SERÇELER

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
275
~ 8 min.

         Gadym zamanlarda guşlaryň diline düşünýän bir adam bar eken. Ol bir gezek: “Gel-aý, serçeleriň söhbetini diňläýin-le” diýip, gyzgan agylyň güneş ýüzünde ýaplanyp ýatypdyr. Bir salymdan soň, bir topar serçe başagaýlyk bilen uçup gelip, onuň edil ýokarsynda, gyzgan agylyň üstünde oturyp, söhbete başlapdyr. Olaryň biri:

         – Indi gyrgydan gaçmalyň! – diýipdir.

         Ýene biri bolsa:

         – Ýogsa-da, gaçyp gün görüp bolmaz ahyry! – diýipdir.

         Ahyrda hem:

         – Eşitdiňizmi-ow, jemagat, söz-söz bolsun, indi gyrgydan gaçmaly däldiris – diýip, hemmelere eşitdirip aýdypdyr.

         – Aý, elmydama-da şeý diýýäs-de, iş jygba-jyga gelende, görünýänimiz ýok. Gyrgy görnenden hemmämizem dyr-pytrak bolup, gaçyp gidýäs. Bu-da şonuň ýaly bolar-da – diýen.

         Onda beýleki serçeler ala-goh bolup, şeý diýenmişler:

         – Ana, gördüňmi?

         – Işi bulaşdyrýanam şular ýaly ütükler-dä!

         – Öňki saparam bir tapyldy.

         – Tüýs akmak serçe-dä!

         – Akmak nirede, haramzada diýsene.

         – Tüýs baryp ýatan deýýusyň biri.

         – Eşek-laýt!

         – Doňuz-la!

         – Aý, şoňa ünsem bermeseňiz-läň!

         – Hawa-da, walla…

         Bir tokarja serçe öňki gelnen karary ýamaşgandan jar edipdir:

         – Eşitdiňizmi-ow serçeler, indi gyrgy gelende kim gaçsa, şonuň başy ölümli, maly talaňly. Soňra: “Biz-ä, walla, şony eşitmändirsem” ýa-da aýdaly: “Eşitsegem gaty bir ünsem bermändiris” diýlen gürrüň bolmasyn. Şu sapar ata-baba arymyzy şol gyrgydan çykarmalydyrys. Indi halys ýadadyk. Degnaňa deglensoň çekip-çydap otyrmagam kyn-how! Biz munça bolup oturan wagtymyzda, bir gyrga özümizi horlatsak ýa-da dalatsak – bu bize masgaraçylyk ahyry. Geliň, indi mert durup, merdana bolalyň. Ölsegem mertlerçe öleliň! Nähili görýärsiňiz şu maslahaty?

         – Gaty dogry!

         – Hakyt şeýtmek gerek.

         – Bolubilýär…

         Şol wagt çetde oturan ütüjek serçe birdenkä:

         – Dat, gyrgy geldi – diýip, çirkin gygyrypdyr. Şobada ýaňky topar tutup duran serçeler edil dary seçelenen ýaly dyr-pytrak bolupdyr. Olaryň kimisi çöplüge, kimisi hem gyzganyň içine siňip gidipdir. Esli wagtlap imi-salalyk bolupdyr. Özünden giden özünden gidip ýatyr, beýleki bir toparynyň bolsa huşy başyndan uçup ýatyr, başga bir topary bolsa: “Nähili-nähili bolýarka, hany entek bir ýataýyn” diýip ýatyrlar.

         Bir haýukdan soň, bir ýerden bir “jürk” sesi eşidilipdir. Ýene biri “jürk” edipdir. Jagyl-jugul ýene-de güräp, şol barmaga biri zomp edip kellejigini çykarypdyr. Ol iki gapdalyna seredipdir. Onýança ýene biri kellejigini çykarypdyr. Şobarmaga biri gyzganyň düýbünde ýatan ýerinden:

         – Näme boldy, aýt! – diýip gygyrypdyr.

         Serçeler şondan soň, ýeke-ýekeden çykyşyp başlapdyrlar.

         – Be, dogrudanam, birdenkä, näme boldy, aýt!

         – Bir zad-a boldy weli, biz-ä hiç zat aňşyrman galdyk.

         – Asyl aňşyrar ýalam bolmady-laý.

         – “Dat gelýär” diýdiler ahyry.

         Serçeler şol “gelýä-gelýä” diýen gürrüňi kimiň aýdandygyny bilmän, esli jedelleşipdirler. Olar biri-birine azgyrylyşyp ugradylar:

         – Sen aýtdyň!

         – Ýok, sen aýtdyň!

         – Ýok, ses menden beýleden geldi.

         – Ýok, ony ilki bilen pylany aýtdy.

         – Ýok, pylanyň sesine-de meňzänok.

         Olar ahyry: “Şol ütük serçe aýdypdyr” diýen karara gelipdirler.

         – Hany şol ütük serçe?

         – Dogrudanam, hany ol?

         – Ol haramzada henizem özünden gidip ýatyrmyka?

         – Gyrgy şol işi gaýdanyň özüni äkiden bolaýmasyn.

         Serçeler ser salsalar, dogrudan hem şol ütüjek serçe ýok.

         – Hä, öz-ä akyllyja guşdy..

         – Gepi-sözem bolmazdy.

         – Hä, näsini aýdýaň, hakyna jürlügi diýermiň, dogruçyllygy diýermiň, garaz…

         – Edep-tertibini diýsene..

         – Asyl eýgerder ýaly däldi…

         – Henizem ýüregim awap dur.

         – Özi gowudy-la! Ýöne pahyryň enesini weli öwmezdiler.

         – Atasam şeýledi… Araky açlykda bir dary dänäň üstünde goňşusy bilen il masgarasy bolmadymy näme?!

         – Doganam şeýledi.

         – Özünde-de ýetmezi kändi diýsene!

         – Bir azajyk göribräkmidem?

         – Bahyl ondan öňe geçmezdi.

         – Arada şunuň elem egri diýäýdiler öýdýän.

         – Oňa söz barmy näme? Tüýkesme ogryň biridi-le…

         – Haramzadaň gideni gowy boldy-laý.

         – Onsuzam özümiz ýygnajak bolup ýördük-le, henizem ujyz gutuldy ol!

         – Enesi ýalamadygyň adyny tutmasaňyzlaň, bolmasa ýüregim bulanýar.

         – Bes ediň how! Ýürege düşdüňiz. Şol ata-babasyna nälet siňeniň adyny öçüriň-de, gutaryň-da!… Ine, samsyjak serçeleriň agzybirlik hakdaky maslahatynyň ahyr-a şeýle bolanmyş diýýärler.