HAJYMELIK

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Döwlet Akyýew
1 812
~ 13 min.

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym eýýamlarda Hajymelik atly bir pälwan adam bar eken. Ol nahar iýende, gaty köp iýýän eken. Ol her näçe iýse-de, asla doýmaz eken. Ol öz hojalygyndaky zatlar bilenem oňman, beýleki adamlaryň hem zatlaryny iýer eken. Hajymelik goňşy-golam, dogan-garyndaşlarynyň zatlaryny hem iýip gutaryp baransoň, ähli oba bolup, ondan dynmagyň maslahatyny edipdirler. Şonda bir garry kempir şeýle maslahat beripdir.

– Eý adamlar, Hajymelik ýöne adam däldir. Onuň iýip garny doýmaz, sowukdan üşemez, endamyna tyg ötmez. Ol pälwan-Alpdyr. Alp diýilýäne bolsa, hiç zat kär etmez. Ol diňe ynanjaň bolar. Ol mekirligi bilmez, örän sada bolar. Näme diýseň, çynmyka diýip ynanar. Şol sebäpli siz oňa bir hoş söz aýdyň. Şeýdip ony bu obadan beýleki bir oba gider ýaly ediň. Başga bir obany öwüň. Ol şeýlemikä diýip, size ynanar, onsoň onuň öz-özi bu ýerden gider – diýip, maslahat beripdir.

Onsoň oba adamlary Hajymeligiň daşyna geçip başlapdyrlar. Her gün birisi onuň ýanyna baryp, bu obany ýamanlap, beýleki obany öwüpdirler. Ol obada iýere zadyň köpdügini aýdypdyrlar. Hajymelik bolsa olaryň sözüne ynanyp, şol öwülýän oba gitmekçi bolupdyr. Adamlar ony ugradyp goýberipdirler.

Hajymelik ýaňky öwülýän oba baransoň: “Men ajykdym” diýip, çem gelen zady iýip ugrapdyr. Adamlar ilki ony doýurjak bolup, ojuk-bujuk getirip beripdirler weli, olaryň getirýän zatlary Hajymelige ýokam bolmandyr. Hajymelik obanyň ähli zadyny iýip gutaryp barýan eken. Onuň her naharyna kyrk tamdyr nan, kyrk goýun, kyrk küýze suw gerek bolupdyr. Hajymelik şol zatlary iýeninden soň: “Häzir-ä bir azajyk ýürekse boldy” diýip, gyşarar eken. Ukudan oýanansoň, ýene-de şol öňküsi ýaly iýmäge başlar eken. Bermeseler özi alyp iýiberer eken. Hajymelik şeýdip, bu obany hem halys ulukjyn aldyryp baransoň, adamlar üýşüp:

– Mundan nähili dynarkak, bu biziň ähli zadymyzy iýip gutarjak, indi nätsekkäk? – diýip, maslahat edipdirler.

Şonda biri:

– Bu adam Alp bolara çemeli. Bu hili Alp-pälwan adam asla ölmez, beýleki adamlary hem öldürmez, ony başga adam öldürip hem bilmez. Ol iýer-içer ýörer. Özem juda ynanjaň, sada bolar. Aldamak aňsat bolar. Ony, iň gowusy aldalyň-da, bir ýerde daňyp goýalyň – diýipdir. Adamlar maslahata gelip, Hajymeligi daňar ýaly telim düýe ýüp ýygnapdyrlar. Onsoň oňa:

– Eý Hajymelik, biz “el daňdy” diýen bir gyzykly oýun oýnajak, senem oýnajakmy? – diýipdirler. Hajymelik hem:

– Menem oýnaryn – diýipdir.

– Oýnasaň, gel onda – diýip, adamlar onuň el-aýagyny daňyp başlapdyrlar. Hajymeligiň daşyna telim düýe ýüp aýlap, ýüpden ýaňa görünmez ýaly edip berk sarapdyrlar. Onsoň Hajymelik, saralan ýüplerden ýaňa hiç ýeri görünmän, göýä bir depe ýaly bolup galypdyr. Adamlar bolsa:

– Indi bu ömürem boşap bilmez, şu ýerde ölüp galar – diýip gidipdirler.

