Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanda bir patyşa bar eken. Ol bir gün: “Gün ýaşandan beýläk tä daň atýança hiç öýde, hiç ýerde yşyk görünmeli däl. Eger kim-de kim ot ýaksa, ýa çyra ýaksa, şol adamyň başy ölümli” diýip, höküm ýaýradypdyr. Şol döwürde bu patyşanyň raýatynda bir ökde tikinçi aýal bar eken. Onuň hem bir ogly bar eken. Ol oglan hem ejesinden tikin tikmegi oňat öwrenen eken. Bir gün weziriň ogly gelip, ýaňky tikinçi oglana:
— Sen ertire çenli maňa bir geýim tikip ber, eger tikip bermeseň, atama aýdyp öldürderin – diýip, haýbat atypdyr. Onda ol oglan:
— Bolýar, seniň eliňden ölenimden, patyşanyň elinden ölenim ýagşy – diýip, äpişge gabsany berk ýapyp, içinde çyra ýakypdyr. Çyranyň yşygyna weziriň oglunyň eşigini tikmäge oturypdyr. Ejesi hem ogluna sapak işip beripdir. Ol oglan bir salym egin-eşik tikensoň, işilgi sapaklary gutarýar.
Onsoň:
— Eje, sen bir salym sapak iş. Onýança men irkilip turaýyn – diýip gyşarypdyr.
Ejesi sapagyny işip bolansoň:
— Hany, oglum, tur, ynha sapag-a taýýar boldy – diýip ogluny oýarypdyr.
Onda ogly:
— Bah…h, eje oňarmadyň, bijaý wagt turuzdyň. Men ýaňy bir oňat düýş görüp başlapdym, emma maksadyma ýetmänkäm, oýardyň – diýýär.
Onda ejesi:
— Ol nähili düýş, oglum, pygamberler ýorgudy bolsun, hany, aýt – diýipdir.
Onda ogly:
— Ýok, eje, düýşümde gören maksadyma ýetmän, ony hiç kime aýtman – diýipdir.
Şol wagt: “Biziň buýrugymyza bakman, bu wagt öýünde yşyk ýakýan kimkä?” diýip, aýlanyp ýören patyşa bilen wezir olaryň öýleriniň gapysynyň deşiginden yşyk görüp, şol ýerde sowlup, gapyň agzynda oglanyň diýenlerini diňläp duran ekenler.
Patyşa:
— Hany, gapyny açyň! – diýip gygyrypdyr. Gapy açylansoň:
— Ýeri, oglan, seniň ýaňky gören düýşüň nähili düýş bolýar? Hany, aýt, eşideli? – diýipdir.
Onda ol oglan:
— Ýok, men düýşümiň maksadyna ýetinçäm, ony hiç kime aýtman – diýipdir. Onda patyşa:
— Sen ertir köşge bar – diýip, wezirinem alyp, çykyp gidipdir. Ol gije olar şonluk bilen ýatypdyrlar. Emma ejesi pahyr ýatyp bilmän:
— Oglum, ol bir uly patyşadyr, sorasa gören düýşüňi aýtgyn. Ýogsam ol seni heläk eder – diýip tabşyrypdyr.
Onda ogly:
— Ýok, eje, eger patyşa meni öldürse-de, oňa gören düýşümi aýtman – diýip, köşge tarap ugrapdyr. Oglan baryp, salam berip, patyşanyň huzurynda durupdyr.
Patyşa ondan:
— Ýeri, oglan, hany sen öten agşamky gören düýşüňi aýtjakmy ýa ýok? Eger aýtmasaň, zyndana taşladaryn – diýipdir.
Onda oglan:
— Eý şahym, men ol düýşümi tä maksadyma ýetinçäm, hiç kime aýtman – diýipdir.
Onda patyşa:
— Eltiň muny, hol pylan ýerdäki gurruga taşlaň – diýip höküm edipdir.
