KERWENBAŞY

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
109
~ 34 min.

         Bir bar eken, bir ýok eken, gadymy eýýamda bir kerwenbaşy adam bar ekeni. Ol kerwenbaşynyň hemişe käri kerwenbaşylyk, obanyň azykçy-suwlukçy kerwenlerine ýolbaşçylyk edip, her ýurtlara gidip azyklap geler ekenler. Emma bu kerwenbaşynyň özi örän gaty garran ekeni-de, indi öňküsi ýaly her ýylda islän wagty birnäçe gezek gidip-durup bilmeýär eken.

         Günlerde bir gün obanyň adamlaryndan birnäçesi azyk üçin bir ýurda gitmek aladasyny edýärler. Ýaňky kerwenbaşynyň ýanyna gelip:

         — Hany pylan aga, sen bize beletlik edip ber – diýipdirler. Bu kerwenbaşynyň özi ýöne bir belet däl, köp şäherleri gezip, hemme taraplaryna belet bolupdyr. Onuň her ýerde her ýurtda tanyşy, dost-ýary bar, haýsy ýerde arzan-gymmat nyrh bar, olaryň hemmesine ol belet ekeni.

         Kerwenbaşy:

         — Ahaw adamlar, men indi gaty garrapdyryn, sandan galypdyryn, onuň üçinem gaýrat edip, mensiz bir oňjak boluň – diýipdir.

         Adamlar:

         — Aý pylan aga, seniň maslygyň hem birnäçesine deň, seniň ornuňy tutjak bolmaz, bolmasa iniňiz gitsin – diýipdirler.

         Kerwenbaşy:

         — Bolýar, onda bolsa siz meniň inimi alyp ýöräberiň. Ynha menem onuň eline bir hat ýazyp bererin, şol şäherdäki meniň tanyşlarym size mazaly kömek berer – diýipdir.

         Şunluk bilen, bular her kim ýerli ýerden şaýyny tutup, häzir bolup, ugramakçy bolupdyrlar.

         Kerwenbaşy olaryň barjak ýerlerindäki şäherlerde bolan tanyş ýerlerine, tanyş adamlaryna: “Şulara gowy kömek berip, işlerini bitirip goýberiň!” diýip hat ýazdy-da, bulary ugradypdyr.

         Kerwenbaşynyň inisi ýorgany eýerläp münende kerwenbaşynyň ogly oňa: “Maňa-da bir sowgat getirip ber!” diýipdir.

         Şunluk bilen bulary obanyň adamlary we kerwenbaşy ýola çykaryp, hoşlaşyp: “Baryň işiňizi hudaý oňarsyn, sag-aman baryp, sag-aman geliň!” diýip ýola salypdyrlar.

         Kerwenler ýola düşüp, ýeriň pesti bilen, hudaýyň hoşdy bilen, Jahan bike ejäniň garaja çatmasynyň üsti bilen, barha-bar, ýörhä-ýör, sürhä-sür edip, ahyry barjak şäherlerine ýetişýärler.

         Bular birnäçe gün bu şäherde gezip bazarlap, gerek-ýaraklaryny alyp bolýalar-da, ýene bärik ugramakçy bolýalar. Kerwenler şäherden öňli-soňly — bärik çykyp ugrapdyrlar. Bular bilen kerwenbaşynyň dogany hem bile ugrapdyr.

         Şunluk bilen bular bir menzil ýol ýöränden soňra, ýaňky kerwenbaşynyň inisi:

         — Bahow! Men kerwenbaşy agamyň ogluna sowgat almagy ýadymdan çykarypdyryn, zad-a kän aldyk weli, bolsa-da şonuň özüne niýetläp alan zadym ýok. Siz gidiberiň, men yzyma dolanyp bir zat alyp geleýin. Men siziň indiki düşlejek ýeriňizde yzyňyzdan ýeterin! – diýip, yzyna ýorgany güp basaýypdyr.

         Bir-iki sagatda şähere gelip, “Näme bir ýakymly, almaly zat barka?” diýip, aýlanyp ýörkä, ynha biri bir kiçijik guş satyp ýör eken. Kerwenbaşynyň inisi:

         — Bu näme? Munuň bahasy näçe? – diýip sorapdyr weli, guşuň eýesi:

         — Bujagaz guşuň bahasynyň boljak ýeri bir ýüz tylla, bir tin hem kem bolsa boljak däl! – diýipdir.

