DÄLIJE WE SAGJA

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
274
~ 10 min.

         Bir bar eken, bir ýok eken, bir garryja mama bar eken. Garryja mamanyň iki sany ogly bar eken. Ulusynyň ady Dälije eken, kiçisiniň ady bolsa Sagja eken. Bir gün bularyň enesi ölüpdir. Dälije bilen Sagja aýrylyşypdyr. Enelerinden galan zatdan Dälijä bir sygyr ýetipdir; Sagja bolsa, bir eşek ýetipdir.

         Dälije şu sygry ekläp bilmän, satmaga äkidipdir. Ýolda barýarka, öňünden bir ala garga çykypdyr. Ala garga Dälijäni görüp “gak” edipdir. Dälije oňa:

         — Sygyr aljak diýdiňmi? – diýipdir. Ala garga ýene-de “gak” edipdir.

         Dälije:

         — Aljak diýdiňmi? – diýipdir. Garga ýene-de “gak” edipdir. Dälije:

         — Näçä aljak diýdiň? – diýipdir. Garga ýene-de “gak’ diýipdir.

         Dälije:

         — Ýüz tümene aljak diýdiňmi? – diýýär. Ala garga ýene-de “gak” edýär.

         Dälije:

         — Şu taýda daňaý diýdiňmi? – diýýär. Ala garga ýene-de “gak” edipdir.

         Dälije:

         — Erte geläý diýdiňmi? – diýýär. Ala garga ýene-de “gak” edipdir. Dälije sygryny daňyp, puluny erte alaryn diýip, öýlerine gaýdypdyr.

         Öýlerine barsa, Sagja öňünden çykyp:

         — Sygry satdyňmy? – diýip Dälijeden soraýar.

         Dälije:

         — Satdym – diýýär. Sagja:

         — Näçä satdyň? – diýýär. Dälije:

         — Ýüz tümene satdym – diýýär.

         — Kime satdyň? – diýip sorasa:

         — Ala garga satdym, erte baryp puluny aljak – diýýär.

         Onda Sagja:

         — Ala gargadan hem pul almak bolarmy? Tiz yzyňa dolan-da sygryňy getir. Ondan pul almarsyň – diýýär. Dälije bolsa:

         — Seniň işiň näme? – diýip, bu gije arkaýyn ýatýar. Ertesi ala garganyň ýanyna gidýär.

         Dälije sygry daňan ýerine baryp görse, sygryň süňkleri dagaşyp ýatyr. Bir garga-da süňkleri çokalap otyr. Dälije bärden baranda gargany görüp:

           — Sygryň puluny ber – diýipdir. Onda garga ýene “gak” edipdir.

         Dälije:

         — Ýok diýdiňmi? – diýip, garganyň ýanyna ýakyn barjak bolupdyr. Garga bolsa “gak” diýip, uçup gidipdir. Baryp bir haraba gonupdyr. Dälije garganyň gidenini görüp, “Etini iýeniňde süýji, puluny bereniňde ajymy?” diýip, ýene garganyň yzyndan barypdyr.

         Dälije garga ýakyn baryp:

         — Pulumy ber! – diýipdir. Onda garga ýene “gak’ diýipdir.

         Dälije:

         — Ýok bolsa, tutamsoň görersiň! – diýip, eline bir ullakan daş alyp, garga atypdyr, garga uçup gidipdir. Daş baryp haýata degipdir. Ysgyny gaçan harabanyň haýaty bolsa, daşyň agramyna ýykylypdyr.

         Dälije:

         — Sen garganyň öýüni ýykandyryn – diýip, ýykylan haýatyň ýanyna barypdyr. Görse, haýatyň assynda ýedi hum gyzyl bar eken. Garga hem beýle ýanynda bir agaja gonup otyr eken. Dälije humlaryň birinden ýüz tümeni sanap alypdyr-da, garga görkezipdir:

         — Ine garga dost, dogry ýüz tümen aldym – ýekeje gara puluňy-da artyk alan däldirin – diýipdir-de, öýlerine gaýdypdyr. Sagjanyň ýanyna baryp:

         — Ine pulumy almadymmy? Garga örän baý eken. Ýedi hum gyzyly bar eken. Gyzylyny maňa görkezdi-de, özi ýanyma hem gelmedi. Puly özüm sanap aldym diýipdir.

