BEZZAT HORAZ

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
198
~ 8 min.

         Bir bar eken, bir ýok eken. Bir garryja kempir bar eken. Onuň hem bir horazy bar eken. Ol horazyň hem bir gözi çaşy, aýagy bolsa çaýşyk eken. Özem şeýle bir bezzat, şeýle bir jenjelçi eken weli, hiý, ýöne goýaý. Munuň ýaly dawaçy horaz heniz ýer ýüzünde bolmanmyş.

         Öz howlularynda uruşmaga zat bolmansoň, ol horaz hemişe kesekiniň howlusyna sümler eken. Bardy-geldi towuga topulaýsa, onuň ýeleklerini tüýt-müýt eder eken. Eger-de bir horaza daga duşaýsa, onda garaçyny bilen urşar eken. Çaşygöz horaz hemmelere deger eken.

         Emma onuň özüne-de bir degjek bolup gör! Sähelçejik bir zat bolaýsa, uly ili bilen bogazyna sygdygyndan:

         — Maňa degme, degme maňa! Men siziň howlyňyzdan däl. Men siziň horazyňyz däl. Garryja kempiriň horazy – diýip, gygyrar eken.

         Emma garryja kempiriň özi-de bu horazdan bizar bolan eken. Goňşulary munuň üstüne ýeke bir gün däl, hemişe gelip, şikaýat eder ekenler.

         Biri gelip:

         — Ýok et, sen şu bezzat horazyňy ýok etmeseň, boljak däl. Ol meniň pişijegimiň gözüni çokup, tas kör edipdi! – diýip gygyrsa, ýene biri:

         — Seniň horazyň ýumurtga basyp oturan towugymy keteginden kowup, ýumurtgasyny döwüpdir – diýip, arz eder eken.

         Üçünji biri aglajak-aglajak bolup:

         — Seniň çaşygöz horazyň topulyp gelip, meniň jüýjelerimi gorkuzdy, iým berýän gabymy agdar-düňder etdi, suwy dökän-saçan etdi – diýip, zeýrener eken.

         Ahyrynda bu garryja kempir bizar bolup, horaza:

         — Nirä gitseň git-de, gümüňi çek. Meniň howlymda seniň garaň görünmesin! – diýip, ol çaşygözi kowup goýberipdir.

         Horaz garryja kempirden gaty görüp:

         — Äý, bolýar-da, ötegiderin! Näme sensiz ýaşap bilmez öýdýärmiň? – diýip, başyny-aýagyny alyp çykyp gidipdir.

         Şeýdip horaz başga bir ýere barypdyr-da, ýeke özi ýaşaberipdir. Ol gündizine bütin obany gezer eken, däne çöplär eken, gijesine bolsa obanyň gyrasyndaky bede küdesiniň üstünde ýatar eken.

         Günlerde bir gün bir tilki daň saz berende, aw awlamaga çykypdyr. Görse meýdanda bir küde bede bar, onuň üstünde bolsa hälki bezzat çaşygöz horaz ýatan eken. Tilki şatlykdan ýaňa uçganaklap baryp, garbap hälki horazy tutupdyr-da, jeňňeldäki hinine tarap alyp gidipdir.

         Şol wagtlar garryja kempiriň goňşusy öz ýerini malalaýar eken. Görse, gapdalyndan bir tilki geçip barýar, agzynda bolsa horaz bar diýýä. Garryja kempiriň goňşusy eline taýak alyp, tilkini kowalamaga başlapdyr. Özem ol:

         — Taşla horazy! Taşla horazy! – diýip gygyrypdyr.

         Mekir horaz özüniň görýänje gözi bilen tilkä seredipdir-de:

         — Tilki, sen neneň muňa çydaýarsyň? Ol adamyň biziň bilen näme işi bar? Men onuň horazy däl ahyryn! Men garryja kempiriňkidirin – diýipdir.

         Tilki aýak çekip, ol adamyň üstüne gygyrjak bolupdyr, emma pikirlenip, goýbolsun edipdir-de, gidiberipdir.

         Garryja kempiriň goňşusy bolsa onuň yzyndan galman:

         — Eý, çypar tilki, ber horazy! Ber horazy! – diýip, gygyrypdyr. Şu aralykda horaz ýene:

         — Tilki, sen nähil-ä! Ol saňa agzyndan gelenini diýýär, sen bolsaň jyňkyňy-da çykaraňok! Ýa ondan gorkýarmyň? Meni – kesekiniň horazyny alyp gaçmaly bolanda-ha sen edil iki paý ýaly! – diýipdir.

         Tilki muňa çydam edip bilmändir. Ol garryja kempiriň goňşusyna tarap öwrülipdir-de, oňa agzyndan gelenini diýip başlapdyr:

         — Seňki näme, ekilmedik ýerde gögeren narpyz! Horaz bilen näme işiň bar? Heý, onuň saňa dahylly ýeri barmy? “Taşla horazy! Taşla horazy!” diýip bizar etdiň-le! Ediber-dä öz edip oturan işiňi. Heý, şu zatlaryň saňa azary barmy? Onsoňam, bu horaz seniň horazyň däl, zadyň däl. Bu horaz garryja kempiriň horazy ahyry. Ilki bilen, sen öz horazyňy, towugyňy köpelt, soňra bize – ynamdar tilkilere dil ýetir! Dogry-da walla, beýlede bir ýürege düşgünç adam boljak eken-ow!

         Tilkiniň şeýle bir kellesi gyzypdyr weli, agzynyň diýenini gulagy eşitmän, wagty bilen goýar ýerde goýmandyr. Şobarmana onuň horaz ýadyna düşüpdir. Görse, horaz eýýäm zym uçan ýaly bolup, gaçyp gidipdir.

         Meýdandaky beýleki adamlar bolsa:

         — Halal saňa, horaz! Gör, nädip tilkiniň başyny-gözüni aýlady! – diýip gülşüpdirler. Tilki eden işine puşman edipdir. Ol şondan soň adamlar bilen hiç wagt gepleşmezligi şert edipdir. Tilkiniň adamy görende, ýüzüni kese-kese sowup, aýagaldygyna gaçyp ýörmeginiň sebäbi hem şonuň üçünmiş.