         Kerwenbaşynyň inisi:

         — Aý agam, heý bir guşuň bahasy-da bir ýüz tylla bolarmy? Bu nähili guş, beýle gymmat baha? – diýipdir.

         Guş satan:

         — Aý agam, muňa toty guş diýerler, örän akylly guş bolar, munuň gadyryny bilen adama, bu her zada deger – diýipdir.

         — Bu guş, erte ulalansoň, edil adam ýaly geplär, akyl we nesihatlar berer. Bu bir örän döwletli guşdur, eger gurbyň gelse alaý. Ynha, soň meniň gepimiň çynlygyny bilersiň – diýipdir.

         Kerwenbaşynyň inisi, bir ýüz tyllany berip, ýaňky toty çagasyny alyp gaýtdy-da, ýörhä-ýör, sürhä-sür edip, ikinji menzilde kerweniň yzyndan ýetipdir.

         Şunluk bilen kerwenler az ýöräp, köp ýöräp, ýol kesip, çöl kesip, ahyry özleriniň şäherlerine golaý gelipdirler weli, ynha, bularyň öňünden ýaňky kerwenbaşynyň ogly çykaýypdyr.

         Kerwenbaşynyň inisiniň göwnüne “Bu oglan biziň öňümizden çykandyr” diýen pikir gelipdir weli, bu oglan, atasy — garry kerwenbaşydan öýkeläp gaýdan eken. Ol özüniň öýkeleýşini agasyna gürrüň edip beripdir.

         Kerwenbaşynyň inisi kerwenbaşynyň ogluna:

         — Bu işiň ýagşy däl, ataň bolsa bir garry adam, ýör, yzyňa gaýdaly – diýip, kän töwella edip ýalbarypdyr weli, bolmandyr.

         Kerwenbaşynyň ogly:

         — Eý agam, indi men çykypdyryn-çykypdyryn, yzyma gaýtman, onuň üçin töwella hem etme! – diýip aýdypdyr.

         Ondan soňra bu kerwen halkynyň ýaşuly, ýaş-kiçi hemmesi bu oglana töwella edipdirler weli, onda-da bolmandyr.

         Kerwenbaşynyň inisi:

         — Onda bolsa men seni ýeke goýberip, nä ýüzüm bilen agamyň ýanyna bararyn! Iň gowusy menem seniň bilen bile gideýin! – diýipdir-de kerwenlerden rugsat alypdyr.

         Kerwenler oba golaý gelipdirler, onuň üçin hem oňa rugsat beripdirler. Bular guşlaryny hem ellerine alyp, ýorga artlaşypdyrlar-da gidiberipdirler. Ýol aşyp, düz aşyp, çöl kesip, dag kesip, ahyry bir şähere ýetip, bir kerwensaraýa düşüp, bu saraýda bir jaý tutupdyrlar.

         Kerwenler bolsa oba golaý gelipdirler weli, häki kerwenbaşy obanyň adamlary bilen bularyň öňünden çykyp görse, özüniň inisi ýok eken. Kerwenbaşynyň ýüregine aýry zat gelip:

         — Hany pylany? – diýip, inisini sorapdyr.

         Kerwenler:

         — Ýolda gelýärkäk, hol pylan ýerde biziň öňümizden siziň ogluňyz çykdy. Ol: “Men atamdan öýkeläp barýan!” diýdi. Siziň iniňiz we ähli kerwen bolup, töwella edip ýalbardyk weli, gulak salmady. Onda iniňiz: “Men seni ýeke goýberip, agamyň ýanyna baryp bilmen” diýip we “Bile gitsem, bir gün yrmasam bir gün yraryn!” diýen pikiri göwnüne getirip, iniňiz hem ogluňyz bilen bile gitdi – diýip, bolşy ýaly edip kerwenbaşa habar beripdirler.

         Kerwenbaşy muňa birneme gynansa-da:

         — Aý olar bu gün gelmese erte gelerle, hop sag-aman gelipsiňiz, şo ýeri gaty bolýar – diýip aýdypdyr. Iller her kim öýli-öýüne baryp düşüpdir.

