SAHY GARYP WE SÖWDAGÄR

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
153
~ 13 min.

         Bir bar eken, bir ýok eken, gadym eýýamlarda bir baý adam bar eken. Bu baý örän gysganç eken. Şol obada bir sahy garyp daýhan hem bar eken. Günleriň bir gününde ýaňky gysganç baý garyby öýüne çagyryp:

         — Ikimiz Hywa gideli. Hywadan arzan zatlary, mallary alyp gelip satarys satarys – diýen.

         Onda garyp:

         — Bolýar, ýöne meniň zähmet hakym näçe bolar? – diýip soran.

         Baý:

         — Ony soň göreris. Sen bar-da şaýyňy tut – diýen. Bu garyp daýhan hem “Bolýar” diýip, öýüne baryp, ýol şaýyny tutmak bilen bolan. Baý hem ýol şaýyny tutan, emma ýol üçin garybyň alan zatlaryndan hem az zat alan.

         Şol günüň ertesi bular ýola çykyp ugranlar. Özleri hem pyýada gidenler. Bular ýolda düşen ýerinde, garyp hemişe çaý içmäge oturanlarynda, öz ýol azygyny orta goýup “Geliň iýeliň” diýýär eken. Baý hem öz zadyny iýmän, garybyň zadyny iýip, nahar edinýär eken. Orta ýolda garybyň ýol azygy gutarýar. Ýolda bir ýerde nahar edinmek üçin oturanlarynda, baý öz nanyny açyp, nahar iýmäge başlan, emma garyba bolsa hödür hem etmändir. Soň zatlaryny ýygnap “Ýör, ýoldaş” diýip, ýola düşüp gidiberipdirler.

         Garyp:

         — Baý aga, meniň azygym bolsa gutardy. Ýol hem bolsa uzak, howada sowuk. Iň gowusy men yzyma gaýdaýyn? – diýen.

         Baý:

         — Hawa dost, gaýtsaň özüň bilýaň. Gaýtsaň özüň gaýdarsyň-da, men-ä Hywa ýetmän gaýtjak däl. Meniň azygym bar – diýen.

         Garyp:

           — Bolýar Baý aga, onda siz gitseňiz, biz-ä galjak – diýip, şol ýerde galan. Baý bolsa, “Hoş sag bol! Niredesiň Hywa? ” diýip gidiberen.

         Garyp baýdan galyp yzyna dolanan. Şol gelşine gün ýaşandan soň gar ýagmaga başlan. Gar ýagsa hem garyp gidip barýarka gije bir gara gören. Şol gara dogry baryp görse, bir uly köneden galan gümmez eken. Gümmeze girip görse, gümmeziň ýokarsyna basgançakly çykylýan ýeri hem bar eken. Garyp “Indi şu ýerde galaýyn” diýip, şol basgançak bilen ýokary çykyp, şol ýerde ýatmakçy boldy. Garyp sowuklygyň we açlygyň derdinden uklap bilmän ýatyrka, gary basyp gelýän bir gütürt-gütürt ses eşiden. Seredip oturan wagty gümmeze bir tilkijik gelip giren. Tilkijik gümmeziň bir burçunda – gar düşmeýän ýerde oturyberen. Birnäçe wagtdan soň ýene-de bir gütürt-gütürt edip ses çykan. Bu gelýän hem bir şagal bolup çykan. Şagal hem tilkijigiň ýanyna gelip oturyberen.

         Birnäçe wagt geçensoň bir möjek gelip giren, ýene-de bir ýolbars gelip giren. Bularyň hemmesi gümmeziň bir burçunda üýşüp oturanlar. Garyp hem bularyň hemmesini ýokardan seredip, görüp oturan eken.

         Ýolbars:

         — Hawa dostlar, şu günden şeýläk, menden size zowal ýok. Ýöne geliň, şu sowukda beýdişip oturmalyň-da, her kim öz gören-eşiden zadyndan gürrüň bermeli edeliň – diýen. Onda ilki geplemegi tilkijige berenler.

         Tilkijik:

         — Hawa dostlar, biz hemişe gar, gaý bolanda şu gümmeze ýygnanýarys. Ynha, ertir gün dogar, gün guşluk galar weli, siz gidersiňiz. Men bolsam şu ýerde galaryn.

         Şu gümmeziň gündogar düýbünde bir alaka ýaşaýar. Ol gar ýagsa, ertesi gary ardyp, hininden çykaryp, owadan bir gyzyldan ýasalan zat serýär. Men bolsam şoňa seredip, hezil edýärin. Eger men adamzat bolan bolsam, şony eýýäm alardym – diýip aýdan.

         Onda möjek:

         — Hawa dostlar, şu töwereklerde bir süri goýun bar. Ol goýunlary bakýanlar bir çopan we çoluk. Bularyň bakýan goýunlary hiç köpelmeýär we azalmaýar. Azalmaýanynyň sebäbi-hä, ol çopanlaryň gara iti meni süriniň ýanyna hem eltenok, köpelmeýäniniň sebäbi hem, şol gara itiň özi bizden köp iýýär – diýip, sözüni gutaran.

