LÖKGIJIK

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
178
~ 5 min.

Bir bar eken, bir ýok eken, bir garybyň bir ogly bar eken. Oglunyň ady Lökgijik eken. Ol oglan gaty edermen eken. Olaryň hojalygynda bir çatmasy, bir geçisi, bir eşegi bar eken.

Bir günden bir gün, garybyň ogly geçisini sürä goşmaga äkidipdir. Bu oglan geçisini goşanda çopana şeýle diýipdir:

– Eger meniň geçimi möjek dagy iýjek bolsa, Lökgiňkidir diýäý.

Bir günden bir gün bir möjek gelip, şol geçini iýjek bolupdyr. Çopan ony görüp:

– Ola Lökgiňkidir – diýipdir.

Möjek şol sözi eşiden badyna, geçini taşlap gaýdypdyr.

Ýene-de bir gün ýaňky geçini bir şagal iýjek bolupdyr. Çopan ony görüp:

– Lökgiňkidir – diýipdir.

Şagal:

– Lökgiňki bolsa-da iýjek – diýip, geçini iýipdir.

Bir gün Lökgi geçisini almaga çopanyň ýanyna gelipdir. Lökgi çopanyň ýanyna gelip:

– Hany meniň geçim? – diýip, çopandan sorapdyr. Çopan:

– Geçiňi şagal iýdi – diýipdir.

Lökgi bolsa, şagalyň yzyny yzlap gidip, şagalyň sürenini tapypdyr. Şagalyň süreniniň iki agzy bar eken. Lökgi süreniň bir agzyna bir ganary çişirip goýupdyr. Ikinji agzyndan bolsa, tüsse goýberipdir. Şagal tüssä çydaman, süreniň beýleki agzyndan çykjak bolup, ganara giripdir. Lökgi bolsa, ganaryň agzyny daňyp, şagaly urmaga başlapdyr. Şagal bolsa, oňa çydaman:

– Urmasaň bir geçi bereýin – diýipdir.

Lökgi bolsa:

– Özümiň geçimi tapyp ber! – diýipdir.

Şagal tapyp bilmändir. Lökgi ýene-de şagaly urmaga durupdyr. Şagal çydap bilmän:

– On geçi bereýin – diýipdir.

Lökgi ýene-de:

– Özümiň geçimi tapyp ber! – diýipdir.

Şagal tapyp bilmändir. Lökgi ýene-de şagaly urmaga başlapdyr. Şagal ýene çydap bilmän:

– Ýüz geçi bereýin – diýipdir.

Iň soňunda ýalbaryp:

– Müň geçi bereýin – diýipdir.

Lökgi muňa razy bolup:

– Müň geçiňi derrew getir! – diýipdir. Şagal bolsa, bir süreniň içine girip, derrew müň geçini getirip beripdir. Lökgi bolsa, geçileri sürüp, öýlerine gaýdypdyr. Lökgi öýlerine ýetip gelýärkä, obalaryndaky adamlar:

– Bu geçileri sen nireden aldyň? – diýip Lökgiden sorapdyrlar. Lökgi olara şeýle aýdypdyr:

– Geçimi müň bölek edip, her bölegini gyzganyň bir tikenine sançdym. Soňra tikeni silkip goýberdim welin, her bölegi bir geçi bolaýdy – diýipdir.

Ol adamlar bolsa özleriniň geçilerini we goýunlaryny Lökgi ýaly köpeltjek bolup, müň bölek etmän, her birini on müň bölek edip, gyzganyň tikenine sanjyp, silkipdirler. Goýun nirede, zat nirede, öz sanjan etleri ýere gaçyp, guma bulaşypdyr. Obanyň goýunly baýlary goýun-geçiden dynyp, elini owkalap galypdyrlar.