AKYLLY AHMET

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
210
~ 8 min.

         Bir watgda bir garyp bar eken. Ol garyp hemişe: “Meniň aklym kän-de pulum ýok, pulum bolsa, näme etjegimi bilýärin” – diýip, aýdar eken.

         Günlerde bir gün täjir:

         – Eý garyp, eger-de seniň aklyň kän bolsa, “pulum ýok” diýip zeýrenme, ynha, men saňa pul bereýin weli, senem şu söwda üçin gidýänler bilen bile git-de, söwda et!” – diýip, birnäçe pul beren.

         Ahmet täjiriň ähli beren pullaryny köne zatlara, garaguruma, esgä berip, birnäçe çuwaly köne zatdan doldurdy-da, ýoldaşlarynyň ýanyna gelip:

         – Haçan ugrasaňyz men taýýar – diýip aýtdy.

         Ýoldaşlary munuň alyp gitjek bolýan harytlaryny görüp:

         – Baý sende akyl köp eken-ow! – diýşip gülüşdiler.

         Ahmet:

         – Aý, hany ýörüň bakaly, entek howlukmaň, soňuna garaň! – diýip, olar bilen ýola düşdi.

         Birnäçe gün ýol ýöräp, bir uly şähere ýetdiler. Bu şäher bolsa bir uly derýanyň gyrasynda eken. Ahmediň ýoldaşlary bolsa, söwda etmäge şähere dagap gitdiler.

         Ahmet derýanyň ýakasyna baryp, ýaňky özüniň köne gülebent ýüküni düşürip, bu köne-sanalaryň hemmesini ýakyp, külüni derýanyň gyrasyna ýaýratdy. Garaňky düşdi, birden derýadan balyklar çykdylar. Olar agyzlaryny dolduryp, çykaran göwherlerini derýanyň gyrasyna goýdular. Bu balyklar hemişe şeýdişip oýnamagy özlerine adat edinipdirler. Oýnap bolanlaryndan soň, çykaran göwherlerini ýene agyzlaryna alyp, derýa çümüp giderler ekeni. Olar bu gezek ýene çümjek bolanlarynda, göwheri gözleseler, göwherler ýok, göwherler külüň içinde görünmän galdy. Balyklar göwher daşlaryny tapman, çümüp gitdiler.

         Ahmet ertir bilen derýanyň gyrasyny süpürip, küli harman edip sowurdy. Uly harman külüň içinden ynha birnäçe çuwal göwher çykdy.

         Ahmet derrew derýanyň ýakasyndaky tezekleri ýygnap, eýläp palçyk etdi-de, arasyny göwherden dolduryp gurutdy. Bular bäş-alty çuwal tezek boldy.

         Ikinji güni ýoldaşlary bazardan işlerini bitirip gelse, Ahmet çuwallaryny tezekden dolduryp, taýýar bolup oturan ekeni. Ýoldaşlary gelip gördüler-de:

         – Ýeri Ahmet, sen indi oba şu tezekleri ýük edip alyp gitjekmi? – diýip gülüşdiler.

         Ahmet:

         – Aý hawa, her kimiň öz gurby ýetýän zady bolýar – diýdi.

         Ýoldaşlary:

         – Baý tüweleme, seniň aklyň bar-ow! – diýşip, hasam beter gülüşdiler. Şunluk bilen, bularyň kerweni ýola düşüp ugrady. Az ýöräp, köp ýöräp, öz obalaryna ýakyn geldiler. Kerwenler bir adamyny “sag-aman gelýäris” diýip, çapar iberdiler.

         Çapar oba baryp, kerweniň sag-salamat gelýändigini hem-de edilen söwdalary we Ahmediň tezek ýüküni — baryny birin-birin edip, täjirleriň hemmesine buşlap çykdy. Mundan soň her täjir öz söwdagäriniň öňünden hezzet edip çykmaga adam iberdiler.

         Ahmediň täjirinden özgesi bularyň öňünden çykdy. Emma Ahmediň täjiri gahar edip, käýinip:

         – Bir samsyga zadymy giderdim, masgaraçylygam onuň üstüne – diýip, ökünüp öýünde oturdy.

         Täjirler söwdagärlerini garşylap, her kim: “Sag-aman geldiňmi?” diýip soraşdylar. Olar Ahmediň duşundan geçenlerinde oňa gülüşdiler. Şähere girdiler, her kim öýli-öýüne gidip ýüküni düşürdi.

         Ahmet hem ýükjagazyny düşürip, ýygnap goýdy. Bu gün agşam ýatyp ertesi turulandan soň, uzak ýola söwda gidip gelenleriň hemmesini bir ýere ýygnap baýram etdiler. Munda Ahmedem bar, Ahmediň täjiri hem bar. Bu söwdagärler öz eden söwdalaryndan, işlerinden habar berip, iş bitiren adam boluşyp, uly-uly gürleşip oturdylar. Ahmet bir dulda egnini gysyp otyrýardy.

         Täjirler:

         – Ýeri, Ahmet, hany sen näme iş bitirdiň? Hany seniň kän aklyň hiç kömegi degmedimi? – diýip gülüşdiler.

         Ahmet:

         – Aý näme bolany bolar-da, ondan artygyny nätjek, biziňkem olaryňky ýaly bolmasa-da, bäri ýanyça bolar! – diýip, goltugyndan bir uly maçjany çykaryp, ortada goýdy. Muňa öňküdenem beter el çarpyşyp gülüşdiler.

         Ahmet maçjany iki ýardy weli, göwherler dumly-duşa pytrap, dünýä ýalkym saldy. Oturan adamlaryň agyzlary açylyp, gözleri hanasyna sygman, sesleri sem boldy. Ahmet çuwallary getirip, döküp, hemme maçjany owratdy, bir depe göwher boldy. Täjirler we söwda bile giden ýoldaşlary haýran galyp, aňkarlyşyp oturdylar.

         Ahmet öz täjirine garap:

         – Al, ýygna, ine dünýä maly, seň name dünýä malyny ýygnap görüňe alyp giderin öýtýärmiň?! Al, indi görüňe alyp git, sen meniň öňümden çykmaga namys etdiň! – diýdi.

         Şunluk bilen Ahmet öz akylyny görkezdi.