ALTMYŞYŇ AGZY BIR BOLSA ASMANDAKYNY ALAR

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
222
~ 8 min.

         Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda, günleriň birinde bir topar keýik bar eken. Bu keýikler bir gün ýygnanyp:

         — Biz nähili edip, özümizi ýyrtyjy haýwanlardan saklarys – diýip, maslahat edýärler. Bu maslahatda bularyň içinden akyllyja bir keýik çykyp:

         — Biz öň köp wagt ýyrtyjy haýwanlar tarapyndan horlanyp geldik, sebäbi biz şu güne çenli bir-iki bolup, onda-munda entäp gezdik, onuň üçin-de öň ýeten duşman bizi horlap gelýärdi. Indi biz agzymyzy birikdirip, elliden, altmyşdan az bolman bir ýerräkde topbak gezeliň. Ýatanymyzda ýa-da otlanymyzda, daşymyzda üç-dört sanymyzy garawul goýalyň. Ana şonda biz arkaýyn gezip bileris – diýipdir.

         Keýikler ýerli-ýerden: “Bolýar-da, bolýar” bolşup gygyryşypdyrlar.

         Şu keýikleriň içinde öz-özüni öwüp: “Men akylly” diýip ýören dälije bir keýik hem bar eken. Ol keýik:

         — Haw, gardaşlar, bu işiňiz akyla jaýlaşmaýar. Kim otdan, ukudan galyp, garawullyk çekjek?! Siz dälirediňizmi näme?! – diýýär.

         Onda hälki akylly keýijek:

         — Şeýtsek, hiç kimem kän bir otsuz-suwsuz bolaýmaz – diýipdir.

         Muny hem hemmesi biragyzdan kabul eden ekenler. Emma bular heniz maslahatlaryny gutarmankalar, bir ýerden bir tilkijik gelip, olaryň sözüne gulak asyp durupdyr. Biraz wagtdan soň, ýaňky tilki:

         — Siziň bu eden kararyňyz özüňize gaty zyýan, sebäbi ol garawulyňyz uklar. Hemmäňizi birden bela duçar eder. Öň biriňizi gözläp, zordan tapýan duşman indi hemmäňizi birden eline düşürer – diýipdir.

         Munuň bu sözüni eşiden keýikler:

         — Ýeri, ugruňa gidiber, seniňem habaryňy eşitdik – diýip, ol tilkiniň ýeňsesinden itekläp, aralaryndan çykaryp goýberipdirler. Şondan soň ýaňky kowlan tilki şol gahary bilen baryp, bir möjegi tapyp:

         — Möjek dost, bir bol aw tapandyryn – diýen.

         Möjek oňa garap:

         — Ol nähili bol aw, tizräk nirededigini aýdaweri.

         — Şu taýda bir süri keýik daşlaryna garawul goýan kişi bolşup, özleri arkaýynja gezip ýörler. Daşlaryndaky garawullary hem otlaşyp ýörler. Birden baryp, hemmesini gapyllykda tutaýmaly – diýip, tilki aýdan.

         Soň möjek tilki bilen ýola düşen. Bular az ýöräp, köp ýöräp keýikleriň birýan çetinden baranlarynda, ol garawul bolup duran keýikler bulary görüp, öz ýoldaşlaryna habar berýärler. Ýoldaşlary hem ýüzleriniň ugruna hemmesi bir tarapa gaçyberenler. Şonluk bilen möjekdir tilkiniň eline bir zat hem ilmän galan.

         Möjek tilkä garap:

         — Tilki dost, meni ýaman aldadyň-ow – diýen.

         Tilki hem:

         — Ýok, dost, bular soňrak otdan doýup, pylan çeşmeden suw içip, agralyp, hemme zatdan bihabar bolup ýatarlar. Şol wagtda olary tutarys – diýen.

         Möjek:

         — Bolýar, onyňy hem göräýeris – diýip geziberen.

         Biraz wagtdan tilkiniň aýdan mahaly bolýar. Bu ikisi tirkeşip, hälki keýiklere tarap barýarlar weli, olar ýene duýup gaçýarlar. Bu gezek möjegiň hasam gaty gahary gelipdir. Ol tilkiniň ýüzüne garap:

         — Sen bular ýaly aldap ýörseň, ahyr özüňi iýerin. Meniň gaharym gelende, birden geläýýändir – diýen.

         Tilki hem:

         — Möjek dost, bulary bir wagt ele düşürmek boljak. Ol hem bolsa olar gündiz iýer, içer hem-de gezip gaty ýadap, giç gelip ýatarlar. Gije ýarymdan soň, olar ýagşyja uka gidensoňlar, garawullary hem uklar. Ana, şol wagt biz olaryň işini göreris – diýen. Möjek munuň bu sözüne hem “bolýar” diýip jogap beren. Şonluk bilen, gije ýarym bolupdyr. Bular ýene keýiklere tarap gidipdirler.

         Keýikler gije ýatanlarynda, ýygy-ýygydan garawuly çalşyryp durupdyrlar. Ýaňky tilki bilen möjek keýiklere ýakyn gelenlerinde, garawullary duýup, derrew beýleki ýoldaşlaryna-da ýagdaýy duýdurypdyrlar. Şunlukda, keýikler ýene-de gaçyp gutulanlar.

         Ilkagşamdan: “Keýik etini iýjek” diýip, gijesi ýatman, özüni seýisläp ýören möjegiň bu gezek gaharynyň gelşi öňküleň dagy çaky bolmandyr. Şonuň üçinem ol ýanynda boýnuny aşak salyp duran tilkä gözüniň gytagy bilen garap:

         — Indi seniň gezegiň. Sen meni näçe gün aç-suwsuz saklap, ahyrda hem süýji ukymdan alyp galdyň. Seni iýmesem bolmaz – diýip, özüni tilkiniň üstüne oklapdyr. Şol wagt tilki ýapyrlyp gaçjak bolupdyr. Oňa çenli hem möjek tilkini bagyrt-bugyrt basan.

         Şonluk bilen, keýikler agzybirlikde ýaşap, hemişe özlerini ýyrtyjy haýwanlardan gorap gezipdirler.