ÝETIM GYZ

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
226
~ 18 min.

         Bir bar eken, bir ýok eken, bir adamyň heleýi ölen eken, onuň ölen heleýinden bir gyzy galan eken. Ol soňra bir heleý alypdyr. Aýdan-aý, günden-gün geçip, bir gün soňraky heleýinden hem bir gyz bolupdyr.

         Ýyldan-ýyl, aýdan-aý geçip, iki gyz hem ulalypdyr. Ol heleý öweý gyzyna hemişe sygyr bakdyrarmyş.

         Bir gün öweý gyzyna:

         — Ah, ýer dartmyş. Sen sygryň yzynda bikar gezip ýörsüň, bikar gezme – diýip, kän pamyk beripdirdäni: “Şony sygryň yzynda çigitläp getirgin” diýipdir.

         Ol gyz-da bu pamygy alyp gidip, sygryň yzynda aýagyny tikene berip, aglap-eňräp: “Men bu pamygy neneň edip çigitläp arassalaryn” diýip aglap ýören.

         Ol gyzyň bakýan sürüsiniň içinde özüniň birje gölejigi bar eken. Bir gün gölejigi aýdan:

         — Aý Bibi, getir pamygyňy maňa ber, men iýeýin-de tezekläýin. Onsoň ol arassaja çigitlengi pamyk bolup çykar – diýen.

         Ondan soň gyz, gölesine pamygyň hemmesini beren, göle-de ony iýip, tezek ýerine arassa pamyk çykaryp beripdir.

         Ondan soň gyz şol pamygy alyp, ejeligine eltip beripdir. Ol ejeligide muny görüp: “Me, muny hem arassalap, egrip getir” diýip, ýene pamyk beripdir.

         Gyz muny-da alyp, gynana-gynana, sygryň yzynda aglap ýörkä, ýene gölejigi:

         — Aý Bibi, aglama getir ony hem iýip ýüplük ederin – diýip, gyzyň elinden alyp, iýip ýalmapdyrdany, ýüplük edip çykarypdyr.

         Ol gyz-da bir başyndan tutup sarapdyr. Ony hem öweý ejesine eltip beripdir.

         Ýene öweý ejesi pamyk berip:

         — Muny hem egrip getir – diýipdir.

         Bibi günde şeýdip, hem sygyr bakan, hem-de pamyk egren. Bir günden bir gün, bu gyzyň birje sümegini ýel kowup alýa-da ötägidýär. Ol gyz-da öweý ejesinden gorkusyna: “Bu sümegi ýitirmäýin” diýip, yzyndan kowalaşyp gidýär. Bu sümegi hem ýel kowup barýar. Bu gyz-da ýetdim-ýetdim ediberende ol gaçýar. Şeýdip bara-bara, bu sümek bir kempiriň öýüne giren. Bu gyz-da gundanyň yzyndan kowalap baran. Barsa öýde bir kempir oturan.

         Bu gyz:

         — Aý ejejan, men sümegimi gaçyrdym, ol-da seniň öýüňe gelip girdi. Şony gördüňmi? – diýipdäni soran.

         Ol garry hem:

         — Aý gyzym! Halha sümegiň şol sandykdadyr, geçdäni alaweri – diýipdir.

         Ol gyz-da geçip sandykdan açyp agtarsa, her hili enaýy zatlardan gyzylly kümüşli ýaprak, çaprazdan sandyk dolup duran. Şolary agtaryp içinden döküp, özüniň sümegini sandygyň teýinden alypdyr. Ol sandygyň içindäki zatlardan birje uşlyby-da almandyr.

         Ol sümegini alyp ugrap, gapa çykyberende, ol garry aýdan:

         — Dur gyzym, gitmänkäň şu tüýnük ýüpinden birje sallançak uçsana, onsoň ötägit — diýen.

         Ol gyz-da “bolýar” diýip, sallançak uçan. Bu ýan, o ýan uçan welin, goltugyndan hiç bir zat dökülmändir.