         Emma kerwenbaşynyň ogly bilen inisi ellerindäki bar zatlaryny satyp gutarypdyrlar, ýorgalaryny hem satyp iýipdirler. Agasy:

         — Ahaw pylany, indi gel ikimizem gaýdaly, ýogsam bolsa, biz bu ýat ýurtda masgara bolarys – diýip töwella eden eken. Emma oglan agasynyň hiç diýenini etmändir. Şol barmana bular zatlaryny gutaryp: “Indi näderkäk?” diýip otyrkalar, birden bir owaz gelip: “Eý pylany, ynha pylan patyşanyň bir süri sygyry bar, baryp şony baksaňyz, her aýda pylança berýärmiş” – diýip eşdilipdir.

         Bular “Bu ses nirden gelýärkä?” diýip, töweregine esetse, ynha, bu sözleri bularyň guşy aýdýar ekeni. Kerwenbaşynyň inisi derrew baryp, patyşanyň sygyryny bakmakçy bolup, gepleşipdir-de, birnäçe harjylyk pul alyp gelip, oglana beripdir. Özi bolsa sygyr bakmaga gidipdir.

         Şunluk bilen birnäçe gün geçipdir weli, bu oglan bu pullary hem gutarypdyr. “Indi näme iş ederkäm?” diýip otyrka ýaňky guş:

         — Eý oglan, ynha şu patyşanyň bir gyzy barmyş, eneden dogma geplemeýärmiş, patyşa: “Her kim şony gepledip bilse, gyzymy şol gepleden adama berjek” diýip jar çekdiripdir! Ine, sen şol patyşanyň gyzynyň ýanyna barsaň, onuň işigi uly bir üýşmekdir. Her ýurtdan her hili şazadalar gelip, şony gepletjek bolup, gepledip bilmän gidýändirler. Birnäçe nobat ýetmän oturanlar hem bardyr. Emma sen baryp tamyň içine gir. Gyz tagtyň üstünde, gözüni süzüp ýatandyr, ýanynda bolsa hyzmatkär gyzlar bardyr. Sen meni hem ýanyň bilen alyp git-de, jaýa gireňsoň meni bir tagçada oturt-da, özüň derrew ynha, şu ertekini aýtmaga başla: “Bir bar eken, bir ýok eken, gadymy eýýam çakda üç sany dost adam bar eken, bularyň biri agaççy ussa, biri geýimçi, biri-de molla ekeni. Günlerde bir gün bular maslahat bilen bir ýurda eklenç diýip, ugraýarlar-da, ýolda gün ýaşan ýerinde bir meýdanda ýatmakçy bolýarlar. Emma bu bir gorkulyk ýol bolan, onuň üçin hem bular maslahat bilen gijäni üç bölup, her böleginde biri garawulçylyk çekmeli bolan. Birinji nobatda agaççy ussa garawul bolan, beýlekileri uka giden. Garawulçylykda oturan agaççy ussanyň bikär ýeke oturmaga karary ýetmän, töweregindäki agaçlardan alyp, ýonuşdyrmaga başlanda, göwnüne adam suratyny ýasamak düşüpdir. Ol agaçdan bir adamyň suratyny ýasan welin, bu suratyň adamdan üýtgeşik ýeri galmandyr. Agaççy hem şu iş bilen dyrmanyp gijäniň üçden bir essesini geçiripdir. Soň ikinji nobatçy bolan, geýim tikýän ýoldaşyny turuzyp, özi ýerine geçip rahat uka gidipdir.

         Ýaňky geýimçi bir görse, ynha, gapdalynda bir adam dur. Ýuwaş-ýuwaşdan golaýlap seretse, ynha, bir agaçdan edilen adam suraty, munuň adamdan üýtgeşik hiç bir ýeri ýok weli, emma ýalaňaç eken.

         Geýimçi munuň agaççy ýoldaşynyň görkezen hünäridigini bilip, derrew muňa saç, geýim we başga zatlar edip, kemsiz bezäp goýupdyr. Bu surat bir müýnsüz owadan bir gyza meňzäpdir. Oňa deňiç hem gijäniň üçden iki essesi geçipdir weli, geýimçi derrew “Tur, nobatyň geldi” diýip, mollany turuzyp, özi ýerine geçip rahat uka gidipdir.

