ÝARTYGULAK

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Galina Hasanowa
2 098
~ 41 min.

Bir bar eken, bir ýok eken, gadym eýýamda bir garyp adam bar eken. Emma onuň wagty bilen çagasy bolmandyr. Ahyrsoňy aýaly göwreli bolup, çaga bolaryna garaşyp ýören ekenler.

Bir gün bu adam degirmene un çekmäge gidipdir welin, yzynda bir ogly bolupdyr. Bu bolan oglanyň ululygy ýarty gulak ýaly eken. Bu oglan bolan dessine:

– Eje, aý eje, kakam nirä gitdi? – diýip sorapdyr.

Ejesi hem gorkusyna:

– Kakaň degirmene un çekmäge gitdi, şonuň için yzyndan düýäni eltmek gerek – diýip aýdypdyr.

Bu Ýartygulak hem düýäni gazykdan çözüp, özi hem düýäniň üstüne böküp münüpdir-de, düýäniň gulagyna towsup giripdir. Bu düýe ýol bilen barýarka, bir topar oglan:

– Ynha, bir boş düýe – diýip saklapdyrlar.

Ýartygulak hem:

– Haý, doňuz atalylar, goýberiň düýäni, näme saklaýarsyňyz? – diýip gygyrypdyr.

Oglanlar töwereklerine seredip, hiç kimi görmän:

– Bu ses nireden gelýärkä? – diýişip, gorkularyna düýäni goýberip, gaçyp gidipdirler.

Ýartygulak ene düýäni sürüp, degirmene baryp:

– Aý, kaka haw! – diýip gygyrmaga başlan.

Ýartygulagyň kakasy bolsa oglunyň bardygyny bilmänsoň, ses bermändir. Ýartygulak hem oňa garap, ýene-de:

– Aý, kaka how! – diýip, gygyrmagyny dowam eden.

Ýartygulagyň kakasy:

– Be, meniň oglum ýokdy-la. Bu maňa gygyrýar-la – diýip, ýakynrak gelse:

– Kaka, basymrak gelsene – diýip, Ýartygulak ýene-de gygyrýarmyş. Özi bolsa: “Kakam gelse gorkuzaýyn” diýip, düýäniň gulagyndan towsup düşüp, bir gysym otuň aşagyna girip ýatany hem şol eken welin, düýe Ýartygulagyň gizlenip ýatan otuny iýäýipdir.

Ýartygulagyň kakasy gelse, ogly ýok. Kakasy:

– Oglum, oglum! – diýse, Ýartygulak düýäniň içinden:

– Kaka, men düýäniň içinde, düýe meni iýdi – diýipdir.

Kakasy hem düýelerine un ýükläp, öýlerine gelipdir. Aýaly ärinden:

– Oglymy-da getirdiňmi? – diýip sorapdyr.

Äri:

– Oglumyzy-ha düýe iýdi – diýipdir. Onsoň bir salym aglaşypdyrlar.

Soňra bolsa düýelerini öldürip, içegelerini bir-bir barlapdyrlar, emma “Aý, zat ýokdur-la” diýip, bir bölejik içegäni zyňyp goýberipdirler. Ýartygulak bolsa şol bölejik içegede eken. Är-heleý zat tapman, düýelerini hem öldürip, ýene-de aglaşyp oturypdyrlar.

Şol gün agşam bir aç gurt düýäniň ölen ýerine gelip, ýaňky bölejik içegäni iýipdir. Gurt bu  ýerden oňly nahar edinip bilmän, bir çopanyň goýnuna darajak bolup barypdyr.

Ýaňky Ýartygulak:

– Haý, çopan haw! Goýnuň gitdi-le haw! – diýip, gurduň içinde ýatyşyna gygyrmaga başlapdyr.

Çopan hem:

– Aý bir öwejiň bar, kowaweri! – diýip, özi hem itlerini küşgürip, ýaňky gurdy kowupdyrlar.

Ýartygulak hem möjegiň ardyndan:

– Gyýw, haý-haý! – diýip gygyrýar diýýär.

Bu gurt hem bir ses gelenini guman edipdir, emma nireden gelenini anyk bilip bilmändir. Gurt gaçyp, goýun iýmekden hem bizar bolup, zordan özini gutarypdyr.

Birnäçe gün geçensoň, ýaňky möjek açlygyna çydaman, ýene bir çopanyň goýnuna barypdyr. Möjek sürä ýakynlaşanda, Ýartygulak ýene:

– Aý, çopan haw! Eşitmedim diýme, goýnuňy gurt aldy, haw! – diýip gygyrypdyr.

Bu çopan hem:

– Aý bir öwejiň bar, kowaweri – diýip gygyran. Ýartygulak hem ýene möjegiň ardynda uly gopgun turzup:

– Gyýw! Haý-haý! – diýip başlan.

