ALMANY GÖGE ZYŇ

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
251
~ 9 min.

         Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym wagtda bir garryja adam bar eken. Ol adam bütin ömrüni daýhançylyk bilen geçiren eken. Ýaňky adam bir gün bir düýp alma nahalyny oturdyp durka, onuň ogly ýanyna gelipdir-de:

         – Kaka, bu agajy näme üçin ekýärsiň? – diýip sorapdyr.

         Onda kakasy:

         – Oglum, indi men garrapdyryn. Bu agajy seniň üçin ekýärin – diýip, oňa şeýle bir nesihat hem beripdir:

         – Eý oglum, başyňa her hili agyr iş düşen mahaly hiç gyssanmagyn, darykmagyn. Ata-babalarymyzyň aýdyp geçisi ýaly “Almany göge zyň, ýere düşýänçä ýa pelek” diýgin – diýip tabşyrypdyr.

         Ogly hem atasynyň bu tabşyrygyny mydama ýadynda saklap geziberipdir.

         Ataly-ogluň ýaşaýan ýurdunyň bir zehinsiz patyşasy bar eken. Ol patyşanyň hem bir ogly bolup, ol atasyndan hem beter körzehin eken. Onuň üstesine-de örän kelpeň, kilçik eken.

         Zehinsiz patyşanyň bir weziri bar eken. Ol weziriň hem bir ýetişen gyzy bar eken. Ol gyz öz atasyndan aýry ýerde ýaşaýar eken.

         Günleriň bir gününde ýaňky weziriň gyzy öz atasyna bir içi düşen gawuny sowgat iberipdir.

         Kakasy gyzynyň iberen sowgadyny görüp, bu sowgatda haýsydyr bir gizlin syryň bardygyny duýupdyr. Emma ol syryň nämedigine açyk göz ýetirip bilmändir.

         Ahyry ol bir pähimdaryň ýanyna baryp, öz gyzynyň eden sowgadynyň syryny sorapdyr.

         Pähimdar wezire garap:

         – Eý hormatly wezir, bir çemçe ganymy geçseň aýdaýyn – diýipdir.

         – Geçdim, aýt.

         Pähimdar:

         – Siziň gyzyňyzyň içi düşen gawuny sowgat ibermeginiň sebäbi: “Men indi kemsiz ýetişdim. Indi meni durmuşa çykar. Meniň ýaşlyk wagtym geçdi” diýdigidir – diýip oňa düşündiripdir.

         Pähimdardan bu gürrüňi eşiden wezir, gyzyny durmuşa çykarmagyň kül-külüne düşüpdir.

         Öňki wagtda gyz çykarylanda, onuň eline bir alma berer ekenler. Gyz öňünden geçýän ýigitleriň haýsy birini halasa, şony hem elindäki alma bilen urmaly eken. Onsoň gyzyň hossarlary gyzy şol oglana nikalap berýän ekenler.

         Birnäçe gün geçenden soň, wezir gyzynyň eline hälki garry adamyň eken agajyndan bir almany ýolup beripdir. Özüni hem gapyň agzynda oturdyp, onuň öňünden obanyň ähli baýrak, gurplurak ýigitlerini ýekän- ýekän geçirip ugrapdyr.

         Weziriň gyzynyň öňünden geçýän ýigitleriň arasynda patyşanyň kelpeň ogly hem bar eken.

         Patyşanyň ogly gyzyň deňinden geçiberende, ýaňky gyz oňa elindäki almasyny zyňypdyr.

         Ol oglan hem edil şu ýerde-de kelpeňligini edipdir. Gyzyň özüne tarap zyňan almasyny agzy bilen gapmakçy bolupdyr. Zyňlan alma gelip, onuň gözüne degipdir. Oglany bolsa kör edipdir.

         Patyşa oglunyň gözüniň kör bolanyny eşidip, gahar-gazaba münüp, weziriň gyzyny dardan asmagy buýrupdyr.

         Bu habary eşiden wezir, patyşanyň ýanyna barypdyr. Bu işde gyzynyň günäsizdigini düşündirip, almany eken adamyny günäkärläpdir hem-de öz gyzyny ölümden halas edipdir.

         Indi ol akmak patyşa şol almany eken adamynyň öz ýanyna getirilmegini höküm edipdir.

         Patyşanyň ýasawullary baryp görseler, ol almany eken adam bir wagt dünýäden öten eken. Ýasawullar oňa derek patyşanyň ýanyna onuň ogluny süýräp alyp barypdyrlar.

         Patyşa ol oglany asyp öldürmegi buýrupdyr.

         Şonda ýaňky oglan:

         – Ölmegime çigit ýalyjak hem gynanmaýaryn. Siziň weziriňiziň gyzy ölenden, günäsiz garybyň oglunyň öleni ýagşy. Sebäbi seniň ýaly akmak, zehinsiz patyşanyň zulumyndan bir gün ir dynsaň, şonça gowy – diýip, bütin halka eşitdirip gygyrypdyr.

         Patyşa hem:

         – Özüň-ä ajalyňa barýarsyň. Ýene-de näme beýle batly gürleýärsiň? – diýipdir.

         Onda oglan:

         – Kimiň ajala barýany häzir belli däl. “Almany asmana zyň, ýere düşýänçä ýa pelek” diýipdirler – diýip, pert jogap beripdir.

         Patyşa:

         – Sen bir alma al-da, şony segsen sekiz ýola asmana zyň-da, segsen sekiz ýola hem ýere düşýänçä seret. Şonda hem sen barybir ölümden sypyp bilmersiň – diýipdir.

         Oglan patyşa garap:

         – Atam pahyr ölmezinden öň maňa: “Bir iş edeňde, ýa bolmasa başyňa bir agyr iş düşende, hiç darykmagyn, gyssanmagyn. Göwrümiňi giň tutgun. Ata-babalarymyzyň “Almany asmana zyň, ýere düşýänçä ýa pelek” diýen nakyly bardyr. Hemişe şol nakyly unutman, ýadyňda saklagyn” diýip, nesihat edip gidipdi. Men ölmezimden öň, şonuň eden nesihatyny bir tutaýyn. Şahym meniň jübimde bir alma bar. Goý, şony ýasawullaryň biri alsyn-da, asmana zyňsyn! – diýipdir.

         Patyşa oglanyň bu sözlerini eşidip, ýanyndaky ýasawullarynyň birine oglanyň jübüsindäki almany asmana zyňmagy buýrupdyr.

         Patyşanyň ýasawullarynyň biri oglanyň jübüsindäki almany alyp, patyşanyň gapdalyna gelipdir-de, ony asmana zyňypdyr.

         Asmana zyňlan alma gelip, patyşanyň münüp oturan atynyň süýr depesine degipdir. Hiç zatdan habarsyz, gözüni süzüp duran mes at hem depesine alma degenden syçrap asmana böküpdir.

         Atyň üstünde örän arkaýyn oturan patyşa, at bökenden zyňlyp, ýere gaçypdyr. Ýere gaçan dessine hem takga jany çykypdyr.

         Ozal hem bu işe gahar-gazap bilen garap duran adamlar dessine ol oglany dar agajyndan azat edipdirler. Ony ölen patyşalaryna derek patyşa belläpdirler. Ine, şeýdip hem bu oglanyň atasynyň beren nesihatyny berjaý edip, öz başyny ölümden gutarypdyr.