Jellatlar şobada oglany alyp gidip, şol çuň gurruga taşlapdyrlar. Şondan soň her günde el ýaly çörek bilen bir kürüşge suw berip durupdyrlar. Oglan şol gurrugyň içinde birnäçe wagt bolupdyr. Ahyry ol ýanyndaky pyçajygy bilen şol ýatýan gurrugynyň gapdalyny köwmäge başlapdyr. Ol birnäçe wagtlap köwensoň, eli bir boşluga ýetipdir. Has aňyrrak ýörese, ine, ýeriň aşagyndan giden bir şäher ýaly howuzly, köşkli ýere gözi düşüpdir. Oglan muňa haýran bolup durupdyr. Bu ýer ýaňky oglany gurruga taşlan patyşanyň gyzynyň ýer astyndaky jaýy eken. Ýaňky oglan aňyrrak ýöräp görse, ine, bir çar howuz bar, onuň başynda hem kyrk sany keniz ýatyr eken. Olaryň aňyrsynda bolsa aşagy per düşekçeli, başujunda bir çyra, aýak ujunda bir çyra ýanyp duran, bir perizat ýaly gyz ýatan eken. Ol patyşanyň gyzy eken. Onuň ýanynda dürli nazy-nygmatlar taýýar edilip goýlupdyr. Patyşanyň gyzy bolsa, edil aý ýaly bolup, asmana şugla berip ýatan eken. Ýaňky oglan onuň ýanyna barypdyr-da, gyzyň başujundaky çyrany aýak ujuna, aýak ujundaky çyrany hem başujuna geçiripdir. Özem ýaňky süýji tagamlardan iýip, kemsiz doýup, ýene öňki ýerine — gurrugyň içine gelip ýatyberipdir.
Patyşanyň gyzy ertir irden oýanyp görse, ýanyndaky palaw iýlipdir, başujundaky çyra aýak ujuna, aýak ujundaky çyra bolsa, başujuna geçirilipdir.
Patyşanyň gyzy:
— Muny kim etdi? – diýip sorapdyr.
Kenizler:
— Biz-ä bilemzok, bikäm – diýşipdirler.
Ol gün şeýdip geçipdir. Ertesi agşam patyşanyň gyzy kenizlerden birini garawul goýup ýatypdyr. Ol oglan hem ýuwaşlyk bilen gelip: “Heý, keniz uka düşäýmezmikä?!” diýip durupdyr. Ahyrsoňy, oturyp-oturyp halys bolan. Keniz daňa golaý uka gidipdir. Şol wagt ýaňky oglan ýene gelipdir-de, taýýar palawy iýipdir. Çyralaryň hem, öňküsi ýaly edip, ýerlerini çalşyryşdyryp goýupdyr we öz ýerine gelip oturypdyr.
Patyşanyň gyzy turup görse, ýene öňki ýaly, çyranyň ýeri çalşylypdyr, palaw bolsa iýlipdir. Patyşanyň gyzy garawul goýan kenizinden:
— Kim geldi? – diýip sorasa, keniz pahyr:
— Bilmedim, bikäm men daňdanlar uklaýypdyryn – diýipdir. Onsoň patyşanyň gyzynyň hut özi garawul durmakçy bolup, külbikesini dilip, oňa duz sepip ýatypdyr. Gyzyň gözüne hiç uky gelmändir. Ýöne ol bildirmejek bolup, arkaýyn uklan kişi bolup ýatypdyr. Daňa golaý ýaňky oglan ýene gelipdir-de, gyz ýatandyr öýdüp, palawy iýipdir. Çyralaryň ýerini çalşyryp başlapdyr welin, şol wagt patyşanyň gyzy:
— Hany, dur ýigit, sen kim bolarsyň, nireden geldiň, bu ýerlere nädip düşdüň? – diýip sorapdyr. Oglan oňa öz başyndan geçirenleriniň hemmesini gürrüň beripdir. Gyzyň oglana rehmi gelipdir. Olar biri-birini halaşyp başlapdyrlar. Aradan birnäçe gün geçensoň, patyşanyň gyzynyň ýeriň üstüne çykyp, ene-atasy bilen görme-görşe barmaly wagty gelipdir. Gyz ene-atasynyň ýanyna barsa, olar aglaşyp oturan ekenler.