Goýun çopanyň özi hem üç sany iti bilen möjegiň yzyna düşüpdir, möjek hem gaçypdyr. Itler hem kowalap, onuň guýrugyndan ýapyşyp, gurdy alybilmändirler, ýöne allaowarra eltip gaýdypdyrlar.

Möjek ýene bir süriniň gyrasyndan barypdyr, bu gezek hem Ýartygulak çopana habar beren. Çopan-da: “Bir öwejiň bar” diýen. Ýene Ýartygulak möjegiň ardynda zenzele turzan. Garaz, bu möjek birnäçe günläp alakjap, gaty köp sürüleriň üstünden baran welin, nirä barsa, Ýartygulak çopanlara habar berip, möjegiň ardynda gopgun turzan, möjegiň hem goýunçy itleriň demine düşüp, halys sütüni süýnen.

Möjek ahyrsoňy bar belanyň öz içindedigini bilipdir. Ysgyny gidip, gözi garaňkyrap, halys bolup, bir ýerde süýnüp ýatyrka: “Indi bu beladan nähili edip gutularkam” diýip pikir edip, bir bilimdar tebip tilkiniň ýanyna maslahata barypdyr.

– Eý tilki dost, meniň içimde bir bela bar, meniň ajymdan ysgynym gitdi, goýun iýmäge barsam, içimden: “Aý, pylan çopan how, goýny gurt aldy, how” diýip zowladyberýär. Indi bäş günüň içidir, agzyma et degenok, haýym gidip, waýym galdy. Şuňa sen bir alaç et, em-ýom salgy ber – diýip ýalbarypdyr.

Onda tilki:

– Şu belaň içiňden gaçmagynyň melhemini etsem, bir goýuň berermiň? – diýipdir.

Gurt hem:

– Wah, dost, iki goýun diýseňem bereýin, ýöne şu belany bir dep edeweri – diýip, goýun bermegi wada edýär.

Onda tilki:

– Gury sözden goýun bolmaz, dost, gel, diliňden hat ber – diýip, ikisi hatlaşanmyşlar.

Soň tilki möjege:

– Eý gurt, sen bir suwujak bulamak iç, birnäçe sapar ýapyýokaryk ylga, ana, şonda içiňdäki bela gaçsa gerek – diýipdir.

Onda Ýartygulak:

– Eý tilki, tilki, başyňa turşusy çykan tilki, bu içmäge bulamak tapýan bolsa, şu günlere düşermidi? – diýip gurduň ardynda seslenipdir.

Onda gurt:

– Eý tilki dost, görýäňmi meniň günümi, dat meniň günüme! – diýip aglaberipdir.

Onda tilki:

– Eý gurt dost, seniň işiň kyna düşüpdir, seniň işiňi hudaý oňarsyn, sataşan belaň ýaman eken, ýöne bir ähtimaly bar, şony hem etseň! – diýipdir.

Onda gurt:

– Dost, aýdaweri, bir em bolsa edeli, bolsa bolany, bolmasa hem öljek ekenim-dä – diýip, tilkä ýalbarypdyr.

Tilki:

– Eý gurt dost, sen günorta bolanda üzümli haýatlara bar-da, horarak üzümlerden iý, içiňdäki belaň bolsa jany çykýança gygyrsa gygyrybersin. Günortanlar bag saklaýan-da, it-de bolmaz, beýewar eşidip gelseler hem tä ýanyňa gelýänçäler hiç gaçmagyn, üzümlerden birneme köpräk iýjek bolgun – diýip aýdypdyr.

Gurt hem:

– Bolýar – diýip, günorta wagty baglara üzüm iýmäge gelipdir. Bir üzümli haýatyň garasyndan baryp, içine özüni taşlapdyr. Hora üzümlerden iýmäge durupdyr welin, Ýartygulak hem:

– Dat, bidat, üzüm eýesi, üzümiňi ogry aldy-la, haw! –  diýip, möjegiň içinden gygyrmaga durupdyr.

Bu sesi eşidip, üzüm eýesi gelýänçä, gurt biçäre bir-iki düýp üzümi sypyrypdyr. Üzüm eýesi hem: “Bu ses nämekä?” diýip, haýata gelse, bu ses üzümleriň aşagyndan çykýar, üzüm eýesi eline bir taýak alyp, haýatyň içine aýlansa, bir gurt üzüm iýip duran eken. Ýuwaşlyk bilen baryp, gurduň burnuna taýak bilen ýapypdyr. Gurt hem ýazzyny beripdir. Ýartygulak bolsa ol haýatdan böken wagty gurduň ardyndan syrylyp gaçypdyr. Gurt hem begenjine tilkiniň ýanyna barypdyr.

Indi habary Ýartygulakdan eşidiň.

