ÝORGANYŇA GÖRÄ AÝAK UZAT

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
164
~ 6 min.

         Gadym eýýamda, çöl-beýewanda bir duruja köl bar eken. Bu kölüň kenarynda bir näçe gurbaga saz-söhbet edip gezýän ekenler. Bulardan başga, bir topar ördek hem, häli-şindi şu köle gelip, wagtyhoşluk eder ekenler.

         Hälki gurbagalardan biri, şu ördekler uçup gelende, hemişe şolara seredip, olaryň uçuşlaryna höwes edýär eken. Şoňa görä-de bu gurbaga, beýleki gurbagalaryň saz-söhbetine hem goşulman, küýini şolaryň uçuşlaryna beren. Bu gurbaga “Wah, bir uçsamdym” diýip, öz-özi arman çeken. Ol, köp wagt iýmekden-içmekden hem galyp, horlanyp arryklamaga başlan.

         Başga gurbagalar ondan:

         — Sen biziň saz-söhbetimize näme diýip goşulmaýarsyň, hiç bir zat iýip-içmeýärsiň, saňa näme bolýar? – diýip soranlar.

         Ol:

         — Siziň saz-söhbet, iýmek-içmek ýadyňyza düşýär. Meniň başga gaýgym bar. Ol bolsa, men ördekleriň uçuşyna höwes edip, şolardan uçmagy öwrenjek bolýaryn. Emma her näçe uçjak bolup bükülýän, ýazylýan weli, asyl ýerden galyp bilmeýän. Men, tä uçup, giň meýdanlary görýänçäm, siziň ne sazyňyza, ne-de söhbetiňize goşularyn – diýende, oňa:

         — How, dost, bu pikiriňden el göter. Sen nämeleri hyýal edýärsiň? Saňa gurbaga diýerler. Senden hem uçan bolarmy? Sen ördeklere öýkünjek bolup ýörme. Garga gaza öýkünip, şonuň ýörüşini-ädim ädişini etjek bolup, çatyny aýranyny sen eşitmänmidiň? Sen hem şeýle bolaýma – diýenler.

         Ol gurbaga, bularyň sözüne gulak asman:

         — Men aýdýan gargaňyz däldirin, hökman uçmak maksadyma ýeterin – diýen.

         — How, sen ölseň-de uçup bilmersiň, biderek görgä galma – diýip, köp aýtsalar-da, ol gurbaga gulak salmandyr.

         Soň bir gün şol topar gurbaganyň içinden biri, ýaňky gurbaganyň ýanyna gelip:

         — Men saňa bir emel öwredeýin – diýen.

         — Wah, şeýtsene dogan, bir öwretsene — diýip, uçmagy höwes edip ýören gurbaga, ýaňky gurbaganyň ýüzünden, gözünden öpmäge başlaýar. Onsoň ol:

         — Sen baryp, şol ördekleriň birine, meni arkaňa alyp uç-da, maňa dünýäni bir görkez diýip, ýalbar. Onuň saňa rehimi geler. Ördek diýýän guşlary örän rehimli guş bolýandyr. Seni arkasyna mündir – diýen.

         Ol gurbaga-da ördekleriň ýanyna ugran. Az ýöräp, köp ýöräp, iň ahyrda, ýaňky ördekleriň bärisinden baran.

         Ol ördekler, bu maýmyldap gelýän gurbagany görüp, aňk-taňk bolanlar. Gurbaga, bu ördekleriň ýanyna baryp:

         — Ördek dostlar, meni hem özüňize ýoldaş edip alsaňyz-laň – diýen.

         Ördekler hem:

         — Bolýar, gel – diýip, ýaňky gurbagany öz aralaryna alýarlar.

         Şonluk bilen, bu gurbaga ýaňky ördekleriň arasynda boluberen.

         Bir gün bu gurbaga, bütin çeken azabyny bir ördege aýdyp, soň şol ördege garap:

         — Meni bir asmana çykar, men dünýäni bir seýil edeýin – diýip ýalbaran. Ol ördek hem, gurbaganyň sözüni kabul eden. Ördek, gurbagany arkasyna mündürip, uçmaga häzirlenip durka, gurbaga garap:

         — Men, kyn görmän, seniň bu ýumuşyňy ýerine ýetirjek weli, sen ýokary uçanymyzdan soň meniň arkamdan süýşüp, zat edip ýykylyp ýörme. Eger ýykylaýsaň, çigidiň çaşar, bilgin şony! – diýen.

         Gurbaga:

         — Ýok-la, ýykyljak gümanym barmy? — diýen.

         — Soňra ördek, gurbagany arkasyna alyp, pasyrdap, parlap ýokaryk uçan. Bular asmana garşy galansoň, gurbaga:

         — Dat, ördek dost, ýüregim bulanyp, başym aýlanýar – diýip gygyrýar.

         Ördek-de arkasyna seredip: — Howlukma, gurbaga dost, ine gonaryn – diýip sözüni gutaryp-gutarmanka, gurbaga atan-satan bolup, ördegiň arkasyndan süýşüp gaýdan.