         Kempir soňra:

         — Gel gyzym, meniň birje başymy ýol-ýoluşdyr, gyr-gyryşdyr, bulam-bujar et – diýen.

         Gyz oturyp garrynyň başyny ýuwup, bejerip süntgüläp darap, arassaja edip beripdir.

         Ondan soň kempir ýene aýdan:

         — Aý gyzym, gitmänkäň meniň şu öýümi ýykyp-ýykyşdyr, agdar-düňder et! Hemme zatlaryny döw-döwüşdir – diýen:

         Ondan soň gyz öýüni hem süpürip, ýorgan-düşeklerini galdyryşdyryp, hemme zatlaryny bejerişdirip, arassaja edip goýan soň:

         — Ine ejejan, men gaýdaýyn. Sygyrlarym ekine düşäýmäwersin – diýip, gaýtjak bolan.

         Onda garry:

         — Dur gyzym, pylan ýere bararsyň, şonda öňüňden bir suw çykar. Şol suwuň deňesinden ylgyşyňa zyňyp geçgin. Ondan aňry geçersiň, öňüňden ýene bir suw çykar. Ol suwdan eliňi-ýüzüňi ýuwup, özüň-de suwa düşündäni, geýim-gejimleriňi hem şoňa ýuwgyn. Aňyrda ýene bir suw bardyr, ondan hem gözüňi ýumup, ylgyşyňa zyňyp geçgin – diýen.

         Gyz ugrap barýaka, öňünden şol diýen suwy çykan. Suwdan gözüni ýumup, ylgyşyna ýüwrüp geçen. Ondan aňry baranda ýene bir suw çykypdyr. Ondan hem elini-ýüzüni ýuwup, özi-de suwa düşünip arassalanypdyr. Soňra aňry baranda ýene bir suw çykan. Ondan hem gözüni ýumup ylgyşyna ýyldyrym ýalak bolup geçen.

         Sygyrlarynyň ýanyna baryp görse, sygyrlar otlap doýup ýatan. Gyz sygyrlaryny sürüp öýlerine eltipdir. Ejeligi bu gyzy görüp tanamandyr. Görse bir owadan gyz, heý zada meňzeş däl. Ertesi bu heleý, bu ýetim gyzy saklap öz gyzynyň eline bir tike pamyk berip, sygyr bakmaga iberip:

         —  Bar, sen-de şonuň ýaly bolup gel! – diýipdir.

         Ol gyz-da pamygy alyp gidip, meýdanda pamygyň bir tikesini bir ýandakda, bir tikesini çöpde goýup dagydypdyr, bir tikesini garaganyň başynda, bir tikesini gara tikeniň başynda goýup düw-dagyn edipdir. Ondan bu gün sygyrlaryny gaçyryp, pamygyny dargadyp, başagaý bolup, öýlerine gaýdyp gelipdir.

         Onda ejesi:

         — Sen ýetim gyzça bolman, ýer dartmyş! – diýip, urup-sögüp, ertesi ýene eline pamyk berip, sygyra iberen. Ertesi gyz meýdanda pamygyny bejerip ýörkä, bir sümek pamygyny ýel alyp ötegiden. Bu gyz-da onuň yzyndan kowup, ylgap-ylgap barýan. Bara-bara bir garrynyň öýüne baryp giren.

         Bu gyz-da baryp:

         — Aý ejejan, meniň sümegimi ýel kowup getirip, seniň öýüňe saldy, gördüňmi? – diýip soran.

         Ol garry-da:

         — Geçde alaweri, şol sandykdadyr – diýip salgy beren.

         Ol gyz-da geçip sandygy açyp görse, sandygyň içi doly gyzylmy, kümüşmi, ýaprak, çapraz ýaly her hili zatlardan bar eken. Ol sandykdaky zatlardan goýnuny-goltugyny dolduryp, alybilen zadyny alýar. Ondan soň gyz sümegini alyp, gapa çykjak boluberende garry:

         — Dur gyzym, şu tüýnük ýüpinden bir sallançak uç – diýen.