Ýartygulak gurduň ardyndan gaçansoň, bir üzümiň düýbünde ýatyberipdir. Üzüm eýesi hem gurdy haýatdan kowup, bir çelek üzüm ýygyp, çelegi arkasyna göterjek bolanda, Ýartygulak çelege giripdir.

Bu adam ýol boýy aýdym aýdyp gelýär eken, Ýartygulak hem çelegiň içinde:

– Jan, jan, sag bol! – diýip, oňa how berip gelýär eken.

Bu adam bolsa yzyndan adam gelýändir öýdüp, yzyna seretse, hiç kimem ýok diýýär. Onsoň: “Elbetde, öz göwnüme ses gelen ýaly bolandyr-da” diýip, ýene aýdym aýdyp ugraýar welin, Ýartygulak hem çelegiň içinden:

– Jan, jan, sag bol! – diýip başlaýar.

Bu adam ýene yzyna seredýär. Hiç kim ýok diýýär. Onsoň gorkup başlapdyr. “Jynmyka ýa-da arwahmyka?” diýipdir. Aýdym hem aýtman, gaty-gaty ýöräp, öýlerine gelip, çelegi arkasyndan düşürmän:

– Ýolda jyn gördüm – diýip titir-titir titräpdir. Ýartygulak hem çelekden düşüp, çuwalyň aşagyna girip ýatypdyr. Bu adamyň aýaly: “Ärim jyn görüpdir” diýip, äriniň üstüni iki gat ýorgan bilen ýapyp goýupdyr. Goňşulary hem: “Pylany jyn görüpdir” diýip, gelip munuň halyny sorapdyrlar. Goňşy aýallar gelip: “Hudaýym hiç musulmana jyn diýlen zady görkezmesin” diýişip, ýakalaryny tutup: “Toba, hudaýym” diýişip gaýdypdyrlar.

Bu jyn gören adamyň öýüne şol agşam üç-dört sany myhman hem gelipdir. Bu gün agşam ýatypdyrlar welin, Ýartygulak çuwalyň aşagyndan çykyp, myhmanlaryň sakgallaryny iki-bir edip, biri-birine daňyp çykypdyr. Ýaňky jyn gören adamyň sakgaly bilen onuň aýalynyň saçyny hem bir daňypdyr. Agşam myhmanlaryň biri daşaryk çykjak bolupdyr. Ine, onsoň eýleki ýoldaşy hem sakgalyndan çekýändir öýdüp:

– How, sakgalymy goýber – diýipdir welin, o-da oýanypdyr-da, öz sakgalyndan ýoldaşy bilgeşleýin çekýändir öýdüp:

– Näme sakgaldan çekip dursuň, how?! Sakgaldanam oýun bolarmy? – diýip, ýumrugyny düwüp, ýoldaşynyň depesinden inderipdir.

Ur-ha-urluk başlanyp, gopgun turan. Bularyň galmagalyna beýleki ýoldaşlarynyň biri turup, aralajak bolsa, sakgalyndan beýleki ýoldaşy tutan ýaly bolupdyr:

– Näme sakgaldan tutýaň? – diýip, ýatan adamyň garnyna depipdir.

Ýatan adam hem tutup, munuň kellesine ýumruk bilen urupdyr, bu dört myhman biri-biriniň başyna urup, kellelerini gyzyl gan edip, öýde uly gopgun turzupdyrlar.

Bu dört myhmanyň galmagalyna är-heleý hem oýanypdyr. Äri aýalyna:

– Eý heleý, meniň öňki jyn görenim azmy? Sen ýene meniň sakgalymdan tutýarsyň-la? – diýipdir-de, bu hem aýalyny ýençmäge başlapdyr.

Aýaly hem:

– Dat, goňşular, ýetiň, meni ärim öldürdi! – diýip gygyrypdyr.

Aý, garaz dört myhman, är-heleý öýde uly gopgun turzupdyrlar.

Goňşulary hem gelip görseler, öýüň içi ala tozan, myhmanlar we är-heleý – hemmesi biri-birleri bilen gyzyl ýumruga giren ekenler diýýär.

Goňşulary:

– Bulara bir ýaman jyn ýolugypdyr – diýip, olary aralapdyrlar.

Ýartygulak ýene çuwalyň aşagyna girip ýatypdyr. Myhmanlar hem:

– Bu öýe ýaman zat ýolugypdyr, biz bir basymrak gaýdaly – diýip, ertir daň bilen turup gaçypdyrlar.

Är-heley ikisi jyndan gorkularyna titir-titir edip otyrkalar, aýaly ärine:

– Aýu kakasy, öýümizdäki jyny kowmak üçin, işan aganyň ýanyna gitmesek boljak däl – diýipdir.

Onda äri:

– Bolmasa tizräk git, kömek sora – diýipdir.

