IKI TILKIJIGIŇ DOSTLUGY

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
223
~ 8 min.

         Bir bar eken, bir ýok eken, gadym bir zamanda bir tilkijik bar eken. Ol tilkijik Ispyhandan öýkeläp gaýdýar, ýene bir tilkijik Horasandan öýkeläp gaýdýar-da, ikisi birigýärler. Şunluk bilen bulaň ikisi dost bolup gezip ýörler. Bir gün ikisi: “Gel, şu gün bir guýrujak gözläli, şorsuradyk” diýşip, maslahat edip, ýola düşüp ugrapdylar. Gidip barýarkalar, ynha, bir üsti  guýrukly gapanyň üstünden barypdyrlar. Ispyhan tilkisi Horasan tilkisine:

         — Dost, sen aýagyň bilen gapana bas, men guýrugy alaýyn! Emma ahmal bolup, aýagyňdan düşüräýmegin! – diýipdir.

         Horasan tilkisi, türkanarak ekeni-de:

         — Bolýar, dost! – diýip, derrew gapany aýagy bilen basypdyr.

         Ispyhan tilkisi bolsa ýagly guýrugy agzyna alyp, hol beýläk aýrylypdyr-da:

         — Ýeri dost, indi usullyk bilen gapany goýberäý – diýip aýdypdyr.

         Horasan tilkisi ýuwaşlyk bilen gapany goýberjek bolupdyr welin, bolmandyr, gapana düşüp galypdyr.

         Ispyhan tilkisi:

         — Hany dost, eýläk-beýläk bir urun, belkä sypaýasyň – diýipdir.

         Horasan tilkisi şubela urunnypdyr weli, urundygyça gapan onuň aýagynda gaýymlanypdyr.

         Ispyhan tilkisi:

         — Dost seniň-ä eliň işli boldy, bolmasa, guýrugy ýeke özüm iýäýerin-dä, nädeýin başyma düşüpdir – diýip, guýrugy ýekeje özi iýip gutarypdyr.

         Horasan tilkisi bolsa jan gaýgysynda urunyp galypdyr.

         Ispyhan tilkisi:

         — Dost, soňurrak gapanyň eýesi gelende, sen ýalandan ölen bolgunda ýatybergin. Ol gelip seni birnäçe gezek urar weli, onda-da ölen bolup ýatgyn, oňa deňiç men hem hol beýleräkden gara bererin. Gapan eýesi: “Aý, bu tilki eýýäm ölüpdir, indi muny gapandan aýryp, gapany ol tilkä guraýyn” diýip, maňa baka ugrar weli, sen derrew turup gaçgyn, men hem ol ýerden ony güýmäp, onsoň seniň yzyňdan ýeterin – diýip, nesihat beripdir-de, özi hol beýlede garawullap ýatypdyr.

         Oňa deňiç gapan eýesi gelip görse, ynha onuň gapanyna bir tilki düşüpdir. Ol ýerräkde başga ýene bir tilki görünýär eken. Gapan eýesi bu tilkini eýläk-beýläk agdarypdyr weli, bu eýýäm ölüpdir. Bir-iki ýola uran boldy weli, onda-da gymyldy ýok. Gapan eýesi:

         — Aý, bu indi boljagyny bolupdyr, muny gapandan aýryp, gapany oňa guraýyn – diýip, bu tilkini gapandan aýryp, hol beýläk taşlap, ýuwaşlyk bilen bukulyp baryp, beýleki tilkiniň bäri ýanynda, görünmeýändirin öýdüp, gapany guran.

         Oňa deňiç bu tilki turup, ýazzyny berip giden. Gapançy, gapany gurup, garawullap ýatyrka, Ispyhan tilkisi gapana golaý-golaý gelen bolup, edil düşäýjek ýaly ymsyndyryp, gapançyny egläpdir. Oňa deňiç Horasan tilkisi hem gelip, ikisi tirkeşip, ökjäni göteriberipdirler.

         Ýaňky gapançy, ol tilkiler gidenden soňra:

         — Aý onymy bir ýygnaýyn – diýip, yzyna gaýdyp seretse, ne tilki bar, ne zat. “Wah” diýip, içini tutup, ahmyr edip, “Tilkiniň sapyna düşdüm-ow!” diýip, öýüne gaýdan.

         Bu tilkiler bolsa, tirkeşip barýarkalar, bir garrynyň öýüniň üstünden barypdyrlar. Ol garrynyň on iki sany horazy bilen dört mäkiýany bar eken. Bular: “Gel, şu gije şu garrynyň malyna çozaly. Çozmazymyzdan öňürti ikimizem guýrugymyzy suwa sokup oturaly, soň guýrugymyzyň tüýlerinden doňan buzlar sallanyşyp dursa, has haýbatly görüneris” diýip, maslahat edipdirler.

         Ikisi baryp guýruklyryny suwa sokup oturypdyrlar. Horasan tilkisi käwagt — käwagt guýrugyny bulap oturypdyr. Şonuň üçinem onuň guýrugy doňmandyr. Emma Ispyhan tilkisiniň guýrugy suw bilen bile som doňup, ýelmeşipdir. Onuň ondan habary ýok ekeni.

         Gün ýaşyp, ýassy çemesi bolanda, häki Horasan tilkisi:

         — Entek dost sen otur, men baryp birnäçesini awlap getireýin – diýip, baryp bir-iki sany horazy tutup, uly gykylyk turuzyp ugrapdyr.

         Garry bolsa ýüregi ýarylan ýaly bolup:

         — Waý towugym gitdi – diýip, tilkiniň yzyndan kowup ugrapdyr.

         Horasan tilkisi bolsa derrew gelip, Ispyhan tilkisiniň ýanynda ýaňky horazlary iýmäge başlap:

         — Hany, dost, gel bulary iýeli – diýipdir.

         Ispyhan tilkisi suwdan çykjak bolsa, guýrugy doňup çykyp bilmän:

         — Ahaw dost, men-ä çykyp bilemok, hany gel, kömek bersene, meniň guýrugym buz bolup doňupdyr – diýen.

         Horasan tilkisi:

         — Aý dost, senem men gapana düşemde maňa kömek bermän guýrugy ýeke özüň iýipdiň. Gatyrak eýläk-beýläk dyzabersene, syparsyň-la. Bolmasa-da howlukma, ynha garry gelip, seniň kelläňi sypdyr, seni bu musallatdan sypdyrar – diýip, towuklary iýip – Hoş wagtyň, ölmeseň görüşersem! – diýip, guýrujagyny bulaýlap gidiberipdir.

         Bir salymdan garry ýanynyň kömekçileri bilen ylgaşyp gelseler, ynha, towuklaryny alyp giden tilki suwuň gyrasynda ýatyr, towuklaryň bolsa ýelegi çalam-çaş bolupdyr. Ispyhan tilkisi guýrugy doňansoň, gaçyp bilmän ele düşüpdir. Garrynyň içi ýanyp, tilkini urup-urup öldüripdir.