ISGENDER PATYŞANYŇ ŞAHY

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
248
~ 7 min.

         Bir zamanlarda Isgender diýen bir patyşa bolup geçen eken. O özüniň patyşalyk edýän zamanynda, her wagt saçy ösende, bir adama syrdyryp, şol başyny syran adamyny hem öldürýärmiş.

         Munuň hem sebäbi Isgender patyşanyň ýazzy maňlaýynda şahy barmyş. Saçyny alan adam şol şahy görüp, başga adamlara aýdar öýdýän eken.

         Bu işiň aslyny Isgender patyşanyň hyzmatynda ýaşaýan milletler biler eken. Günleriň birinde patyşanyň saçy ösüp, bir dul aýalyň oglyny saçyny aldyrmaga çagyranmyş.

         Şondan soň oglan gelip, ejesine:

         – Meni patyşa çagyrýar, meniň saçymy alypber diýýär – diýip, geňeş edýär we:

         – Barsam hem başga adamlar ýaly meni öldürer – diýip aýdan. Onda ejesi:

         – Eý oglum, men öz süýdümden birneme onuň içine goşup, hamyr edip ýuguryp, saňa bir köke bişirip bereýin. Şol kökäni al-da, patyşanyň saçyny alyp duran zamanyňda goltugyňda goý. Saçyny alyp gutarmankaň, şol kökäni patyşanyň öňüne gaçyr. Patyşa hem muny görüp, ýerden göterip alar, maňlaýyna degirip duzuny dadar. Dadandan soň şol kökäniň tagamy agzyna süýji ýokup, senden: “Eý oglan, bu köke näme bilen ýugurlyp bişirildi? Örän süýji eken” – diýip sorar. Sen hem: “Men bärik gaýtjak bolamda ejem maňa ajygarsyň diýip, öz süýdünden ýuguryp, bişirip berdi” – diýip aýdarsyň. Ondan soň saňa degmese gerek – diýip, oglana kökäni bişirip berýär.

         Oglan kökäni goltugyna salýar-da, patyşanyň hyzmatyna ugraberýär. Patyşanyň ýanyna baryp, patyşa bilen görüşip, saçyny almaga oturýar. Ejesiniň aýdyşy ýaly saçy alyp gutaran zamanynda, goltugyndaky kökäni patyşanyň öňüne taşlaýar.

         Patyşa hem ýerde ýatan kökäni eline alyp, dadyp görýär. Görse bir ýagşy süýji köke eken. Ondan soň oglandan:

         – Eý oglan, bu köke näme bilen ýugurlyp bişirildi? Örän süýji eken – diýip soraýar.

         Onda oglan ejesiniň tabşyryşy ýaly edip, patyşaga gaýtargy berýär.

         Saçy alyp gutarandan soň patyşa oglana garap:

         – Men-ä mundan ozal saçymy aldyran adamlarymy, kellämdäki şahymy görüp-de hiç kime aýtmasynlar diýip öldürýärdim. Seni hem öldürmekçidim. Emma seň ejeňiň süýdünden bişirip beren kökesini datmagym sebäpli, indi men seniň bilen süýtdeş dogan boldum – diýip, oglany ölümden halas edýär.

         Şonuň bilen patyşa:

         – Şu meniň kellämdäki gören şahyňy hiç kimiň ýanynda aýtmagyn! – diýip, oglana tabşyrýar.

         Oglan hem patyşanyň sözüne boýun bolup, öýlerine gelýär.

         Gelenden soňra şol patyşanyň kellesinde gören şahyny ýadyna düşürip, ejesine:

         – Eý eje, patyşa maňa kellämdäki gören şahyňy hiç kimiň ýanynda aýtma diýip tabşyrdy. Muny aýtman içimde saklap biljek däl, onuň üçin men nädeýin? – diýip, ejesine geňeş edýär.

         Ejesi hem muňa:

         – Eý oglum, eger-de sen bu gürrüňi içiňde saklap bilmejek bolsaň, onda sen şeýle et. Obadan çykyp bir meýdan ýere bar. Şol ýerde bir guýy gazyp, şol guýunyň içine girip, agzyňy aşak tutup, “Isgenderiň maňlaýynda şahy bar” diý-de gygyryber. Tä içiňden ýeliň çykýança gygyr – diýip, maslahat berýär.

         Oglan hem ejesiniň bu sözlerini tutup, meýdana gidýär. Meýdanda bir guýy gazyp, şol guýunyň içine girýär. Agzyny aşak tutup gygyryp, içini boşadýar.

         Soň bir zamanlarda bu oglanyň guýy gazyp, gygyran ýerinden gargy-gamyş çykýar. Meýdanda mal bakyp ýören çopanyň biri, ol çykan gamyşlaryň üstünde dahyl gelip, şol gamyşyň-gargynyň birnäçesini kesip, özüne bir tüýdük bejerinýär. Çopan şol tüýdügi çalandan tüýdük ses berip, “Isgender patyşanyň maňlaýynda şahy bar” diýip gygyryberýär. Patyşa günleriň bir gününde şähere çykan eken. Şäherde gezip ýörüşine, çopanyň tüýdük çalyşyny eşdip gulak salýar. Görse çopanyň tüýdügi “ Isgender patyşanyň maňlaýynda şahy bar” diýip gygyrar eken. Şonuň bilen patyşa çopanyň ýanyna baryp:

         – Eý çopan, eliňdäki tüýdügiňi maňa ber, göreýin! – diýip, sorap alýar. Alandan soň tüýdügiň gapdalyndan kesip, çopana yzyna berýär.

         – Hany, çal göreýin! – diýýär. Çopan hem alyp, çalyp görýär weli, görse tüýdügiň sesi öňki ýaly çykmaýar, ýöne “guz-guz” edip dur.