Onsoň bu aýal işanyň ýanyna ugramakçy bolanda, Ýartygulak hem arkasyna hopba bolup, onuň gyňajynyň arasynda gizlenip, munuň bilen  işanyň ýanyna gidipdir.

Aýal işanyň ýanyna baryp:

– Işan aga, biziň öýümize üç gündür bir jyn ýolugypdyr, şoňa doga bersene – diýipdir.

Işan hem:

– Ba-ha, jyn gaty myrtar zatdyr, ondan gorkmak gerek, seni okaýmasak, hezil bermez – diýip, ýaňky aýaly bir çola tama salyp, okan  bolup, o ýerini, bu ýerini sypalap başlan wagty, Ýartygulak bularyň ikisine-de bildirmän, işanyň sellesiniň ortasyna münüpdir. Işan: “Aguz billahy mneşeýtanirrejim” diýip başlanda, Ýartygulak hem onuň depesinde oturan ýerinden işanyň agzyna öýkünip, bogazyna sygdygyndan gygyrmaga başlan. Işan okamakdan ellibizar geçip, gorkup:

– Bu ne bela boldy, bu ne ýaman jyn eken-ow, men saňa tizräk doga bereýin – diýip, hasyr-husur kagyzyň ýüzüne gara çyrmap:

– Ine, şu iki dogany alyp git, birini äriň dakynsyn, birini hem özüň dakyn – diýip, getirilen aklygy alyp, aýaly bolsa tiz ugradyp goýberen.

Emma Ýartygulak işanyň sellesiniň üstünde galan. Işan öz ýanyndan jyn aýal bilen gidendir öýdüp, agşam namazyny okamak üçin metjide baryp, ýygnanan jemagata ymamlyk edipdir. Şol wagtam Ýartygulak onuň sellesiniň gatlaryna girip ýatan eken. Işan adamlaryň öňünde ymamlyk edip:

– Allahy äkber – diýip, maňlaýyny ýere goýmakçy bolanda, Ýartygulak hem onuň bilen birlikde:

– Allahy äkber – diýip sazlaşdyryp goýberen. Birnäçe sapar şeýle bolandan soň, işan öz içinden: “Meniň ymamlygyma göwnüýetmezçilik edip, arkamda duranlaryň biri bilgeşleýin gygyrýar” diýip oýlanypdyr. Soňra bolsa ol gaharlanyp çykyp giden. Yzyndaky duran jemagatlar: “Işan henizem maňlaýyny ýerden galdyran däldir” diýip, maňlaýlaryny ýerden götermän, birnäçe wagt ýatypdyrlar. Soň biri başyny göterip garasa, öňlerinde ymam ýok, ol beýlekilere-de habar beripdir. Bular: “Biziň işanymyz däliredimikä?” diýşip, çykyp, öýli-öýüne gidipdirler.

Şol agşam işanyň aýaly özleri we sopulary üçin palaw bişirip, gapylarynda gezýän talabanlar üçinem uly gazan kädi bulamak bişiripdir. Gije hemme kişi uklandan soň, Ýartygulak çykyp, gazanda talabanlaryň agzyndan galan kädi bulamagy çanaga goýup, eltip işanyň balagyny doldurypdyr, sopularyň ýatan ýerine baryp, olaryň hem balaklaryny kädi bulamakdan doldurypdyr. Bu işanyň ýetişen iki sany uly gyzy bar eken, bularyň hem şaýly tahýalaryny aýryp, kellelerine ýagly küzäniň dykajyny geýdirip goýupdyr. Işanyň sellesini alyp, ony hem aýalynyň başyna geýdirip goýupdyr. Özi hem baryp, öýüň, işigiň üstüne çykyp, heniz daň atmanka azana gygyryp başlan. Metjitde ýatan sopular oýanyp, balaklarynyň harapdygyny aňlap:

– Kän iýip, balagymyzy hapalap, metjidiň içini ys bilen doldurypdyrys – diýip, turup gaçypdyrlar. Işan bolsa ýerinden turup, ukuda ýatyrka bilmän, balagyny hapalapdyr guman edip:

– Heleý, heleý, tur, geými çalşyrmasak, bolar ýaly bolmandyr – diýip gygyran.

Aýaly turup, geýim gözläp ýörkä, işan seretse, aýalynyň kellesi selleli, soň gyzlary turýar welin, olaryň hem kellesinde küýzäniň dykysy diýýär. Ýerinden turup bilmän oturan işan bulary görüp, haýran galyp:

– Bu näme boldugy, ýeldirgäp dagy etdiňizmi? –  diýip gygyran.

Hiç zatdan habarsyz aýaly:

– Näme bolupdyr, balagyňy haraplapsyň, çeni bilen iýmek gerek eken – diýen.

Bu gykylyga adamlar üýşüp gelipdirler.

