MÄMMETKÖMEK

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Döwlet Akyýew
597
~ 8 min.

Bir bar eken, bir ýok eken, Mämmetkömek diýen bir adam bar eken. Ol örän huşsuz ekeni. Gören-eşiden zadyny derrew ýadyndan çykarar eken.

Bir gün Mämmetkömegiň aýaly oňa:

– Meniň şugundyr iýesim gelýär, bir ýerden şugundyr tapyp ber! – diýipdir. Mämmetkömek bolsa, şugundyra gitmeli bolupdyr. Ýola düşen wagty “şugundyr” sözüni ýadyndan çykaryp, gaýdyp öýlerine gelipdir. Aýaly oňa “şugundyr” sözüni gaýtalap aýdypdyr. Mämmetkömek bolsa, yzyny üzmän, “şugundyr-şugundyr” diýip ýola düşüpdir.

Barýarka, öňinden bir suwly ýap çykypdyr. Ýapdan bökjek bolanda, “şugundyr” sözi ýene ýadyndan çykypdyr. Mämmetkömek: “Edil şu ýerde ýitirdim, ýaba gaçandyr” diýip, ýabyň içini gözläp, iki baka aýlanyberipdir. Şol wagt ýoldan iki sany adam geçip barýan eken. Ol adamlar Mämmetkömegiň ýanyna gelip:

– Dost sen bir zat ýitiräýdiňmi, näme? – diýipdirler. Onda Mämmetkömek:

– Wah, şu ýapdan bökenje ýerimde ýitdi. Indi men öýimize nä ýüz bilen dolanaryn? – diýip köp gynanypdyr. Ol gelenler bolsa bir gowy zadyny suwa gaçyrandyr öýdüpdirler. Olaryň birisi:

– Dost biz hem agtaryşaly, eger tapsak ýarpysyny bize berermiň? – diýipdir. Mämmetkömek oňa razy bolupdyr. Üç adam bolup suwa girip agtarypdyrlar. Güýziň sowuk suwy olaryň aýaklaryny üşedipdir. Ahyr biri:

– Meniňä aýaklarym şugundyr ýaly boldy – diýipdir. Mämmetkömek “şugundyr” sözini eşidenden soň:

 – Aý, tapandyryn – diýip, ýapdan çykyp gaçypdyr. Agtaryşyp ýören adamlar hem:

– Tapan bolsaň, ýarpysyny berip git! – diýip kowalapdyrlar. Bir ýerde Mämmetkömegi tutup:

– Tapan bolsaň, ýarpysyny bize ber! – diýipdirler. Mämmetkömek bolsa, yzly-yzyna “şugundyr” diýmekden başga jogap gaýtarmandyr. Olar Mämmetkömegi urup, usurgadypdyrlar. Soňra Mämmetkömek:

– Onda men name diýeýin? – diýipdir. Onda olar:

– Ýaryny tapdym diý-de gidiber – diýipdirler. Mämmetkömek “Ýaryny tapdym” diýip, gaýtalap barýarka, öňinden bir pul ýitiren adam çykypdyr. Ol adam Mämmetkömegi tutup:

– Ýarpysyny tapan bolsaň ol meniňkidir, ony ber! – diýipdir.

Mämmetkömek ugryna seretmän, öňki sözini gaýtalap durmuş. Ol adam Mämmetkömegi urupdyr. Mämmetkömek ýykylýança öz sözini gaýtalapdyr. Mämmetkömek işiň bolmajagyny bilip:

– Onda men näme diýip gideýin? – diýipdir. Ol adam hem:

– Herkim meniň pulymy tapyp-da  maňa bermese kül bolsun – diýipdir. Onda Mämmetkömek “kül bolsun” diýip, gaýtalap ýola düşüpdir. Barýarka, öňinden bir harman alýan çykypdyr. Mämmetkömegiň “kül bolsun” diýenini eşidip:

– Sen meniň bir ýyllyk zähmetimiň hasylyny kül ederçe boldyňmy? – diýip, mazalyja ýenjipdir. Soňra Mämmetkömek:

– Onda men näme diýeýin? – diýipdir. Harman alýan:

– Çäjiňe bereket, diý-de gidiber – diýipdir. Mämmetkömek “çäjiňe bereket” diýip gidiberipdir.

Obanyň çetinde bir gabrystanda bir topar adam öli jaýlap duran eken. Mämmetkömek olaryň ýanyna baryp:

– Çäjiňe bereket – diýipdir.

– Ol adamlar hem biziň hemmämiziň ölümimizi dileýärsiň, sen biziň duşmanymyz ekeniň – diýip, mazalyja ýenjipdirler. Soňra Mämmetkömek:

– Onda men näme diýip gideýin? – diýipdir. Onda olar:

– “Heýwaý-eý|” diýip, agla-da gidiber – diýipdirler. Mämmetkömek aglap barýarka, bir uly baýyň toýunyň üstinden duşupdyr. Baý bolsa, Mämmetkömege:

– Men ýekeje oglyma toý edýärin. Sen meniň şatlyk günimde aglarmyň? – diýip, alypdyr taýagyň astyna, tas gözi çykan eken.

Mämmetkömek:

– Onda men näme diýip gideýin? – diýipdir. Onda baý:

– “Ha-ha-ha” diýip, gülüp git – diýipdir.

Mämmetkömek gülüp barýarka, bir keýigi nyşana alyp ýatan mergeniň duşyndan baryp, keýigi ürkizipdir. Mergen hem Mämmetkömegi tüpeňiň gundagy bilen ura-ura bir hal edipdir. Soňra Mämmetkömek:

– Onda men näme diýeýin? – diýipdir. Mergen:

– Sesiňi çykarman, pesden pese bukdaklap git – diýipdir. Mämmetkömek bukdaklap barýarka, bir gawunly ýere düşüpdir. Joýadan joýa bukdaklap ýörkä, itler duýup, sakçy hem gelip, ölüm azabyna beripdirler. Mämmetkömek telim güniň azabyndan ýadap, ajygyp, suwsap, ýykylyp galypdyr. Gijäniň bir wagty aýaza çydaman, turup ugrapdyr. Barýarka, öz öýleriniň gapysyny tanapdyr. Gapyny kaksa, aýaly içerden:

– Kimsiň? – diýipdir.

Mämmetkömek bolsa, öz adyny ýadyndan çykaryp:

– Men, aç gapyny! – diýipdir.

Aýaly her näçe “kimsiň” diýip sorasa-da, Mämmetkömek “men” diýmekden başga bir söz aýdyp bilmändir.

Soňra aýaly:

– “Men” bolsaň, daşarda ýatyber – diýip, gapyny açmandyr.

Mämmetkömek alaç tapman, daşarda oturypdyr.

Ertesi il örenden soň öýlerine gelip: – Şunça azap görüp, getiren zadymy saňa bererinmi? – diýip, bir dulda baryp oturypdyr.