HALY DOKAÝJY

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
163
~ 7 min.

         Bir ýurduň patyşasy şäheriň içinde bolan gürrüňleri bilmekden ötri, şäher içinde ýörite adam goýar eken.

         Bu patyşanyň bir ýagşy weziri bar eken. Bu wezir bir gije “Näme sözler barka?” diýip, şäher içinde aýlanyp ýörkä, bir ses eşiden. Wezir “Bu nämekä?” diýip barsa, bir köne tamyň içinde bir adam haly dokap oturan. Bu adam haly dokap hem-de aglap: “Eý dilim, men saňa müň gezek ýalbaraýyn; sen meniň başymy bir bela goýmagyn” diýip aýdan. Bu adam her gije haly dokap, hem aglap, öz diline ýalbaryp daňyny atyr eken. Wezir: “Şol adamyň bu aýdanynyň bir manysy bardyr” diýip, her gün gelip, bu adamyny diňlär eken.

         Bu adam halyny köp ýagşy dokarmyş. Onuň ýaly haly dokaýan adam ýer ýüzünde ýok eken. Bu adam bir gün halysyny dokap bolansoň, satjak bolup bazara salan. Bazarda munuň ýalak ýagşy haly ýok eken. Gezip ýören adamyň biri baryp patyşaga aýdan:

         — Eý şahym, şu wagt bazarda bir adam haly satyp ýör, ol köp ýagşy haly. Şu wagta çenli bazara beýle haly düşeni ýok. Şol haly senden başga adamyň öýüne gelişjek zat däl. Men şony saňa mynasyp görüp aýtmaga geldim – diýen.

         Onda patyşa:

         — Bar şol adam halysy bilen meniň ýanyma gelsin – diýen. Bu adam baryp, bu haly satyp ýören adama:

         — Seni patyşa çagyrýar – diýen. Bu haly satan adam hem halysy bilen patyşanyň ýanyna baran. Patyşa bu adamyň halysyny görüp, haýran bolup duran.

         Patyşa bu adamdan: “Bu halynyň bahasy näçe bolar?” diýip soran. Onda bu adam bahasyny aýdan weli, patyşa onuň diýen puluny berip halyny satyn alan. Bu adam halysyny satyp, öz işine giden. Patyşa bolsa bu halyny satyn alyp, öz wezir-wekillerini çagyryp: “Eý adamlar, men şu gün bir haly satyn aldym. Ol bir ajap haly. Indi siz aýdyň, men şol halyny näme etsem ýagşy gelişer?” diýip soran. Onda bu ýygnananlaryň her haýsysy bir zat diýip aýdan. Bir akylly weziri hiç bir zat diýmän duran. Onda patyşa:

         — Eý wezir, bu duran adamlaryň her biri bir zat aýtdy. Emma sen hiç zat diýmediň – diýen. Onda ol wezir aýdan:

         — Eý şahym, meniň aýtjak zadym şu: biz şu halyny dokan adamyny çagyryp, şondan soraly, belki ol bizden ýagşy biler – diýen. Weziriň bu aýdan sözi patyşaga makul bolan. Patyşa bu haly satany çagyryp:

         — Eý haly eýesi, sen bu halyny dokapsyň, ony hem biz aldyk. Indi biz bu halyny näme etsek ýagşy bolar? – diýip soran.

         Onda ol adam:

         — Eý şahym, ynha sen dümewläp ölersiň weli, munuň üstünde seniň jynazaňy okarlar, şoňa ýagşy gelişjek, sen onýança goýaý – diýen.

         Bu haly satanyň sözüne patyşanyň gahary gelip, jellatlary çagyryp: “Baryň, bu adamyny dara çekiň” diýip buýran. Onda patyşanyň ol akylly weziri aýdan: “Eý şahym, meniň saňa köp arzym bar, sen şu adamyny ölümden azat et, sebäbi men garawul bolup ýörkäm, bir gün bir ýerde ses bar, men hem: “Bu ses nämekä?” diýip barsam, şu adam eken. Bu adam gije haly dokap hem-de aglap: “Eý dilim, men saňa köp ýalbarýan! Sen meniň başyma bir bela getirme” diýip, özi öz diline aýdýar. Men hem şu adam näme edýärkä diýip her gije baryp diňläp, daň atanda gaýdardym, her näçe ýalbarsa-da iki barmak dile alaç bolmajak eken. Her iş her adamyň öz dilinden geljek eken. Sen şu adamyny azat et” – diýip wezir patyşaga ýalbaran.

         Patyşa bu weziriň arzyny kabul edip, bu adamyny ölümden azat eden. Bu adam ölümden azat bolup, öýüne gelip ýene aglap, diline ýalbaryp, öz işi bilen bolan. Wezir bolsa “Aýtjak sözüň bilmeseň onuň saňa uly bir bela boljagyny bilip, ondan ýöne lal bolan ýagşy” diýip, bu wezir sözlemesini goýan.