Işan aýalyna bakyp:

– Akmak, öz başyňyzdaky näme? Gyzlaryň başyndakylar näme? – diýip gygyran. Aýaly kellesindäkini alyp görse, selle, gyzlarynyň başynda-da küýzäniň dykysy.

Onsoň işan:

– Waý, düýnki heleýiň jyny indi özümize erşip başlady – diýip gygyryberipdir.

Aýaly hem:

– Jynlaram gura, aklyklaram, biz-ä tüýs masgara etdiler – diýip, zeýrenmäge başlapdyr.

Işan geýmini çalşyrynyp, zat edip bolansoň, birneme arkaýynlaşypdyr. Edil şol günem işany toýa çagyran ekenler. Işan toýa giden mahaly, Ýartygulak hem sellesine münüp, munuň bilen ugraberipdir.

Ýartygulak işanyň kellesiniň süýr depesinde töwerek  daşyna syn edip barýarmyş. Işan eşegini sürüp, toý ýerine ýakynlaberende, Ýartygulagyň kellesine bir pikir gelip, ol işanyň kellesinden düşüp, eşegiň türresine münüpdir. Ondan soň syrylyp, eşegiň guýrugynyň pürçüklerinden aslyşyp durupdyr-da, onuň ardyna dürtüp başlapdyr. Eşek hem hyzzynlap, göge-göge böküberipdir. Şol barmaşa eşek işany doly çuwal ýaly edip, gaty daşlyk ýere pylçap urupdyr.  Işan seňseläp, maňlaýy ýarylyp, ýykylan ýerinden galyp bilmän, ep-esli ýatypdyr. Ahyrsoňy işany ýolagçy adamlar görüp ýygnanypdyrlar.

Ýartygulak işan bilen aýrylyşyp, toý ýerine baka ugraberipdir. Ýartygulak toý ýerine gelip görse, bu toýuň eýesi bir uly baý eken. Bu baý özüniň ogluny öýerýär eken. Ýartygulak çöp-çörüň arasy bilen gyrmyldap baryp, öýüň artbaşyndan gamşyň gatlagyndan sümlüp, durluk bilen arada jaýlaşyp, durlugyň epininden içerik seredip görüpdir welin, edil sereden ýerinde, öýüň dulunda täze alnyp getirilen gelin otyr eken, onuň öňünde-de birnäçe ulugyz otyr diýýär. Olardan aňyrda bolsa hemme baý adamlar aýbogdaşlaryny gurşup, gabarylyşyp, gürrüňe kellelerini gyzdyryp oturan ekenler. Öýüň töründe bolsa ýaňky işan sellesini tegeläp oturanmyş.

Ýartygulak geliniň öňünde oturan gyzlary taýak bilen dürtgeläp başlapdyr, gyzlar bolsa bu işi biri-birlerinden görüp, biri-birleri bilen öjeşip, adamlaryň ýanynda gaty gepleşip hem bilmän, gaharlanyşyp çykyp gidipdirler. Ahyrynda geliniň ýeke özi galypdyr.

Gün öýleden agansoň, işan oglan bilen bu gelne nika gyýmaga hyýallanyp, iki sany adamyny pyýadakazy belläp, işe başlapdyr. Işanyň bellän pyýadakazylary çümre bürenip, tersine bakyp oturan geliniň ýanyna gelip:

– Gelin, nika wekilçiligiňizi biziň haýsymyza berýäniz? – diýip soranlar.

Gelin bolsa çümre bürenip, geplemän aglap oturan. Birnäçe sapar gaýtalanan sowala jogap bolmandan soň, durlugyň syrtyndan Ýartygulak:

– Şol kel ogluňyz üçin biriňize-de nika wekilçiligimi berjek däl – diýip bogazyna sygdygyndan gygyryp goýberipdir. Pyýadakazylaryň ýürekleri ýarylara gelipdir, oturan adamlar hem aňk-taňk bolup, haýran galypdyrlar.

Şol wagt bir aýal gelip, gelin yrmakçy bolup, höre-köşe edip başlapdyr. Gelin bolsa indi aglajagynam bilenok, güljeginem diýýär, ol öňküsi ýaly kürtesiniň gyrasyndan berk ýapyşyp, ýaşynyp otyrmyş. Heniz gelinden jogap bolmanka, ýene Ýartygulak:

– Bolmaz, bolmaz, sözüm birdir, men aýtjagymy aýtdym, indi gaýdyp alman! – diýip gygyrypdyr.

Gelniň daşyna ýygnanan aýallaram gaýra-gaýra çekilişipdirler-de:

– Bu gelin samsykmyka, nämekä? – diýişipdirler.

Işan hem oturan ýerinden:

– Gelin, bu işiň gabahatdyr, aýyp bolar – diýipdir.

