GORKAJYK BATYR

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
261
~ 8 min.

Bir bar eken, bir ýok eken, bir adam bar eken. Ol bar zatdan gorkar eken. Gorkusyndan hemişe öýde oturyp, aýalyny-da ýanyndan aýyrmaz eken. Bir gije aýaly çaý gaýnatmaga daşaryk çyksa, buda bile çykmaly bolan. Aýaly bolsa, bir iş bilen ýene içerik giren. Şol wagt şemalyň badyna gapy-da ýapylan. Gorkajyk batyr bolsa, gapyň daşary agzynda gorkusyna ýüregi ýarylan ýaly bolan. Gapa diýip ylgan weli, alňasap gapyny-da tapman, öýleriniň duşundan geçip gidipdir.

Azaşanyny bilenden soň, gygyrmaga-da gorkup, gözlerini ýumup gidiberipdir.

Daň atyp, gün çykandan soň, bir ýerde dynç almaga otursa, daşyna siňek üýşüp, ýüz-gözüne gonup, wyzyrdaşyp ynjalyk bermändirler. Gorkajyk batyr, ilki bilen siňekden gorkup, ony gorap bilmändir. Soňra bir ýere üýşüp duran bir topar siňegiň üstüne köwşi bilen bir urupdyr weli, kyrk siňek birden mynjyrap ýatyberipdir. Gorkajyk batyr bolsa, siňegi tanaman, “Ýolbars diýenleri şu bolsa gerek. Men bir uramda kyrk ýolbarsy gyrdym, men batyr we güýçli ekenim” diýipdir. Bir daşyň ýüzüne-de: “Bir uranda kyrk ýolbarsy gyran batyr” diýip ýazypdyr-da gidiberipdir.

Barýarka, öňünden bir eşegiň maslygy çykypyr. Eşegiň guýrugyndan çekip turuzjak bolsa, guýrugy gopup, eline gelipdir. Gorkajyk batyr bolsa, eşegiň guýrugyny goltugyna salyp gidiberipdir. Barýarka, öňünden bir sülgün çykypdyr. Sülgün ýumurtga basýan eken. Gorkajyk batyr bolsa, sülgüni tutup, ýumurtgalary bilen goltugyna urup gidiberen. Barýarka, öňünden bir pyşbaga çykan. Gorkajyk batyr pyşbagany-da tutup, goltugyna uran: Barýarka, öňünden uly bir jaý çykan. Jaýyň içine girse, ol jaý döwüň jaýy eken. Bir meýdan ýöränden soň, döwler onuň daşyna üýşüp:

— Eý, sen kim? – diýipdirler. Onda ol:

— Maňa bir uranda kyrk ýolbarsy gyran batyr diýerler. Siz kim? – diýipdir. Onda döwler:

— Bize döw diýýärler, sen batyr, güýçli bolsaň, biziň birimizi göteräý – diýen. Onda gorkajyk batyr:

— Siziň biriňizi meniň bitim hem göterer – diýen-de, ýoldan tutan pyşbagasyny çykaryp goýan.

Döwler onuň bitiniň uludygyna geň galypdyrlar. Üstüne münseler-de hiç zat bolmandyr. Döwleriň biti onuň ýanynda örän kiçijik görünipdir.

Döwleriň birisi:

— Biti şu bolsa, büresi nähilikä? – diýipdir.

Bir döw ýumruk ýaly bir büresini çykarypdyr-da:

— Gel batyr, büre deňeşdireli – diýipdir.

Gorkajyk batyr bolsa, ýoldan tutan sülgünini çykaryp görkezen we uçuryp goýberen.

Döwler onuň büresini görüp, gorkan. Ýene bir döw ellerini uzadyp, her taýyndan bir dagy goparyp alypdyr-da, iki dagy biri-birine süýkäp, un ýaly edipdir.

Gorkajyk batyr bolsa sülgüniň ýumurtgalaryny gömüp goýan ýerine barypdyr-da:

— Men bir depenimde ýeriň garnyny ýarjak – diýip, ýumurtganyň gömülen ýerine depipdir weli, ýumurtgalar ýarylyp, sarysy ýeriň ýüzüne çykypdyr. Soňra döwler gorkup:

— Batyr, gel onda odun ýygyşaly – diýipdirler.

Döwler ullakan-ullakan agaçlary goparyp, bir ýere üýşürip, köp odunlary ýygypdyr. Gorkajyk batyr bolsa, olaryň her birinden ýaryny ogurlap, bir ýere üýşüripdir.

Soňra görseler, gorkajyk batyryňky döwleriň hemmesiniňkiden-de känmiş.

Döwler gorkusyna näme etjegini bilmändirler. Ahyr bir döwe gyzyl ýükläp, bir döwe kümüş ýükläp, bir döwe-de gorkajyk batyry ýükläp, gorkajyk batyry öýüne eltip gelmeli bolupdyrlar.

Gelýärkäler, ýolda döwler uklapdyrlar. Gorkajyk batyr bulara bildirmän öz öýlerine baryp, aýalyna öwüt berip, ýene döwleriň ýanyna gelipdir. Soňra döwler gorkajyk batyry göterip, öýüne getiripdirler.

Gorkajyk batyr aýalyndan nahar sorapdyr. Aýaly bolsa:

— Ak döwüň kellesi bişip dur. Gara döwüň etinden hem azrak bar. Haýsyny halasaň aýt, — diýipdir. Onda ýaňky döwler:

— Bulara döwi iýýän ekenler, bizi hem iýäýmesinler! – diýip, daşaryk çykyp gaçypdyrlar.

Ýolda döwleriň öňünden bir tilki çykypdyr. Gaçyp barýan döwlerden:

— Nirä gitjek? – diýip sorapdyr.

Döwler gören zatlaryny aýdypdyrlar. Onda tilki:

— Ol adamyň hiç güýji ýokdyr. Ondan gorkmaň, ýörüň, meň bile geliň, şony gorkuzyp bereýin – erte diýipdir.

Soňra döwler gaýdyp gelýärkäler, gorkajyk batyr tilkä garap:

— Eý tilki, seniň kakaň maňa kyrk döw bermelidi. Sen şondan üçüni getirýärmiň? – diýipdir.

Döwler ony eşidip:

— Bu tilki bizi bergisine berjek ekeni – diýip, tilkini tutup iýipdirler. Özleri bolsa, öňküden-de beter gorkup, gaçypdyrlar. Gorkajyk batyr gurgun bolup, arkaýyn ýaşapdyr.