Onda patyşanyň gyzy:
— Siz näme üçin aglaşýarsyňyz? – diýip sorapdyr.
Onda atasy:
— Gyzym, men patyşa bolsamam, özümden uly bir hökümdaryň raýatyndadygymy sen bilýärsiň. Ine, şol hökümdar düýn üç sany baýtal iberipdir. Olaryň hemmesiniň ululygam, reňkem bir meňzeş. Ine, şol hökümdar:
— Şol baýtallaryň haýsysy enesi, haýsysy öten ýylky taýy, haýsysam şu ýylky taýy – şony tanamaly, eger tanamasaňyz başyňyz ölümli – diýipdir. Olary bolsa asyl hiç tanar ýaly däl. Hemmesi edil bir almany iki bölen ýaly, bir meňzeş. Indem nätjegimizi bilmän otyrys – diýipdir.
Onda gyzy:
— Eý ata, onuň üçin gam iýmäň, siziň hökümiňiz bilen bir oglan hol pylan gurruga atylypdyr. Şony çagyryň-da, şondan soraýyň. Ol size aýdyp berer – diýipdir.
Gyzy şeýle diýensoň, patyşa onuň bilen razylaşypdyr. Ondan soň gyzyň özi ýeriň aşagyndaky jaýyna gelip, oglany çagyrypdyr-da, oňa:
— Kakama pylan hökümdar üç sany biri-birine gaty meňzeş baýtal iberipdir. Ol baýtallaryň daşyndan seredip, haýsy-haýsydygyny biler ýaly dälmiş, olaryň hemmesi örän meňzeşmiş. Şolaryň haýsysynyň enesidigini, haýsysynyň öten ýylky taýdygyny, haýsysynyň bolsa şu ýylky taýdygyny bilmeli. Eger bilmeseňiz, başyňyz ölümli diýipdir.
Soňra sözüni dowam edip:
— Sen şolary tanap, atamy ölümden halas et – diýipdir.
Oglan:
— Wah, men olary nädip tanaýyn, baýtal diýlen zat ömrümde gören zadym däl ahyry – diýipdir.
Onda gyz:
— Men olary tanamasynyň ýoluny öwrederin, ýöne sen atama: “Eger gyzyňy maňa bermäge razy bolsaň aýdaryn” diýen şerti goýgun. Onsoň olar nälaç razy bolarlar. Razy bolansoňlar, bir ýerde arpa, bir ýerde-de gülli ýorunja, bir ýerde-de süýt goýgun. Şol baýtallaryň enesi hökman arpa tarap, öten ýylky taý bolsa ýorunja tarap ýörär, şu ýylky taý bolsa hökman süýde sereder. Ana, sen şeýdip olary seljerip berersiň – diýip tabşyrypdyr.
Oglan: “Wah, beýle bolsa, bolýar-la” diýip öňki gurrugyna gelip oturypdyr. Şol wagt hem dessine patyşanyň ýasawullary gelip, ony alyp gidipdirler.
Oglan baryp, patyşa salam berip durupdyr. Patyşa ýaňky oglana şol üç sany baýtaly görkezip: “Şularyň haýsy enesi, haýsy öten ýylky taýy, haýsysy şu ýylky taýy – şolary tanap ber” diýipdir. Onda ol oglan:
— Bolýar, tanap bereýin. Ýöne meniň bir şertim bar. Ol hem bolsa, men şolary tananymdan soň, gyzyňy maňa bermeli bolarsyň – diýipdir.
Patyşanyň muňa gahary gelipdir, emma ýanyndaky wezirleri:
— Eý şahym, “bolýar” diýen bol. Tanansoň, ýene bir zat tapyp, aldarys-da – diýip pyşyrdaşypdyrlar.
Patyşa:
— Bolýar, gyzymy bereýin – diýipdir.
