ÝAKMA BIŞERSIŇ, GAZMA DÜŞERSIŇ

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
230
~ 9 min.

Bir bar eken, bir ýok eken, bir çopanyň ogly bar eken. Ol  oglan dört ýaşyna ýetende, atasy-enesi ölüp, bir garyndaşynyň elinde ýetim galan eken.

Bu oglan hor-zar bolup, aç-suwsuz  geziberipdir. Öldüm-öldümde ýeňňesi oňa bir döwüm çörek berer eken. Oglan, ol çöregi derýa ýakasyna çykyp, suwa ýumşadyp iýer eken. Onuň çöreginiň ownuklaryny bolsa hemişe bir lakga balyk iýer eken. Şunluk bilen, bu ýetim oglan ýigrimi ýaşyna ýetipdir. Şol balyk bilen günde görüşip öwrenişipdirler. Özi hem bir gaýratly ýigit bolupdyr.

Günlerde bir gün, bir uly baý, bazara çykyp: “Her kim islese, kyrk gün bakyp, bir gün iş buýurýaryn” – diýip, jar çagyrdypdyr. Bu jary ýaňky oglan eşidipdir. Baýyň ýanyna gelip:

— Eger kabul etseňiz, men siziň hyzmatyňyzy bitireýin – diýýär.

Baý, muny kabul edip, öýüne eltipdir. Kyrk gün dürli naharlar bilen bakypdyr. Kyrk birinji güni bir öküziň şahyna ýüp salyp, ol ýigide iýtdiripdir. Özi bolsa, alty sany ineriň üstüne çuwallaryny atyp, başyny çekip ugrapdyr.

Bir çölüstanlyga gelenden soň:

— Oglum, oglum, şu öküzi öldürip, hamyny bütin çykar – diýipdir. Ol oglan, öküzi öldürip, hamyny bütin çykarypdyr.

Baý:

— Sen şu hamyň içine gir, hamyň deşik ýeri barmy, seret – diýipdir. Ol hem hamyň içine giripdir. Baý, hamyň agzyny çalt ýygnap, öküz güýlen ýüpi bilen bogupdyr. Özi hem, düýelerini iýdip, çete çykyp duruberipdir. Öküziň ölen ýeri Kelezaw dagy eken. Ol ýerde her hili, et iýýän äpet guşlar bar eken. Ol guşlar gelip, öküziň maslygyny iýipdirler. Hamy bolsa, ol guşlaryň iň äpet – ulusy gelip, bütinligine penjesine gysyp, göterip uçup gidiberipdir. Oglan bolsa şol hamyň içinde giden. Guşlar ajygandan soň, dagyň üstünde hamy çüňkleri bilen deşipdirler welin, oglan hamdan çykypdyr. Töweregine seretse, uly bir dagyň üstünde duranlygyny bilipdir. Düşer ýaly ýer gözlese, dört tarapy Kelezawyň beýik gaýasy bolupdyr. Birden aşak seretse, baýyň inerleri otaryp ýörenine gözi düşýär.

Ol oglan baýa:

— Sen meni nätdiň? Indi men nähili düşeýin – diýen.

Baý:

— Nireden düşmelidigini soň aýdaryn. Sen şol dagyň üstündäki gymmat bahaly daşlardan we gyzyl-kümüşlerden aşak eňter, men inerlerimi bir ýükläýin – diýip jogap gaýtaran. Köp daşlary dagyň üstünden togalandan soň, baý çuwallaryny dolduryp, inerlerini ýükläp, obasyna garşy ugraberipdir. Ol oglan bolsa:

— Aý, baý aga, men indi nireden düşeýin? – diýip gygyrypdyr. Baý oglana:

— Dagyň üstünde näme görýärsiň? – diýen. Onda oglan:

— Adamyň süňküni görýärin – diýen. Onda baý:

— Şolar hem seniň ýaly ýigitdiler. Ol daga çykan gaýdyp gelmez. Indi sen hem süňk bolarsyň – diýip gidiberipdir.

Ol oglan töweregine seredipdir. Oýlanypdyr, gaýadan özüni oklasa, dag-daşa degip, öljek. Näderini bilmän, gezip-gezip, dagyň ileri düýbüne seretse, dagyň düýbünden bir derýa akyp ýatan eken. “Meniň etim gurt-guşlara nesip bolandan, derýadaky balyklar iýsin” – diýip, özüni derýa oklapdyr. Şol wagt ozalky çörek beren balygy, ony suwa gaçyrman, agzyna gysyp, suwuň ýakasyna getiripdir. Özi bolsa suwa çümüp gidipdir. Oglan hem, ondan sag-aman gutulyp, öýlerine dolanyp gelipdir.

Ýene şol baý, öňküsi ýaly, jar çagyrdypdyr. Bu oglan, geýimlerini üýtgedip, ýene baýyň ýanyna gelipdir. Ol baý muny ýene kabul edipdir. Kyrk günden soň, ozalky öküz öldüren ýerinde öküzi öldürip, hamyny bütin soýup alypdyr.

— Hamyň içine gir, oglum, deşigi-diligi barmy, gör – diýipdir. Onda oglan:

— Ýok, baý aga, men girip bilmerin. Öňürti özüňiz giriň, men öwreneýin, ondan soň men girerin – diýipdir.

Baý gaharlanyp: “Şeýle girerler-dä, näme girmesi bar” diýip, hamyň içine giripdir weli, ýaňky oglan haýdan-haý hamyň agzyny ýüp bilen bogupdyr, düýeleri iýdip, çete çykypdyr. Dagdaky guşlar, öňki ýaly, gelip, maslygy iýip, hamy hem bir äpet guş göterip, uçup, dagyň üstüne çykypdyr. Oglan, edil baýyň bolşy ýaly, düýelerini iýdip, dagyň düýbüne gelipdir. Bir wagt guşlar hamy ýyrtyp deşişdiripdirler. Baý, çykyp seretse, öz elinden ölen birnäçe güler ýüzli ýigitler gurda-guşa iýmit bolup, süňkleri çaşyşyp ýatan eken. Muny görüp:

— Könekileriň “Ýakma – bişersiň, gazma – düşersiň” diýeni öz başyma geldi – diýipdir.

Oglana garap:

— Aý, oglum, sen meni nätdiň? – diýende:

— Baý aga, öňki sapar menem şeýle boldum, emma dagdan düşülýän ýer tapdym. Sen kümüş-gyzyl daşlary bärik togala, men düýeleriň ýüküni tutaýyn, ondan soň düşmeli ýeri salgy bereýin – diýipdir.

Baý, muňa ynanyp, köp daşlary togalapdyr. Bu bolsa düýelerini ýükläp gidiberipdir. Baý gygyryp:

— Sen düşülýän ýeri aýdyp git – diýipdir.

Oglan hem, oňa garap:

— Sen bütin döwletiňi, aýalyňy, ogluňy, gyzyňy – hemmesini maňa berjekligiňe diliňden hat berip, ol hatyň aşagyna möhrüňi basyp, möhrüň bilen maňa okla, men seniň düşjek ýeriňi aýdaýyn – diýipdir. Baý dilinden hat berip, möhrüni basyp, ikisini hem aşak oklapdyr.

Oglan haty we möhri alyp, goltugyna salýar, onsoň, baýa bakyp:

— Sen gazan çukuryňa özüň düşensiň, indi bu dünýäden ýogyň çekildi. Baý aga, düşülýän ýerini şol ýanyňdaky süňklerden sorasaň saňa aýdarlar – diýip, düýeleri iýdip gaýdyberýär. Oba gelenden soň hem ol baýyň bar zatlaryna özi eýe bolýar.