Onda Ýartygulak:

– Asyl sen tetelli adamynyň gyýan nikasy maňa gerek däl – diýip, onuň sözüne jogap gaýtarypdyr.

Işan:

– Toba, toba essagpyrylla, bu ne bela boldy-ow! – diýip gaýdyp sesini çykarman, sem bolup oturypdyr.

Ol gün hem şonuň bilen geçipdir.

Adamlar:

– Indi gün ýaşdy, bu sähetli gün geçti, indi nika ertire galmaly boldy – diýişipdirler-de, işi gyssaglylary işine dargaşypdyrlar. “Munuň soňy näme bolarka?” diýip, geňirgenenler bolsa, tomaşa etmäge galypdyrlar.

Agşamyň basymrak düşmegine alňasap, goňşy öýlerinde gultunyp oturan baý ogly hem işiň şowuna düşmänligine gynanyp, gelip öýe giripdir.

Ýartygulak hem şol wagt durluk bilen gamşyň arasyndan ýapyşyp, tüýnüge çykypdyr.

Işan:

  • Indi bu gün nika gyýmaga giç boldy welin, ertiriň gamyny etmek gerek, oňa görä-de, biz öýden çykyp çolardalyň welin, goý, oglan gyza kellesini görkezsin – diýipdir.

Oturanlar bu maslahaty makul bilipdirler. Şol wagt Ýatrygulak tüýnükden:

– Ahmal bolmagyn, gyz, baýyň kel ogluny gizläp, onuň ýerine başga bir kellesi sag adamyny görkezjek bolýandyrlar – diýip, zowladyberipdir. Adamlar haýran galyp, ýokarlaryna seretseler, hiç zat ýok diýýär. Bular gorkup başlapdyrlar. Işan hem:

– Bu peläket jyn biziň gapdalymyzdan aýrylmajak öýdýän, bu jyn biziň obamyza halys ot ýakdyrmaýar, bizden näme isleýärkä? – diýip, howsala düşüp ugrapdyr. Toý eýesi baý bolsa:

– Bolmasa okap kowmak gerek – diýen.

Onda işan:

– Wah, men okadym-la, maňa eýgertmedi, gaýta meniň özüme erşip, eýerläp mündi, bir gije hem garnyma münüp, bogup tas öldüripdi – diýip, ondan halys basylanyny boýun alypdyr.

Şol wagt Ýartygulak:

– Şol garnyňa münemde, balagyňy hem haraplaýdyňmy? – diýip gygyrypdyr.

Işan:

– Anha gördüňmi, bu meni halys günüme goýjak däl – diýip, ýene-de zeýrenipdir.

Baý:

– Onda näme etsekkäk? – diýip, oturanlardan sorapdyr.

Işan:

– Güýçli mollalary ýygnap, birleşip okamak gerek – diýipdir.

Baý goňşy obada bolan mollalaryň iň güýçlülerinden dört sanysyny çagyrdyp getiripdir. Soňra bir tanyş porhan-da bar eken, ony hem çagyrypdyr. Şeýdip öýüň bir ýan dulunda dört molla bir işan – bäş bolup doga okamaga başlapdyrlar, öýüň bir ýan dulunda-da porhan:

– Aý, pylan jülgedäki goçum, gel, aý, pylan deredäki perilerim, ýetişiň haw, aý, pylan depedäki jynlarym, geleweriň-ow – diýip gygyryp, agzyny köpüredip başlapdyr.

Ýartygulak bolsa:

– Hany, göreli bakaly, seniň jynlaryň nähili zatka? – diýip, tüýnükdäki ýylyjak serpigiň epininiň arasyna girip ýatyberipdir. Ol gaty ýadansoň, derrew uka giden eken. Birnäçe wagt ýatansoň, ukusyny alyp, oýanypdyr-da, diň salyp, öz ýanyndan: “Öýüň içi jyndan dolandyr, bu porhanyň jyny, perisi, goçy nähili zatka, hany bir göreýin-le” diýip, tüýnükden aşak seredip görse, porhanyň kellesi gyzyp, agzyndan köpük saçyp, uzyn sakgalyny ak köpük bilen boýapdyr, gykylygy bolsa öňküden ýüz esse artyp, düwläp, iki tarapa urnup, bu ullakan ak öýi gapyrjaga dönderipdir diýýär.

Mollalar bolsa gara derlerini saçyp, henizem bogazlaryna sygdyklaryndan gygyryşyp, bir zatlar okaşyp, oturanmyşlar. Bularyň daşynda oturanlar bolsa, irkilişip ugrapdyrlar, şulardan başga öýüň içinde jynam ýok, perem ýok, goçam ýok eken.

