ÜÇ ÖKÜZ

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
1 057
~ 6 min.

         Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda bir daýhanyň üç sany gölesi bar eken. Olaryň biri gara, biri sary, ýene biri ala eken. Bu göleler ulalyp, üçüsi hem öküz çykyberende, bir gije maslahat edip:

         – Eger biz mundan beýläk bu ýerde galsak, eýämiz biziň üçümizi hem goşa goşup, tä ölýänçäk ýer sürdürer. Geliň, üçümizem tokaýa gaçalyň. Ol ýerde biz dok hem dynç ýaşarys – diýip, gaçyp gidipdirler.

         Bular tokaýda otlaşyp ýörkä, bir gün olaryň ýanyna on sany ýolbars gelip, olary iýmekçi bolupdyrlar. Öküzleriň üçüsi hem arkalaryny beýik ýere diräp, şahlaryny gezeşip duruberipdirler welin, ýolbarslar olara hiç zat edip bilmändirler.

         – Hemmämiz aç galyp durandan, menden özgäňiz gidiň-de aw awlaň, meniň ýeke özüm şu üç öküziň güýjüni görerin – diýip, ýolbarslaryň biri aýdypdyr.

         Şeýdip, dokuz ýolbars öz ugruna gidipdir. Biri hem gür otlugyň içinde bukulyp ýatypdyr. Ala öküz otlap ýörkä, birden ýolbarsyň üstünden barypdyr-da:

         – Eý, ýolbars, sen näme işleýärsiň? Näme üçin ýoldaşlaryňdan galdyň? – diýende, ýolbars:

         – Meni ýoldaşlarym taşlap gitdiler. “Sen aw awlap bileňok” diýip kowdular. Siz meni dogan edinip alyň, dört dogan bolup ýaşalyň! – diýipdir. Onda ala öküz:

         – Men doganlarymdan soraşaýyn, olar razylaşsa, seni dogan edinäýeris – diýip, sary hem gara öküzden soraşypdyr. Olar pikirlenipdirler-de:

         – Eger biziň doganymyz boljak bolsa, bizem razy – diýipdirler. Öküzler ýolbarsy dogan edinipdirler.

         – Indi biziň ýolbars doganymyz bar, hiç kim bize elini degrip bilmez. Heý ýolbars bilen dogan bolanam zatdan gorkarmy? – diýip, bir gün gara öküz has uzagraga otlamaga gidipdir. Şol wagt ýolbars ala öküz bilen sary öküziň ýanyna baryp:

         – Eý, doganlar, şu gara öküziň-ä päli azypdyr. Görüň ony, nirä gidipdir? Ol sizi äsgermezlik edýär. Eger razy bolsaňyz, men şu gara öküze çäre göreýin, bolmasa ol biziň başymyza bela getirer – diýipdir.

         Sary öküz bilen ala öküz:

         – Dogrudan hem onuň päli azypdyr, gaty uzaga gidipdir. Bar, çäre gör! – diýipdirler.

Ýolbars baryp, ony dessine öldüripdir. Şeýdip ýolbars bir aýlap gara öküziň etini iýip ýaşapdyr.

Soň ýene bir gün sary öküz ota gyzygyp, uzaga gidipdir welin, ýolbars ala öküziň ýanyna baryp:

         – Eý, ala öküz dost, şu saryjamyzyňam päli azyp ugrapdyr. Şuňa-da men özümjik temmi bereýin-le – diýende, ala öküz:

         – Bar, çäre görseň gör! – diýipdir.

         Ýolbars ony hem iýipdir. Soň ýene bir gün:

         – Eý, akmak ala öküz, gel bärik, häziriň özünde seniňem bir etiňi çişe düzeýin – diýipdir.

         – Eý, ýolbars, sen biziň bilen “dogan-dost boldum” diýip ýörsüň ahyryn. Sen meni näme üçin iýjek? Men uzaga gidemok ahyry! – diýip, ala öküz geňirgenipdir.

         – Eý, akmagyň akmagy, heýem, et iýýän haýwan, onda-da ähli haýwanlaryň patyşasy bolan meniň ýaly merdan, ot iýýän jandar bilen dogan bolup bilermi? Men sizi iýjek bolup, dogan bolalyň diýdim ahyry – diýip, ala öküze kän bir gepem düşündirjek bolup durmandyr-da, derrew ony hem iýipdir.