Ondan soň oglan şol gyzyň öwredişi ýaly, bir ýerde arpa, bir ýerde ýorunja, bir ýerde süýt goýupdyr. Baýtallaryň enesi arpa, öten ýylky taýy ýorunja, şu ýylky taýy bolsa süýde tarap ugrapdyrlar. Oglan hem şoňa garap:
“Ynha, bu enesi, bu öten ýylky taýy, bu bolsa şu ýylky taýy” diýip, dogry aýdypdyr. Şeýlelik bilen, hökümdaryň şertini bitirip, patyşany ölümden halas edipdir.
Emma patyşa ýene bir bahana tapyp, gyzyny bermekden boýun gaçyrypdyr, ýöne:
— Seni zyndandan halas etdim – diýipdir.
Emma ol oglan:
— Ýok, onda meni ýene şol gurruga eltip atyň – diýipdir.
Oglany ýene gurruga salypdyrlar. Oglan baryp, ýagdaýlary patyşanyň gyzyna bolşy ýaly gürrüň beripdir.
Onda ol gyz:
— Zyýany ýok, ýene bir çemesi geler. Entek howlukma-da geziber – diýip, ony öz ýanynda saklaberipdir. Bular gülüp-oýnap geziberipdirler.
Aradan birnäçe gün geçensoň, patyşanyň gyzynyň ýene ene-atasy bilen görme-görşe gitmeli wagty bolup, öýlerine barypdyr. Barsa, ene-atasy aglaşyp oturan eken.
— Bu näme boldugy? – diýip sorapdyr.
Onda atasy:
— Gyzym, ýene şol hökümdar sekiz sany meňzeş geýnüwli, ekiz taýy ýaly meňzeş hem boýdaş ýaş çaga iberip: “Şularyň haýsy gyz, haýsy oglan biliň, bilmeseňiz, başyňyz ölümli” diýipdir. Olary daşyndan seredip, hiç tanar ýaly däl, hemmesi bir meňzeş – diýipdir.
Onda gyzy:
— Ýene şol gurrukdaky oglany getiriň, şol tanap berer – diýipdir.
Şony aýdanyndan soň, özi ýene ýeriň aşagyndaky jaýyna gelip, oglany ýanyna çagyrypdyr-da:
— Hökümdar sekiz sany çaga iberipdir. Olaryň hemmesi bir meňzeşmiş, şolaryň haýsy gyz, haýsy oglandygyny tanamalymyş. Olary daşyndan synlap tanar ýaly dälmiş. Şol sebäpli sen bar-da, ullakan ýap gazdyr, içine suw goýbert, onsoň olary ýabyň ýanyna getirip, şonda bökdürip başla. Oglan bolsa ýüzüniň ugruna böker. Gyz bolsa ýabyň gyrasyna gelip säginer. Şol säginenleri gyzdyr – diýip tabşyrypdyr.
Oglan muny diňläp, ýene öňki gurrugyna barýar oturyberýär. Şol wagt ýene patyşanyň ýasawullary gelip:
— Seni patyşa çagyrýar – diýip alyp gidipdirler. Oglan baryp, şanyň gaşynda gol gowşuryp durýar.
Patyşa oňa:
— Size ýene bir ýumuş bar. Şu duran sekiz sany çaganyň haýsynyň oglan, haýsynyň gyzdygyny daşyndan synlap bilmeli – diýýär. Onda oglan:
— Ony bilip bererin welin, ýene şol gyzyňy maňa bermek şerti bilen – diýipdir.
Onda patyşa “bolýar” diýip, şerte razydygyny aýdypdyr. Bu gezek oglan:
— Onda diliňizden hat beriň, ýogsam, geçen gezekki ýaly bolaýmasyn – diýýär.
— Bolýar – diýip, patyşa gyzyny şu oglana berjekligi barada dilinden hat ýazyp berýär. Ondan soň, ýaňky oglan ýaş çagalar bökäýer ýaly giňlikde bir ýap gazdyryp, içine suw goýberdýär. Ondan soň, ýaňky duran sekiz çaga garap:
— Hany, şundan böküp geçip bilseňiz, böküň – diýýär. Ýaňky duranlaryň dördüsi ol ýapdan ýüzüniň ugruna bökýärler. Emma dördüsi weli, ýabyň ýakasyna baryp, bökmäge gorkup, gapdala sowlup duruberipdir. Ana, ondan soň, ýaňky oglan hem patyşa garap:
— Eý, patyşahym, hol ýapdan böken dördüs-ä oglandyr, hol bökübilmän saklananlar hem gyzdyr – diýipdir.