         Molla turup, töwerek daşlaryna seretse, ynha bir gara dur. “Bu nämekä?” diýip, ýanyna baryp görse, ynha bir owadan gyzyň suraty bir müýnsüz, emma jany ýok. Bu iş, öz ýoldaşlarynyň görkezen hünäridigini aňlap, molla derrew täret gylyp, namaz okap, “Ýa bir hudaýym, şuňa jan ber!” diýip, dileg etmäge oturupdyr. Onuň dogasy kabul bolup, bu agaja jan girip, bu surat aý diýseň agzy bar, gün diýseň gözi bar, güler ýüzli, inçe billi, badam gabak, ýuwka dodak, pisde dahan, murça miýan owadan gyz boldy, görmäge göz gerek. Ertir turup, bu üç dost bu gyzyň üstünde dawagär bolupdyrlar. Indi şol gyz üçüň haýsy biriniňki bolmaly? diýip, sorarsyň weli, patyşaň gyzy jogap bermänkä, men tagçada oturan ýerimden “Ol gyz agaççynyňky bolar” diýip jogap bererin, emma sen “Geýimçiniňki bolar” diýip aýtgyn. Şunluk bilen ikimiziň aramyzda jedel başlanar weli, gyz hem şol wagt ýöne ýatyp bilmez. Bir zat diýmeli bolar, gepläýse hem biziň bagtymyzyň geldigi –diýip, toty guş oglana berk tabşyryk edipdir.

         Oglan totysyndan bu sözleri eşdip, derrew totysyny alyp, patyşanyň gyzynyň köşgüne baka ugrapdyr. Baryp görse, guşuň aýdyşy ýaly, birnäçe ýaş ýigit we beýleki adamlar garaşyşyp otyrlar. Her kim patyşanyň gyzyny gepletjek bolýar. Oňa deňiç kerwenbaşynyň hem ogluna nobat ýetipdir. Kerwenbaşynyň ogly derrew gyzyň tamynyň içine girip görse, gyz tagtyň üstünde gözüni süzüp ýatyr eken. Emma gyzyň owadanlygynyň hiç möçberi ýok, görmäge göz gerek.

         Oglan toty guşuny bir tagçada goýup:

         — Bir wagtda bir üç sany dost bar ekeni, olaryň biri agaççy eken, biri geýimçi ekeni, biri molla ekeni – diýip başlady-da, toty guşunyň öwreden hekaýasyny başdan-aýak, ýeke-ýeke edip aýdyp çykypdyr-da:

         — Indi, ýaňky agaçdan ýasalyp jan gelen gyzyň üstünde üç dost dawagär bolanmyş. Hany indi seniň göwnüňe näme gelýär, şol gyz şol üç dostuň haýsy biriniňki bolar? – diýip sorapdyr.

         Heniz gyz jogap bermänkä, tagçada oturan toty guş:

         — Pahaý, görünip durmanmy näme? Elbetde ol gyz ýasanyňky bolarda, agaççynyňky bolar – diýdi.

         Oglan:

         — Ýok, ol beýle däl, oňa geýim-gejim edip, bezäp zähmet çeken geýimçi, oňa görä-de ol gyz geýimçiniňki bolar! – diýen weli, ýaňky hiç sözlemän ýatan patyşa gyzy:

         — Ýok, ol gyzy zähmet çekip jana getiren molla, şoňa görä-de mollaňky bolar – diýip, tirsegine galypdyr.

         Kerwenbaşynyň ogly:

         — Weý, weý nä jüre mollanyňky bolar? – diýip, gepletjek bolupdyr. Patyşanyň gyzy:

         — Molla uzyn gije ýatman doga etdi, onuň dilegi kabul boldy, hudaý tagala oňa jan berdi. Eger-de jany bolmasa, ol ýatan suratdan ne peýda, onuň ýaly suraty her ussa ýasar – diýipdir.

         Patyşanyň gyzynyň kenizleri, muňa ýagşy gulak salyp, ýeke-ýeke eşdipdirler. Emma patyşa owal bulara: “Her kim meniň gyzymy gepletse, şony buşlana-da pylança zat bererin” diýip tabşyran eken.