Hajymelik bolsa adamlar gidiberensoň, ýüregi gysyp, ýerinden turup, bir gernipdir weli, ähli daňlan ýüpler paýrap üzülipdir. Onsoň Hajymelik hem adamlaryň yzyna düşüp, ýene oba gelipdir. Adamlar muňa haýran galyp: “Indi nätsekkäk?” – diýipdirler.

Onda biri:

– Eý Hajymelik, sen bir gije şu buzly suwuň içinde durup bilseň, biz seniň garnyňy oňat edip doýraly – diýipdir. Hajymelik hem: “Bolýar” diýip, doňup ýatan derýanyň buzlaryny owradyp, içine girip oturypdyr. Adamlar oňa ertire çenli doňup galarmyka öýdüpdirler. Ertesi baryp görseler, Hajymelik suwdan kellesini çykaryp oturan eken. Adamlar bolsa: “Häzir munuň ysgyny gaçandyr, turubam bilmez, öldürip dynalyň” diýip, öýlerinden palta, pil, pyçak, taýak baryny getirip, Hajymelige tarap zyňyp başlapdyrlar. Zyňylan zatlaryň käbiri buzuň üstünden taýyp, Hajymelige degip başlapdyr. Hajymelik bolsa olaryň näme üçin beýdýänligini hem bilmän, indi turaý diýýändirler öýdüp, ýerinden turupdyr-da, adamlara tarap ýöräp başlapdyr. Hajymeligiň ýörän ýeriniň buzlary şatyrdap döwlüp, endamyndaky tüýlerine ýelmeşen buzlar şakyrdaşyp, uly ses döredipdir. Adamlar bolsa: “Baý-bo-ow, muňa hiç zadam bolmandyr” diýip, ondan gaçyp başlapdyrlar. Hajymelik hem olaryň yzyndan galmandyr. Adamlar oňa: “Hajymelik, biz oýun etdik, sen indi suwuň içinde oturma-da, içine girip, gymyldaman dik dur, onsoň biz seni doýuraly” diýipdirler. Hajymelik: “Bolýar” diýip, bu gezek derýanyň içinde dik durupdyr. Derýanyň suwy onuň bilinden ýokary geçmändir. Ol uzyn gije gymyldaman duransoň, endam-jany buz bolup doňupdyr. Adamlar bolsa: “Şu gezeg-ä öldüreris” diýip, ýene oňa tarap pil-palta zyňyp başlapdyrlar. Zyňlan zatlar özüne degiberensoň, ol sömelip durman, aşak oturypdyr weli, derýanyň ähli buzlary şatyrdap döwlüpdir.

Adamlar bolsa oňa ýene-de:

– Eý Hajymelik, biz seni urjak bolamzok-da, seniň bilen oýun edýäris – diýen bolupdyrlar. Hajymeligem olara ynanyp, “bolýar” diýenmiş.

Ýöne adamlar ýene üýşüp, geňeş edipdirler. Olar:

– Bu Hajymelik munuň bilenem-ä ölmedi. Indi nätsekkäk? – diýşipdirler.

Onda bir garry:

– Şuňa “Sen syrkawlapsyň, sen ýat” diýeliň. Eger şoňa ynanyp, ol ýataýsa, aradan birki gün geçensoň hem “Sen ölüpsiň” diýeris. Şoňa-da ynanar. Onsoň biz ony gömeris, şeýdip, ondan dynarys – diýipdir.

Onsoň adamlar yzly-yzyna gelip:

– Hajymelik, sen bir hili horlanýarsyň. Syrkawlapsyň – diýýärler. Soňragy birisi gelip:

– Hajymelik, seniň niräň agyrýar? – diýen bolup, onuň halyny sorap başlapdyrlar. Hajymeligem ynanjaň adam bolansoň: “Hakykatdan hem syrkawlan bolaýmaýyn” diýip oýlanypdyr. Ol bir hili syrkaw ýaly birki gün ýorganly-ýassykly ýatypdyr.

