IKI MERGEN

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
239
~ 10 min.

         Bir bar eken, bir ýok eken, gadym wagtlarda iki sany mergen bar eken. Olaryň ikisi hem mydam bile daga gidip, belent gaýalaryň arasynda, gür tokaýlaryň içinde aw awlar ekenler.

         Olar bir gezek awa gidenlerinde bütin gün dag gerişleriniň arasynda gezip, hiç aw tapman, halys ýadapdyrlar. Agşam garaňky düşende ýatyp, ýaňy uka gidenlerinde olaryň ýanyna bir döw gelip:

         — Ýeri, mergenler, siz bu ýerde näme işläp ýörsüňiz? Bu ýerde meniň bardygymdan habaryňyz ýokmy? – diýipdir.

         Mergenler döwi görüp, ondan gaty gorkupdyrlar.

         — Siz gorkmaň-da arkaýyn gürläberiň. Niýetiňiz gowy bolsa, men size degmerin – diýipdir.

         — Biz daglarda aw awlap, ynha siziň mekanyňyza düşüpdiris. Indem bir çemçe ganymyzy bagyşlasaň hem, bagyşlamasaň hem, öz ygtyýaryňyz – diýip, mergenler jogap beripdirler.

         Bularyň garyplygyna döwüň rehimi gelip:

         — Eý, mergenler, siz dünýäde zadyň gaýgysyny etmäň, men siziň ýaly garyp-pukaralara zyýan etmän, gaýta kömek edýändirin – diýipdir.

         Şundan soň mergenleriň ýürekleri ynjalyp, gatan çörek iýip, çaý içip bolupdyrlar welin, döw olaryň her haýsyna bir göwher daşyny berip:

         — Ynha, mergenler, şulary bazara eltip satsaňyz, ömrüňiz ötinçä size eklenç bolar. Emma bulary nireden aldyňyz diýip, her kim sorasa-da, aýdaýmaň. Eger aýdaýsaňyz, kelläňiz guş bolup uçup gider – diýipdir.

         Mergenler döw bilen hoşlaşyp, şähere gelipdirler. Bular bazara baryp, göwherlerini satmakçy bolupdyrlar welin, şäher adamlary:

         — Siz muny nireden aldyňyz-da, nireden aldyňyz, bular ýaly zat patyşanyň hazynasyndan başga ýerde bolmaz – diýşip, gowur turzup, bu habary patyşa ýetiripdirler. Patyşa hem mergenleri tutup getiripdir-de:

         — Ýeri, mergenler, siz bu göwherleri nireden ogurlap aldyňyz? – diýip sorapdyr.

         — Patyşahym, biz ony hiç ýerden ogurlap alamzok, ogurlyk biziň ömrümizde eden zadymyz däldir. Biz aw awlap günümizi görýäris, göwher gerek bolsa al, ýöne biziň ölmegimizi islemeýän bolsaň, ony nireden alanymyzy sorama – diýip, mergenler jogap beripdirler.

         Bularyň sözüne patyşanyň girre gahary gelipdir.

         — Derrew bulary zyndana taşlaň – diýip, ol höküm edipdir.

         Mergenler zyndanda otyrkalar, gijäniň bir mahaly ýaňky döw gelip, bulary boşadypdyr-da:

         — Eý, mergenler, siz hiç zatdan gorkmaň, ir bilen baryp, bazardan gerek zadyňyzy alyň-da, öýe gaýdyň. Eger patyşa sizi tapyp, göwherleri nireden alanyňyzy gyssap aýtdyrjak bolsa, siz oňa:

         — Patyşahymyz, beýle bolsa, weziriňiz bilen özüňiz yzymyza düşüň, göwheri tapan ýerimizi görkezeli diýip, meniň ýanyma getiriň – diýipdir.

         Onsoň mergenler göwherleri satyp, bazardan gerek-ýaraklaryny alyp, öýlerine gaýdypdyrlar.

         Ertesi patyşanyň nökerleri zyndanyň içine seretseler, mergenleri tapmandyrlar.

         Olar derrew muny patyşa habar edipdirler. Patyşa bolsa gazaba münüp:

         — Kim mergenleri tutup getirse, pylança baýragy bar – diýip jar çekdiripdir.

