OGLAN WE HÄSIÝETLI GAZAN

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Maýa Lallykowa
1 863
~ 5 min.

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanda bir garagolja oglanjyk bar eken. Onuň işi-pişesi dürli oýunlar oýnamak bolar eken. Onuň özünden uly gyz dogany hem bar eken. Ol her gün tokaýa odun ýygnamaga gider eken. Olar şol gyzyň getirenje odunyny satyp, gün görer ekenler.

Bir gün ol gyz tokaýa odun ýygnamaga barýan wagty bir kempire gabat gelýär. Kempir çöplänje odunyny arkasyna galdyryp bilmän duran eken.

Gyz garrynyň ýüküni arkasyna goýup berýär. Garry bolsa begenip:

― Ýör, gyzym, meniň öýüme baryp geçeli, şujagaz ýerde. Bir gazanjygym bar. Şony saňa sowgat bereýin ― diýip, gyzy alyp gidýär.

Garrynyň beren gazany üýtgeşik bir häsiýetli eken.  “Maňa bir nahar bişirip beräý” ‒ diýseň islän naharyňy derrew taýýar eder eken. Gyz gazanyň bu syryny gelip, jigisine-de aýtýar. Emma oýunjaklaryny urup-sögüp ýören oglanjyk:

 ― Men näme, şu gara gazana ýalbarar durarynmy? “Bişir” diýenimde bişirmän bir görsün ― diýip, gyz doganynyň diýenini etmeýär. Şeýle bolansoň, gazan hem oňa hiç nahar bişirip bermez eken. Oglanjyk oňa has-da torsarylyp:

― Bişirip bermeseň, berme, doganyma bişiren naharyňdan iýäýerin ― diýip, öz eňegine tutar ýörer eken.

Günlerde bir gün oglanjygyň gyz dogany tokaýda azaşýar. Oglanjyk ajygyp, gazana:

― Meniň nahar iýesim gelýär. Bol, maňa nahar bişirip ber ― diýip gaharlanypdyr. Emma gazan hiç zat bişirmändir. Oglanjyk torsarlyp, çykyp gidipdir.

Bir salymdan ol has beter ajygyp başlapdyr, ýene gelip, gazana nahar bişirmegini buýran. Gazan bu sapar hem nahar bermändir.

Şonda gyz doganynyň: “Edepli hem mylaýym bolsaň, gowy bolar. Gazanjyk hem edeplilik bilen haýyş etseň, nahar bişirip berer. Biedebi gazanjyk halanok, oňa nahar hem berenok”  ‒  diýeni ýadyna düşen.

Oglanjyk gazanyň ýanyna baryp:

― Gazanjygym, men aç , maňa bir gowy nahar bişirip bersene ― diýen.

Gazan öz-özünden gaýnamaga başlaýar. Derrew süýji palaw taýýar bolupdyr. Oglanjyk doýup, hezil edinipdir. Ýöne doýup bolansoň hem palaw bişirip, gazandan çogup çykyp, dökülip dur diýýär.

Oglan:

― Gazan, bes et-how. Maňa munça nahar gerek däl, içerini hapaladyň ― diýip gygyran.

Emma gazanyň şol bişirip durşy diýýä. Oglanjyk garny doýansoň, edepli bolmalydygyny ýadyndan çykaryp, şunça gygyrypdyr, gazan bolsa oňa gulak asmandyr. Öýüň içi palawdan depe bolup gidipdir.

Şol wagt oglanjygyň gyz dogany gelýär. Ol öýleriniň palawdan depe bolanyny görüp, jigisine: “Nahar bişirmesini goýdurjak bolsaň hem gazanjykdan edep bilen haýyş etmelidir” diýip ýatladýar. Oglanjyk derrew gazandan bes etmegi haýyş edýär. Dökülen palawyň ählisi ýygnanýar. Şondan soň, oglanjyk edepli bolupdyr. Gazan hem hemişe onuň diýenini edipdir.