         Ol gyz-da sallançak uçýar welin, goýnundan-goltugyndan şaýlar goýurt-goýurt ediberen, hemmesi dökülen. Bu şaýlary garry zat goýman hemmesini ýygnap alan.

         Onda garry:

         — Gyzym, gel meniň başymy ýol-ýoluşdyr, gyr-gyryşdyr, bulam-bujar etgin – diýen.

         Ol gyz-da:

         — Bolýar – diýip, munuň saçyny gyryp-gyryşdyryp, ýolup-ýoluşdyryp, bulam-bujar edipdir.

         Onsoň kempir:

         — Aý gyzym, meniň içerimi ýykyp-ýykyşdyr, döküp-döküşdir, bula-bulaşdyr – diýen.

         Gyz hem garrynyň öýüni ýykyp-ýykyşdyran, döküp-döküşdiren we bulaşdyran, agdar-düňder eden.

         Onda kempir:

         — Aý gyzym, dur, seni bir ýalkaýyn – diýip ýüzüne bakyp:

         — Aý gyzym, alnyň-bagtyň bolmasyn, altyn tagtyň bolmasyn! Pylan ýerde öňüňden bir suw çykar, şol suwa ýüzüňi-gözüňi ýuwup, suwa düşün. Aňyrrak barsaň bir suw bardyr. Ol suwuň ýanyndan gözüňi ýumup zyňlyp geçgin, durman gaçgyn. Ýene aňyrrak barsaň bir suw bardyr, ol suwa baraňda ýüzüňi-gözüňi ýuwup, suwa düşün. Şonda alnyňa bir eşek guýrugy çyksyn. «Eje tut, aba kes! Eje tut, aba kes!» diýdäni öýüňize bar – diýen.

         Ondan ol gyz-da bärki suwda ýüzüni-gözüni ýuwup, suwa düşüp, aňyrkydan bolsa gaçyp geçen. Iň aňyrka baranda ýüzüni ýuwan, onda-da maňlaýyndan bir eşek guýrugy çykan. “Eje tut, aba kes!” diýip, öýlerine baran.

         Öýlerinde-de ejesi sögüp:

         — Ol gyz gitse owadan bolup gelýär, sen gidip şeýle bolup geldiň – diýip aglan.

         Gyz:

         — Eje tut, aba kes! – diýip oturan.

         Ejesi tutýan, kakasy kesýän.

         Ejeligi:

         — Bu ýetim gyzyň şeýle görmegeý bolmasy şol gölesindendir, şol gölesini öldürmesem bolmaz – diýip, bir gün ärine:

         — Men şu günler aş saýlaýan, şol göläniň etini iýesim gelýär. Şol göläni öldürip ber – diýen.

         Ol gyz-da gölejigini gaty gowy görýär eken. Gölesini öldürjek diýseler, ol gynanyp, gölesiniň ýanyna baryp:

         — Gölejan! Seni öldürjek diýýärler – diýip aglan.

         Gölesi hem aýdan:

         — Aý Bibijan, gynanmagyn! Men ölemde etimi iýerler welin, süňkümi ýygnap bir ýerde goýgyn. Her wagt saňa zat gerek bolanda şol süňkümi agtarsaň, saňa näme diýseň şol bolar duraryn – diýen.

         Bir gün göläni öldürýärler. Bu gyz aglap-aglap, bu göläniň süňküni ýygnaşdyryp, hemmesini bir köne harabalykda tamdyra salyp, gömüp goýan.