         Onda Sagja:

         — Şonça-da gyzyl bolarmy, aýdýanyň dogry bolsa, ýör maňa görkez – diýipdir. Dälije bolsa, Sagja bilen bile gelip, ýaňky humlary görkezipdir. Soňra Sagja oňa ynanyp, ikisi öýlerine gaýdypdyrlar.

         Agşamlyk Sagja bir halta nohutly kişmiş alyp, eşegine hem münüp, Dälijäni hem arkasyna alyp, garganyň gyzylynyň ýanyna gidipdirler. Bu gyzyllaryň bir humuny eşege ýükläpdirler. Eşegi Dälije idipdir. Sagja bolsa, yzdan ýöräpdir. Sagja käwagt Dälijäniň üstüne nohutly kişmiş sepipdir. Dälije üstüne kişmiş düşende, Sagja görkezip:

         — Men kişmiş tapýaryn – diýipdir.

         Sagja bolsa:

         — Şu gije kişmiş ýagýan gijesi, ony men hem tapýaryn. Tapanyňy iýde gidiber – diýipdir. Şeýdip, daň atýança, ýedi humuň ýedisini hem getirip, öýleriniň ortasyna gömüpdirler. Bir gün Dälije Sagja bilen tersleşipdir.

         Dälije:

         — Ol günki tapan gyzylyňy patyşaga aýtjak – diýip gidipdir.

         Baryp patyşaga aýdypdyr. Patyşa bolsa, “Haçan getirdiňiz?” diýip sorapdyr. Onda Dälije:

           — Nohutly kişmiş ýagan gijesi getirdik – diýipdir.

         Patyşa bolsa “Bu bir däli eken” diýip, kowup goýberipdir. Soňra Dälijäniň gahary gelip, agşam öýlerine gelipdir. Giç ararak pyçagyny alyp, patyşanyň ýatan ýerine baryp, patyşanyň kellesini kesýär-de, getirip bir guýa taşlaýar. Ertir görseler, patyşa öldürilen. Patyşanyň adamlary “Her kim patyşanyň kellesini tapyp berse, şony patyşa etjek” diýip jar çekdiripdirler.

         Dälije ony eşidip, baryp patyşanyň adamlaryna:

         — Patyşany men öldürdim – diýipdir. Onda, patyşanyň adamlary:

         — Hany kellesi? – diýipdir. Onda, Dälije:

         — Ýöriň, pylan guýyda – diýipdir. Dälije patyşanyň adamlarynyň öňüne düşüp, guýynyň ýanyna gelipdir.

         Dälije gidende Sagja guýydan patyşanyň kellesini alyp onuň ýerine bir geçiniň kellesini goýan ekeni. Dälije guýa girip görse, bir kelle bar. Kelläni eline alyp:

         — Patyşaňyzyň iki şahy barmydy? – diýip sorapdyr. Patyşanyň adamlary:

         — Getir göreli – diýipdirler.

         Onda Dälije:

         — Patyşaňyzyň gulagy uzynmydy? – diýip sorapdyr. Adamlar:

         — Tiz getir – diýipdirler. Soňra Dälije:

         — Patyşaňyzyň maňlaýy sakarmydy? – diýip sorapdyr. Adamlar oňa geň galyp durkalar, Sagja gelip:

         — Bu bir dälidir, munuň gepine ynanmaň – diýip, adamlary gaýtarypdyr. Soňra Dälije bolsa, däli hataryna geçip, onuň gepine hiç kim ynanmandyr. Sagja bu gyzyllary arkaýyn harçlap ýörüpdir. Käwagt Dälijä-de kömek edipdir.