         Onsoň patyşanyň adamlary mergenleri gözlemäge başlapdyrlar. Ertesi mergenler bazara barýarka, olary tutupdyrlar.

         Patyşa gazap donuny geýip:

         — Häziriň özünde göwherleri nireden alanyňyzy aýtmasaňyz, tohum-tijiňiz bilen ýok ederin – diýipdir.

         — Eý, patyşahymyz, biz aýdaly. Ol ýerdäki göwheriň hetdi-hasaby ýok. Özem şu şäherden uzak ýerde-de däl. Weziriň bilen yzymyza düşüň, hem aw ederis, hem göwheriň mekanyny görkezeris – diýipdirler.

         Patyşa derrew mergenleriň el-aýagyny boşatdyryp, ýol şaýyny tutupdyr-da, ýola düşüpdir.

         Döw hem bularyň gelýänini görüp, derrew boýnuna altyn-kümüş dakylan bir topar keýik goýberipdir. Göwherleri bolsa her ýerde üýşürip goýupdyr. Patyşa bilen wezir ilki aw etmekçi bolupdyrlar, emma olara hiç hili aw duşmandyr, onsoň birden olaryň gözi göwherlere düşüpdir.

         Patyşa wezire:

         — Älhepus, munuň köpdügini, biziň ýurdumyzda şunça baýlyk barka, biz muny henize deňiç bilmändiris – diýipdir.

         Olar horjunlaryny göwherden doldurypyrlar-da:

         — Bu ýere ýörite bir kerwen ugradaly, gelýänçäk mergenleri garawul goýarys – diýip, maslahat edipdirler. Bular horjunlaryny göwherden dolduryp, töweregine seretseler, boýny altyn-kümüşli keýikler gezip ýören eken. Patyşa bilen wezir keýiklere tarap, at goýmakçy bolanda, bir ýerden äpet gara atly döw peýda bolupdyr-da:

         — Ýeri, zalym patyşa, indi öz ýurduňy iýip doýman, ýene-de bärik gelip, kişi zadyndan ogurlyk etmäge başladyňmy? – diýip, patyşany bir eli bilen, weziri bir eli bilen göterip, atdan düşüripdir-de, öz jaýyna tarap alyp ugrapdyr. Mergenlere bolsa:

         — Bularyň atlaryny münüň-de geliberiň – diýipdir.

         Döw öýüne baryp,  patyşa bilen weziriň el-aýagyna zynjyr salypdyr-da:

         — Ýeri, patyşa, sen meniň mergenlerime näme azar berýäň? Senden hemme adamlar dat edýär. Men bu garyp mergenlere dözmän, olara iki sany göwher berip goýbersem, sen olary zyndana salyp, öldürjek bolup ýörsüň. Hany indi ile beren azaplaryňy özüňem bir çekip gör, ajymyka ýa-da süýjümikä? – diýip, olary garaňky jaýa dykypdyr.

         Onsoň döw mergenleriň birini patyşanyň, beýlekisini weziriň sypatyna salyp:

         — Baryň, indi bularyň atlaryny münüň-de, patyşanyň tagtyna çykyp, tä menden habar bolýança hökmürowanlyk sürüň, ýöne garyp-pukaralary ynjytmaň. Bulary goýberjek wagtym özüm öňünden habar ederin – diýipdir.

         Mergenler şähere gelip, biri patyşa, birem wezir bolupdyr.

         Aradan birnäçe wagt geçensoň, döw patyşa bilen weziri boşadyp, olaryň hersine bir gysym kümüş teňňe beripdir-de, maşgalalaryny hem getirip, olaryň goş-golamlaryny dört-bäş sany düýä ýükledip, uzak ýurda ugradypdyr.

         — Indi sizem öz zähmetiňiz bilen ýaşap görüň. Emma dolanyp şu golaýlara düşäýmäň. Eger garaňyzy görkezäýseňiz, tohum-tijiňiz bilen ýok ederin – diýip, olara berk tabşyrypdyr. Ine, onsoň iki mergen patyşa bilen weziriň lybaslaryny taşlap, täze lybas geýipdirler-de, öz maşgalalaryny hem köşge getirip, uzak wagtlap ýurda adalatly baştutanlyk edipdirler.