Gije ýarymdan geçensoň, halys sütüni süýnen porhan sesine bir dyngy beripdir-de:

– Baý aga, gördüňmi, nätdim, meniň jynlarym ýerinden gozganyp başlan wagtynda, ýaňky seniň öýüňdäki jynam ümdüzüne tutduryberendir görseň, meniň jynlarym, perilerim gelip, ol jynyň yzyndan kowup, ala dagdan aşyryp geldiler – diýip, öwnip ugrapdyr.

Şol wagt işan:

– Biziňem dogalarymyzyň güýçli kömegi degendir – diýip, bu hem kem galmajak bolupdyr.

Şol wagt Ýartygulak saklanyp bilmän, bularyň gürrüňlerine gülüp goýberipdir. Adamlar geň galyp üşerilişipdirler.

Işan:

– Bu peläket henizem gitmändir-ow – diýen.

– Gorkmaň, arkaýyn boluň, bu meniň jynlarym, olar beýleki zalymy kowup gelenlerine şatlanyşyp gülşendirler – diýipdir.

Onsoň bularyň hemmesi arkaýynlaşypdyr.

Porhan hem:

– Baý aga, maslahat bilseň men-ä jynlarymy ýerli-ýerine gaýtarjak – diýipdir.

Baý:

– Bolýar, indi olara rugsat beräý – diýipdir.

Porhan ýene-de nazym bilen gygyryp, “jynlaryny” ugradan kişi bolupdyr. Mollalar hem okamasyny goýupdyrlar. Onsoň bulara çaý-nahar getiripdirler. Nahar edinip bolanlaryndan soň, öýüň  bir ýan dulunda hatara düşek salyp berip, mollalary, porhany ýatyrypdyrlar. Galan myhmanlar bolsa, öýli-öýüne gidipdir. Gijäň ýarymyndan köpüsini ukusyz geçiren adamlar kelleleri ýassyga ýeten dessine gözleri ýumlup, myrra uka gidipdirler. Ýartygulak tüýnükden düşüpdir-de, baýyň bir dulda goýlan sakgal taraşlaýan mykrazyny alyp, ýatan mollalaryň daşyna geçipdir.

Ilki işandan başlap, onuň uzyn çal sakgalynyň düýbüne ýetipdir, işanyň sakgalyny düýbünden aýrypdyr. Beýleki mollalaryň hem sakgallaryny birin-birin edip aýrypdyr, emma iň kiçi mollanyň sakgalynyň ujuny çyrpyp, gyrçuw edipdir-de, murtuny düýbünden aýrypdyr. Bulary gutarandan soň, porhanyň  ýanyna gelip:

– Hany, sen jynly bolýan bolsaň, jynlaryň ýetişsin bakaly – diýip, porhanyň daşyna geçipdir. Porhanyň uzyn gara sakgalynyň sag gapdalyny düýbünden aýryp, çep tarapyna zat degmän goýupdyr.

Toýda ölen janlylaryň kyrk garynlary dulda ýatan eken. Ýartygulak olary alyp baryp, gelniň ýanynda süýji ukuda ýatan gyzlaryň kellelerine geýdirip, tahýalaryny aýryp, başga ýerde gizläpdir. Ýaňky işanyň sakgalyny alyp gelip, gelniň eňegine ýelmäp, iň kiçi mollanyň murtuny hem murt ýerine oturdyp, gelne-de sakgal-murt edipdir. Galan tüýleri bolsa eltip, baýyň sakgalyna ulaşdyryp-gatlaşdyryp, biri-biriniň yzyndan ýelmeşdirip çykypdyr. Baýyň sakgaly uzalyp, aýagyna ýetip duran bolupdyr. Ondan soň Ýartygulak:

– Hop, indi işimi birlaý gutaraýdym öýdýän – diýip, ýene dyrmyşyp, tüýnüge çykyp oturberipdir.

Daň atyp, jahan ýagtylypdyr, öý eýeleri, myhmanlar örüp başlapdyrlar. Hemme kişiden öňürti gelin ýeke özi turan eken, onsoň ýanynda ýatan gyzlaryň kellelerindäki garna gözi düşüp, hiç kime duýdurman, mys-mys gülüp oturan eken.

Baýyň aýaly turup, ärine garap:

– Aýu, bu sakgalyň ne uzalypdyr? – diýip soran.

Onda baý:

– Aý akmak, göwnüňedir – diýip jogap beren.