         Onda şagal:

         — Dostlar, dünýäde kesel köp, her keseliň hem bir dermany bar. Şol goýunlaryň eýesiniň dünýäde ýekeje ogly bar. Ol hem keselli – endamy gury agyryly. Eger men adamzat bolsam, şol gara iti öldürip, derisini ýyrtman, gyzgyny bilen oglany şol itiň derisine salardym we oglan gutulardy, emma şony bilmeýärler. Men şolaryň her gün diýen ýaly towuklaryndan ogurlap, alyp gaýdýaryn weli, olar oglan bilen başagaý bolup, duýmaýarlar – diýip, sözüni gutardy.

         Gezek ýolbarsa gelende, ol:

         — Şol goýunlaryň eýesiniň ýaşaýan obalarynyň gündogar tarapynda bir harabalyk bardyr. Şol harabalygyň ileri çetinde bir tümmek bar. Şol tümmegiň aşagynda on bäş sany hum bar, şol humlaryň içi hem altyndan doly. Men köpden bäri bilýän, emma adamzat bolmanymdan soň, maňa onuň geregi ýok – diýip, sözüni tamamlady. Garyp bolsa olaryň sözleriniň hemmesini diňläp ýatyrdy. Ertir gün dogup ýokary galansoň, ýaňky haýwanlar dargadylar. Sahy garyp “Bularyň aýdanlary çynmyka ýa-da ýalanmyka, bir barlap göreýin” diýip, tilkiniň aýdanyna seretdi. Bir wagt bir alaka çykyp, gary ardyp, bir owadan gyzyly serip goýan. Garyp baryp gyzyly aldy-da, donunyň synyna salan. Alaka pahyr bolsa hinine kürsäp urup giren.

         Garyp gyzyly alyp, “Niredesiň goýunlar” diýip ugraberdi. Şol barşyna itiň sesini eşiden we şol ses gelýän tarapa gidiberýär. Ahyry goýunlaryň ýanyna bardy. Çopanlaryň goşy heniz aňyrrakda eken. Çopanlaryň goşyna tarap gitdi. Ýetiberende çopanlaryň iti üýrüp topulan. Çopanlar iti tutdylar. Garyp bularyň ýanyna salam berip bardy we biraz oturandan soň:

         — Bu goýunlar kimiň goýny? – diýip soran.

         Çopan:

         — Goýunlar pylan baýyňky – diýip, öz hojaýynlaryny salgy beren.

         — Itiňizi satmazmysyňyz?

         — Hojaýyn göwnese, elbetde, satarys.

         — Men satyn alsam, belki seniň hojaýynyň üçin-de bähbitli bolar.

         — Onda sataýarys.

         — Aýt bahasyny?

         — Itiň bahasy on teňňe.

         Garyp çopana on bäş teňňe berip satyn alan. Çopan hem bäş teňňe artyk berenine begenen.

         Çopan itiň boýnuna ýüp daňyp beren. Sahy Garyp:

         — Çopan, siziň hem goýnuňyz indi iki-üç esse köpeler – diýip, möjekden eşiden hekaýasyny gürrüň edip berdi. Çopan hem muňa hoşal boldy.

         Garyp iti idip, baýyň obasyna geldi. Baýyň öýüni salgy alyp bardy. Baý bilen saglyk-amanlyk soraşyp, çaý-çörek edipdirler. Baýyň maşgalasy we goňşulary baýyň goýun itini bir nätanyş adamyň alyp gelenine haýran galanlar.

         Bu gije baý we garyp bir-birleriniň habarlaryny alman ýatyp turdylar.  Ertesi çaý başynda bBaaý özüniň ýekeje oglunyň syrkawlykdan açylyp bilmeýänini gürrüň edip beren.

         Garyp:

         — Men şu iti siziň çopanlaryňyzdan alyp gaýtdym. Şu iti öldürip, derisini alyp, seniň ogluňy hem deriniň gyzgynlygy sowamanka içine saljak. Şonda seniň ogluň gutular – diýip aýdan.

         Baý:

         — Eger oglumy gutarsaň, islän zadyňy ýerine ýetirerin – diýen.

         Garyp iti öldürip, etmeli işleriň hemmesini eden. Oglan gutulyp, tut ýaly bolupdyr.

         Baý:

         — Näme isleseň sora, ýerine ýetirerin – diýip aýdan.

         Garyp:

         — Maňa şol harabanyň ileri çetindäki tümmegiň daşyndan gala saldyryp ber. Başga zat maňa gerek däl – diýip aýdan.

         Baý garybyň aýdyşy ýaly edip beren. Soň garyp şol humlary açyp alypdyr-da, maşgalasyny göçürip getiripdir. Başga-da özi ýalylary getiripdir. Soň hem şol pullary-gyzyllary paýlap beripdir. Halk munuň sahylygyna örän haýran galypdyr.

         Bu garyby aldap Hywa alyp giden söwdagär bolsa, Hywa baryp bir düýe satyn alypdyr. Soň käşir bilen sogan alyp ýükläp gaýdypdyr. Munuň alan düýesi bolsa ogurlyk eken. Orta ýola gelende, yzyndan düýäniň eýeleri gelip, onuň elinden ýüküni agdaryp alyp gidipdirler. Söwdagär näme etjegini bilmän, zatlaryny taşlap, köp zyýan çekip, aýagyny süýräp, yzyna dolanyp gelipdir. Käşirdir sogany bolsa çüýräp galypdyr.