         Gyz gepläpdir weli, ýaňky kenizler bir-birinden öňürtjek bolup, ýykan-da-sürän bolup, ylgap baryp patyşa habar beripdirler. Patyşa bu gyzlaryň her haýsyna halat berip, ýene gepleden oglana bir halat iberip:

         — Siz şol oglana ýagşy hyzmat ediň, hem-de ýagşy tanaň! – diýip tabşyrypdyr.

         Patyşanyň gyzynyň kenizleri, derrew yzyna dolanyp gelip, patyşanyň iberen haladyny ol kerwenbaşynyň ogluna geýdiripdirler. Kerwenbaşynyň ogly guşuny alyp, öýüne gaýdypdyr. Emma beýleki gyzy gepletjek bolýanlar bu işe gaty gynanypdyrlar.

         Kerwenbaşynyň ogly öýüne barypdyr weli, ýaňky guş:

         — Ýeri oglan, indi ertir baraňda-da bir gepletmek gerekdir, onda bolsa şu ertekini gürrüň ber – diýip, ýene ertekisine başlapdyr:

         — Bir bar eken, bir ýok eken, bir wagtda bir uly söwdagär bar eken, onuň üç sany ogly bar eken. Bir günden-bir gün bu söwdagär bir gaty owadan, gowy gyzly bilen guda bolupdyr. Indi şol gyzy, iň kiçi söwer ogluna alyp beräýse, özgeleri närazy boljak, oňa görä söwdagär oglanlaryna: “Men siziň her haýsyňyza bir söwda maly, pylança ýüz tümen pul bereýin, her haýsyňyz bir ýurda söwda gidiň, haýsyňyz iş oňaryp gelseňiz, gyzy şoňa alyp berjek” diýip, bularyň ellerine pul berip ugradypdyr.

         Oglanlary atasynyň bu işine razy bolup, üçüsi hem ýola düşüp ugrapdyrlar. Şol gidip barýarkalar, bu barýan ýollary üçe aýrylypdyr. Bular ýol aýgydyna ýetenlerinde, şu ýerde bir dynç alyp, her haýsy bir ýola gitmegiň maslahatyny edipdirler. Şunluk bilen bular bir-birleri bilen hoşlaşyp, her haýsy bir ýol bilen gidipdirler.

         Doganlaryň iki ulusynyň her haýsy bir şähere barypdyr. Biri bir täleýçä şägirt bolup, palçy — täleýçiligi öwrenipdir. Ýanyndaky pullary hem zat goýman gutarypdyr. Ýene biri bolsa, ähli puluny bir jama beripdir-de, bir jam alypdyr. Ol jamyň häsiýeti hem her kim şol jamdan suw içse, her neneň agyr syrkaw bolsa-da gutulýarmyş.

         Emma kiçisi agalaryndan aýrylandan soň, az ýöräp, köp ýöräp, ahyry bir daglyga ýetip, bir dere bilen gidip barýan eken weli, ynha üç sany urşup duran döwleriň üstünden gelipdir.

         Döwler muny görüp, uruşmasyny goýup:

         — Ynha, indi biziň dawamyzy adamzat açsyn, biz oňa bolşy ýaly gürrüň edip bereli – diýip, gürrüňe başlapdyrlar:

         — Eý adam, biz halyça tapdyk weli, onuň häsiýeti her kim şoňa münüp, meni pylan şähere ýetir diýse, göz ýumup açýança islän ýerine ýetirýär. Ine, biz indi şuny paýlaşyp bilmän, urşup durys. Hany, sen biziň dawamyzy kes! – diýipdir.

         Bu oglan:

         — Aý, men munuň ýaly dawany açyp bilmen, ýöne öz araňyzda oňuşyk etjek boluň – diýipdir.

         Döwler: “Ýok-ýok, sen näme diýseň biz seniň diýeniňe duraly” diýip, Süleýmandan ant içipdirler.

         Bu oglan derrew bir üç sany ýaý okuny ýasapdyr-da:

         — Ynha, men şu oklaryň her haýsyny bir ýana ataryn weli, atyp bolanymdan soňra, üçüňizem ylgap gidiň-de, şu oklary getiriň! Her kim öň gelse, haly şonuňky bolsun – diýip aýdypdyr weli, oglanyň aýdan sözi döwlere makul gelipdir.

