BÖWENJIK

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
175
~ 6 min.

         Bir bar eken, bir ýok eken, bir böwenjik, bir dalajyk, bir böwrejik bar eken. Bularyň üçüsi dost bolup, bir ýana gezmäge gidipdirler. Barýarkalar ýollaryndan bir suwly ýap çykypdyr. Bular bu ýapdan böküşmeşek we bökmekde yzda galany iýmeşek edýärler. Öňürti böwen bökýär, “pök” edip honda düşýär. Yzyndan dalak bökýär. Onuň aýagy suwa degýär. Böwrejik bolsa böküp, jülp edip, suwuň içine düşýär. Böwenjik bularyň ikisini hem lak-luk atyp gidiberýär.

         Gidip barýarka, böwenjigiň öňünden bir garga çykýar. Böwenjik oňa:

         — Gargajyk, gargajyk, seni iýäýeýinmi? – diýýär.

         Garga:

         — Sen meni iýjek bolsaň, çüňküm bilen garnyňy ýaraýaryn! – diýýär.

         Onda böwenjik:

- Tak-tak etdim,
Dalak iýdim.
Pök-pök etdim,
Böwrek iýdim,
Seni iýmän nämejik?!

– diýip, ony lak-luk atyp gidiberipdir.

         Gidip barýarka, onuň öňünden eşeklije garry baba çykypdyr.

         Böwenjik oňa hem:

         — Eşeklije baba, seni iýäýeýinmi? – diýýär.

         Babajyk:

         — Iýjek bolsaň, eşek taýagym bilen urar-da, garnyňy ýaraýaryn – diýýär.

         Onda böwenjik:

 - Tak-tak etdim,
Dalak iýdim.
Pök-pök etdim,
Böwrek iýdim,
Gagyldap oturan
Gargany iýdim,
Seni iýmek nämejik?!

– diýýär-de, ony hem lak-luk atyp gidiberýär.

         Ýene gidip barýarka, öňünden torumly bir maýa çykýar. Oňa hem böwenjik:

         — Torumlyja maýajyk, seni iýäýeýinmi? – diýýär.

         Maýa oňa:

         — Eger meni iýjek bolsaň, aýagym bilen kakar-da, garnyňy ýaraýaryn – diýýär.

         Onda böwenjik:

 - Tak-tak etdim,
Dalak iýdim.
Pök-pök etdim,
Böwrek iýdim.
Gagyldap oturan
Gargany iýdim,
Eşeklije babany iýdim.
Seni iýmän nämejik?!

–  diýýär-de, ony hem lak-luk atyp gidiberýär.

         Ýene barýarka, onuň öňünden aşyk oýnap ýören oglanlar çykýar. Böwenjik olara:

         — Oglanjyklar, oglanjyklar, sizi iýäýeýinmi? – diýýär.

         Oglanlar bolsa:

         — Eger sen bizi iýjek bolsaň, kenegimiz bilen urar-da, garnyňy ýaraýarys! – diýýärler.

         Böwenjik olara hem:

  - Tak-tak etdim,
Dalak iýdim.
Pök-pök etdim,
Böwrek iýdim.
Gagyldap oturan
Gargany iýdim.
Eşeklije babany iýdim.
Torumlyja maýany iýdim.
Sizi iýmek nämejik?!

– diýip, olary hem lak-luk atyp gidiberýär.

         Ýene gidip barýarka, öňünden suwa barýan bir topar gyz duş gelýär.          Böwenjik:

         — Gyzlar, gyzlar, sizi iýäýeýinmi? – diýýär.

         Onda olar:

         — Eger sen bizi iýjek bolsaň, küýzämiz bilen urup, garnyňy ýaraýarys – diýýärler.

         Böwenjik:

  - Tak-tak etdim,
Dalak iýdim.
Pök-pök etdim, 
Böwrek iýdim.
Gagyldap oturan
Gargany iýdim.
Eşeklije babany iýdim.
Torumlyja maýany iýdim.
On oglany orup iýdim.
Sizi iýmek nämejik?!

– diýip, bulary hem lak-luk atyp gidiberýär.

         Ýene gidip barýarka, öňünden bir kerwen çykýar. Böwenjik olara hem:

         — Sizi iýäýeýinmi? – diýýär.

         Olar:

         — Eger sen bizi iýjek bolsaň, urup öldüräýeris! – diýýärler.

         Böwenjik olara hem:

  - Tak-tak etdim,
Dalak iýdim.
Pök-pök etdim,
Böwrek iýdim.
Gagyldap oturan
Gargany iýdim.
Eşeklije babany iýdim.
Torumlyja maýany iýdim.
On oglany orup iýdim,
Kyrk gyzy gyryp iýdim.
Sizi iýmek nämejik?!

– diýip, olary hem lak-luk atyp gidiberýär.

         Ol gidip barýarka, bir garryja mamanyň çatmasynyň üstünden barýar-da oňa hem:

         — Eý garryja mama, men-ä seni iýäýjek – diýipdir welin, garryja mama oňa:

         — Wah, waheý, oglum, iýäýseňem bordy welin, sen gaýsar bolupsyň. Birsalym ýatyp dynjyňy al! Men saňa bir ýaglyja kömeç bişirip bereýin. – diýipdir.

         Böwenjik muňa ynanyp ýatyp, uka gidipdir. Garryja mama bolsa kesewisini otda gyzdyryp, ýagşy gyzaran soň, böwenjigiň garnyndan basypdyr. Böwenjik “tark” edip ýarylypdyr welin, hälkileriň hemmesi:

         — Sag bol, garry eje-de, sag bol, garry eje bolşup, çykyp gidipdirler.