ÜÇ UÝA

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
119
~ 7 min.

         Bir bar eken, bir ýok eken, bir adamyň üç sany gyzy bar eken. Günleriň bir gününde, agaçlaryň miweleri bişende, ýaňky üç sany gyz meýdana ýuwa, kömelek we şulara meňzeş zatlar ýygmaga gidipdirler. Bular meýdanda gezip ýörkäler bir uly ýel turýar. Gyzlar soň öýlerine diýip gaýdanlarynda azaşýarlar. Gyzlar şol aýlanyp ýörkäler, bir göçüp giden obanyň ýurt ýerine barýarlar.

         Bular şol ýerde aýlanyp ýörkäler, iň uly gyz bir aýna tapýar, ondan kiçisi bir gaýçy tapýar we iň kiçisi hem bir başdarak tapýar. Bular ýene-de gidip barýarkalar, öňlerinden bir döw çykýar. Döw gyzlardan niräk barýandyklaryny soraýar. Gyzlar hem özleriniň azaşyp ýörendiklerini aýdýarlar.

         Döw bolsa muňa begenip: “Meniň agtaryp tapyp bilmän ýörenim hem siz ýaly gyzlardy” diýip, gyzlary öýüne alyp barýar.

         Gyzlar döwüň öýüne baryp görseler, başga-da bir gyz oturan eken. Döw bulara: “Ýadap gelensiňiz” diýip, adam etini bişirip berýär. Gyzlar muny bilip iýmeýärler.

         Döw ertir irden turup, gyzlara etmeli işleri tabşyrýar we özi hem “Awa gitjek” diýip, öýünden çykyp, bir ýerlere ugraýar.

         Döwüň öýündäki gyz bu gyzlary döwüň dişini çarhlatmaga gidendigini, gelip hem olaryň birini ýa-da özüni iýjekdigini aýdýar.

         Onsoň gyzlaryň hemmesi döwüň öýüni ýykan-ýumran edip, gaçyp gidýärler.

         Döw şol günüň ertesi öýüne gaýdyp gelse, öýünde hiç kim ýok eken. Öýüniň içi hem bulam-bujar bolup ýatyr diýýär. Döwüň muňa gahary gelip, ýaňky gyzlaryň gaçan yzlaryny alyp kowup başlaýar. Aradan bir gün geçenden soň, döw gyzlaryň gaçyp barýandyklaryny görýär. Gyzlar hem döwüň kowalap gelýänini görýärler.

         Gyzlaryň iň kiçisi elindäki daragyny: “Döw geçip bilmez ýaly giden bir jeňňellik bol” diýip, yza zyňyp goýberýär. Darak uly jeňňellik bolup ýatyberýär.

         Döw hasanaklap gelse, öňi giden jeňňellik bolup ýatyr diýýär. Ol ýol-ýodasyny ýitirip, näderini bilmän:

         — Aýu, gyzlar, bu tokaý-jeňňellikden nädip geçdiňiz? – diýip gygyrýar.

         Gyzlar:

         — Gözlerimizi ýumup, Ejegülli kör bolup geçdik – diýip, jogap berýärler.

         Döw hem gözlerini ýumup, jeňňeliň içi bilen ugraýar. Onuň maňlaýy agaçdan-agaja urlup, gara ganyny sarkdyryp, döw zordan jeňňelden çykýar. Soňra ol ýene-de gyzlary kowalap ugraýar.

         Döw ýetdim-ýetdim diýende ortanjy gyz elindäki gaýçysyny: “Gyýçak-gyýçak daş bol” diýip taşlaýar. Bir giň ýatan meýdan gyýçak-gyýçak daş bolýar ýatyberýär. Döw bu gyýçak daşlykdan hem nädip geçjegini bilmän:

         — Aýu, gyzlar, bu gyýçak daşlykdan nädip geçdiňiz? – diýip gygyrýar.

         Gyzlar hem:

         —  Egin-eşiklerimizi çykaryp, togalanyp geçdik – diýýärler.

         Döw hem bularyň diýşi ýaly edip, endam-janyny gyzyl ýara etdirip, gyýçak daşlykdan geçýär-de, ýene-de gyzlary kowalap ugraýar.

         Döw ýetdim-ýetdim diýende, iň uly gyz elindäki aýnasyny: “Bir uly derýa bol” diýip taşlaýar.

         Döw bu derýanyň gyrasyna gelip, näderini bilmän:

         — Aýu, gyzlar, bu derýadan nädip geçdiňiz? – diýip gygyrýar.

         Gyzlar:

         — Aýagymyzyň aşagyna ullakan daş daňyp geçdik. Siz hem aýagyňyzyň aşagyna bir uly daş daňyp girseňiz, geçersiňiz – diýýärler.

         Döw gyzlaryň aýdanyny etmek üçin, gözläp bir uly daş tapyp, ony aýagyna daňyp derýa urýar. Döw derýanyň düýbüne çümüp, ölüp galýar.

         Gyzlar bu döwden gutulanlaryna begenip barýarkalar, öňlerinden bir oba çykýar. Oba baryp görseler, bir ýere köp märeke toplanyp, toý edýän ekenler. Gyzlaryň gelenini görüp, toý eýesi olary myhmançylyga çagyrýar. Bular munda birnäçe gün dynç alýarlar. Toý gutarandan soň, toý eýesi olaryň habaryny alýar. Gyzlar hem öz başlaryndan geçirenlerini aýdyp berýärler. Bu obanyň adamlary gyzlaryň ata-enelerini tanaýan ekenler. Olar gyzlary öz obalaryna eltipdirler. Bular öýlerine baryp, başlaryndan geçenleri gürrüň edip beripdirler. Şeýlelik bilen, olar öz ata-enelerine gowşup, maksat-myratlaryna ýetipdirler.