         Aýdan-aý geçip, günden-gün geçip, bir wagt şol süňk ýadyna düşüpdir. Bir gün ejeligi pata gidipdir. Yzynda bu gyz:

         — Şol tamdyry agtaryp göraýeýin-le, näme boldyka? – diýip, tamdyry agtaryp görüpdir.  Görse içi doly, gyzyldan-kümüşden aýal-gyz şaýy-sepi bolup duran. Munuň içinde bir gyrmyzy köýnek-de bar eken. Ol bulary dakynyp, meýdanda gezip ýören.

         Bir patyşanyň ogly aw awlap ýörkä bu gyzy görýär. Görse ol äleme ýalkym salýar. Muňa patyşanyň ogly aşyk bolupdyr. Patyşanyň ogly öýlerine baryp, atasyna aýdypdyr:

         — Aý atajan, şol pylan ýerde bir gyz bar, şony maňa alyp bermeseň hiç bolmaz – diýen.

         Onda patyşa:

         — Bolýar – diýip, bu gyza sawçy iberen.

         Sawçylar baryp ol gyzyň atasy bilen guda bolup gaýdypdyrlar. Bir sähetli gün, dokuzy-sekizi, köýmeti-keçedi bilen bu gyza gelin alyjy, öň atly gelipdir. Soňra gyzy alyp gaýtmakçy bolanlarynda, bu heleý şol ýetim gyzyň ýerine öz gyzyny berip goýberen. Bular-da bilmän alyp gidenler.

         Baryp patyşanyň oglyna nika gyýyp beripdirler. Gije oglan bilen ýatan wagtlarynda bu gyz hiç oglana baka garap ýatanok, gaýta beýlesine bakyp ýatan ýerinde “hyrt” edip, şol maňlaýyndaky eşegiň guýrugyny dişläp, kertip ýolýarmyş.

         Onda äri:

         — Bäriňe bakyp ýat – diýýär.

         Ol gyz:

         — Men utanýan, beýläme bakyp ýatjak – diýip, hiç beýlesine bakmaýar. Äri:

         — Gelinjan, näme iýýärsiň? – diýip soran.

         Onda ol:

         — Men atam öýümden birazajyk gowurga getiripdim, şony iýýän – diýen.

         Äri:

         — Maňada beräýsene – diýip soran.

         Onda ol:

         — Tükendi – diýip aýdan.

         Äri bu gije zat degmän ýatypdyr. Ertesi agşam ýatypdyrlar welin, ýene-de şol “hyrt, hyrt” etmesini goýmandyr.

         Onda äri:

         — Bäriňe bak – diýip, goýman bärisine bakdyrjak bolup sermeläp görse, maňlaýynda gol ýaly bir zat bar eken. Ol şony hyrtylladyp, kertip oturan eken.

         Ertesi bu gyzy ýasawulyň öňüne salyp, höküm bilen:

         — Bar, atasyna eltip berdäni, ol beýleki gyzyny alyp gaýt – diýip ugradan.

         Ol ýasawul-da gyzy öňüne salyp kowup gidip, atasyna eltip beripdirdäni:

         — Hany beýleki gyzyň? – diýip, beýleki gyzyny tapdyrypdyr.

         Ol gyz-da sygyr bakyp ýören eken. Onuň yzyndan kejebeli düýe alyp baryp, ol gyzy düýä mündürip, ejeligi bilen atasyna düýäniň başyny itdirip alyp gaýdanlar.

         Alyp gaýdyp şol tamdyryň duşuna gelende, gyz:

         — Duruň, meni az salym goýberiň, meniň azajyk işim bar – diýip, bulardan ötin alyp, düýeden düşüpdir.

         Baryp tamdyry agtarypdyr. Öňki göläniň süňki şaý-sep bolup duran. Olary geýip, baryny alyp, bularyň ýanyna gelipdir. Ondan düýä mündüripdirler. Ol şeýle bir gyz bolupdyr, görmäge göz gerek. Bir owadan, bir görmegeý, heý bir zada meňzeş däl. Ony alyp baryp, kyrk gije-gündiz toý-tomaşa beripdirler.