan soň, gurrugyň agzyndan bir ýolbars bilen bir şagal görnüpdir. Tilki bulary hem aldap, guýynyň düýbüne düşüripdir.
Şol barmana gurrugyň agzyndan bir horaz görünipdir we ol:
– Näme beýdişip – üýşüp otyrsyňyz? – diýipdir.
Tilki hem:
– Bu daşyň aşagynda örän köp dary bar. Biz-ä ony iýip bilemizok, iýerin diýseň-ä gel! – diýip, oňa jogap beripdir.
“Dary bolsa ýeke özüm iýip, hezil edinerin” diýen pikir bilen, horaz hem böküp, gurrugyň düýbüne düşüpdir. Görse, dary nirede, zat nirede. Horazam şol ýerde galyberipdir.
Şeýdip, aradan ep-esli wagt geçipdir. Indi gurrugyň içindäkiler ajygyp ugrapdyrlar. Ylaýta-da ýolbars bilen gaplaň tilkä gözlerini alardyp, ony iýäýjek bolupdyrlar.
Şol wagt tilki rejäniň gowy däldigini aňyp:
– Men bir zat diýeýin welin, şoňa hemmäňiz hem razy bolarsyňyz, aýt diýseňiz aýdaýyn – diýipdir.
Gurrukdakylaryň hemmesi:
– Hany aýt-da, hany aýt – bolşupdyrlar.
Tilki kän bir oýlanyp hem durman:
– Tilki-tilki tiň arslan, guýrujagy müň arslan, ýolbars biziň ýolumyz, gaplaň biziň ganymyz, şagal biziň şatlygymyz, horaz biziň gelnimiz, tomzak biziň gudamyz, geliň, şu gudamyzy iýäýeliň – diýipdir.
Tilkiniň sözüni makul tapyp, bular derrew tomzagy bölüşip iýipdirler. Emma ol näme bolýar?! Derrew ýene-de ajygypdyrlar. Muny duýan tilki ýene-de ýaňky aýdymjygyna hiňlenipdir-de, iň soňundanam:
– Horaz biziň gelnimiz, geliň, şu gelnimizi iýäýeliň! – diýipdir welin, derrew horazy hem lak-luk atypdyrlar.
Şol wagt tilki ýanyndakylara görkezmän, horazyň içegejiklerinden birazajyk gizläp goýupdyr.
Soňra ýene ajyganlarynda, tilki:
– Şagal biziň şatlygymyz, geliň, şu şatlygymyzy iýäýeliň! – diýipdir. Bular muny-da iýipdirler.
Şeýdip ahyrsoňy gezek gaplaňa gelipdir. Şonda tilki ýene-de öz aýdymjygyny aýdyp, soňundanam:
– Gaplaň biziň ganymyz. Geliň, şony iýäýeliň! – diýipdir welin, şobada ýolbars gaplaňyň üstüne özüni oklap, ony düýt-müýt edipdir. Aý, garaz, bular gaplaňyň etinem iýip gutarypdyrlar.
Soňra ýene ajygypdyrlar. Ýolbars tilkä garap:
– Indi seni iýäýmesem, dagy zat galmady diýipdir.
Onda tilki:
– Meni iýeniň bilen gurrukdan çykdygyň däl. Gowusy, biz gurrukdan çykar ýaly, ony keseligine gazaly – diýipdir.
Bular şeýdip, ikisi birigip, gurrugyň birýan böwrüni keseligine köwmäge başlapdyrlar. Emma açlykdan ýaňa bularyň haly-mejaly gaçypdyr. Şobarmana tilki döşüni daşa ýaplap, hälki gizläp goýan içegelerinden iýmäge başlapdyr. Ýolbars hem tilkiniň bir zat iýip oturanyny görüp:
– Näme iýýärsiň? – diýip sorapdyr.
Tilki:
– Aý, men-ä açlygyma çydaman, garnymy ýaryp, öz içegelerimi iýip ýatyryn. Senem aç ölmejek bolsaň, şeýt – diýip, oňa jogap beripdir.
Ýolbars tilkiniň sözüne ynanypdyr-da:
– Men uklaryn welin, garnymy dilip goýber, soň menem öz içegämi iýip, güýje gireýin – diýipdir.
Şondan soň, basym ýolbars uka gidipdir. Tilki hem ýiti dişleri bilen onuň garnyny ýaryp, içegelerini iýmäge başlapdyr. Garny ýarylansoň, ýolbarsam derrew güýçden gaçyp, tiz ölüpdir. Onuň eti tilkä birnäçe günläp iýmäge ýetipdir.
Günleriň birinde gurrugyň agzyndan bir çopan görnüpdir. Ony gören tilki:
– Eý, çopan, eger meni gurrukdan çykarsaň, saňa bir owadan gelin alyp bereýin – diýip gygyrypdyr.
Çopan hem derrew ýüp sallap, tilkini guýydan çykarypdyr. Onsoň tilki çopana:
– Meniň yzyma düş! – diýip, ony gelin goýup giden kempiriniň ýanyna getiripdir. Kempir hem hälki gelni çopana beripdir. Şeýdip, bular toý tutupdyrlar, çopan bilen gelin maksat-myratlaryna ýetipdir. Çopany öýlendiren tilki hem öz-özüne: “Indi bu ýerde nä körüm bar” diýipdir-de, ýüzüni çöl-beýewana tutup gidiberipdir.