Baý birdenem gözüni açyp, eli bilen sypap görüp, haýran galyp, näme diýjegini bilmän oturyberipdir. Şol wagt porhan hem oýanyp, ýanyndaky eňegi taýpy ýaly bolup duran mollalary görüp, ha-ha-haýlap gülmäge başlapdyr. Öz içinden: “Bu işi meniň jynlarymyň içinde bir biedep ýakymsyzy bardy welin, şol edendir, men oňa gaty käýýärin” diýip, aýtjak bolup hyýal edýär welin, onýança mollalar hem porhanyň ýüzüne siňe-siňe seredişýärler-de, birden wakyrdy beräýýärler. Porhan haýdan-haý dulugyny sermeläp görse, bir tarapynda-ha eline zat ilmeýär, ylgap baryp, dulda duran aýna seretse, sakgalyny, murtuny at giren ýorunja dönderipdirler diýýär. Ol çalt aýnada ýüzüni aýryp, aýnany mollalara beripdir. Onsoň mollalar hem aýna seredip, öz ýüzlerini görüp başlapdyrlar. Görseler eňekleri taýpy ýaly edilen eken. Gyzlar bolsa özlerinden habarsyz, gelniň sakgaly bilen murtuny görüp, birden gorkup gaýra çekilipdirler.

Onýança baýyň aýaly:

– Ýarylyp ölenler, siziňki näme? – diýipdir.

Onda gyzlar:

– Gelne sakgal, murt çykaýypdyr – diýipdirler.

Baýyň aýaly:

– Goýuň, saçy kesilenler, men sizden kelläňize geýeniňiz näme diýip soraýaryn – diýip, olaryň ellerine hem aýna tutdurypdyr.

Gyzlar kellelerine geýdirilen garny görüp, aýnany taşlap, öz öýlerine bakan gaçyp gidipdirler. Gelnem sakgal-murtuny aýnada görüp, öz-özünden gorkuberipdir. Derrew sakgal-murtuny goparyşdyrypdyr. Edil şol wagt hem: “Düýnki jynly gürrüň nähili bolduka?” diýip, aýal-erkek dumly-duşdan topar-topar gelmäge başlapdyrlar. Nirä girjeklerini bilmän duran porhan we mollalar baýyň berjek baýragyndan elli bizar geçip, öýden çykypdyrlar-da adamsyzrak ýeri arap, ýeriň pesdi bilen ökjäni göteripdirler. Öýünde diňe baý we onuň aýaly hem gelin üçüsi galypdyr.

Baý:

– Bu beladan indi nähili gutularkak? Şu gara beladan gutaran adam bolsa, näme diýse bererdim – diýipdir.

Şol wagt Ýartygulak tüýnükden:

– On öweç diýse-de berermiň? – diýipdir.

Onda baý:

– Wah, on bäşem diýse-de bereýin-le – diýipdir.

Ýartygulak:

– Sözüňde tapylgyn, ýöne şu sözüňi unudaýmagyn – diýip, öýlerine ugramak hyýalyna gelip, gamyş hem durlugyň arasyndan syrylyp düşüpdir-de, çöp-çalamyň arasy bilen görünmän, ýola bakan gönügiberipdir.

Ol uly ýoluň daş ýakasy bilen barýarka, yzyndan bir atly ýetipdir. Bu atly hem Ýartygulaklaryň öz obasyndan bolup, ýaňky toýdan gaýdyp gelýän eken. Ol atly Ýartygulagyň duşuna gelip, atynyň çekisini çekmäge durupdyr. Şol wagt oňa görünmän baryp, Ýartygulak onuň atynyň guýrugyndan asylyşypdyr-da, ol atyna münüp ugran wagtynda, onuň atynyň üstüne çykyp, bökderginiň syrtynda jaýlaşyp oturyberipdir. Şunluk bilen atly öýleriniň duşuna gelende, Ýartygulak atdan düşüp, öz öýlerine barypdyr. Ýartygulak öýlerine girip, kakasy-ejesi bilen gujaklaşyp görşüpdir, kakasy-ejesi munuň gelenine gaty şatlanypdyrlar, bular onsoň hal-ahwal soraşypdyrlar. Ýartygulak hem başyndan geçirenlerini birin-birin gürrüň berenden soň:

– Kaka, pylan çopanda bir öweç, pylan çopanda bir öweç, pylan çopanda iki öweç algymyz bar – diýip, ol gaty kän çopany salgy beripdir we ýene aýdypdyr:

– Sen bar-da, ol çopanlara aýt: “Möjek kowanymyz üçin siz bize berjek öwejiňizi beriň” diý. Onsoň olar gepsiz-sözsüz bererler. Pylan baýyň öýüne bar-da: “Jyn kowanymyz üçin bermeli öweçleriňi ber” diýip aýt-da, olardanam on bäş öweç alyp gaýt – diýip, kakasyny iberipdir.

Kakasy hem gidip, çopanlardan we baýdan algylaryny alyp, bir süri öweji öňüne salyp gelipdir.

Ýartygulak mundan soňam her kimiň aýybyny ýüzüne aýdyp, ýürekde öýke-kine saklaman, dogra – dogry, bimamla-da – bimamla diýip, hilä-mekirlige ýol bermän, hak-hukugyna eýe bolup, ahyr-soňunda-da maksat-myradyna ýetip, ýaşap ýorenmişin.