Patyşa olardan: “Şeýlemidir?” diýip soranda, olar:
— Hawa tagsyr, şeýledir – diýip, yzlaryna gaýdypdyrlar.
Onsoň patyşa bu sapar öz şertini bozman, gyzyny ýaňky tikinçiniň ogluna nikalap beripdir. Toý tutduryp, altyn gabak atdyrypdyr. Bularyň toýy ýedi gije-gündizläp dowam edipdir. Bagşy aýtdyryp, at çapdyrypdyrlar.
Goý bular toý tutsunlar, ýöne indi habary kimden al, indi habary hälki hile gurýan hökümdardan al. Onuň iberen oglanlary yzlaryna gaýdyp baransoňlar:
— Eý, hökümdarymyz, olar biziň haýsymyzyň oglandygymyzy we haýsymyzyň gyzdygymyzy tanadylar – diýip aýdypdyrlar.
Onda hökümdar muňa geň galyp:
— Näýeser, beýle ol patyşa meniň agyr soraglarymy, guran hilelerimi hem bilýär! — diýip, geň görüpdir.
Onda oturanlardan biri:
— Eý, hökümdarym, ony bilýän ol patyşanyň özi däl-de, şol ýerde bir tikinçiniň ogly bar, bu zatlary şol bilýär – diýip aýdypdyr.
Onda ýaňky hökümdar: “Baryň, şol oglany alyp geliň!” diýip buýrupdyr. Ýasawullar tikinçiniň ogluny alyp gelenlerinden soň, ýaňky hökümdar bir topar daşlary onuň öňüne üýşürip:
— Şu daşlardan maňa bir oňat köýnek tikip ber – diýipdir. Oglan bir salym pikirlenip oturypdyr. Ahyry ol:
— Men daş çykyp, geleýin – diýip, daş çykyp, bir gysym gum getiripdir-de:
— Eý, hökümdarym, men şu daşlardan köýnek biçýänçäm, sen şu toprakdan sapak iş – diýýär.
Onda hökümdar:
— Eý, akmak, toprakdan hem sapak işip bolarmy? – diýýär.
Onda ol oglan:
— Eý, şahym, daşdan köýnek tikip bolanda, toprakdan sapak işip bolmazmy? – diýýär.
Patyşa utulyp, näme diýerini bilmän, ony halatlap, yzyna ugradyp goýberipdir.
Şondan soň, tikinçiniň ogly öýlerine gaýdyp barypdyr. Aý-ýyl geçip, onuň ekiz ogly bolupdyr. Onsoň ýaňky oglan bir günden bir gün ogullarynyň hersini bir egnine, gelnini hem dyzyna mündürip: “Baryň, häzir patyşany çagyryň!” diýip habar beripdir.
Adamlar muňa geň galyp, patyşa habar berýärler. Patyşa gelensoň, ýaňky oglan:
— Eý, şahym, men saňa şol gören düýşümi aýtmaga çagyrdym. Şonda men düýşümde her egnimde bir ýyldyz, dyzymyň üstünde-de bir aý görüpdim. Şol gören düýşümdäki maksadyma hem ýetdim. Siz soraňyzda: “Tä maksadyma ýetýänçäm aýtman” diýipdim. Indi hem maksadyma ýetdim. Indi şol düýşümiň mazmunyny aýdaýaýyn diýip çagyrdym – diýipdir. Matal boldy, matdy gitdi, öýken boldy, ötdi gitdi, bular myrat-maksadyna ýetdi, täzeden bir uly toý tutdy, menem bularyň tutan toýundan bir ýagly omaça alyp gelýärdim welin, bir ýerde dynç almaga oturan mahalym, Alabaý alyp gaçaýdy.