         Oglan oklaryň her haýsyny bir ýana atyp bilşinden atypdyr, oklar örän daş gidipdir.

         — Ýeri, indi baryň ylgaň! – diýip aýdypdyr weli, döwler hasyrdap ylgap, okuň yzyndan gidipdirler. Oglan halynyň üstüne münüp:

         — Eý haly, meni uly agam haýsy şäherde bolsa şonuň ýanyna ýetir! – diýipdir. Haly göz ýumup açýança oglany bir şähere getiripdir.

         Döwleriň biri ylgap gelipdir weli, görse ne adam bar, ne halyça bar. Oňa deňiç beýlekisi gelip: “Hany haly bilen adam?” diýipdir.

         “Men-ä bilemok, gaçypdyr” diýipdir weli, ýoldaşy: “Sen adamyny iýip, halyny gizlänsiň!” diýip ynanmandyr. Oňa deňiç üçünji döw hem gelip, bular urşup-urşup, bir-birini öldüripdirler. Döwleriň üçüsi hem ölüp galypdyrlar.

         Ýaňky oglan bolsa şähere girip, gözläp-gözläp, ahyry uly agasyny tapypdyr weli, bu-da bir jam alan ekeni. Ikisi bir-biri bilen görüşip, bir-biriniň halyny soraşypdyr. Agasy jamynyň häsiýetini aýdypdyr.

         Şunluk bilen bular aga-ini ikisi derrew hala münüp:

         — Eý haly, bizi ortanjy doganymyz haýsy şäherde bolsa, şoňa ýetir! – diýipdirler weli, haly göz ýumup açýançalar bir şähere düşüripdir. Bular şäheri gezip ýörkäler ortanjy doganlarynyň üstünden barypdyrlar. Onuň bilen hal-ahwal soraşypdyrlar. Ortanjy doganlary hem: “Men bilgiçlik owrendim” diýipdir.

         Beýleki doganlary:

         — Hany, onda bolsa bir bilip ber, atamyz gurgunmyka? – diýipdirler. Ortanjysy pal saldy-da:

         — Wah, atamyz-a edil eňek atyp ýatyr, biz barýançak öljek – diýipdir.

         Bular derrew turup, ýaňky halynyň üstüne münüp:

         — Eý haly, bizi atamyzyň ýanyna ýetir! – diýipdirler weli, halyça göz ýumup açýançalar bulary atalarynyň ýanyna getiripdir. Bular derrew ýaňky jamy dolduryp atalaryna suw beripdirler weli, atalary ynha bir sagat adam bolupdyr.

         Emma bular gyzyň üstünde dawagär bolupdyrlar. Biri:

         — Eger-de men bilmedik bolsam, siz atamyň syrkawlygyny bilmeýärdiňiz – diýipdir.

         Ýene biri:

         — Eger-de meniň halyçam bolmasa bilseňizem gelip ýetişmeýärdiňiz – diýipdir.

         Ýene biri:

         — Eger-de gelsegem meniň jamym bolmasa, atamyz ölüp, biz onuň soňuna galardyk – diýipdir.

         Ine şuny gürrüň edip ber-de, “Indi şol gyz şularyň haýsyna degişli bolar?” diýip sora! Oňa deňiç men gyzdan owal “Ol gyz bilgije degişli” diýip aýdaryn weli, sen “Ol gyz ulusyna degişli, jamy bilen atasyny ölümden gutardy” diýip aýtgyn. Hany göreli onda gyz näme diýýärkä – diýipdir.