Onsoň adamlar ýene-de:

– Be-e, Hajymelik seniň endamyň sop-sowuk-la. Sen öläýipsiň öýdýän – diýşip başlaýarlar.

Onda Hajymelik:

– Mümkin, ölsem ölendirin-dä – diýip, gözüni ýumýar.

Onda adamlar oňa:

– Eý, Hajymelik, eger sen ölen bolsaň, seni gömmeli bolar. Gömmek üçin hem çukur gazmaly bolar. Senem şol çukura girmeli bolarsyň – diýipdirler.

Hajymelik hem:

– Bolýar, gazyň göreýin – diýipdir.

Onsoň obanyň ähli adamlary üýşüp, üç günläp işläp, Hajymelige gabyr gazypdyrlar. Üç günden soň, baryp:

– Eý, Hajymelik, indi sen şu çukura gir, ynha, seniň öýüň – diýipdirler. Hajymelik hem öz aýagy bilen şol çukura girip ýatyberipdir. Onsoň adamlar onuň üstüne üç günläp gum sürüp gömüpdirler. Hajymeligiň gömülen ýeri giden bir depe ýaly bolup ýatan eken. Adamlar onuň ölenligini takyklamak üçin ertesi gelip “Hajymelik” diýip gygyrypdyrlar weli, ol “Näme?” diýip, şol gumuň aşagyndan zöwwe ýerinden turaýypdyr. Turubam: “Men-ä ajykdym” diýip, oba tarap ugrapdyr. Ol ýola düşüp, köwşüniň gumuny kakypdyr weli, onuň köwşüniň her taýynyň gumundan ýoluň her tarapynda bir depe döräpdir.

Hajymelik ýene turup gidiberipdir weli, dünýäde iň güýçli pälwan Rüstem Zal diýilýän pälwan oňa duşupdyr. Rüstem Zal onuň ýanyna gelip, özüniň müň batmanlyk gürzüsi bilen Hajymeligi urupdyr. Emma Rüstem Zalyň gürzüsi Hajymeligiň topugyndan ýokary geçip bilmändir. Hajymelik bir görse topugy gijäp, aýagynyň ýanynda bir adamjyk gybyrdap ýörenmiş. Hajymelik ony tutup, ýokaryk galdyryp görse, onuň agzy gymyldaýarmyş. Hajymelik ony gulagynyň ýanyna getirip:

– Sen kim, bu ýerde näme işleýärsiň? – diýip sorapdyr.

Rüstem hem ondan gorkusyna öz adyny aýtman:

– Men Rüstemiň at bakary, onuň atyny gözläp ýörün, şony görmediňmi? – diýip, soran bolupdyr. Hajymelik hem Rüstemiň özüni görmän, diňe adyny eşidip, ondan çekinip ýörer eken. Ol sebäpli hem ol:

– Hol, görünýän Rüstemiň atydyr, ýöne sen meniň bardygymy Rüsteme aýtma – diýip, Rüstemi goýberipdir. Şeýdip Rüstem hem ondan zordan gutulypdyr. Ondan soň, bir günden bir gün Hajymelik Syr derýasynyň boýuna baryp, aýagyny derýanyň beýleki kenaryna diräp otyrka, birden jany çykyp, gatap galaýanmyş. Onuň aýagy bolsa şol direlgiligine derýanyň köprüsi ýaly bolup galyberipdir. Soň adamlar Hajymeligiň aýagynyň iki ýanyny deşip, derýanyň köprüsi edip ulanypmyşlar. Onuň aýagynyň süňkleriniň içinden ýükli düýeler geçip gidermiş. Ýöne bir tarapyndan kerwen girende, beýleki tarapdan kerwen girmesin diýip, ilki girenler tüpeň atar ekenler. Şol tüpeň sesi hem Hajymeligiň aýak süňkleriniň içinde ýaňlanyp, beýleki tarapyna habar berer eken. Onsoň ilki giren kerwen çykýança, beýleki tarapdan girjek kerwenler gezegine durarmyşlar.