         Şunluk bilen ýene-de ikinji güni kerwenbaşynyň ogly gyzyň ýanyna barypdyr weli, beýlekiler:

         — Aý ynha, düýnki gyzy gepleden adam geldi – diýip, oňa ýol beripdirler. Oglan içerik girip oturypdyr-da, ertekä başlapdyr:

         — Bir wagtda bir söwdagär bar eken, onuň üç ogly bar eken, emma bu söwdagär bir gowy gyzyň atasy bilen guda bolupdyr-da, gyzy haýsy ogluna alyp berjegini bilmän, bulary söwda iberip, haýsysy iş bitirip, oňaýly gelse, gyzy şoňa alyp bereýin diýen pikire gelipdir – diýip, başdan aýak bularyň jamyň, halyçanyň, palçynyň gürrüňini birme-bir edip aýdyp beripdir. Olaryň dawagär bolanlygyny hem aýdyp:

         — Indi söwdagär şol gyzy haýsy ogluna alyp bermeli bolýar? — diýipdir. Oňa deňiç guş:

         — Päheý görünip duran zat, ol gyz şol bilgiç oglunyňky bolmaly. Eger-de şol bilmedik bolsa bular ol gün  gaýtman, atalarynyň soňuna galardy! – diýipdir.

         Kerwenbaşynyň ogly:

         — Ýok, ol gyz şol jam tapanyňky bolmaly, sebäbi ol atasynyň janyna ýetişti, ýogsam ölýärdi – diýipdir.

         Bular şu dawanyň üstünde jedelleşip durka, ýaňky gyz tirsegine söýenip:

         — Aý akmaklar, ol gyz halyça tapan barka başga hiç kime ýetmez! – diýipdir.

         Kerwenbaşynyň ogly:

         — Ýeri nähili bolup gyz oňa ýeter? – diýip sorapdyr.

         Patyşanyň gyzy:

         — Birinji, sen ol söwdagäriň oglunyň ol döwlerden halyny nähili emel bilen alşyna bir syn et. Eger-de beýlekileriniň biri bolsa ony döwler iýip goýbererdi. Ikinji bolsa, ol alyp giden pulundan bir köpük harç etmän, hemmesini dolanyp getirdi. Üçünji bolsa, eger-de şonuň halyçasy bolmasa, bular dolanyp ýurduna wagtynda gelip hem bilmeýärdi we atasyny hem ölümden gutaryp bilmeýärdiler. Oňa görä-de gyz iň kiçi oglanyňky – şol halyça eýesiniňki bolmaly – diýipdir.

         Ýaňky kenizler ýene-de ylgaşyp baryp:

         — Aý patyşamyz, ynha şeýle-şeýle gyzyňyzy ýene şol oglan gepletdi – diýip, gepleşen geplerini, oglanyň aýdan ertekilerini aýdyp beripdirler. Patyşa bu oglanyň aklyna haýran galypdyr. Begenip, kenizlere halat salyp, kän zat beripdir. Kerwenbaşynyň ogluna hem halat we başga zat iberipdir.

         Şunluk bilen ol gün üýşmek dagapdyr, kerwenbaşynyň ogly bolsa, totysy bilen ýene-de öz jaýyna gelipdir.

         Halkyň arasynda bolsa “Patyşanyň gyzyny ynha, şu oglan aljak” diýip, uly gowur başlapdyr. Patyşa bolsa: “Men gyzymy pylan ýerden gelen, pylan kerwenbaşynyň ogluna berjek” diýip, gije-gündüz jar çekdiripdir.

         Patyşanyň jaryny eşdip “Bu nähili işkä?” diýip, kerwenbaşynyň inisi hem gelip habar alypdyr weli, kerwenbaşynyň ogly totynyň bitirip beren işlerini bir-bir aýdypdyr.

         Agasy bu habarlary eşdip gaty begenipdir, bular “Haçan patyşadan habar gelerkä?” diýip otyrkalar, birden-de patyşanyň ýasawullary gelip, kerwenbaşynyň ogluna patyşahana geýimler getirip geýdiripdirler. Özüne-de bir ýörite at getirip berip, aga-ini ikisini patyşanyň saraýyna alyp barypdyrlar. Ýedi gije-gündüz toý edip, gyzy kerwenbaşynyň ogluna nikalap beripdirler.

         Emma bu patyşanyň bolsa ýaňky gyzy, bir ýekeje perzendi ekeni, özi bolsa örän ýaşy ýokary giden eken, oňa görä-de bir näçe wagtdan soňra, patyşa özüniň patyşalyk tagtyna giýewsini çykaryp, gutlag edip, ýene-de birnäçe gün toý beripdir. Bu toýa bolsa hälki kerwenbaşyny hem alyp gelipdirler. Dostlar şat, duşmanlar köp gamgyn bolupdyrlar.